MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Wagyz etmek tejribämizi artdyrýarys. Kamera ýa-da domofon arkaly wagyz etmek
NÄME ÜÇIN WAJYP? Tehnologiýanyň barha ösýändigi üçin dürli-dürli enjamlar oýlanylyp tapylýar. Şu günler jenaýatçylyk hem köpelýär, şol sebäpli howpsuzlyk üçin öýlerde kamera we domofon goýulýar. Öýden-öýe wagyz edenimizde adamlar bizi görýär, emma biz olary görüp bilmeýäris. Şol sebäpli biziň aljyramagymyz mümkin. Şu aşakdaky maslahatlar kamera, domofon arkaly ýa-da öý eýesi gapyny açmadyk ýagdaýynda ynamly wagyz etmäge kömek eder.
NÄDIP ETMELI?
Dogry garaýyşda boluň. Köp adamlar kamera ýa-da domofon arkaly höwes bilen gürrüňdeş bolýarlar
Gapynyň jaňyny basan badyňyza öý eýesiniň sizi görýändigini unutmaň. Ol sizi syn edip, aýdýan sözleriňizi diňläp durmagy mümkin
Öý eýesi kamera, domofon arkaly ýa-da gapysyny açman size sorag berende, ýüzbe-ýüz gepleşýän ýaly wagyz ediň. Adaty ýylgyryň we rahat boluň, teklibiňizi arkaýyn aýdyň. Kamera gaty golaý barmaň, öý eýesi jogap bermese, wagyz etmäň
Öý eýesi bilen hoşlaşandan soň hem sizi synlaýandygyny we gürrüňiňizi diňleýändigini unutmaň