MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Siz her günki aýatdan doly peýdalanýarsyňyzmy?
Siziň her günki aýady we oňa berilýän düşündirişi okamak endigiňiz barmy? Eger ýok bolsa, tizden-tiz ýola goýuň. Köp dogan-uýalar günüň dowamynda okan zatlary hakda oýlanyp biler ýaly, her günki aýady ir bilen okaýar (Ýuş 1:8; Zb 119:97). Hatda her günki aýatdan hem köp zatlary öwrenip bolýar. Ýöne muny nädip etmeli? Aýadyň öňündäki we yzyndaky aýatlary okaň. Esasy prinsipi nygtaýan Mukaddes Kitapdaky waka hakda oýlanyň. Soňra şol prinsipi durmuşyňyzda ulanyň. Şonda Hudaýyň Sözi gelýän kararlaryňyza täsir edende, durmuşyňyz has gowy bolar we köp peýda taparsyňyz (Zb 119:105).
Tutuş ýer ýüzünde Beýtel maşgalalary irden her günki aýady öwrenýärler. Soňky birnäçe ýyl bäri Beýteldäki irdenki seždeleriň köpüsi JW teleýaýlymynyň ÝÖRITE ÝYGNAKLAR WE ÇÄRELER diýen bölüminde ýerleşdirilýär. Siz soňky gezek haçan şol irdenki seždeleriň birini gördüňiz? Belki-de, käbir temalar ýörite siziň üçin taýýarlanan ýaly bolandyr. Mysal üçin, Lut bilen bolan waka siziň geljek kararlaryňyza nädip täsir eder?
«DÜNÝÄNI SÖÝMÄŇ» (1ÝH 2:15) ATLY WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Şu irdenki seždede Mukaddes Kitapdaky haýsy prinsip nygtalýar?
Lut bilen bolan waka dünýäni we ondaky zatlary söýmegiň howpludygyny nädip görkezýär? (1Ms 13:12; 14:12; 19:3, 12, 13, 24—26).
Biz dünýäni we ondaky zatlary däl-de, Ýehowany söýýändigimizi nädip görkezip bilýäris?
Ýehowanyň Sözüni gymmat saýýandygymy tutuş günüň dowamynda nädip görkezip bilerin?