MESIHÇILERIŇ DURMUŞY | TÄZE GULLUK ÝYLY ÜÇIN MAKSATLAR
Pioner bolmak
Ýehowa köpräk gulluk eder ýaly, güýjümizi dogry ulanmaly we maksat goýmaly (1Kr 9:26). Şu dünýäniň soňuna çenli az wagt galdy. Şol sebäpli maksat goýsak, wagtymyzy biderek ýere gidermeris (Efs 5:15, 16). Maşgala okuwynda täze gulluk ýyly üçin nähili maksatlary goýup biljekdigiňiz hakda gürrüň ediň. Okuw depderiň şu sanynda käbir maksatlar hakda aýdylýar. Ýehowa doga edip, şol makalalary okap oýlanyň (Ýak 1:5).
Maşgalaňyzdan biri pioner gullugyna başlar ýaly ony goldap bilersiňizmi? Sagat sanyny dolup bilmerin öýdüp, arza doldurmaga ýaýdanýan bolsaňyz, siziňki ýaly ýagdaýlarda pioner bolup gulluk edýän dogan-uýalardan maslahat soraň (Nak 15:22). Şeýle-de olary maşgala okuwyňyza çagyryp, interwýu alyň. Soňra özüňize amatly boljak gün tertibini düzüň. Belki, öň pioner bolup gulluk edensiňiz, ýöne käbir sebäplere görä goýmaly bolansyňyz. Siz ýene-de pioner gullugyna başlar ýaly, häzirki ýagdaýyňyz hakda oýlanyň.
Tutuş maşgalaňyz ýa käbiriňiz, bir ýa-da birnäçe aý kömekçi pioner bolup bilermi? Eger saglygyňyz gowy bolmasa, az-azdan her gün gulluk edip bilersiňiz. Mümkin, siz uzakly gün işleýändigiňiz ýa-da okaýandygyňyz sebäpli hepde aralygynda wagyz edip bilmeýänsiňiz. Siz aýda bäş hepde bolanda, dynç we baýramçylyk günleri wagyz edip, kömekçi pioner bolup bilersiňiz. Haýsy aýda kömekçi pioner boljagyňyzy senenama belläň we işleriňizi şoňa görä planlaşdyryň (Nak 21:5).
«„BATYRGAÝ BOLUŇ!“ — PIONERLER» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGA JOGAP BERIŇ:
Amanda uýanyň wakasyndan Ýehowanyň pionerleriň aladasyny edýändigi hakda näme öwrenýäris?