«Durmuş we wagyz» okuw depderi üçin salgylar
© 2022 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
6—12 MART
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 TARYH 23—26
«Ybadathanadaky tertip-düzgün»
it «Lewiler»
Lewiler
Dawut patyşa lewileriň etmeli işlerini tertipläp, gözegçileri, serkerdeleri, kazylary, derwezebanlary we hazynaçylary belleýär. Şeýle-de ol ruhanylara kömek etjek adamlary belleýär. Olar ybadathananyň howlularyna, naharhanalaryna seretmelidi, garawulçylyk etmelidi we berilýän gurbanlyklaryň, sadakalaryň arassaçylygyna, ölçegine we möçberine gözegçilik etmelidi. Saz çalýan lewiler 24 topara bölünýärdi. Olar ruhanylar ýaly gezekli-gezegine ybadathanada hyzmat edýärdiler. Olaryň borçlaryny bije atyp paýlaýardylar. Derwezebanlar hem nobatçylyga şeýle bellenýärdi (1Tr 23, 25, 26; 2Tr 35:3—5, 10).
it «Ruhany»
Ruhany
Ybadathanada hyzmat edýän ruhanylara baştutanlar gözegçilik edýärdi. Olaryň borçlaryny bije atyp paýlaýardylar. 24 toparyň hersi ýedi günden ýylda iki gezek gulluk edýärdi. Ybadathananyň açylyş dabarysynda bolşy ýaly, baýramçylyk günleri hem ruhanylaryň ählisi hyzmat eden bolmaly, sebäbi şonda adamlar gaty köp gurbanlyk getirýärdi (1Tr 24:1—18, 31; 2Tr 5:11; deňeşdiriň: 2Tr 29:31—35; 30:23—25; 35:10—19). Ruhany bellenen wagtyndan başga günler hem ybadathanada gulluk edip bilýärdi, ýöne ol beýleki ruhanylara borçlaryny ýerine ýetirmäge päsgel bermeli däldi. Ýehudy dini ýolbaşçylaryň aýtmagyna görä, Isa pygamber ýer ýüzünde ýaşanda ruhanylar gaty köpdi. Şonuň üçinem her topardaky ruhanylar maşgala agzalarynyň sanyna görä bellenen hepdesinde bir ýa-da birnäçe gün ybadathanada gulluk edýärdi.
it «Aýdym-saz»
Aýdym-saz
Dawut patyşa ybadathananyň gurluşygy üçin taýýarlyk görende 4 000 lewini saz çalmak üçin belledi (1Tr 23:4, 5). Olaryň 288 sanysyna «Ýehowanyň şanyna aýdym aýtmak üçin tälim berildi» (1Tr 25:7). Aýdymçylaryň ählisine ökde sazandalar Asaf, Heman we Ýedutun (beýleki ady Etan bolmaly) ýolbaşçylyk edýärdi. Olar Lewiniň üç ogly Gerşom, Kohat we Meraryň nesilleridi. Şeýlelikde, ybadathanadaky aýdymçylara lewi taýpasynyň tirebaşylarynyň nesilleri gözegçilik edýärdi (1Tr 6:16, 31—33, 39—44; 25:1—6). 288 sany ökde aýdymçylaryň arasynda Asafyň, Hemanyň we Ýedutunyň 24 ogly hem bardy. Olaryň her biri aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysydy. Olaryň ýolbaşçylyk edýän toparynda bolsa öz ogullary we başga lewilerden saýlanan jemi 11 aýdymçy gulluk edýärdi. Diýmek, edil ruhanylar ýaly, 288 ((1+11)×24=288) lewi aýdymçylary hem 24 topara bölünýärdi. Galan 3 712 «şägirtler» 24 topara bölünse, her topara takmynan 155 adamdan düşýärdi (1Tr 25:1—31). Şeýdip, ökde sazandalaryň hersi 13 şägirde tälim berip bilýärdi. Surnaý çalýanlar ruhany bolandyklary üçin lewi aýdymçylaryna degişli däldi (2Tr 5:12; deňeşdiriň: 4Ms 10:8).
it «Derwezeban»
Derwezaban
Ybadathanada. Dawut patyşa ölmeziniň öň ýanynda ybadathanada gulluk edýän lewileriň we hyzmatçylaryň, şol sanda 4 000 derwezebanyň işini tertipledi. Derwezebanlar toparlara bölünip, hersi öz nobatynda ýedi gün gulluk edýärdi. Olar Ýehowanyň öýüni garawullap, gapylaryň wagtynda açylyp ýapylmagynyň aladasyny etmelidi (1Tr 9:23—27; 23:1—6). Mundan başga-da olar ybadathana getirilýän pullara gözegçilik etmelidi (2Pa 12:9; 22:4). Ýehoýada ruhany Ýehoýaşy patyşa edip bellände, ony şa aýaly Atalýadan goramak üçin ybadathananyň derwezesinde ýörite garawullary goýýar (2Pa 11:4—8). Ýoşyýa patyşa ýurdy butlardan arassalanda, derwezebanlar Bagala sežde etmek üçin ulanylan zatlary ybadathanadan çykarýarlar. Soňra şol zatlary şäheriň daşynda ýakýarlar (2Pa 23:4).
Ruhy dürdäneler
Ýehowa sežde etmek şatlygyňa şatlyk goşýar
10 Aýdym aýtmak (Zeb. 28:7). Ysraýyllar Ýehowa sežde edende aýdym aýdýardylar. Dawut patyşa Ýehowanyň şanyna aýdym aýtmak üçin 288 sany lewini belledi (1 Tar. 25:1, 6—8). Şu günler bizem Ýehowa sežde edenimizde ony wasp edip aýdym aýdýarys. Belki-de, mahmal owazymyzyň ýokdugy üçin aýdym aýtmaga çekinýändiris. Mukaddes Kitapda «biziň ählimiziň... sözümizde ýalňyşlyk goýberýändigimiz» aýdylýar (Ýak. 3:2). Emma biz ýalňyş geplemekden gorkup, ýygnakda jogap bermän ýa-da hoş habary wagyz etmän oturmaýarys. Şonuň ýaly, biziň şirin owazymyz bolmasa-da, Ýehowanyň şanyna aýdym aýtmaga utanmaly däl.
Hudaýyň guramasy barmy?
Käbir adamlar hiç bir dini gurama goşulmak islemeýärler. Ýöne Mukaddes Kitaba görä, Hudaý niýetini amala aşyrmak üçin hemişe guramasyny ulanýardy. Gadymy ysraýyl halkynda we I asyrdaky mesihçiler ýygnagynda tertip-düzgüne eýerilýärdi.
Geçmişde edişi ýaly, Ýehowa şu günlerem öz halkyna ýolbaşçylyk edýär. Ol gullukçylarynyň söýgi bilen aladasyny edip, guramaçylykly hereket etmegi öwredýär. Ýehowa adamlar babatdaky niýetini guramasy arkaly amala aşyrýar. Şu günler Hudaýyň halkyny nädip tanap bolýar? Geliň, käbir aýratynlyklaryna seredeliň.
Mesihçiler wagyz işini guramaçylykly ýerine ýetirýärler (Matta 24:14; 1 Timoteos 2:3, 4). Isa pygamber şägirtlerine Patyşalyk baradaky hoş habary ähli milletlere wagyz etmegi tabşyrdy. Muny diňe tertip-düzgünli gurama arkaly ýerine ýetirip bolýar. Mysal üçin, siziň ýeke özüňiz bir adamy naharlap bilersiňiz, ýöne millionlarça adamy naharlamak üçin sazlaşykly hereket edýän gurama gerek. Isanyň şägirtleri «Hudaýa eginme-egin gulluk edip», tabşyrylan işi berjaý edýärler (Sepanýa 3:9, çykgyt). Ähli milletlere hoş habary wagyz etmek üçin guramanyň görkezmesine eýerip, agzybirlikde işleşmeli.
Mesihçiler birek-biregi goldap ruhlandyrýarlar. Adam ýeke özi beýik dagyň depesine çykyp biler. Emma daga çykyp barýarka kynçylyk döräp, janyna howp abansa, oňa hiç kim kömek edip bilmez. Dogrudan-da, özüňi başgalardan çetde tutmak akylsyzlyk bolardy (Nakyllar 18:1). Mesihçiler Isanyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin biri-birini goldap kömek etmeli (Matta 28:19, 20). Biz ýygnak duşuşyklaryna baryp ruhlanýarys, Mukaddes Kitapdan bilim alýarys we yhlasly wagyz etmegi öwrenýäris. Ýygnak duşuşyklary tertip-düzgün boýunça geçirilmese, biz Ýehowa isleýşi ýaly sežde edip bilmeris.
Mesihçiler Hudaýa agzybir gulluk edýärler. Isanyň şägirtleri agzybirlikde onuň sesine gulak asyp, tabşyrygyna eýerýärler (Ýahýa 10:16). Olar aýry-aýry toparlara bölünmeýär, olaryň ynanýan zatlary tapawutlanmaýar. Gaýtam olar «ähli zatda ylalaşykly bolýarlar» (1 Korinfliler 1:10). Agzybirlik bolar ýaly tertip-düzgün gerek, tertip-düzgüni bolsa gurama ýola goýýar. Allatagala hem agzybirlikde işleşýän halkyna ak pata berýär (Zebur 133:1, 3).
13—19 MART
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 TARYH 27—29
«Atasynyň ogluna nesihaty»
w05 15/2 sah. 19, abz. 9
Mesihçidigiňi hiç haçan ýatdan çykarma
9 Ynanýan zatlaryňyzyň hakykatdygyna göz ýetiriň. Ýehowa imanymyz berk bolar ýaly, biz Mukaddes Kitaby gowy bilmeli (Filipililer 1:9, 10). Ýaş bolsun, garry bolsun, her bir mesihçi ynanýan zatlarynyň dogrudygyna doly göz ýetirmeli. Pawlus resul imandaşlaryna: «Her bir zadyň dogry ýa nädogrudygyny barlaň, gowy zada berk ýapyşyň» diýip ýazdy (1 Selanikliler 5:21). Mesihçi maşgalada ulalan ýaşlar ene-atasynyň imany miras galar diýip pikir etmeli däl. Dawut patyşa hem ogly Süleýmana: «Ataň Hudaýyny gowy tanap, bütin ýüregiň bilen, höwes bilen gulluk et» diýip tabşyrdy (1 Taryh 28:9). Kakasynyň Ýehowa bilen dost bolmagy Süleýmanyň hem imanynyň berk boljakdygyny görkezmeýärdi. Onuň özi Ýehowany ýakyndan tanap dostlaşdy. Ol Hudaýa: «Halkyňa baştutanlyk etmek üçin, akyldarlyk bilen düşünje ber» diýip ýalbardy (2 Taryh 1:10).
Ýehowa bütin ýürek bilen gulluk ediň
13 Biziň üçin edinmeli sapak mese-mälim. Ýehowa tüýs ýürekden gulluk etmek üçin yzygiderli ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmak we wagyz etmek ýeterlikli däl (2 Tar. 25:1, 2, 27). Eger mesihçi ýüreginiň töründe dünýädäki käbir zatlary söýýän bolsa, Ýehowa bilen ýakyn gatnaşygyna howp abanyp biler (Luka 17:32). Diýmek, Hudaýa bütin ýürek bilen gulluk etmek üçin «erbetligi ýigrenip, ýagşylyga ýapyşmaly» (Rim. 12:9; Luka 9:62). Şol sebäpli Şeýtanyň dünýäsinde käbir zatlar peýdaly hem ýakymly görünse-de, Hudaýyň Patyşalygyna ak ýürekden gulluk etmäge päsgel bermez ýaly habardar bolmaly (2 Kor. 11:14; Filipililer 3:13, 14-nji aýatlary okaň).
«Mert bol, işe başla!»
20 Dawut patyşa ogly Süleýmana ybadathananyň gurluşygy tamamlanýança, Ýehowanyň oňa kömek etjekdigini ýatlatdy (1 Ýyl. 28:20). Ol ýaş hem tejribesiz bolsa-da, kakasynyň ruhlandyryjy sözleri ony berkitdi. Ol örän batyrgaý hereket edip, işe başlady we Ýehowanyň kömegi bilen ýedi ýarym ýylyň içinde owadan ybadathanany doly gurup gutardy.
21 Süleýmana kömek edişi ýaly, Ýehowa bize-de batyrgaý bolmaga we tabşyrylan işi soňuna çenli ýerine ýetirmäge kömek eder (Iş. 41:10, 13). Eger biz Ýehowa sežde edenimizde, batyrgaý bolsak, onuň häzir we gelejekde-de köp bereketleri berjekdigine ynamly bolup bileris. Şonuň üçin geliň, «mert bolup, işe başlalyň».
Ruhy dürdäneler
Dostlugyňyza howp abananda näme edersiňiz?
Kyn gününde Dawuda başga-da wepaly dostlary kömek etdi. Mukaddes Ýazgylarda Huşaýyň «Dawudyň dosty» bolandygy aýdylýar (2 Şam. 16:16; 1 Ýyl. 27:33). Ol köşk emeldary bolup gulluk eden bolmaly we patyşanyň ýakyn dostlarynyň biridi. Şonuň üçin käte patyşa oňa wajyp ýumuşlary tabşyrýardy.
Abşalom kakasynyň tagtyny eýelände, ysraýyllaryň köpüsi ýaly Huşaý onuň tarapyna geçmedi. Dawut ogly Abşalomdan gaçyp barýarka, Huşaý onuň yzyndan gidýär. Oglunyň we käbir ynamdar dostlarynyň dönüklik edendigi üçin, Dawut özüni gaty erbet duýýardy. Emma Huşaý oňa wepaly boldy. Ol hatda Abşalomyň dildüwşügini bozmak üçin janyny howp astyna salýar. Huşaý muny köşk emeldary hökmünde özüni borçly hasaplap däl-de, dosty Dawuda wepaly bolandygy üçin etdi (2 Şam. 15:13—17, 32—37; 16:15—17:16).
20—26 MART
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 TARYH 1—4
«Süleýman patyşa paýhassyz karara gelýär»
it «Goşun»
Goşun
Süleýman tagta çykanda Ysraýyl goşunynda köp özgerişlikler bolýar. Onuň hökümdarlygynda parahatlyk bolsa-da, ol köp atlary we arabalary edinýär. Şol atlaryň köpüsi Müsürden satyn alnyp getirilýär. Olary ýerleşdirmek üçin bolsa täze şäherleri gurmaly bolýar (1Pa 4:26; 9:19; 10:26, 29; 2Tr 1:14—17). Emma Ýehowa Süleýmanyň bu eden işlerini patalamaýar. Süleýman aradan çykansoň we patyşalyk ikä bölünende Ysraýyl goşuny gowşaýar. Birnäçe wagtdan soň Işaýa pygamber şeýle sözleri ýazýar: «Müsüre kömek sorap barýanlaryň, bedewlere bil baglaýanlaryň, birgiden söweş arabalaryna, güýçli söweş atlaryna daýanýanlaryň waý halyna! Olar Ysraýylyň Mukaddes Hudaýyna ýüzlenmeýärler, Ýehowany gözlemeýärler» (Işa 31:1).
it «Araba»
Araba
Süleýmanyň hökümdarlygyna çenli Ysraýylda söweş arabalary gaty köp däldi. Hudaý patyşalara köp at edinmezligi tabşyrypdy, sebäbi halky duşmandan diňe Ýehowa gorap bilýärdi. Patyşalar Ýehowanyň şol tabşyrygyna eýerip, köp arabalary hem edinmeli däldi (5Ms 17:16). Şamuwel pygamber halkyň üstünden höküm sürjek patyşanyň olaryň «ogullaryny alyp, söweş arabalaryny sürdürjekdigini» aýtdy (1Şm 8:11). Abselim bilen Adonyýar hem tagty eýelejek bolanlarynda özlerine şa araba ýasadyp, 50 sany nöker edindiler (2Şm 15:1; 1Pa 1:5). Dawut Soba patyşasyny ýeňende araba goşulýan atlaryň 100 sanysyny özüne alyp galdy (2Şam 8:3, 4; 10:18).
Süleýman patyşa Ysraýyl goşunynda söweş arabalarynyň sanyny 1 400-e ýetirdi (1Pa 10:26, 29; 2Tr 1:14, 17). Şol arabalar diňe bir Iýerusalimde däl-de, başga-da ýörite şäherlerde saklanýardy (1Pa 9:19, 22; 2Tr 8:6, 9; 9:25).
Ruhy dürdäneler
Ikinji Taryh kitabyndan peýdaly pikirler
1:11, 12. Süleýmanyň eden haýyşyndan onuň akyldarlygy hem bilimi gymmat saýýandygy görünýärdi. Biziň hem edýän doga-dileglerimiz nämäni gymmat saýýandygymyzy görkezýär. Şonuň üçin biz edýän dogalarymyz hakda oýlanmaly.
27 MART—2 APREL
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 TARYH 5—7
«Öýi hiç wagt gözden salmaryn»
w02 15/11 sah. 5, abz. 1
Ýygnaklardan galmalyň
Dawut patyşa Iýerusalimde höküm sürüp başlanda Ýehowa üçin şan-şöhratly ybadathana gurmak isleýär. Ýöne Dawut köp uruşlara gatnaşandygy üçin Ýehowa oňa: «Adymy göterjek öýi sen gurmarsyň» diýýär. Ýehowa ybadathanany gurmak üçin Dawudyň ogly Süleýmany saýlaýar (1 Taryh 22:6—10). Süleýman gurluşygy ýedi ýarym ýylda tamamlaýar we b. e. öň 1026-njy ýylda ybadathananyň açylyş dabarasyny geçirýär. Ýehowa salnan ybadathanadan razydygyny aýdyp: «Meniň üçin guran öýüňi mukaddes etdim, ol hemişe adymy göterer. Öýi hiç wagt gözden salmaryn, aladasyny ederin» diýýär (1 Patyşalar 9:3). Ysraýyllar wepaly bolsalar, Ýehowa ybadathanany gorajakdygyny, emma olar Hudaýyň ýolundan sowulsalar, onuň harabaçylyga öwrüljekdigini aýdýar (1 Patyşalar 9:4—9; 2 Taryh 7:16, 19, 20).
it «Ybadathana»
Ybadathana
Taryhy. B. e. öň 607-nji ýylda Nawuhodonosor patyşanyň goşuny Süleýmanyň guran ybadathanasyny weýran edýär (2Pa 25:9; 2Tr 36:19; Ýer 52:13). Ysraýyllar ýalan taňrylara sežde edenlerinde, Ýehowa başga halklaryň olaryň üstüne çozmagyna, hatda ybadathananyň hazynasynyň talanmagyna ýol berýärdi. Käwagt ybadathananyň aladasy edilmän galýardy. Süleýmanyň ogly Rehobamyň höküm sürýän döwri Müsür faraony Şişak ybadathananyň hazynasyny talaýar. Bu waka ybadathananyň açylyş dabarasyndan bary-ýogy 33 ýyl geçensoň, ýagny b. e. öň 993-nji ýylda bolýar (1Pa 14:25, 26; 2Tr 12:9). Asa patyşa (b.e. öň 977—937 ý.) Ýehowanyň öýüne hormat goýýardy. Ýöne bir gezek ol Siriýa patyşasy Benhadatyň Ysraýyl patyşasy Başa bilen baglaşan ylalaşygyny bozmagyny isleýär. Şeýdip ol Iýerusalimi goraryn öýdýär. Asa Siriýa patyşasyna ybadathananyň hazynasyndan altyn-kümüşleri berýär (1Pa 15:18, 19; 2Tr 15:17, 18; 16:2, 3).
Ruhy dürdäneler
w10 1/12 sah. 11, abz. 7
Ýehowa «adamyň ýüregini görýär»
Süleýmanyň eden dogasy kalbymyza rahatlyk berýär. Käte adamlar biziň duýgularymyza, ýürek derdimize düşünmezligi mümkin (Nakyllar 14:10). Ýöne Ýehowa ýagdaýymyza doly düşünýär we ýürekden aladamyzy edýär. Eger biz doga edip, Ýehowa içimizi döksek derdimiz ýeňlär. Mukaddes Kitapda hem şeýle maslahat berilýär: «Gaýgy-aladaňyzy Hudaýyň üstüne atyň, sebäbi ol siziň aladaňyzy edýär» (1 Petrus 5:7).
w93 1/2 sah. 31
Okyjylaryň sowallary
Eger mesihçi keselländigi ýa-da uzak ýola düşendigi üçin Ýatlama agşamyna gatnaşyp bilmese, ol muny bir aýdan geçirip bilermi?
Gadymy Ysraýylda Pasha baýramçylygy her ýylyň nisan (ýa-da abyp) aýynyň 14-ine geçirilýärdi. Emma 4 Musa 9:10, 11-nji aýatlarda Ýehowa şeýle görkezme berdi: «Ysraýyllara aýt: „Siz ýa geljekki nesilleriňizden biri jesede degip haram bolsa-da, ýa uzak ýola gitse-de, Ýehowa üçin Pasha gurbanlygyny taýynlasyn. Gurbanlygy ikinji aýyň 14-i güni agşamara taýynlap, petir çörek we ajy otlar bilen iýsinler“».
Ýehowa Pasha baýramy üçin iki sene (14-nji nisan ýa-da 14-nji ziw) bellemändi. Ysraýyllar özüne amatlysyny saýlap bilmeýärdi. Pasha baýramçylygyny ikinji aýda diňe garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykanda bellemelidi. Muny 14-nji nisanda Kanuna görä tämizlenmedikler we baýramçylyk geçirilýän ýerden has uzakda bolanlar edip bilýärdi.
Hizkiýa patyşanyň döwründe ysraýyllar Pasha baýramyny bellejek bolanlarynda şu görkezmä eýerdiler. Olar birinji aýda taýýarlyk görüp ýetişmändiler (ruhanylaryň hemmesi özüni tämizlemändi, halk hem ýygnanyp ýetişmändi). Şol sebäpli ysraýyllar baýramçylygy ikinji aýyň 14-ine bellediler (2 Taryh 29:17; 30:1—5).
Garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykmasa, ysraýyllar Pasha baýramçylygyny Hudaýyň bellän güni geçirýärdiler (2 Musa 12:17—20, 41, 42; 3 Musa 23:5). Isa we onuň şägirtleri hem Pashany Kanunda bellenen günde geçirdiler. Injilde şeýle diýilýär: «Petir baýramy güni gelip ýetdi. Şol gün Pasha gurbanlygy berilýärdi. Isa Petrus bilen Ýahýany iberip: „Baryň, Pasha naharyny taýýarlaň“ diýdi» (Luka 22:7, 8).
Isa pygamber Pasha baýramyny bellänsoň, Ýatlama agşamyny girizdi. Isanyň şägirtleri her ýyl Ýatlama agşamyna gatnaşmagy wajyp hasaplaýarlar. Sebäbi Isa: «Muny meni ýatlamak üçin berjaý ediň» diýip tabşyryk beripdi (Luka 22:19). Her bir mesihçi şol baýramçylyga gatnaşmaga hiç zat päsgel bermez ýaly öňünden aladasyny etmeli.
Eger mesihçi keselländigi ýa-da uzak ýola düşendigi üçin Ýatlama agşamyna gatnaşyp bilmese näme etmeli?
Ýatlama agşamynda çörek bilen şerap elden-ele geçirilýär, gökde ýaşamak üçin saýlanan mesihçiler bolsa olardan datýarlar (Matta 26:26—29; Luka 22:28—30). Nyşanlardan datýan mesihçi ýaramaýandygy üçin öýünden çykyp bilmezligi ýa-da hassahana düşmegi mümkin. Şeýle ýagdaýda mesihçi Ýatlama agşamyny bellär ýaly, doganlar onuň aladasyny ederler. Ýygnak ýaşulularyndan biri oňa çörek bilen şeraby getirip berer we Mukaddes Kitapdan degişli aýatlary okap düşündirer. Eger saýlanan mesihçi şol güni ýaşaýan ýerinden uzakda bolsa, golaýdaky ýygnaga baryp Ýatlama agşamyna gatnaşyp biler.
5 Musa 9:10, 11-nji aýatlardaky tabşyrygy we 2 Taryh 30:1—3, 15-nji aýatlardaky wakany göz öňünde tutup, saýlanan mesihçi diňe garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykanda Ýatlama agşamyny 30 günden (bir aýdan) soň belläp biler.
Ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän «başga goýunlar» bolsa çörekden we şerapdan datmaýarlar (Ýahýa 10:16). Muňa garamazdan, olar her ýyl geçirilýän Ýatlama agşamyna gatnaşmagy wajyp hasaplaýarlar. Ýöne olardan biri keselländigi ýa-da uzak ýola düşendigi üçin şol güni ýygnaga baryp bilmese näme etmeli? Şeýle ýagdaýda ol Ýatlama agşamyna degişli aýatlary okap, bütin dünýäde baýramçylygyň asudalykda geçirilmegi üçin Ýehowa doga edip biler. Dogana ýa-da uýa Ýatlama agşamyny bir aýdan soň bellemek gerek däl.
10—16 APREL
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 TARYH 8, 9
«Akyldarlygy gymmat saýan aýal»
w99 1/11 sah. 20, abz. 4
Jomartlyk bilen beriň
Şebanyň şa aýaly Süleýmany diňlemek üçin köp tagalla etdi. Şeba ýurdy häzirki Ýemen respublikasynyň çäginde ýerleşen bolmaly. Şebanyň şa aýaly Iýerusalime gelmek üçin kerwenli 1 600 km gowrak ýol geçdi. Isa pygamber onuň «ýeriň aňry ujundan gelendigini» aýtdy. Şebanyň şa aýaly näme üçin şeýle köp tagalla etdi? Ol «Süleýmanyň paýhasly sözlerini diňlemek» isledi (Luka 11:31).
w99 1/7 sah. 30, abz. 4, 5
Hoşal bolup gaýtdy
Şebanyň şa aýaly «birtopar emeldaryny ýanyna alyp, düýelere melhem ýag, ummasyz köp altyn, gymmatbaha daş ýükläp, Iýerusalime geldi» (1 Patyşalar 10:2a). Käbirleriniň aýtmagyna görä, onuň ýanynda ýaragly esgerler hem bolandyr. Elbetde, şa aýalyny we on million dollara barabar zatlary goramak gerekdi.
Şeba ýurdunyň şa aýaly «Süleýmanyň Ýehowanyň ady bilen gazanan şan-şöhraty» barada eşidýär. Diýmek, ol Iýerusalime iş sapary bilen barmandy. Şa aýaly Süleýmanyň dana sözlerini diňlemek üçin gelýär. Belki, ol Ýehowa Hudaý barada hem öwrenmek isländir. Sebäbi ol Ýehowa sežde eden Sam ýa-da Hamyň neslinden bolmaly. Şa aýaly ata-babalarynyň sežde eden Hudaýy barada köpräk bilesi gelendir.
w99 1/7 sah. 30, 31
Hoşal bolup gaýtdy
Şeba ýurdunyň şa aýalynyň Süleýmanyň akyldarlygyny, ýurdunyň gülläp ösýändigini görüp, «agzy açyldy» (1 Patyşalar 10:4, 5). Käbirleri «agzy açyldy» diýen jümlä «dili tutuldy» diýip hem düşünýär. Bir alym bolsa onuň özünden gidendigini aýdýar. Şa aýaly gören we eşiden zatlaryna haýran galan bolmaly. Ol Süleýmanyň paýhasly sözlerini günde eşidýän hyzmatkärleriň bagtlydygyny aýtdy, ony tagta çykaran Ýehowany şöhratlandyrdy. Şeýle-de ol Süleýmana gymmatbaha sowgat-serpaýlary we häzirki pul bilen hasaplanyňda, 40 million dollara barabar altyn berdi. Süleýmanam oňa «islän we soran ähli zadyny... birgiden sowgatlary berdi» (1 Patyşalar 10:6—13).
it «Süleýman»
Süleýman
Şebanyň şa aýaly şan-şöhratly ybadathanany, şa köşgüni, saçagyndaky näz-nygmatlaryny, hyzmatkärleriniň hyzmat edişini we yzygiderli berýän ýakma gurbanlyklaryny görüp, agzyny açdy. Şonda ol patyşa ýüzlenip: «Görüp otursam, maňa ýarysyny-da aýtmandyrlar! Akyldarlygyň, baýlygyň eşidişimden has artyk eken» diýýär. Soňra ol şeýle parasatly patyşa hyzmat edýän hyzmatkärleriň bagtlydygyny aýdýar. Bularyň ählisi üçin ol Ýehowa Hudaýy şöhratlandyrýar. Sebäbi Ýehowa halkyny söýüp, adalatly we dogruçyl höküm sürjek patyşany belläpdi (1Pa 10:4—9; 2Tr 9:3—8).
Ruhy dürdäneler
it «Tagt»
Tagt
Mukaddes Kitapda ýolbars hökümdarlyk ygtyýaryny suratlandyrmak üçin ulanylýar. Süleýmanyň tagtynyň basgançagyndaky 12 ýolbarsyň heýkeli Ysraýylyň 12 taýpasyny aňladýan bolmagy mümkin. Olar halkyň tagtda oturan hökümdara tabyn bolýandygyny görkezýärler. Süleýman patyşanyňky ýaly üýtgeşik tagt başga hiç bir ýurtda ýokdy. Munuň şeýledigini gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan gadymy ýadygärlikler we ýazgylar subut edýär. Mukaddes Kitapda hem: «Şeýle tagt başga hiç bir patyşalykda ýokdy» diýilýär (2Tr 9:19).
17—23 APREL
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 TARYH 10—12
«Peýdaly maslahata eýeriň»
Ol Hudaýyň merhemetini gazanyp bilerdi
Rehabgam kyn ýagdaýa düşýär. Eger ol halkyň haýyşyny bitirse, özi, maşgalasy we köşkdäki adamlar öwrenişen käbir amatlyklaryndan geçmeli bolardy. Emma olaryň haýyşyndan ýüz öwürse, halk gozgalaň turzup bilerdi. Şeýle ýagdaýda Rehabgam näme eder? Başda ol kakasynyň maslahatçylary bolan ýaşululara ýüz tutýar. Ýöne soňra özi bilen deň ýaşlardan maslahat soraýar we olaryň maslahatyna eýerip, şeýle diýýär: «Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilen zulumy has-da artdyraryn. Kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn» (2 Ýyl. 10:6—14).
w01 1/9 sah. 28, 29
Siz nädip dogry karara gelip bilersiňiz?
Ýehowa bize ýygnakdaky ruhy taýdan ösen dogan-uýlar arkaly dogry karara gelmäge kömek edýär. Emma biz diňe gulagymyza hoş ýakýan maslahaty kabul etmeli däl. Biz Rehobam patyşanyň goýberen ýalňyşyndan sapak edinmeli. Ol wajyp karara gelmeli bolanda, ilki bilen kakasyna hyzmat eden ýaşulular bilen geňeşýär. Ýöne olaryň diýenini etmän, öz deň-duşlaryndan maslahat soraýar. Olaryň aýdany Rehobamyň göwnüne ýaraýar. Ol dogry karara gelip bilmän, halka gödek jogap berýär. Netijede, halk gozgalaň turzup, patyşalyk ikä bölünýär (1 Patyşalar 12:1—17).
Siz durmuş tejribesi bolan, Mukaddes Kitaby gowy bilýän we Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýan dogan-uýalardan maslahat soraň (Nakyllar 1:5; 11:14; 13:20). Mümkin bolsa, alan maslahatyňyz we öwrenen zatlaryňyz barada oýlanmaga wagt tapyň. Düşen ýagdaýyňyz barada Hudaýyň Sözünden çuňňur gözleg geçirseňiz, dogry karara gelip bilersiňiz (Filipililer 4:6, 7).
it «Rehobam»
Rehobam
Rehobam patyşa özüni gödek we hondanbärsi alyp barandygy üçin ysraýyllaryň köpüsi oňa garşy çykdy. Dawudyň neslini diňe Ýahuda bilen Benýamin taýpasy goldady. Mundan başga-da ähli ruhanylar, lewiler we on taýpadan bolan käbir ysraýyllar Rehobamyň tarapyna geçdiler (1Pa 12:16, 17; 2Tr 10:16, 17; 11:13, 14, 16).
Ruhy dürdäneler
Ol Hudaýyň merhemetini gazanyp bilerdi
Rehabgama Ýehowa gulak asmak aňsat boldumy? Halk özüniň täze patyşasy hakda näme pikir eder? Rehabgam halka «gamçy bilen jezalandyrjakdygyny» aýdypdy. Indi bolsa ol pitneçilere garşy söweşmekden el çekmelidi (2 Ýyl ýazgylary 13:7-ni deňeşdiriň). Nähili bolaýanda-da, patyşa hem-de onuň goşuny «Rebbiň sözüne gulak asyp, Onuň aýdyşy ýaly öýlerine gitdiler».
Biz mundan näme öwrenýäris? Hatda käbir adamlar üstümizden gülse-de, Hudaýa hemişe gulak asmak paýhaslydyr. Ýehowa gulak assak, onuň merhemetini gazanarys we patasyny alarys (Kan. tag. 28:2).
Eýsem, Rehabgam Hudaýa gulak asandygy üçin nähili bereket aldy? Ol Ýahuda we Benýamin taýpalarynyň patyşasy bolup galýar we täze şäherleri gurmagy ýüregine düwýär. Şeýle-de ol köp şäherleri harby taýdan «has-da berkidýär» (2 Ýyl. 11:5—12). Iň wajyby bolsa, Rehabgam birnäçe wagtlap Ýehowanyň kada-kanunlaryna gulak asýar. Ýarabgamyň ýolbaşçylygynda on taýpaly demirgazyk patyşalygy ýalan taňrylara sežde edip başlandygy üçin, halkyň köp bölegi «Rehabgama goldaw bermek» we hakyky seždäniň tarapyny tutmak üçin Iýerusalime barýar (2 Ýyl. 11:16, 17). Rehabgam Ýehowa gulak asandygy üçin patyşalygy has-da berkeýär.
be sah. 69, abz. 4, 5 Jogap bermegi öwreniň
Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adam ýa-da imandaşymyz, belli bir ýagdaýda özüni nähili alyp barmalydygyny sorasa, näme edersiňiz? Mümkin, siz şeýle ýagdaýda näme etmelidigini bilýänsiňiz. Emma her kim gelen karary üçin özi jogap bermelidir (Gal. 6:5). Pawlus resul wagyz eden adamlarynyň iman arkaly boýun bolmagyny isleýärdi (Rim. 14:25). Bu biziň üçin ajaýyp görelde. Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýän wagyzça ýa-da başga birine ýaranjak bolýan adam iman boýunça ýaşaýan däldir (Gal. 1:10). Şeýle adama göni jogap berseňiz, oňa peýdasy bolmaz.
Onda Mukaddes Ýazgylaryň görkezmesine eýerip nädip jogap berse bolar? Munuň üçin adamyň ünsüni Mukaddes Ýazgylaryň gerekli prinsiplerine hem-de mysallaryna gönükdirip bilersiňiz. Kä halatda adam öz ýagdaýyna degişli prinsipleri we mysallary tapar ýaly, oňa gözleg geçirmegi öwretseňiz gowy bolar. Şeýle-de prinsipleri we mysallary ara alyp maslahatlaşanyňyzda, muny sorag beren adamyň ýagdaýyna gabat getirmän etmeli. Soňra ondan paýhasly karara gelmäge kömek etjek pikiri tapandygyny sorap görüň. Bu prinsipleriň we mysallaryň kömegi bilen, nädip Ýehowa ýaraýan kararlara gelip bolýandygy barada oýlanmaga höweslendiriň. Şeýdip, siz oňa «saýgarma ukyplaryny ýagşy bilen ýamany tanamaga öwrenişdirmekde» ýardam edip bilersiňiz (Ýew. 5:14).
24—30 APREL
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 TARYH 13—16
«Ýehowa haçan bil baglamaly?»
Ýaş doganlar, ýagşy at gazanyň!
12 Asa patyşa pesgöwünlidi, batyrgaýdy. Kakasy Abyýar aradan çykanda, ol örän ýaşdy. Asa batyrgaýlyk bilen tutuş ýurdy butlardan arassalap başlady. Şeýle-de Asa patyşa «ýahuda halkyna ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowany agtaryp, Kanunyny we tabşyryklaryny berjaý etmegi tabşyrdy» (2 Tar. 14:1—7). Biraz wagtdan efiopiýaly Zera bir million esgeri bilen ýahudalaryň üstüne çozýar. Şonda Asa pesgöwünlik bilen Ýehowadan kömek sorap: «Eý Ýehowa, sen ejize-de, güýçlä-de kömek edip bilýärsiň. Ýehowa, saňa bil baglaýarys, bize kömek et» diýdi. Şu sözlerden görnüşi ýaly, Asa Ýehowanyň öz halkyny halas etjekdigine doly ynanýar. Asa gökdäki Atasyna bil baglaýardy. Ýehowa-da efiopiýalylary derbi-dagyn etdi (2 Tar. 14:8—12).
Ýaş doganlar, ýagşy at gazanyň!
13 Asa patyşa bir million esgere garşy göreşmek aňsat bolan däldir. Ýöne ol Ýehowa bil baglap, ýeňiş gazandy. Soňra Ysraýylyň zalym patyşasy Ýahudanyň üstüne çozýar. Ysraýyllaryň goşuny azdy, ýöne Asa Ýehowa bil baglamagyň deregine, Siriýa patyşasyndan kömek soraýar. Ýehowa Asa patyşanyň eden işini oňlamady. Ol Hananýar welini iberip: «Sen Ýehowa Hudaýyňa bil baglamadyň... akmaklyk etdiň» diýdi. Şondan soň Asa patyşanyň gözi uruşdan açylmady (2 Tar. 16:7, 9; 1 Pat. 15:32). Biz mundan näme sapak edinýäris?
Ýaş doganlar, ýagşy at gazanyň!
14 Pesgöwünli boluň, Ýehowa bil baglaň. Siz suwa çümdürileniňizde berk imanyňyzy we Ýehowa bil baglaýandygyňyzy görkezdiňiz. Ýehowa-da sizi höwes bilen öz halkynyň arasyna goşdy. Şonuň üçin mundan beýlägem Ýehowa bil baglaň. Elbetde, bütin durmuşyňyza täsir etjek karara geleniňizde Ýehowa bil baglamak kyn däldir. Emma ýönekeýje bolup görünýän ýagdaýlarda, ýagny dynç alanyňyzda, iş gözläniňizde ýa-da maksat goýanyňyzda Ýehowa bil baglaýarsyňyzmy? Öz düşünjäňize daýanmaň. Karara gelmezden öň gözleg geçiriň we öwrenen zatlaryňyza eýeriň (Nak. 3:5, 6). Şonda Ýehowanyň ýüregini şatlandyrarsyňyz we dogan-uýalaryň hormatyny gazanarsyňyz (1 Timoteos 4:12-ni okaň).
Ruhy dürdäneler
Ýehowa bütin ýüregiň bilen gulluk et!
7 Biz Hudaýa bütin ýüregimiz bilen bil baglaýandygymyzy nädip barlap bileris? Munuň üçin özümizden: «Men Ýehowanyň göwnünden turmaga, hakyky seždäni we Hudaýyň halkyny erbet täsirden goramaga jan edýärinmi?» diýip sorasak gowy bolar. Enesi «Magakany melikelikden boşatmak» üçin, Asa patyşa, gör, nähili batyrgaýlyk gerek bolandyr! Belki-de, biz Asanyň enesi ýaly işleri edýän adamlary bilýän däldiris. Ýöne Asa ýaly aýgytly hereket etmeli ýagdaýlar ýüze çykmagy mümkin. Aýdaly, maşgala agzalarymyzdan biri ýa-da ýakyn dostumyz günä edip, toba etmändigi üçin gatnaşykdan kesilýär. Şonda biz näme ederis? Onuň bilen gatnaşmazlyk üçin elimizde baryny ederismi? Gelnen karary ýürekden goldarysmy?