«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
IÝUN 4—10
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | MARKUS 15, 16
«Isada ýerine ýeten pygamberlikler»
nwtsty Mr 15:24, 29-njy aýatlara degişli maglumatlar
Eşiklerini özara paýlaşdylar: Ýah 19:23, 24-nji aýatlarda Mattanyň, Markusyň we Lukanyň hoş habarynda bolmadyk käbir jikme-jiklikler agzalýar. Rim esgerleri Isanyň üstki we içki egin-eşigi üçin hem bije atan bolmaly; olar «onuň eşiklerini alyp, öz aralarynda dörde böldüler-de, hersi birini aldy». Ýöne Isanyň içki eşigini paýlaşmak islemediler, şonuň üçin bije atdylar. Şeýdip, Zb 22:18-däki mesih barada aýdylan pygamberlik ýerine ýetdi. Adatça, jenaýatçyny pürse çüýlemänkäler, onuň egin-eşiklerini we başga-da zatlaryny alýardylar. Bu bolsa adamyň mertebesini hasam peseldýärdi.
Başyny ýaýkamak: Aslynda, şeýle hereket adamyň üstünden gülmegi, ýigrenmegi we ýaňsylamagy aňladýar. Isanyň deňinden geçip barýan adamlar Zb 22:7-däki pygamberligi berjaý edendiklerini özlerem bilmediler.
nwtsty Mr 15:43-e degişli maglumat
Ýusup: Hoş habarlary ýazan adamlaryň hersi Ýusubyň kim bolandygyny dürli tarapdan beýan edýär. Meselem, salgytçy Matta onuň «baý adam» bolandygyny, Markus bolsa hoş habaryny, esasan, rimliler üçin ýazansoň, Ýusubyň «Mejlisiň hormatlanýan agzasydygyny we Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegine garaşýandygyny» aýdýar. Luka bolsa lukman bolansoň, Ýusubyň «dogruçyl hem-de ýagşy adamdygyny» we Mejlisiň agzalarynyň Isa garşy dil düwşügine goşulmandygyny aýdýar. Diňe Ýahýa Ýusubyň «Isanyň şägirdidigi, ýöne ýehudy ýolbaşçylaryndan gorkup, muny hiç kime aýtmandygy» barada ýazýar (Mt 27:57—60; Mr 15:43—46; Lk 23:50—53; Ýah 19:38—42).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
nwtsty Mr 15:25-e degişli maglumat
Sagat üçdi: Ýagny irden sagat 9:00 töweregi. Käbir adamlar bu aýadyň Ýah 19:14—16-njy aýatlardaky sözlerden tapawutlanýandygyny aýdýarlar. Onda Pilatus Isany pürse çüýlemegi tabşyranda, «sagat alty töweregidi» diýilýär. Mukaddes Ýazgylarda munuň näme üçin tapawutlanýandygy doly aýdylmasa-da, käbir sebäplerine seredeliň: Injilde Isanyň ýerdäki ömrüniň soňky güni bilen bagly gürrüň berilýän wakalaryň wagty bir-birine gabat gelýär. Dört Hoş habarda-da ruhanylaryň we ýaşulularyň daň atandan soň ýygnanyşyp, Isany Rim hökümdary Pontius Pilatusyň eline tabşyrandyklary aýdylýar (Mt 27:1, 2; Mr 15:1; Lk 22:66—23:1; Ýah 18:28). Matta, Markus we Luka «bütin ýer ýüzüne sagat altydan dokuza çenli garaňkylyk aralaşan» mahaly Isanyň eýýäm pürse çüýlenendigini aýdýarlar (Mt 27:45, 46; Mr 15:33, 34; Lk 23:44). Isanyň ölüme höküm edilen wagtynyň tapawutlanmagyna şu zatlar täsir edip bilýär: Käbirleri jenaýatçyny urup-ýençmegi ýa-da gamçylamagy onuň jezalandyrylýan wagtyna degişli hasaplaýar. Käte adamy şeýle bir urýardylar welin, ol şol bada jan berýärdi. Isanyň ýagdaýynda hem şeýle bolupdy. Başda ol jebir pürsüni özi göterse-de, soňra başga biri götermeli bolýar (Lk 23:26; Ýah 19:17). Eger urup-ýençmekligi jeza berlip başlanan wagty diýip hasap etsek, onda Isanyň pürse çüýlenen sagady bilen şol aralykda birnäçe wagt geçmelidi. Mt 27:26 we Mr 15:15-de hem Isanyň şol bir wagtda gamçylanyp, pürse çüýlenendigi aýdylýar. Şonuň üçin Isanyň jezalandyrylan wagty barada her kim her dürli pikir etmegi mümkin. Muny Isanyň pürse çüýleneninden köp wagt geçmänkä ölendigini eşidende, Pilatusyň geň galmagy hem görkezýär (Mr 15:44). Şeýle-de Mukaddes Ýazgylary ýazan adamlar haýsydyr bir wakany gürrüň berenlerinde, bir güni üç sagatdan dörde bölüp, köplenç üçünji, altynjy we dokuzynjy sagatda diýip aýdýardylar. Bu olaryň wagty sagat 6-da daň atandan hasaplap başlandyklaryny görkezýär (Mt 20:1—5; Ýah 4:6; Res 2:15; 3:1; 10:3, 9, 30). Mundan başga-da adamlarda wagty ölçeýän gurallary bolmansoň, Ýah 19:14-de aýdylyşy ýaly, wagty görkezmek üçin «takmynan» ýa-da «töweregi» diýen sözleri ulanypdyrlar (Mt 27:46; Lk 23:44; Ýah 4:6; Res 10:3, 9). Görşümiz ýaly, Markus Isanyň gamçylanan we pürse çüýlenen wagtynam göz öňünde tutupdyr. Ýahýa bolsa diňe onuň pürse çüýlenen wagty barada aýdýar. Olaryň ikisem üç sagatlyk wagty göz öňünde tutan bolmaly we Ýahýa hem wagty görkezmek üçin «töweregi» diýen sözi ulanýar. Bu zatlar Hoş habarlarda agzalýan wakalaryň wagtynyň näme üçin tapawutlanýandygyna düşünmäge kömek edýär. Ýahýa kitabyny onlarça ýyl geçenden soň ýazýar. Şol sebäpli onuň hoş habarynda agzalýan wagt Markusyňkydan tapawutlanýar. Bu bolsa Ýahýanyň Markusyň hoş habaryndan göçürmändigini görkezýär.
nwtsty Mr 16:8-e degişli maglumat
Olar gorkudan ýaňa: Irki we ygtybarly golýazmalara görä, Markusyň hoş habary 8-nji aýatdaky sözler bilen tamamlanýar. Käbirleri bu kitabyň şeýle sözler bilen tamamlanmagyny ýerliksiz hasaplap, asyl nusgasyna gabat gelmeýändigini aýdýarlar. Emma Markusyň ýazyş stilini göz öňünde tutsak, muňa beýle diýip bolmaýar. Şeýle-de IV asyrda ýaşan Jerom we Ýewsewi ýaly alymlaryň aýtmagyna görä, Markusyň hoş habary «olar gorkudan ýaňa hiç kime hiç zat aýtmadylar» diýen sözler bilen tamamlanýar.
Käbir gadymy golýazmalarda we başga terjimelerde 8-nji aýatdan soň gysga ýa-da uzyn jemleýji sözler getirilýär. Meselem, b. e. V asyrynda ýazylan «Aleksandriýa ýygyndysynda», «Ýefremiň ýygyndysynda» we «Bezanyň ýygyndysynda» ýene 12 aýat goşulypdyr. Olar «Latyn Wulgatasynda», «Siriýa Krýutanow» we «Siriýa Peşitta» golýazmasynda hem duş gelýär. Emma ýokarda aýdylyşy ýaly, IV asyrdaky Watikan we Sinaý kodeksinde, IV ýa-da V asyrdaky Siriýa Sinaý kodeksinde hem-de kopt dilindäki Markusyň irki golýazmasynda-da şol aýatlar gabat gelmeýär. Şonuň ýaly ermeni we gruzin dillerindäki gadymy golýazmalarda hem Markusyň hoş habary 8-nji aýatdaky sözler bilen tamamlanýar.
Käbir soňky grek golýazmalarynda hem-de başga dillerdäki terjimelerde gysgaça jemleýji sözler (birnäçe sözlem) goşulypdyr. B. e. VIII asyryndaky Korol kodeksinde hem gysga, hem uzyn jemleýji sözler getirilýär we her jemleýji sözleriň öňünde onuň käbir golýazmalarda duş gelýändigi aýdylýar. Emma şol kodeksde aýdylmagyna görä, gysga ýa uzyn bolsun tapawudy ýok, olardaky jemleýji sözlere ygtybarly diýip bolmaýar.
GYSGA JEMLEÝJI SÖZLER
Mr 16:8-den soň getirilýän gysga jemleýji sözler Ýazgylaryň bir bölegi hasaplanmaýar. Onda şeýle diýilýär:
Emma olar Petrusyň ýanyndakylara özlerine tabşyrylan ähli zatlary gysgaça gürrüň berdiler. Şondan soň Isanyň özi olary gündogardan günbatara mukaddes we ebedi gutulyş getirýän habary yglan etmäge iberdi.
UZYN JEMLEÝJI SÖZLER
Mr 16:8-den soň getirilýän uzyn jemleýji sözler Ýazgylaryň bir bölegi hasaplanmaýar. Onda şeýle diýilýär:
9 Isa direlenden soň, hepdäniň birinji güni irden ilki bilen içinden ýedi ruh çykan magdalaly Merýeme görünýär. 10 Merýem gidip, bu barada beýleki şägirtlere gürrüň berýär, sebäbi olar aglap gam-gussa çekýärdiler. 11 Emma olar Isanyň direlendigini we Merýemiň ony görendigini eşidenlerinde, onuň aýdýanlaryna ynanmadylar. 12 Şondan soň Isa bir oba barýan iki şägirdine görünýär 13 we olar hem yzyna dolanyp, muny beýleki şägirtlere gürrüň berýärler. Emma olara-da ynanmaýarlar. 14 Soňra ol saçak başynda otyrkalar, on bir şägirdine görünýär we imansyzlygy hem-de ýürekleriniň gatylygy zerarly olara käýeýär. Sebäbi olar onuň ölümden direlendigini gören adamlara ynanmandylar. 15 Isa olara şeýle tabşyryk berýär: «Gidiň-de, bütin dünýä we tutuş ýaradylyşa hoş habary wagyz ediň. 16 Iman edip, suwa çümdürilen adam halas ediler, emma iman etmediklere höküm çykarylar. 17 Iman eden adamlarda şeýle alamat bolar: olar meniň adym bilen jynlary kowup çykararlar, dürli dillerde geplärler 18 we ellerinde ýylanlary saklarlar hem-de öldürýän zäherli zat içseler-de, olara hiç zat bolmaz. Syrkawlaryň üstüne ellerini goýarlar, olar bolsa sagalar».
19 Rebbimiz Isa olar bilen gürleşip bolansoň, göge alyndy we Hudaýyň sag tarapynda oturdy. 20 Olar bolsa gidip, ähli ýerde hoş habary wagyz edip başladylar. Halypamyz hem olara kömek edýärdi we her dürli alamatlar arkaly goldaýardy.
IÝUN 11—17
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | LUKA 1
«Merýemiň pesgöwünliliginden görelde alyň»
«Men Ýehowanyň gyrnagydyryn!»
12 Şu günler köp adamlar Merýemiň aýdan sözlerinden onuň kiçigöwünli we gulak asyjy bolandygyny bilýärler. Merýem Jebraýyl perişdä: «Men Ýehowanyň gyrnagydyryn! Goý, seniň aýdyşyň ýaly-da bolsun» diýdi (Luka 1:38). Gyrnak hyzmatkärdenem has pes bolup, onuň durmuşy bütinleý hojaýynynyň elinde bolýar. Şonuň ýaly Merýem Ýehowany öz Hojaýyny hasaplaýardy. Ol Ýehowanyň wepaly gullukçylaryny goraýandygyna we oňa-da kyn ýumşy ýerine ýetirer ýaly kömek etjekdigine ynanýardy (Zeb. 18:25).
«Men Ýehowanyň gyrnagydyryn!»
15 Merýemiň beren jogaby Hudaýyň Sözünde jikme-jik ýazylgy (Luka 1:46—55-nji aýatlary okaň). Mukaddes Ýazgylaryň şu aýatlarynda onuň iň köp aýdan sözleri beýan edilýär we biz ondan Merýem barada köp zatlary bilýäris. Ol Mesihiň enesi bolmak hormatyna eýe bolandygy üçin, Ýehowa şükür edip, ony şöhratlandyrýar. Merýem Ýehowanyň tekepbir adamlary peseldýändigine we kiçigöwünli hem-de garyp adamlara kömek edip, goldaýandygyna berk iman edýärdi. Şeýle-de onuň aýdan sözlerinden Hudaýyň Sözüni gowy bilýändigini görse bolýar. Bir derňew geçirijiniň aýtmagyna görä, ol Töwrat, Zebur we Pygamberler kitabyna 20 gezek salgylanýar!
16 Görşümiz ýaly, Merýem Hudaýyň Sözi barada çuňňur oýlanýardy. Ol kiçigöwünli bolandygy üçin öz pikirini aýtmagyň deregine, Ýazgylara salgylanýardy. Onuň göwresindäki ogly hem ulalansoň, Merýem ýaly kiçigöwünli bolup: «Öwredýän zatlarym özümiňki däl-de, meni iberen Hudaýyňkydyr» diýdi (Ýahýa 7:16). Şol sebäpli bizem özümize şeýle sorag bersek gowy bolar: «Men Hudaýyň Sözüne salgylanyp, oňa hormat goýýandygymy görkezýärinmi? Ýa-da men öz pikirimi we düşünjämi öwretmegi gowy görýärin?» Bu babatda Merýem bize gowy görelde görkezdi.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
nwtsty Lk 1:69-a degişli maglumat
Gutulyş şahy: Ýa-da «güýçli halasgär». Mukaddes Ýazgylarda haýwanyň şahy köplenç güýji, boýun egdirmegi we ýeňşi aňladýar (1Şm 2:1; Zb 75:4, 5, 10; 148:14). Dogruçyl ýa-da zalym bolsun tapawudy ýok, hökümdarlar we häkimiýetler haýwanyň şahy hökmünde suratlandyrylýar, olaryň şahy bilen süsmegi bolsa gazanan ýeňişlerini görkezýär (Kant 33:17; Dn 7:24; 8:2—10, 20—24). Bu aýatda agzalýan «gutulyş şahy» Mesihiň halas ediji we çäksiz güýjini aňladýar.
nwtsty Lk 1:76-a degişli maglumat
Ýehowanyň öňünden git: Suwa çümdürýän Ýahýa «Ýehowanyň öňünden gitmelidi», ýagny adamlara Atasyny tanatjak we Onuň adyndan geljek Isanyň ýoluny taýýarlamalydy (Ýah 5:43; 8:29-daky Ýehowa diýen maglumata serediň).
IÝUN 18—24
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | LUKA 2, 3
«Ýaşlar, siz ruhy taýdan ösýärsiňizmi?»
nwtsty Lk 2:41-e degişli maglumat
Onuň ata-enesi her ýyl giderdi: Musanyň kanunyna görä, aýallardan Pasha baýramyna gatnaşmak talap edilmeýärdi. Emma Merýem Ýusup bilen her ýyl Iýerusalime baýramçylyga giderdi (Müsç 23:17; 34:23). Olar her ýyl ýaş çagalary bilen 300 kilometre golaý ýol sökýärdiler.
nwtsty Lk 2:46, 47-nji aýatlara degişli maglumatlar
Olara sorag berip oturan ekeni: Isany diňläp oturan adamlaryň geň galmagy onuň ýöne bir bilesigelijilik bilen sorag bermändigini görkezýär (Lk 2:47). Grek dilinden terjime edilen «sorag bermek» diýen jümle kazyýetde soraga tutmak ýa-da sorag etmek ýaly manyny berýär (Mt 27:11; Mr 14:60, 61; 15:2, 4; Res 5:27). Taryhçylaryň aýtmagyna görä, käbir abraýly dini ýolbaşçylar baýramçylykdan soň galyp, ybadathananyň girelgesinde adamlara ders berýärdiler. Adamlar bolsa olary diňläp, sorag berip bilýärdi.
Geň galýardy: Bu aýatdaky «geň galmak» diýen grek işligi gaýta-gaýta ýa-da dowamly haýran galmagy aňladýar.
nwtsty Lk 2:51, 52-nji aýatlara degişli maglumat
Tabynlygynda galdy: Ýa-da «boýun bolýardy; gulak asýardy». Bu aýatdaky dowamly grek işligi ybadathanada mugallymlary diňläp, Hudaýyň Sözünden bilim alansoň, Isanyň öýüne dolanandygyny we ene-atasynyň tabynlygynda galandygyny görkezýär. Isanyň ene-atasyna gulak asýandygy beýleki çagalara garanyňda has-da aýdyň görünýärdi; ol Musanyň kanunyndaky her bir tabşyrygy berjaý edýärdi (Müsç 20:12; Gl 4:4).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
nwtsty Lk 2:14-e degişli maglumatlar
Ýer ýüzünde... adamlaryň arasynda parahatlyk bolsun: Käbir gadymy golýazmalarda bu sözler «ýer ýüzünde parahatlyk, adamlara ýagşylyk edilsin» diýen manyny berip bilýär we Mukaddes Ýazgylaryň käbir terjimelerinde şeýle sözler ulanylypdyr. Emma Mukaddes Ýazgylaryň «Täze Dünýä terjimesinde» asyl nusga has ýakyn sözler ulanylýar. Perişdeleriň aýdan bu sözleri garaýşyna we edýän işlerine garamazdan, Hudaýyň ähli adamlara ýagşylyk edýändigini aňlatmaýar. Bu sözler Hudaýa ýürekden iman edip, Onuň razylygyny gazanan we Oglunyň şägirdi bolan adamlara degişli (Şu aýatdaky ony razy edýän adamlar diýen maglumata serediň).
Ony razy edýän adamlar: Perişdeleriň aýdan «razy» diýen sözi adamlaryň däl-de, Hudaýyň razylygyny görkezýän bolmaly. Şeýle-de «eu-do-kia» diýen grek sözi «razy bolmak; göwnüňe ýaramak; hoşal bolmak» ýaly manylary berýär. Mt 3:17; Mr 1:11 we Lk 3:22-nji aýatlarda «eu-do-keo» diýen grek işligi ulanylyp, Isa suwa çümdürilenden soňra Hudaýyň oňa aýdan sözleri getirilýär (Mt 3:17; Mr 1:11-nji aýatlara degişli maglumatlara serediň). Görşümiz ýaly, perişdeleriň sözleri Hudaýyň ähli adamlardan däl-de, Oňa ýürekden iman edip, razylygyny gazanan we Oglunyň şägirdi bolanlardan hoşaldygyny görkezýär. «Eu-do-kia» diýen grek sözi käbir aýatlarda adamlara (Rm 10:1; Fp 1:15) degişli ulanylsa-da, ol köplenç Hudaýyň islegini, niýetini ýa-da onuň razylygyny gazanmagy aňladýar (Mt 11:26; Lk 10:21; Ef 1:5, 9; Fp 2:13; 2Sl 1:11). Septuagintada Zb 51:18-de «kerem» diýen söz ulanylýar. Bu Hudaýyň merhemetini, sahylygyny we ýagşylygyny aňladýar.
wp16.3 sah. 9, abz. 1—3
Şuny bilýäňizmi?
Ýusubyň kakasy kimdi?
Ýusup nazaretlidi we agaç ussasydy; ol Isanyň atalygydy. Emma Ýusubyň kakasy kimdi? Mattanyň hoş habarynda agzalýan Isanyň nesil şejeresinde Ýusubyň «Ýakubyň» ogludygy aýdylýar. Luka bolsa onuň «Eliniň ogludygyny» aýdýar. Bu aýatlar näme üçin tapawutlanýarka? (Luka 3:23; Matta 1:16).
Matta: «Ýakup Ýusubyň atasydy» diýýär. Bu aýatdaky grek sözi Ýusubyň hakyky atasynyň Ýakupdygyny aýan edýär. Matta Ýusubyň Dawut patyşanyň neslinden gelýändigini we kanun taýdan patyşalyk etmek hukugynyň Ýusubyň ogullygy Isa geçendigini aýdýar.
Luka bolsa: «Ýusup Eliniň ogludy» diýýär. Aýatdaky «ogly» diýen söz «giýew» diýmegi hem aňladýar. Bu söz Luka 3:27-de hem duş gelýär. Şehaltel Ýehoniýanyň ogly bolsa-da, oňa «Neriniň ogly» diýilýär (1 Ýyl ýazgylary 3:17; Matta 1:12). Şehaltel Neriniň gyzyna öýlenen bolmaly, şeýdip, ol Neriniň giýewsi bolýar. Şonuň ýaly Ýusup hem Eliniň gyzy Merýeme öýlenendigi üçin, oňa «Eliniň ogly» diýilýär. Luka Isanyň nesil şejeresi barada aýdanda, onuň ejesi Merýemiň ata-babasyndan hasaplaýar (Rimliler 1:3). Görşümiz ýaly, Mukaddes Ýazgylarda Isanyň nesil şejeresi barada iki sany dürli maglumat bar we olaryň ikisi-de örän peýdaly.
IÝUN 25—IÝUL 1
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | LUKA 4, 5
«Synaglarda Isa ýaly berk duruň»
Siz nähili adam bolmalydygyňyz hakda oýlanyň
8 Şeýtan bu usuly arkaly Isany-da synaýar. Isa çölde kyrk gije-gündizläp iýmändigi üçin ajygýar. Şonda Şeýtan onuň iýmäge bolan adaty islegini oýarýar. Ol Isa şeýle diýýär: «Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, şu daşa çörek bol diýip buýur» (Luka 4:1—3). Isa Hudaýyň beren güýjüni iýmit üçin ulanyp-da bilerdi, ulanman-da. Ol nähili karara geler? Isa güýjüni öz islegini kanagatlandyrmak üçin ulanmaly däldigini bilýärdi. Şol sebäpli ol ajygsa-da, adaty zerurlygyny Ýehowa bilen dostlugyndan ileri tutmaýar. Isa Şeýtana şeýle jogap berdi: «„Adam diňe çörek bilen däl, eýsem, Hudaýyň her sözi bilen hem ýaşaýandyr“ diýip ýazylgydyr» (Luka 4:4).
Siz nähili adam bolmalydygyňyz hakda oýlanyň
10 Şeýtan bu usulyny Isa garşy nädip ulandy? Ol Isa dünýäniň bütin patyşalyklaryny görkezip, şeýle diýdi: «Men saňa şularyň hemmesiniň ygtyýaryny hem şöhratyny bereýin» (Luka 4: 5, 6). Isa hakykatdan-da bir wagtyň özünde patyşalyklaryň ählisini gören däldir. Ýöne Şeýtan bu patyşalyklaryň şöhratyny görnüş arkaly görkezip, Isanyň ünsüni çekerin we höwes dörederin öýden bolmaly. Şonda Şeýtan utanman: «Sen maňa sežde etseň, bularyň bary seniňki bolar» diýdi (Luka 4:7). Isa Şeýtanyň halaýan adamy bolmak islemedi. Ol şol bada Şeýtana: «Öz Hudaýyň Rebbe sežde et, diňe Oňa gulluk et diýip ýazylgydyr» diýip jogap berdi (Luka 4:8).
nwtsty-daky aýratynlyklar
Ybadathananyň küňresi
Mümkin, Şeýtan Isany göni manyda «ybadathananyň küňresine» (ýa-da depesine) çykaryp, oňa özüni aşak zyňmagy aýdandyr. Emma Isanyň şol wagt nirede durandygy anyk belli däl. Bu aýatdaky «ybadathana» diýen söz tutuş ybadathananyň howlusyny hem aňladyp bilýär. Isa 1) ybadathananyň howlusynyň günorta-gündogarynda ýa-da beýleki tarapynda duran bolmaly. Eger Ýehowa goşulmasa, şol ýerleriň islendiginden özüňi aşak zyňmak göni ölüme eltip bilerdi.
Siz nähili adam bolmalydygyňyz hakda oýlanyň
12 Isa How eneden tapawutlylykda kiçigöwünliligiň ajaýyp göreldesini görkezdi. Şeýtan Isany başga usul bilen synamaga çalyşdy. Emma Isa Hudaýy synamak barada pikir hem etmedi. Sebäbi Isa özüni ybadathananyň küňresinden aşak zyňan bolsa, bu barypýatan tekepbirlik bolardy. Isa Şeýtana gönümel we aýdyň jogap berip: «„Öz Hudaýyň Rebbi synama“ diýlendir» diýdi (Luka 4:9—12-nji aýatlary okaň).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
nwtsty Lk 4:17-ä degişli maglumat
Işaýa pygamberiň golýazmasy: Öli deňzinden tapylan Işaýanyň golýazmasy bir-birine berkidilen 17 sany deri böleginden ybarat bolup, onuň boýy 7.3 metr bolupdyr we onda jemi 54 bent bardy. Nazaretdäki sinagogada ulanylan golýazmanyň uzynlygy hem şeýle bolan bolmaly. I asyrda golýazmada baplar we aýatlar bolmasa-da, Isa okajak ýerini tapyp bildi. Isanyň tapyp okan pygamberlik sözleri onuň Hudaýyň Sözüni gowy bilendigini görkezýär.
nwtsty Lk 4:25-e degişli maglumat
Üç ýarym ýyl: 1Pat 18:1-e görä, Ylýas pygamber gurakçylygyň «üçünji ýylynda» onuň tamamlanandygyny aýdýar. Käbirleri 1 Patyşalar kitabynda agzalýan waka Isanyň sözlerine garşy gelýändigini aýdýarlar. Emma Ýewreý ýazgylarynda gurakçylyk döwrüniň üç ýyldan az bolandygy barada hiç zat aýdylmaýar. «Üçünji ýylynda» diýen sözler Ylýas pygamberiň Ahap patyşa gurakçylygyň boljakdygy barada ilkinji sapar aýdan döwrüne degişli bolmaly (1Pat 17:1). Adatça, gurakçylyk döwri alty aýdan köp dowam etmeýärdi. Şol sebäpli Ylýas pygamber Ahaba ilkinji sapar gurakçylygyň boljakdygyny aýdanda, şol döwür dowam edip durdy. Şeýle-de Ylýas pygamber gurakçylygyň «üçünji ýylynda» Ahap patyşanyň ýanyna baranda, gurakçylyk derrew tamamlanmady. Diňe Karmel dagynda ot bilen synagdan soňra gurakçylyk aýrylýar (1Pat 18:18—45). Görşümiz ýaly, Isanyň we dogany Ýakubyň sözleri (Ýak 5:17) 1Pat 18:1-däki sözlere gabat gelýär.