Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb21 Ýanwar sah. 11
  • Ýehowa gulluk etmegi saýlaň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa gulluk etmegi saýlaň
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
  • Meňzeş maglumat
  • Suwa çümdürilmegi maksat goýuň!
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Suwa çümdürilmek — mesihçiler üçin talap
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Suwda çokundyrylmak üçin talap
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Hudaý bilen dostlaşmak üçin näme etmeli
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
Başgalary
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
mwb21 Ýanwar sah. 11
Ýehowa gulluk etmegi suratlandyrýan ýol. Belgilerde Mukaddes Kitapdan okuw geçmek, ýygnaga gatnaşmak, wagyz etmek we suwa çümdürilmek görkezilen.

Sen suwa çümdürilmäge eltýän ýoluň niresinde?

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Ýehowa gulluk etmegi saýlaň

Sen ýaş wagyzçy ýa-da Mukaddes Kitap okuwyny geçýän bolsaň, suwa çümdürilmäge maksadyň barmy? Sen näme üçin suwa çümdürilmek isleýärsiň? Özüňi Hudaýa bagyş etmek we suwa çümdürilmek Ýehowa bilen aýratyn dostluga ýol açýar (Zb 91:1). Şeýle-de halas bolmaga mümkinçilik berýär (1Pe 3:21). Sen şu iki ädimi nädip ädip bilersiň?

Şu ýoluň hakykatdygyna ynamyňy berkit. Eger bir zada düşünmeseň, onda gözleg geçir (Rim 12:2). Nähili özgerişleri etmelidigiňi anykla we Ýehowany razy etmek üçin gerekli ädimleri ät (Nak 27:11; Efs 4:23, 24). Ýehowadan hemişe kömek sorap doga et. Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly seni berkitjekdigine we goldajakdygyna ynamly bol (1Pe 5:10, 11). Eger tagalla etseň, hökman gowy netije gazanarsyň. Ýehowa gulluk etmek, iň gowy durmuş ýoly! (Zb 16:11).

«SUWA ÇÜMDÜRILMÄGE ELTÝÄN ÝOL» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Käbirleri suwa çümdürilmek üçin nämelerden geçmeli boldy?

  • Sen özüňi Ýehowa bagyş etmek üçin imanyňy nädip ösdürip bilersiň?

  • Käbirlerini suwa çümdürilmäge näme höweslendirdi?

  • Ýehowa gulluk etmegi saýlanlar nähili bereketleri alýar?

  • Özüňi Hudaýa bagyş etmek we suwa çümdürilmek nämäni aňladýar?

Suwa çümdüriljekler üçin niýetlenen nutugyň ahyrynda, nutukçy suwa çümdüriljeklerden ýerinden turup, iki soraga sesli jogap bermegi haýyş eder:

«Sen Isa Mesihiň töleg gurbany esasynda günäleriňe toba edip, Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek üçin özüňi Ýehowa bagyş etdiňmi?»

«Özüňi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilmek bilen, Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly hereket edýän guramasyna goşulyp, Ýehowanyň Şaýady bolýandygyňa düşünýärmiň?»

Suwa çümdüriljekler şu iki soraga hemmeleriň öňünde ynamly jogap bermek bilen, Isanyň töleg gurbanyna iman edýändigini we özüni Ýehowa bagyş edendigini görkezýär (Rim 10:9, 10).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş