HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 MUSA 40, 41
Ýehowa Ýusuby halas edýär
Ýusup gul bolup, kösenip ýaşady; Ýehowa halas edýänçä, ol 13 ýyla golaý zyndanda oturdy. Emma Ýusup durmuşyndan zeýrenmedi-de, bolan wakalardan köp zat öwrendi (Zb 105:17—19). Ol Ýehowanyň özüni hemişe goldaýandygyna ynanýardy. Durmuşy erbedem bolsa, Ýusup ýagdaýyny biraz gowulandyrmak üçin näme etdi?
Ol arman-ýadaman zähmet çekip, başgalaryň hormatyny gazandy; Ýehowa hem ony sylagsyz goýmady (1Ms 39:21, 22).
Ýusup özüne adalatsyzlyk eden adamlardan ar almagyň deregine mähir bilen başgalaryň aladasyny etdi (1Ms 40:5—7).
Ýusubyň başyndan geçirenleri kynçylyklara çydamaga maňa nädip kömek edip biler?
Ýehowa meni Armageddonda halas edýänçä, ýagdaýymy biraz gowulandyrmak üçin näme edip bilerin?