Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr19 Fewral sah. 1—4
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2019)
  • Sözbaşylar
  • FEWRAL 4—10
  • FEWRAL 11—17
  • FEWRAL 18—24
  • FEWRAL 25—MART 3
«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2019)
mwbr19 Fewral sah. 1—4

«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

FEWRAL 4—10

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | RIMLILER 1—3

«Ynsabyňyzy terbiýeläň»

lv sah. 16, abz. 6

Ynsabyňy nädip päk saklap bilersiň?

6 Ynsap diňe Ýehowanyň gullukçylarynda bolýarmy? Pawlus resulyň ýazan sözlerini okalyň: «Başga milletdäki adamlar Hudaýyň kanunyny bilmeseler-de, kanuna laýyk işleri berjaý edip, ýagşyny we ýamany saýgaryp bilýändigini görkezýärler. Olar eden işleri üçin pikirlerinde özlerini ýa günäkärleýärler, ýa-da aklaýarlar. Şeýdip, olar kanundaky prinsipleriň ýüreklerinde ýazylandygyny görkezýärler, hatda olaryň ynsaby-da muňa şaýatlyk edýär» (Rimliler 2:14, 15). Hatda Ýehowanyň kanunlaryny asla bilmeýän adamlar hem käwagtlar ynsabyna görä Hudaýyň prinsiplerine laýyk işleri edýär.

lv sah. 17, 18, abz. 8, 9

Ynsabyňy nädip päk saklap bilersiň?

8 Sen nädip ynsabyňa görä karara gelip bilersiň? Käbir adamlar diňe içki duýgularyna diň salyp, şoňa görä hereket edýärler. Soňra: «Meniň-ä muňa ynsabym çatýar» diýýärler. Ýürek höwesleri juda güýçli bolmagy mümkin, hatda ynsaba-da täsir edip biler. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ynsan ýüregi gaty mekir we hiç zatdan gaýtmaýar» (Ýermeýa 17:9). Diýmek, ýürek höwesi esasy zat bolmaly däl. Biz, ilki bilen, Ýehowa Hudaýyň halaýan zadyny göz öňünde tutmaly.

9 Eger terbiýelenen ynsaba görä karara gelsek, onda betnebis höweslere eýerýändigimizi däl-de, Hudaýdan gorkýandygymyzy görkezeris. Bir mysala seredeliň. Wepaly häkim Nehemýa Iýerusalimiň ilatyndan käbir tölegleri we salgytlary almaga haklydy. Emma ol hiç zat ýygnatmady. Näme üçin? Sebäbi ol Hudaýyň halkyna agram salyp, Ýehowany sähelçe-de närazy etmek islemeýärdi. Ol şeýle diýýär: «Men muny etmedim, sebäbi Hudaýdan gorkýardym» (Nehemýa 5:15). Hudaýdan gorkmak, ýagny gökdäki Atamyzy närazy etmekden gorkmak örän wajypdyr. Şeýle hormat we gorky bizi karara gelende, Hudaýyň Sözünden görkezme agtarmaga höweslendirer.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w08 15/6 sah. 30, abz. 5

Rimliler kitabyndan peýdaly pikirler

3:4. Eger adamyň sözi Hudaýyň Sözüne gabat gelmese, Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere bil baglap, Hudaýyň islegine görä hereket edýäris we şeýdip, «Hudaýyň dogruçyldygyny» görkezýäris. Biz Patyşalyk baradaky wagyz işine we şägirt taýýarlamaga yhlasly gatnaşyp, adamlara Hudaýyň dogruçyldygyna göz ýetirmäge kömek edýäris.

w08 15/6 sah. 29, abz. 6

Rimliler kitabyndan peýdaly pikirler

3:24, 25. «Mesih Isanyň töleg gurbany arkaly... geçmişde edilen günäler» töleg tölenmänkä nädip bagyşlandy? Gelip çykyş 3:15-däki Mesih barada aýdylan ilkinji pygamberlik b. e. 33-nji ýylynda Isa pürsde öldürilende ýerine ýetdi (Gal. 3:13, 16). Ýehowa pygamberligi şol wagt aýdan bolsa-da, onuň garaýşynda töleg eýýäm tölenen hasaplanýardy. Sebäbi Hudaýyň isleginiň ýerine ýetmegine hiç zat päsgel berip bilmeýär. Şeýlelikde, Ýehowa Isa Mesihiň gelejekde berjek töleg gurbany arkaly Adam atanyň şol wada iman eden nesilleriniň günälerini bagyşlap bilýärdi. Töleg gurbanynyň esasynda Mesihden öň ýaşan adamlar hem direler (Res. iş. 24:15).

w06 1/6 sah. 12, 13

Özüňiziň we başgalaryň ýagdaýyna dogry garaýyşda boluň

Durmuşdan kanagat tapar ýaly, hemişe öz ýagdaýyňa we başgalaryňka dogry garaýyşda bolmaly. Pawlus resul Rimlilere ýazan hatynda şeýle diýýär: «Hemmeler günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular» (Rimliler 3:23). Biz Ýehowanyň nähili şöhrata eýedigine doly göz ýetirip bilmeýäris. Meselem, Ýehowa barada Gelip çykyş 1:31-de şeýle diýilýär: «Hudaý Öz ýaradan zatlarynyň juda gowudygyny gördi». Ýehowa edýän işleriniň ählisi barada-da şeýle diýip bilýär. Ýöne hiç bir adam öz edýän işleri hakda beýle diýip bilmeýär. Şol sebäpli kanagat tapar ýaly, ilki bilen, mümkinçiligimiziň çäklidigine düşünmeli. Mundan başga-da, bu meselede Ýehowanyň garaýşyny bilmeli we kabul etmeli.

«Günä» diýip terjime edilen grek sözi «nyşana degmän sowa geçmek» diýen işlikden gelip çykýar (Rimliler 3:9). Ýaýdan ok atmak bäsleşiginde ýeňiş gazanmak isleýän türgeni göz öňüne getiriň. Onuň diňe üç gezek atmaga mümkinçiligi bar. Ol birinji gezek atanda, ok 1 metr sowa geçýär. Ikinji gezek bolsa, gowy nyşana alýar, ýöne şonda-da 30 santimetr sowa atýar. Türgen soňky okuny bar ünsüni jemläp atýar welin, bu gezek bary-ýogy 2 santimetr sowa düşýär. Ol nyşana gaty golaýlasa-da, barybir sowa geçýär.

Biziň ählimiz üstünlik gazanyp bilmedik şol türgene meňzeýäris. Käte biz gaty «sowa geçýän» ýaly bolýarys. Käte bolsa, nyşana golaýlasak-da, barybir «ortasyna» düşüp bilmeýäris. Biz muňa gaty gynanýarys, sebäbi elimizde baryny edipdik. Geliň, türgenli mysala dolanalyň.

Onuň bar islegi ýeňiş gazanmak bolandygy üçin, gamgyn halda yzyna gaýtjak bolýar. Birdenem, emin agzasy ony ýanyna çagyryp, oňa baýrak berýär we: «Men seni gowy görendigim üçin şuny beresim gelýär. Sen gaty jan etdiň» diýýär. Türgen muňa örän şatlanýar!

Şatlyk! Hudaýyň «sowgadyny», ýagny kämil şertlerdäki ebedi ýaşaýşa gowuşjak adamlaryň hemmesi şatlanar (Rimliler 6:23). Şonda olaryň edýän işleriniň ählisi rowaç bolar. Olar hiç haçan nyşandan «sowa geçmezler». Adamlar durmuşdan doly kanagat tapyp, lezzet alyp ýaşar. Eger muny häzirden ýatda saklasak, özümize we başgalara dogry garaýyşda bolarys.

FEWRAL 11—17

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | RIMLILER 4—6

«Hudaý bize bolan söýgüsini bildirdi»

w11 15/6 sah. 12, abz. 5

Hudaý bize bolan söýgüsini bildirdi

5 Pawlus resul bu babatda şeýle diýdi: «Bir adam arkaly günäniň we günä arkaly ölümiň dünýä girişi ýaly, ölüm hem ähli adamlara geçdi; çünki hemmesi günä etdi» (Rim. 5:12). Biziň muňa düşünmegimiz üçin Hudaý adamzadyň döreýşi barada ýazdyrdy. Ýehowa Adam ata bilen How enäni ýaratdy. Ýaradyjy kämil bolany üçin ilkinji ynsanlar hem kämildi. Hudaý Adam ata bilen How enä bir tabşyryk berdi we oňa gulak asmasalar, olaryň öljekdigini duýdurdy (Gel. çyk. 2:17). Ýöne olar erbet ýoly saýlap, Hudaýyň tabşyrygyny bozdular, Ýehowany Kanun çykaryjy we Hökümdar hökmünde inkär etdiler (Kan. tag. 32:4, 5).

w11 15/6 sah. 12, abz. 6

Hudaý bize bolan söýgüsini bildirdi

6 Adam ata günä edensoň, çagalary dünýä indi, şol sebäpli günä olaryň hemmesine geçdi. Elbetde, olar Adam ata ýaly Hudaýyň beren tabşyrygyny bozup, günäli bolmady. Şol sebäpli olaryň eden günäsi üçin jogapkär däldiler; şol wagt entek kanun hem berilmändi (Gel çyk 2:17). Emma Adam atanyň nesli günäni miras aldy. Şeýlelikde, Hudaý ysraýyllylara olaryň günälidigini görkezýän kanuny berýänçä-de, günä we ölüm höküm sürýärdi (Rimliler 5:13, 14-nji aýatlary okaň). Miras galan günäni nesil yzarlaýan kesele meňzetse bolýar. Hatda bir maşgalada ata-enesinden nesil yzarlaýan kesel hemme çagalara geçmezligi mümkin. Emma günä babatda beýle bolmaýar. Adam atadan ählimiz günäni miras aldyk, şol sebäpli hemme adamlar ölýär. Bu ýagdaýdan çykalga tapyldymy?

w11 15/6 sah. 13, abz. 9, 10

Hudaý bize bolan söýgüsini bildirdi

9 «Aklanma» diýip terjime edilen grek sözi näme aňladýar? Ýokarda agzalan professoryň aýtmagyna görä, aklawçylaryň dilinde «bu söz adamyň häsiýetiniň däl-de, Hudaýyň öňündäki abraýynyň üýtgändigini görkezýär... Bu meňzetmede Hudaý kazy hökmünde suratlandyrylýar we adam Hudaýyň kazyýetine eltilýär. Emma Hudaý aýyplanýan adamyň işine seredip, ony aklaýar».

10 «Bütin ýer ýüzüniň Kazysy» nämäniň esasynda günäli adamlary aklap biler? (Gel. çyk. 18:25). Munuň üçin Hudaý ýer ýüzüne ýalňyz Ogluny iberdi. Isa synaglara, sögünçlere we zorluk-süteme garamazdan, Atasynyň islegini birkemsiz berjaý etdi. Ol tä jebir pürsünde ölýänçä, aýypsyzlygyny saklady (Ýew. 2:10). Isa kämil ynsan janyny gurban berip, Adam atanyň neslini günäniň we ölümiň gulçulygyndan azat etdi, ýagny satyn aldy (Mat. 20:28; Rim. 5:6—8).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w08 15/6 sah. 29, abz. 7

Rimliler kitabyndan peýdaly pikirler

6:3—5. «Mesih Isa bilen birlikde» bolmak we «Mesih ýaly ölmek üçin çümdürilmek» näme aňladýar? Ýehowa Mesihiň şägirtlerini mukaddes ruh arkaly mesh edende, olar Isa bilen birigip, Mesihiň teni bolan ýygnagyň agzasy boldular. Isa bolsa şol ýygnagyň Başy (1 Kor. 12:12, 13, 27; Kol. 1:18). Şeýdip, olar Mesih Isa bilen birlikde bolýarlar. Şeýle-de mesh edilen mesihçiler «Mesih ýaly ölmek üçin çümdürilýärler», ýagny olaryň durmuşynda janaýamazlyk ruhy has aýdyň görünýär we olar ýer ýüzündäki ebedi ýaşaýşa bolan umytdan ýüz öwürýärler. Şol sebäpli olar hem Isa ýaly ähli zadyndan geçip ölseler-de, olaryň ölümi töleg gurbany hökmünde hasaplanylmaýar. Olar ölüp, gökde ýaşamak üçin direlende, Mesih ýaly ölmek üçin çümdürilmeklik tamamlanýar.

w14 1/6 sah. 11, abz. 1

Ölen adamlaryň nähili umydy bar?

Erbet adamlar direlenden soň öňki eden etmişleri üçin höküm edilermi? Ýok. Rimliler 6:7-de şeýle diýilýär: «Ölen adam günäden azat bolýandyr». Erbet adamlar ölümi arkaly günäleri üçin eýýäm temmisini aldylar. Şol sebäpli olara ölmänkä bilmän eden etmişleri üçin däl-de, direlenden soň etjek işlerine görä höküm çykarylar. Şonda olarda nähili mümkinçilik bolar?

FEWRAL 18—24

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | RIMLILER 7, 8

«Siz „sabyrsyzlyk bilen garaşýarsyňyzmy“?»

w12 15/7 sah. 11, abz. 17

Goý, Ýehowa seni azat etsin!

17 Pawlus resul Ýehowanyň ýer ýüzünde adamlara berjek azatlygy barada ýazdy. Ol şeýle diýdi: «Ýaradylan zatlar Hudaýyň perzentleriniň aýan boljak wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar... Ýaradylan zatlar çüýreme gulçulygyndan azat bolup, Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowşar» (Rim. 8:19—21). «Ýaradylan zatlar» Hudaýyň mesh edilen perzentleriniň «aýan boljak wagty» bereket alýan ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän adamlary aňladýar. «Hudaýyň ogullary» direlip göge galanda, ýagny aýan bolup başlanda, Isa Mesih bilen ýer ýüzündäki erbet adamlary ýok edip, «uly märekä» täze dünýä geçmäge kömek eder (Ylh. 7:9, 14).

w12 15/3 sah. 23, abz. 11

Umytda şatlanyň

11 Ýehowa «nesil» arkaly «köne ýylan» Şeýtan Iblisi ýok etjekdigini wada edip, adamlara «umyt berdi» (Gel. çyk. 3:15; Ylh. 12:9). Wada edilen «nesil», esasanam, Isa Mesihdi (Gal. 3:16). Şöhratly mesh edilen mesihçiler hem şol «nesle» degişli. Isanyň ölümi we direlişi adamlara günäden we ölümden azat bolmaga umyt berdi. Şol umyt Hudaýyň ogullarynyň aýan bolmagy bilen amala aşar. Olar Isa bilen Şeýtanyň zalym dünýäsini ýok edenlerinde aýan bolarlar (Ylh. 2:26, 27). Şonda agyr muşakgatdan çykyp gelen başga goýunlar halas bolar (Ylh. 7:9, 10, 14).

w12 15/3 sah. 23, abz. 12

Umytda şatlanyň

12 Mesihiň müňýyllyk hökümdarlygynda «ýaradylan zatlar», ýagny adamzat azatlyga çykar! Şol döwür «Hudaýyň perzentleri» has-da aýan bolup, Mesih bilen ruhanylar hökmünde adamzada töleg gurbanyndan peýdalanmaga kömek eder. Hudaýyň Patyşalygynyň ýer ýüzünde höküm sürmegi bilen Ýehowa gulak asýan adamlar kem-kemden «çüýreme gulçulygyndan azat bolar». Diýmek, indi olar günäniň we ölümiň gulçulygynda bolmazlar. Eger olar müň ýylyň dowamynda we soňky synagda Ýehowa wepaly galsalar, onda olaryň atlary «ýaşaýyş kitabyna» hemişelik ýazylar. Şeýdip, olar «Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowşar» (Ylh. 20:7, 8, 11, 12). Dogrudan-da, ajaýyp umyt!

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w17.06 sah. 3

Ýadyňyzdamy?

«Ten höwesleri barada pikirlenmek» bilen «ruhy zatlar barada pikirlenmekligiň» nähili tapawudy bar? (Rim. 8:6)

Ten höwesleri hakda pikirlenip, bikämil bedeniniň islegini kanagatlandyrjak bolýan adam hemişe şol barada gürrüň edýär we ony islendik zatdan ileri tutýar. Hudaýyň isleýşi ýaly ýaşap, onuň pikirlerine eýermek isleýän adam bolsa ruhy zatlaryň pikirini edýär; şeýle mesihçi Hudaýyň mukaddes ruhunyň görkezmesine eýerýär. Şeýlelikde, «ten höwesleri barada pikirlenmeklik ölüme eltýär, ruhy zatlar barada pikirlenmeklik ýaşaýşa we parahatlyga eltýär» (w16.12 sah. 15—17).

w09 15/11 sah. 7, abz. 20

Dogalaryň sen barada nämäni aýan edýär?

20 Käte biz dogamyzda näme aýtjagymyzy bilmeýäris. Pawlus resul şeýle ýazdy: «Biz iňňildäp, hiç bir söz aýdyp bilmesek-de, mukaddes ruh biziň üçin Hudaýa ýalbarýar. Ýürekleri barlaýan Hudaý hem mukaddes ruhuň näme diýýändigine düşünýär» (Rim. 8:26, 27). Ýehowa Mukaddes Ýazgylara ençeme dogalary ýazdyrtdy. Şol dogalardaky sözleri ulansak, Ýehowa olary edil biziň dogamyz ýaly kabul eder we jogap berer. Sebäbi Ol bizi tanaýar we mukaddes ruhy arkaly ýazylan zatlaryň manysyny gowy bilýär. Mukaddes ruh biziň üçin «ýalbaranda», Ýehowa dileglerimize jogap berer. Şonuň üçin Hudaýyň Sözüni gowy bilsek, okan zatlarymyz ýadymyza düşüp, doga etmäge kömek eder.

FEWRAL 25—MART 3

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | RIMLILER 9—11

«Zeýtun agajy baradaky mysal»

w11 15/5 sah. 23, abz. 13

Hudaýyň akyldarlygy çuňdur!

13 Pawlus resul Ybraýymyň neslinden bolanlary göçme manydaky zeýtun agajynyň baldaklaryna meňzedýär (Rim. 11:21). Oňat zeýtun agajy Ybraýymyň ähti babatda Hudaýyň niýetiniň amala aşmagyny aňladýar. Agajyň köki mukaddes we ol ruhy Ysraýyla ýaşaýyş berýän Ýehowany aňladýar (Iş. 10:20; Rim. 11:16). Agajyň düýbi Ybraýymyň esasy nesli Isany aňladýar. Aýratyn baldaklar bolsa, Ybraýymyň nesline degişli adamlaryň doly sanyny aňladýar.

w11 15/5 sah. 24, abz. 15

Hudaýyň akyldarlygy çuňdur!

15 Ýehowa maksadyny nädip amala aşyrdy? Pawlus resul ýabany zeýtun agajynyň baldaklary oňat zeýtun agajynyň «döwlen» baldaklaryna derek sapylandygyny aýdýar (Rimliler 11:17, 18-nji aýatlary okaň). Şol sebäpli, Rimdäki ýygnagyň mesh edilen mesihçileriniň käbiri göçme manydaky zeýtun agajyna sapylypdy. Şeýdip, olar Ybraýymyň nesli boldy. Başda olar ýabany zeýtun agajynyň baldaklary bolany üçin, Ybraýymyň ähtine degişli däldiler. Emma Ýehowa olara ruhy Ysraýyl bolmaga ýol açdy (Rim. 2:28, 29).

w11 15/5 sah. 25, abz. 19

Hudaýyň akyldarlygy çuňdur!

19 «Hudaýyň Ysraýyly» babatda Ýehowanyň niýeti täsin ýol bilen amala aşdy (Gal. 6:16). Pawlus resul: «tutuş Ysraýyl gutular» diýdi (Rim. 11:26). Ýehowanyň anyk bellän wagtynda «bütin Ysraýyl halky», ýagny ruhy Ysraýylyň doly sany gökde patyşalar, ruhanylar bolup, gulluk eder. Ýehowanyň maksadynyň amala aşmagyna hiç zat päsgel berip bilmez!

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w13 15/6 sah. 25, abz. 5

Ýehowanyň terbiýesini kabul ediň

5 Adamlar Beýik Küýzegäriň terbiýesini kesirlik bilen inkär etseler näme? Şeýle ýagdaýda Ýehowa ygtyýaryny nädip ulanýar? Toýundan gap ýasap bolmasa, oňa näme edilýändigi barada oýlanyp göreliň. Küýzegär ondan başga gap ýasajak bolar ýa-da ony zyňyp goýberer. Emma toýundan hiç zat ýasap bolmasa, oňa köplenç küýzegär günäkär bolýar. Ýöne biziň Küýzegärimiz Ýehowa barada şeýle diýip bolmaýar (Kan. tag. 32:4). Eger adam Ýehowanyň terbiýesini kabul etmese, hemişe onuň özi günäkär. Ýehowa Küýzegär hökmünde adamlaryň terbiýäni kabul edişine görä, olara bolan garaýşyny üýtgedýär. Ol terbiýäni kabul edýän adamlary ulanyp bilýär. Meselem, mesh edilen mesihçiler «gowy küýzeler» hökmünde terbiýäni kabul edýärler we «hormatlanýan küýzeler» hasaplanýar. Emma Hudaýa kesirlik bilen garşy çykýan adamlar bolsa «ýok edilmäge mynasyp bolan küýzeler» bolýarlar (Rim. 9:19—23).

it «Yhlas»

Yhlas

Nädogry yhlas. Adam ýürekden yhlas etse-de, ýalňyşyp ýa-da Hudaýy närazy edip biler. I asyrda ýaşan ýehudylaryň köpüsi hem şeýle etdi. Olar Musanyň kanunyny berjaý edip, dogruçyl bolmaga jan edýärdiler. Ýöne Pawlus olaryň muny dogry bilime laýyk etmeýändikleri üçin görkezýän yhlasynyň nädogrudygyny aýtdy. Şol sebäpli olar Hudaýyň dogrulygyny gazanyp bilmediler. Dogrulygy gazanmak we ölüme eltýän Kanundan azat bolmak üçin, olar azaşandygyna hem-de Hudaýa Mesih arkaly ýüzlenmelidigine düşünmelidiler (Rm 10:1—10). Tarsusly Sawul yhlasly ýehudylaryň biridi. Ol ýehudy dinine juda yhlaslydy hem-de «Hudaýyň ýygnagyny güýçli yzarlaýardy we ony ýok etmek isleýärdi». Sawul «kanunyň tabşyryklaryny birkemsiz berjaý edýärdi» (Gl 1:13, 14; Fp 3:6). Ýöne şonda-da onuň ýehudy dini üçin edýän yhlasy nädogrudy. Emma Ýehowa Sawulyň ak ýüreklidigi üçin, Mesih arkaly merhemetini görkezip, ony hakyky seždä gönükdirdi (1Tm 1:12, 13).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş