MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Är-aýallar maşgalasyny nädip berkidip biler?
Ybraýym bilen Bibisara bir-birini söýmekde we hormat goýmakda är-aýallara ajaýyp görelde galdyrdy (1Ms 12:11—13; 1Pe 3:6). Olaryň nikasy kämil däldi we olar köp kynçylyklarda çydamlylyk görkezdiler. Är-aýallar Ybraýym bilen Bibisaranyň galdyran göreldesinden näme öwrenip biler?
Bir-biriňiz bilen gürrüňdeş boluň. Ýanýoldaşyňyz özüni alada goýýan zatlar hakda gürrüň berende, ýumşaklyk bilen gürleşiň (1Ms 16:5, 6). Bile doga etmek üçin wagt tapyň. Edýän işleriňizden we aýdýan sözleriňizden ýanýoldaşyňyzy söýýändigiňiz görünsin. Bile Mukaddes Kitaby okap, doga edip we Ýehowa sežde edip, Onuň bilen dostlugyňyzyň berkdigini görkeziň (Nes 4:12). Berk maşgalalar maşgalany döreden Ýehowa şöhrat getirýärler.
«MAŞGALANY NÄDIP BERKITMELI?» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Şan bilen Kiaranyň bir-birinden sowaşyp başlandygy nämeden görünýär?
Näme üçin maşgalada açyk gürrüňdeş bolmak gaty wajyp?
Ybraýym bilen Bibisaranyň göreldesi Şan bilen Kiara nädip kömek etdi?
Şan bilen Kiara maşgalasyny berkitmek üçin näme etdiler?
Näme üçin är-aýal bir-birinden kämillige garaşmaly däl?
Siz maşgalaňyzy berkidip bilersiňiz!