Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr19 Ýanwar sah. 1—6
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2019)
  • Sözbaşylar
  • ÝANWAR 7—13
  • ÝANWAR 14—20
  • ÝANWAR 21—27
  • ÝANWAR 28—FEBRAL 3
«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2019)
mwbr19 Ýanwar sah. 1—6

«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

ÝANWAR 7—13

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | RESULLARYŇ IŞLERI 21, 22

«Goý, Ýehowanyň isleýşi ýaly bolsun»

bt sah. 177, 178, abz. 15, 16

«Goý, Ýehowanyň isleýşi ýaly bolsun»

15 Pawlus Filipusyň öýünde wagty Agabus atly hormatlanýan adam gelýär. Filipusyň öýüne gelenleriň ählisi Agabusyň pygamberdigini bilýärdi. Sebäbi ol Klawdiýiň höküm sürýän döwründe güýçli açlygyň boljakdygyny pygamberlik edipdi (Res 11:27, 28). Mümkin olar: «Agabus näme üçin geldi? Ol näme habar getirdikä?» diýip biynjalyk bolandyrlar. Olar Agabusa gözüni aýyrman seredýärdi. Şol wagt ol Pawlusyň guşaga meňzeş uzyn matasyny alýar. Adatça, ony biliňe daňyp, pul we başga zatlary salyp bolýardy. Agabus şol guşak bilen öz elini we aýagyny daňyp, şeýle wajyp habary aýdýar: «Mukaddes ruh şeýle diýýär: „Şu guşagyň eýesini-de Iýerusalimde ýehudylar şeýdip daňarlar we başga halklaryň eline tabşyrarlar“» (Res 21:11).

16 Bu pygamberlik Pawlusyň Iýerusalime gitjekdigini aňladýardy. Şeýle-de ol ýehudylaryň Pawlusy «başga halklaryň eline tabşyrjakdygyny» görkezýärdi. Bu pygamberlik şol ýerdäki adamlara güýçli täsir edýär. Luka bu hakda şeýle ýazýar: «Muny eşidip, ählimiz Pawlusa Iýerusalime gitmezligi ýalbaryp başladyk. Şonda Pawlus olara şeýle diýýär: „Siz näme üçin aglap, meni gynandyrýarsyňyz? Men diňe bir daňylmaga däl, eýsem, Iýerusalimde Halypamyz Isanyň adynyň hatyrasyna ölmäge-de taýyn“ diýdi» (Res 21:12, 13).

bt sah. 178, abz. 17

«Goý, Ýehowanyň isleýşi ýaly bolsun»

17 Göz öňüne getiriň, doganlar, hatda Luka hem Pawlusa Iýerusalime gitme diýip ýalbarýar, käbiri bolsa aglaýar. Olaryň söýgi bilen aladasyny edýändigini görüp, Pawlus ýumşaklyk bilen «ýüregini gowşatjak bolýandyklaryny» ýa-da başga käbir grek terjimelere görä, «ýüregini paralaýandyklaryny» aýdýar. Ýöne Surdaky doganlar bilen bolan wakadaky ýaly, Pawlus olaryň ýalbarmalary we gözýaşlary sebäpli gelen kararyndan dänmedi. Gaýtam, ol doganlara näme üçin gitmelidigini düşündirdi. Dogrudanam, Pawlus batyrgaý we aýgytly hereket etdi! Isa ýaly Pawlus hem Iýerusalime gitmegi berk ýüregine düwýär (Ýew 12:2). Elbetde, Pawlus ejir çekip ölmek islemeýärdi, ýöne Mesih Isanyň şägirdi hökmünde ölmeli hem bolsa, muny hormat hasaplaýardy.

bt sah. 178, abz. 18

«Goý, Ýehowanyň isleýşi ýaly bolsun»

18 Doganlar muňa nähili garady? Olar Pawlusyň gelen kararyna hormat goýdular. Bu barada şeýle diýilýär: «Biz ony yryp bilmänimizden soň: „Goý, Ýehowanyň isleýşi ýaly bolsun“ diýip, garşy çykmagymyzy bes etdik» (Res 21:14). Pawlusy Iýerusalime goýbermejek bolýan doganlar, öz diýenini etdirjek bolmadylar. Bu nähili kyn bolsa-da, olar Pawlusa gulak asdylar we munuň Ýehowanyň islegidigine düşünip, onuň bilen razylaşdylar. Pawlus saýlan ýolunyň iň soňy ölüme eltjekdigini bilýärdi. Eger Pawlusy söýýän dogan-uýalar ony galmaga yrmasalar, gowy bolardy.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

bt sah. 184, 185, abz. 10—12

«Maňa gulak asyň, men size bolan zatlary düşündireýin»

10 Pawlus resul Sabat güni işlemezlik ýa-da belli bir zatlary iýmezlik ýaly däp-dessurlara eýerip, özüni arkaýyn duýýan ýehudylaryň ýagdaýyna düşünýärdi (Rm 14:1—6). Şeýle-de ol sünnetlenmek babatda belli bir tertip-düzgün goýmady. Timoteosyň kakasy grek bolandygy üçin ýehudylar oňa ynamsyzlyk bilen garamaz ýaly, Pawlus Timoteosy sünnetledi (Res 16:3). Ýöne sünnetlenmelimi ýa sünnetlenmeli däldigini her kimiň özi çözýärdi. Pawlus bu hakda galatýalylara: «Ne sünnetli, ne-de sünnetsiz bolmak wajypdyr. Emma iman we söýgi bilen edilen işler ähmiýetlidir» diýip ýazdy (Gl 5:6). Ýöne kanuny berjaý etmek ýa-da Ýehowany razy etmek üçin sünnetlenýän adamlar imanynyň gowşakdygyny görkezýärdiler.

11 Elbetde, bu gürrüňler ulaldylyp aýdylsa-da, mesihçi bolan ýewreýleri biynjalyk edýärdi. Şol sebäpli ýaşulular Pawlusa şeýle maslahat berýär: «Aramyzda Hudaýyň öňünde ant içen dört adam bar. Ol adamlary ýanyňa al-da, Kanuna görä olar bilen bilelikde özüňi tämizle. Olar saçyny aldyryp biler ýaly, çykdajylaryny hem öz üstüňe al. Şonda hemmeler sen barada aýdylýan gürrüňleriň nädogrudygyna, gaýtam, ruhuň görkezmesine eýerip, Kanuny berjaý edýändigiňe göz ýetirerler» (Res 21:23, 24).

12 Pawlus kynçylygyň esasy sebäbiniň özi baradaky gep-gürrüňlerde däl-de, ýehudylaryň Musanyň kanunyna çendenaşa yhlasly eýerýändiginde diýip, nägilelik bildirip bilerdi. Eger Hudaýyň kada-kanunlaryna garşy gelmese, ol ýagdaýy göz öňünde tutýardy. Şondan biraz wagt öň ol şeýle ýazýar: «Kanun astynda bolmasam-da, kanun astyndakylary getirjek bolup, kanun astyndakylar üçin kanun astyndaky adam ýaly boldum» (1Kr 9:20). Şeýle ýagdaýda Pawlus Iýerusalimdäki ýaşulularyň maslahatyna eýerip, «kanun astyndaky adam ýaly boldy». Şeýdip, ol bize ýaşulular bilen işleşmekde hem-de öz diýenimizi tutup durmazlykda gowy görelde galdyrdy (Ýew 13:17).

nwtsty Res 22:16-a degişli maglumat

Hudaý günäleriňi bagyşlar. Adamyň günäleri suwa çümdürilendäki suw bilen däl-de, Isanyň adyna iman edip, ony iş ýüzünde görkezende bagyşlanar (Res 10:43; Ýak 2:14, 18).

w10 1/2 sah. 13, abz. 2 — sah. 14, abz. 2

Sabat gününi bellemelimi?

Isanyň Kanuny berjaý edendigini göz öňünde tutup, mesihçiler sabat gününi bellemelimi? Pawlus resul şeýle diýdi: «Goý, iýýän we içýän zatlaryňyz ýa-da baýramçylyk, täze aýy, ýa-da Sabat gününi bellemeýändigiňiz üçin hiç kim sizi ýazgarmasyn. Olaryň bary geljekki zatlaryň kölegesi, emma kölegäni emele getirýän beden Mesihdir» (Koloslylar 2:16, 17).

Bu sözler Hudaýyň talaplarynyň doly üýtgändigini görkezýär. Mesihçiler häzir täze kanuny, ýagny «Mesihiň kanunyny» berjaý edýärler (Galatýalylar 6:2). Isa Mesihiň ölüminden soň, Musa pygamber arkaly ysraýyla berlen kanunyň soňy geldi (Rimliler 10:4; Efesliler 2:15). Onda Sabat gününi bellemelimi? Ýok, Pawlus resul on tabşyrygyň birine salgylanyp: «Kanundan azat edildik» diýdi (Rimliler 7:6, 7). Diýmek, Musanyň kanunynyň on tabşyrygy, şol sanda Sabat güni baradaky kanun hem ýatyryldy. Şol sebäpli Hudaýyň gullukçylaryndan Sabat gününi bellemek talap edilmeýär.

Ýehudylaryň seždesi bilen mesihçileriň seždesiniň üýtgeýşini konstitusiýanyň üýtgeýşi bilen deňeşdirse bolýar. Täze konstitusiýa girizilende, öňküsi güýjüni ýitirýär. Öňki konstitusiýadaky käbir kanunlar galsa-da, käbirleri doly üýtgemegi mümkin. Kanuna gulak asýan raýat ýurdunyň esasy kanunlaryny ünsli öwrenýär we onuň haçan güýje girýändigi barada hökman gyzyklanýar.

Şonuň ýaly, Ýehowanyň ysraýyl halkyna beren kanuny hem üýtgedi. Onda 600-den gowrak düzgün, şol sanda esasy on tabşyryk bolup, oňa ahlak kadalary, mal gurbanyny bermek, saglyk meselesi we Sabat gününi bellemek ýaly zatlar degişlidi. Emma Isa mesh edilen mesihçileriň täze «halk» boljakdygyny aýtdy (Matta 21:43). B. e. 33-nji ýylynda bu halkda Hudaýa we ýakynyňa bolan söýgi diýen kanunyň esasynda täze «konstitusiýa» döredi (Matta 22:36—40). «Mesihiň kanunynda» ysraýyla berlen kanunyndaky ýaly käbir görkezmeler bar. Ondaky käbir düzgünler tapawutlansa-da, käbirleri bolmasa-da, biz geň galmaly däl. Sabat güni baradaky kanuny bellemek hem hökman däl.

ÝANWAR 14—20

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | RESULLARYŇ IŞLERI 23, 24

«Mergi kimin howply we gozgalaň turuzýan diýip aýyplandy»

bt sah. 191, abz. 5, 6

«Batyr bol!»

5 Bu ruhlandyryjy sözler Pawlusa tüýs wagtynda aýdylypdy. Ertesi 40-dan gowrak ýehudy «dil düwşüp, Pawlusy öldürýänçäler hiç zat iýip-içmejekdikleri hakda ant içdiler». Ýehudylaryň «dil düwşüp, ant içmekleri» Pawlus resuly öldürmek islegleriniň güýçlüdigini görkezýär. Eger olar muny başarmasa, gargyş we ýamanlyk özlerine gaýdyp geljekdigine ynanýardylar (Res. iş. 23:12—15). Olaryň maksady ruhanylar we ýaşulularyň razylygy bilen Pawlusyň işini jikme-jik barlamak üçin Mejlise getirtmekdi. Dil düwşen adamlar bolsa Pawlusa ýolda bukuda garaşyp, ony öldürmelidiler.

6 Emma Pawlusyň ýegeni bu dildüwşük hakda eşidende, muny Pawlusa habar berýär. Pawlus bolsa bu ýaş ýigidi goşun serkerdesi Klawdiý Lisiýe habar bermek üçin ýollaýar (Res. iş. 23:16—22). Dogrudan-da, Ýehowa Pawlusyň ýegeni ýaly ady agzalmaýan, batyrgaýlyk bilen Hudaýyň halkynyň bähbidini özüniňkiden ýokary saýýan we Patyşalygyň işi üçin elinde baryny edýän ýaşlary söýýär.

bt sah. 192, abz. 10

«Batyr bol!»

10 Pawlusy aýyplaýan adamlar Iýerusalimden gelýänçä, ony Kaýsariýada «Hirodesiň köşgünde sakladylar» (Res. iş. 23:35). Bäş gün geçenden soň, uly ruhany Hananýa, Tertul atly dilewar adam we birnäçe ýaşulular geldiler. Tertul başda Feliksi ýehudylara edýän zatlary üçin öwýär. Aslynda, ol Feliksiň göwnüni tapjak bolup, ýaranjaňlyk eden bolmaly. Soňra ol esasy meseläni agzap, Pawlus barada şeýle diýýär: «Bu adamyň halk üçin mergi kimin howpludygyny we nazaretlileriň dini toparyna ýolbaşçylyk edip, bütin ýer ýüzündäki ýehudylaryň arasynda gozgalaň turuzýandygyny anykladyk. Şeýle-de ol ybadathanany haram etjek bolanda, biz ony tussag etdik» (Res. iş. 24:5, 6, 9). Halk üçin mergi kimin howply, nazaretlileriň dini toparyna ýolbaşçylyk edýän we ybadathanany haram edýän diýen agyr aýyplamalar sebäpli adamy ölüme höküm edip bolýardy.

bt sah. 193, 194, abz. 13, 14

«Batyr bol!»

13 Pawlus bize gowy görelde galdyrdy. Eger Hudaýa sežde edýändigimiz üçin häkimiýetleriň öňünde durmaly bolsak ýa-da gozgalaň turuzmak babatda ýalan aýyplamalar ýöňkelse ýa dini toparyň agzasy hasaplansak, Pawlusyň göreldesine eýerip bilýäris. Tertuldan tapawutlylykda, Pawlus hökümdara ýaranjaňlyk etmeýär. Ol özüni rahat alyp baryp, hormat bilen gürleşýär. Pawlus sypaýçylyk bilen anyk we dogry delil getirýär. Ol özüni ybadathanany haramlamakda aýyplaýan «Aziýa welaýatyndaky ýehudylaryň» şol ýerde ýokdugyny we kanun boýunça Pawlus olar bilen gepleşmelidigini hem-de olaryň aýyplamalaryny diňlemelidigini ýatlatdy (Res. iş. 24:18, 19).

14 Pawlus ynanýan zatlary barada wagyz etmäge ýaýdanmaýardy. Ol direlişe bolan imanyny batyrgaýlyk bilen ençeme gezek aýtdy. Bu mesele babatda Mejlisde-de agzalalyk döräpdi (Res. iş. 23:6—10). Pawlus özüni goramak üçin, aýratynam, direlişe bolan umydy barada nygtaýar. Näme üçin? Sebäbi ol duşmanlarynyň ylalaşyp bilmedik meselesi, ýagny Mesih we onuň ölümden direlmegi barada şaýatlyk edýär (Res. iş. 26:6—8, 22, 23). Dogrudan-da, direliş baradaky mesele, has dogrusy, Isa pygambere we onuň direlişine iman etmek sebäpli jedel döreýär.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

nwtsty Res 23:6-a degişli maglumat

Fariseýdirin. Mejlisdäkileriň käbiri Pawlusy tanaýardy (Res 22:5). Ol özüne «men fariseýleriň neslinden» diýende, olar bilen meňzeşliginiň bardygyny göz öňünde tutdy. Mejlisiň agzalary Pawlusyň fariseýleriň dini toparyndan däldigini bilýärdiler. Olar Pawlusyň yhlasly mesihçi bolandygyndan habarlydy. Ýöne bu aýatda Pawlusyň özüniň fariseýdigi barada aýdan sözleriniň başga manysy bar. Ol saddukeýlerden tapawutlylykda, direlişiň boljakdygyna ynanýandygy üçin özüne fariseý diýdi; sebäbi fariseýler direlişe ynanýardy. Şeýdip, Pawlus şol ýerdäki fariseýler bilen gürrüňdeşlige başlady. Ol bu jedelli meseläni gozgasa, Mejlisiň käbir agzalarynyň munuň bilen razylaşman, dawa turjakdygyny bilen bolmaly. Onuň pikir edişi ýaly hem bolýar (Res 23:7—9). Pawlusyň Res 23:6-da aýdan sözleri özüni goramak üçin, Agrippa patyşanyň öňünde özi baradaky aýdan sözlerine gabat gelýär (Res 26:5). Ol Rimdekä Filipidäki imandaşlaryna hat ýazanda, özüniň fariseý bolup doglandygyny ýene bir gezek belläp geçýär (Fp 3:5). Şeýle-de käbir mesihçileriň öň fariseý bolandygy hakda Res 15:5-de aýdylýar (Res 15:5-e degişli maglumata serediň).

nwtsty Res 24:24-e degişli maglumat

Druzila. Druzila Res 12:1-de agzalýan Hirodes (Agrippa I) patyşanyň üç çagasynyň iň kiçisi bolupdyr. Ol takmynan b. e. 38-nji ýylynda dogulýar. Onuň Agrippa II we Bernika diýen doganlary bolupdyr (Res 25:13-e degişli maglumata we Sözlüge serediň «Hirodes»). Hökümdar Feliks Druzilanyň ikinji adamsy bolupdyr. Druzila Siriýanyň Emesa şäheriniň patyşasy Aziz bilen durmuş gurýar. Ýöne ol aýrylyşyp, b. e. 54-nji ýylynda 16 ýaşlarynda Feliksa durmuşa çykýar. Pawlus Feliksiň öňünde «dogruçyllyk, özüňe erk etmeklik we geljekki höküm barada» aýdanda, Druzila hem şol ýerde bolan bolmaly (Res 24:25). Feliks hökümdarlygyny Feste tabşyranda, ol «ýehudylara ýaranjak bolup», Pawlusy tussaglykda galdyran bolmaly. Käbirleriniň aýtmagyna görä, ol muny ýaş ýewreý aýalyna ýaranmak üçin eden bolmaly (Res 24:27).

ÝANWAR 21—27

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | RESULLARYŇ IŞLERI 25, 26

«Pawlus Sezara arz edýär we Hirodes Agrippa patyşanyň öňünde şaýatlyk edýär»

bt sah. 198, abz. 6

«Men Sezara arz edýärin!»

6 Festiň ýehudylara ýaranmak islegi Pawlusyň janyna howp salyp bilerdi. Şol sebäpli Pawlus Rim raýatlyk hukugyndan peýdalanýar. Ol Feste şeýle diýýär: «Men Sezaryň höküm kürsüsiniň öňünde durun, şu ýerde-de maňa höküm çykarylmaly. Meniň ýehudylara ýamanlyk etmändigimi seniň özüň hem gowy bilýärsiň... Men Sezara arz edýärin!» Aslynda, Sezara arz edilse, ony soň üýtgedip bolmaýardy. Muny Festiň şu aýdan sözleri hem subut edýär: «Sen Sezara arz etdiň dälmi, onda Sezaryň ýanyna-da gidersiň» (Res. iş. 25:10—12). Pawlus ýokary kazyýete ýüz tutmak bilen bize gowy görelde galdyrdy. Ýehowanyň Şaýatlaryna «kanunyň adyndan ýamanlyk edenlerinde», olar hoş habary goramak üçin kanundan peýdalanýarlar (Zeb. 94:20).

bt sah. 198—201, abz. 10—16

«Men Sezara arz edýärin!»

10 Pawlus Agrippa patyşanyň ýehudylaryň däp-dessurlaryny we jedellerini bilýändigini aýdyp, onuň öňünde özüni goramaga mümkinçilik berendigi üçin hormat bilen minnetdarlyk bildirdi. Soňra Pawlus öňki durmuşy barada şeýle diýýär: «Men fariseýleriň dini toparyna degişli bolup... oňa berk eýerip ýaşaýardym» (Res. iş. 26:5). Pawlus fariseý bolandygy üçin Mesihiň gelmegine garaşýardy. Ol mesihçi bolandan soň, uzak wagtlap garaşylýan Mesihiň Isadygyny batyrgaýlyk bilen aýdýar. Ýehudylar şol gün Pawlusy olaryň ata-babalaryna Hudaýyň beren wadasynyň ýerine ýetjekdigine iman edýändigi üçin aýypladylar. Pawlusyň bu sözleri Agrippany has-da gyzyklandyrýar.

11 Pawlus öň mesihçileri zalymlyk bilen yzarlandygyny ýatlap şeýle diýýär: «Aslynda, meniň özüm hem nazaretli Isanyň adyna garşy köp zatlary etmegiň dogrudygyna ynanýardym... Meniň olara (Mesihiň şägirtlerine) bolan gahar-gazabym şeýle güýçlüdi welin, hatda başga şäherlere-de aýlanyp, olary yzarlapdym» (Res. iş. 26:9—11). Pawlus muny ulaldyp aýtmandy. Köp adamlar onuň mesihçileri zalymlyk bilen yzarlandygyny bilýärdi (Gal. 1:13, 23). Agrippa patyşa: «Şeýle adamy näme üýtgetdikä?» diýip oýlanan bolmaly.

12 Pawlus muňa şeýle jogap berýär: «Men uly ruhanylardan ygtyýar hem hat alyp, Damaska barýardym. Siziň Alyhezretleriňiz, ýolda barýarkam, gündiziň günortany gökden güýçli Gün şöhlesi inip, biziň daş-töweregimizi ýagtyltdy. Biziň barymyz ýere ýykyldyk, şonda men ýewreý dilinde: „Sawul, Sawul, sen näme üçin meni yzarlaýarsyň? Sen eýesiniň taýagyny depýän öküz ýaly özüňi gynaýarsyň“ diýen ses eşitdim. Men oňa: „Agam, sen kim bolarsyň?“ diýdim. Halypamyz maňa: „Men seniň yzarlaýan Isaň“ diýdi» (Res. iş. 26:12—15).

13 Bu adatdan daşary görnüşi görmezden öň, Pawlus göçme manyda «eýesiniň taýagyny depýärdi». Ýük göterýän haýwanyň kesirlik edip taýagyň ýiti ujuna depende zyýan çekişi ýaly, Pawlus hem Hudaýyň islegine garşy gidip, özüne ruhy taýdan zyýan ýetirýär. Isa direlenden soň akýürekli, ýöne ýalňyşan adam Pawlusa Damaska barýan ýolda görnüp, onuň garaýşyny özgertmäge kömek etdi (Ýah. 16:1, 2).

14 Pawlus durmuşyny düýbünden üýtgedýär. Ol Agrippa patyşa ýüzlenip şeýle diýýär: «Men gökden inen görnüşe garşy çykyp bilmedim. Şonuň üçin ilki Damaska, soňra Iýerusalime bardym. Şeýle-de bütin Ýahuda ýurduna we başga halklara aýlanyp, adamlary toba etmäge hem-de toba edýändiklerini görkezýän işleri edip, Hudaýa dolanmaga çagyrdym» (Res. iş. 26:19, 20). Pawlus Isa Mesihiň görnüşi arkaly alan tabşyrygyny birnäçe ýyllap ýerine ýetirýär. Bu nähili netije berdi? Pawlusyň wagyz eden hoş habaryna seslenen adamlar ahlaksyzlygyny we erbet endiklerini goýup, Hudaýa gulluk edip başladylar. Olar kanunlara we düzgünlere hormat goýýan gowy raýatlar boldular.

15 Emma Pawlusa garşy çykýan ýehudylar üçin şeýle zatlaryň hiç hili ähmiýeti ýokdy. Pawlus şeýle diýýär: «Ine, şonuň üçin hem ýehudylar meni ybadathanada tutup, öldürjek boldular. Emma men Hudaýyň kömegi bilen, şu güne çenli uludan-kiçä, ähli adamlara hoş habary düşündirip gelýärin» (Res. iş. 26:21, 22).

16 Biz mesihçiler, imanymyzy goramaga «hemişe taýyn bolmaly» (1 Pet. 3:15). Imanymyz barada kazylar we hökümdarlar bilen gepleşenimizde, Pawlusyň Agrippa we Feste wagyz edişinden görelde alsak gowy bolar. Hökümet ýolbaşçylaryna Mukaddes Ýazgylardaky hakykatyň biziň we hoş habara seslenen adamlaryň durmuşyny özgerdýändigi hakda hormat bilen gürrüň bersek, olaryň ýüregine täsir edip bileris.

bt sah. 202, abz. 18

«Men Sezara arz edýärin!»

18 Pawlus hökümdara şeýle jogap berýär: «Siziň Alyhezretleriňiz hökümdar Fest, men dälirämok, men hakykaty we sagdyn düşünjeli sözleri aýdýaryn. Aslynda, patyşa hem muny gowy bilýär, şonuň üçin men oňa çekinmän arkaýyn ýüzlenýärin... Agrippa patyşa, siz pygamberleriň aýdanlaryna ynanýarsyňyzmy? Men siziň ynanýandygyňyzy bilýärin». Agrippa bolsa oňa: «Az salymdan meni hem mesihçi edersiň» diýýär (Res. iş. 26:25—28). Bu sözleriň ýürekden aýdylandygy ýa-da aýdylmandygy belli däl, ýöne Pawlusyň sözleri patyşa güýçli täsir edýär.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

nwtsty Res 26:14-e degişli maglumat

Eýesiniň taýagyny depýän. Padymanyň taýagy— mallary bakmak üçin ulanylýan uzyn taýak (Sr 3:31). «Eýesiniň taýagyny depýän» diýen jümle grek edebiýatlarynda aýdylýan nakyl. Bu jümle kesir öküziň çopanyň taýagyna garşylyk görkezýändigini aňladýar we netijede özüne zyýan ýetirýär. Sawul mesihçi bolmanka özüni şeýle alyp barýardy. Ol Ýehowa Hudaýyň goldaýan halkyna, ýagny Isanyň şägirtlerine garşy çykmak bilen özüne gaty zyýan ýetirýär (Res 5:38, 39; 1Tm 1:13, 14-nji aýatlary deňeşdiriň). Wg 12:11-de «çişler» diýen söz göçme manyda paýhasly adamyň aýdýan sözleri bilen deňeşdirilip, adama maslahata eýermäge kömek edýär.

nwt sözlük

Padymanyň taýagy. Sygyr çopanyň mallary bakmak üçin ulanýan uzyn taýagy; onuň ujunda ýiti demri bolýar. Şeýle taýak paýhasly adamyň aýdýan sözleri bilen deňeşdirilip, diňleýjä paýhasly maslahata eýermäge kömek edýär. «Taýaga depmek» diýen jümle kesirlik edýän öküziň çopanyň taýagyna garşylyk görkezýändigini aňladýar we netijede, ol özüne zyýan ýetirýär (Res 26:14; Sr 3:31).

w03 15/11 sah. 16, 17, abz. 14

Adamlara hoş habary kabul etmäge kömek ediň

14 Pawlus Agrippanyň ýehudy dinine uýýandygyny bilýärdi. Ol Agrippanyň ýehudy dini barada bilýän zatlaryny göz öňünde tutup, Mesihiň ölümi we direlişi babatda «Pygamberleriň we Musanyň aýdanlaryndan artyk hiç zat aýtmaýar» (Resullaryň işleri 26:22, 23). Pawlus Agrippadan: «Siz pygamberleriň aýdanlaryna ynanýarsyňyzmy?» diýip gönümel soraýar. Agrippa çykgynsyz ýagdaýa düşýär. Eger ol pygamberlere ynanmaýandygyny aýtsa, ýehudy dinine uýýan adam hökmünde abraýy gaçardy. Eger ol Pawlusyň aýdýanlary bilen ylalaşsa, onda köpçüligiň öňünde onuň tarapyny tutandygy bolardy we mesihçi hasaplanardy. Pawlus öz soragyna paýhasly jogap berýär: «Men siziň ynanýandygyňyzy bilýärin». Bu Agrippa nähili täsir etdi? Ol: «Az salymdan meni hem mesihçi edersiň» diýýär (Resullaryň işleri 26:27, 28). Agrippa mesihçi bolmaýar, ýöne Pawlusyň aýdan sözleri onuň ýüregine biraz hem bolsa, täsir eden bolmaly (Ýewreýler 4:12).

ÝANWAR 28—FEBRAL 3

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | RESULLARYŇ IŞLERI 27, 28

«Pawlus gämide Rime äkidilýär»

bt sah. 208, abz. 15

«Hiç biriňiz heläk bolmarsyňyz»

15 Pawlus gämidäki adamlaryň köpüsine «Hudaýyň ata-babalaryna beren wadasyna umyt edýändigi» barada wagyz eden bolmaly (Res. iş. 26:6; Kol. 1:5). Indi olar gämi heläkçiligine uçranda bolsa, Pawlus halas bolmaga umydyň bardygy hakda aýdyp bilerdi. Ol şeýle diýýär: «Geçen gije... Hudaýym perişdesini iberip, maňa: „Gorkma, Pawlus. Sen hökman Sezaryň öňünde durmalysyň! Hudaý seniň ýanyňdakylaryň ählisini-de halas eder“ diýdi». Soňra Pawlus olara şeýle diýýär: «Şonuň üçin batyrgaý boluň, men Hudaýyň aýdyşy ýaly etjekdigine ynanýaryn. Ýöne biz haýsy-da bolsa bir ada baryp düşmelidiris» (Res. iş. 27:23—26).

bt sah. 209, abz. 18

«Hiç biriňiz heläk bolmarsyňyz»

18 Halas bolan adamlar Sisiliýanyň günortasyndaky Malta adasyna düşendigini bilýärler («Niredäki Malta?» diýen çarçuwa serediň). Başga dilde gepleýän adanyň ýaşaýjylary «juda adamkärçilikli eken» (Res. iş. 28:2). Olar suwa ezilen we sowukdan ýaňa titreýän, gelmişek adamlara ot ýakyp berýärler. Howa sowuk we ýagyşly bolsa-da, halas bolan adamlar otda ýylynýar. Şonda gudrat hem bolýar.

bt sah. 210, abz. 21

«Hiç biriňiz heläk bolmarsyňyz»

21 Şol ýerde Rimli Publiý atly bir baý adam ýaşaýardy. Ol Malta adasyna ýolbaşçylyk edýärdi. Luka oňa «ada ýolbaşçylyk edýän» diýip, Maltadan tapylan iki sany ýazgydaky tituly ulanýar. Ol Pawlusy we ýoldaşlaryny güler ýüz bilen garşylap, üç gün myhman alýar. Ýöne Publiýiň kakasy erbet keselleýär. Luka ýene-de ýarawsyz adamyň ýagdaýyny jikme-jik beýan edýär. Luka onuň keselini «gyzgyny galyp, düşekde ýatyrdy, ol ganly içgeçmeden ejir çekýär» diýip anyk aýdýar. Pawlus doga edip, elini onuň üstüne goýýar we ol sagalýar. Bu gudrata şol ýeriň ýaşaýjylary haýran galyp, syrkaw adamlary sagaltmak üçin onuň ýanyna getirýärler we Pawlusyň hem-de ýoldaşlarynyň ähli gerekli zatlary bolar ýaly, olara sowgat berýärler (Res. iş. 28:7—10).

bt sah. 213, abz. 10

«Birkemsiz şaýatlyk edýär»

10 Ýolagçylar Rime baranlarynda, «Pawlusa esgeriň gözegçiligi astynda öz kireýne alan jaýynda galmaga rugsat edilýär» (Res. iş. 28:16). Tussagdakylar gaçmaz ýaly, olaryň ellerini garawullaryň eline zynjyr bilen baglaýarlar. Şeýle ýagdaýda-da Pawlus Patyşalyk barada wagyz edýär. Ony hiç hili zynjyr dymdyryp bilmeýär. Şol sebäpli Pawlus syýahatdan gelip, bary-ýogy üç gün dynç alansoň, özi barada gürrüň bermek we wagyz etmek üçin, ýehudylaryň abraýly adamlaryny Rime çagyrýar.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

nwtsty Res 27:9-a degişli maglumat

Günäden saplanma güni. «Güýzde agyz beklenýän gün». Göni manyda «agyz beklemek» diýmegi aňladýar. «Agyz beklemek» diýen grek sözi diňe Musanyň kanunyndaky agyz beklemek baradaky tabşyrygy aňladýar, ýagny agyz beklemeklik her ýylky «Günäden saplanma güni» bilen baglanşykly. Şeýle-de oňa Ýom Kippur (Ýewreýçe: yohm hak·kip·pu·rimʹ, «örtmek güni») diýilýär (Lw 16:29—31; 23:26—32; Sn 29:7; Sözlüge serediň «Günäden saplanma güni»). «Öz islegiňi terk etmek» diýen jümle Günäden saplanma güni bilen baglanyşykly ulanylyp, ähli islegleriňden geçmegi, şol sanda agyz beklemegi hem aňladýar (Lw 16:29, çykgyt). Res 27:9-daky ulanylan söz, esasan, Günäden saplanma güni agyz bekläp, öz islegleriňden geçmelidigini görkezýär. Günäden saplanma güni sen­týa­bryň ahyryna ýa-da ok­týa­bryň başyna gabat gelýär.

nwtsty Res 28:11-e degişli maglumat

Zewsiň ogullary. Grek we Rim mifalogiýasyna görä, «Zewsiň ogullary» (Grekçe: Di·oʹskou·roi) Kastor we Poluks, Zews (Ýupiter) taňrysy bilen Spartanyň şa aýaly Ledanyň ekiz ogullary bolupdyr. Şeýle-de olar deňizçileriň howpdan goraýan halas edijisi hasaplanypdyr. Gäminiň öňündäki şekil barada jikme-jik aýdylmagy bolsa, bu wakany gözi bilen gören adamyň ýazandygyny görkezýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş