«Durmuş we wagyz» okuw depderi üçin salgylar
© 2023 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
1—7 MAÝ
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 TARYH 17—19
«Ýehowa ýaly dogan-uýalaryň ýagşy häsiýetlerine üns beriň»
Siz geçmişde bolan wakalardan sapak edinýärsiňizmi?
7 Asanyň ogly Ýehoşapat patyşadan näme öwrenip bileris? Onuň köp gowy häsiýetleri bardy. Ol Ýehowa bil baglap, köp ýagşy işleri etse-de, birnäçe gezek akylsyzlyk hem edýär. Meselem, ol demirgazyk patyşalygynyň erbet patyşasy Ahap bilen guda bolýar. Mika pygamber Ýehoşapat patyşany duýdursa-da, ol Ahaba goşulyp, Arama garşy söweşe gidýär. Uruşda ol tas heläk bolupdy. Soňra ol Iýerusalime dolanýar (2 Ýyl. 18:1—32). Ýolda onuň öňünden Ýehu pygamber çykyp: «Sen näme üçin ýamana ýardam edip, Rebbi ýigrenýänleri söýýäň?» diýýär (2 Ýyl ýazgylary 19:1—3-nji aýatlary okaň).
w15 15/8 sah. 11, 12, abz. 8, 9
Ýehowanyň söýgüsi barada oýlanyň
8 Ýehowa bikämilligimize garamazdan, bizi söýýär we ýagşy häsiýetlerimizi görýär (2 Ýyl. 16:9). Meselem, Ýahudanyň patyşasy Ýehoşapat bilen bolan waka seredeliň. Ysraýylyň patyşasy Ahap siriýalylaryň elinden Ramotgilgady basyp aljak bolanda, Ýehoşapat oňa kömek etjekdigini aýdýar. 400 sany ýalan pygamber olaryň ýeňiş gazanjakdygyny aýdýarlar, emma Ýehowanyň pygamberi Mika Ahabyň ýeňiljekdigini welilik edýär. Ahap uruşda wepat bolýar, Ýehoşapat bolsa zordan gaçyp gutulýar. Ol Iýerusalime dolanyp gelende, Ahaby goldandygy üçin käýinç alýar. Emma Hanany pygamberiň ogly Ýehu Ýehoşapata: «Sen gowy işler hem etdiň» diýýär (2 Ýyl. 18:4, 5, 18—22, 33, 34; 19:1—3).
9 Ýehoşapat hökümdarlyk eden döwrüniň başynda öz emeldarlaryna, lewilere, ruhanylara Ýehowanyň kada-kanunlaryny bütin halka öwretmegi tabşyrdy. Şeýlelikde, Ýahudanyň daş-töweregindäki ähli milletler Ýehowadan gorkup başladylar (2 Ýyl. 17:3—10). Ýehoşapat ýalňyşsa-da, Ýehowa onuň eden ýagşy işlerini unutmady. Bu wakadan görnüşi ýaly, eger Ýehowany razy etmäge çalyşsak, goýberýän ýalňyşlyklarymyza garamazdan, ol bizi hemişe söýer.
Ruhy dürdäneler
Ýehowa bütin ýüregiň bilen gulluk et!
10 Ýehoşapat «kakasy Asanyň ýollaryndan ýöredi» (2 Ýyl. 20:31, 32). Ol hem kakasy ýaly halky Ýehowany agtarmaga höweslendirdi. Ýehoşapat «Rebbiň kanun kitabyny alyp, Ýahudanyň ähli şäherlerine aýlanyp, halka tälim bermegiň» aladasyny etdi (2 Ýyl. 17:7—10). Ol hatda Ysraýylyň demirgazyk patyşalygyndaky Efraýymyň daglyk ýerlerine baryp, halky Ýehowa «tarap öwürdi» (2 Ýyl. 19:4). Hawa, Ýehoşapat «Rebbi bütin kalby bilen agtaran» patyşady (2 Ýyl. 22:9).
11 Bizem şu günler Ýehowanyň gurnaýan uly wagyz işine gatnaşyp bilýäris. Siz her aý adamlara Ýehowanyň Sözüni öwredip, olary Hudaýa ýürekden gulluk etmäge höweslendirýärsiňizmi? Eger siz jan etseňiz we Hudaýa bil baglasaňyz, Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlap bilersiňiz. Siz bu babatda doga edýärsiňizmi? Adamlar size «boş aýlanyp ýörsüňiz» diýseler-de, bu aňsat bolmadyk işi höwes bilen berjaý edermisiňiz? Ýehoşapatyň Efraýyma baryp, halky hakyky seždä tarap öwürmek üçin tagalla edişi ýaly, sizem yhlasy gowşan wagyzçylara kömek edip bilersiňiz. Şeýle-de ýaşulular gatnaşykdan kesilen, ýöne günäli işlerden el çeken adamlary idäp, öz kömegini teklip edip bilerler.
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
w21.05 sah. 17, 18, abz. 11—15
Yhlasly wagyz ediň!
11 Käbir adamlaryň hoş habary diňläsi gelmeýär. Olar Hudaý we Mukaddes Kitap barada gyzyklanmaýar. Olar adamlaryň kösenip ýaşaýandygyny görüp, Hudaýa iman etmeýärler. Şeýle-de olaryň Mukaddes Kitap hakda hem gepleşesi gelmeýär. Sebäbi Mukaddes Kitap boýunça ýaşamaly diýýän dini ýolbaşçylaryň ikiýüzlüligini görýärler. Käbirleri işi, maşgalasy we durmuşyň gaýgy-aladasy bilen başagaý bolup, Mukaddes Kitapdaky maslahatlaryň peýdalydygyna düşünmeýärler. Onda adamlar hoş habary diňlemeseler-de, nädip şatlyk bilen wagyz edip bileris?
12 Ýürekden gyzyklanyň. Adamlar aýdýan habarymyza biparh seretseler-de, olar bilen mähirli bolmaly. Şonda wagtyň geçmegi bilen olaryň hoş habara seslenmegi mümkin (Filipililer 2:4-i okaň). Ýokarda agzalan Dawut dogan şeýle diýýär: «Eger kimdir biri aýdýan habarymyzy diňlemese, biz Mukaddes Kitaby ýa-da edebiýaty ýapyp: „Bagyşlaň welin, siziň näme üçin diňläsiňiz gelenok?“ diýip, mähir bilen soraýarys». Adamlar biziň ýürekden gyzyklanýandygymyzy duýýarlar. Olar biziň näme aýdanymyzy ýatdan çykarsalar-da, mähirli bolandygymyzy hiç haçan unutmaz. Hatda adamlar bizi kowup goýberseler-de, ýüz-gözümizden, özümizi alyp barşymyzdan mähirlidigimizi duýarlar.
13 Biz öýden-öýe wagyz edenimizde adamlaryň ýagdaýyna görä teklibimizi üýtgetsek, olar bilen ýürekden gyzyklanýandygymyzy görkezeris. Belki, öý eýesiniň çagalary bardyr. Oňa çaga terbiýelemek ýa-da maşgalany bagtly etmek barada Mukaddes Kitapdaky maslahatlary gürrüň bersek, bizi diňlemegi mümkin. Ýa-da gapysynda goşa-goşa gulp bardyr. Onda biz ýer ýüzünde bolýan jenaýatçylyk sebäpli adamlaryň gorkuda ýaşaýandygy barada gürrüň edip bileris. Öý eýesi tizden ýer ýüzünde jenaýatçylygyň bolmajakdygyny bilse, gaty begener. Nähili bolaýanda-da, adamlara Mukaddes Kitapdaky maslahatlaryň peýdalydygyna düşünmäge kömek etmeli. Ýokarda agzalan Katarina: «Men köplenç Mukaddes Kitapdaky maslahatlaryň özüme nähili peýda berendigi barada oýlanýaryn» diýýär. Şeýlelikde, Katarinanyň ynamly wagyz edişi adamlara täsir edýär.
14 Dogan-uýalardan öwreniň. I asyrda Pawlus Timoteosa ökde mugallym bolmagy öwretdi. Ol Timoteosa dogan-uýalara hem wagyzda ökdeleşmäge kömek etmegi ündedi (1 Kor. 4:17). Bizem Timoteosyň göreldesine eýerip, ökde wagyzçylardan köp zatlary öwrenip bileris (Nakyllar 27:17-ni okaň). Geliň, Şon dogan hakda gürrüň edeliň. Ol obada pioner bolup gulluk edýärdi. Obanyň adamlary: «Meniň öz dinim bar» diýip, hoş habary diňlemeýärdi. Dogana şatlyk bilen wagyz etmäge näme kömek etdi? Ol şeýle gürrüň berýär: «Dogan-uýalar bilen wagza çykanymyzda biri-birimize ökdeleşmäge kömek edýäris. Biz bir öýden beýleki öýe barýarkak, öý eýesiniň näme diýendigi, biziň näme jogap berendigimiz we indiki sapar şeýle ýagdaýda näme etjekdigimiz barada gürrüň edýäris».
15 Ýehowa doga-dileg ediň. Her gezek wagza gitmänkäňiz, Ýehowadan görkezme soraň. Mukaddes ruhuň kömegi bilen almajak galaňyz bolmaz (Zeb. 127:1; Luka 11:13). Ýehowa doga edeniňizde, nähili kömegiň gerekdigini açyk aýdyň. Meselem, Ýehowa dileg edip, hoş habary diňlejek akýürekli adamlara duşurmagyny sorap bilersiňiz. Soňra wagyzda duşan her bir adama hoş habary aýdyň.
8—14 MAÝ
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 TARYH 20, 21
«Ýehowa Hudaýyňyza iman ediň»
Zalym dünýäniň soňky günlerinde bile boluň
8 Ýehoşapat patyşanyň günlerinde Hudaýyň halkyna ýowuz we güýçli duşman hüjüm etdi (2 Ýyl. 20:1, 2). Şonda Hudaýyň gullukçylary öz güýjüne daýanman, Ýehowa bil baglady (2 Ýyl ýazgylary 20:3, 4-nji aýatlary okaň). Olar kynçylygy aýratynlykda çözjek bolman, hemmesi bir ýere ýygnanyşdy. Mukaddes Ýazgylarda: «Ähli ýehudylar öz ýaş çagajyklary, aýallary we ogullary bilen Rebbiň huzurynda durdular» diýilýär (2 Ýyl. 20:13). Tutuş halk uludan-kiçä çenli Ýehowa bil baglap, onuň aýdan sözlerine eýerdiler. Ysraýyllylar agzybir bolandygy üçin, Ýehowa olary duşmanlaryndan gorady (2 Ýyl. 20:20—27). Şu günlerem Hudaýyň halky kynçylyga uçranda, olaryň göreldesine eýerip biler.
Ýaş çatynjalar, Ýehowa gulluk etmegi birinji orunda goýuň!
7 Ýehowa lewilerden bolan Ýahazyýel arkaly Ýehoşapat patyşa: «Ýeriňizde durup, Ýehowanyň halas edişini görüň» diýdi (2 Tar. 20:13—17). Belki, ýeriňden butnaman durup, söweşde ýeňiş gazanmak mümkin däl ýaly bolup görünýändir. Emma adam üçin mümkin däl zat, Ýehowa üçin mümkindir. Ýehoşapat Hudaýa jany-teni bilen bil baglaýardy. Şonuň üçin Onuň aýdyşy ýaly etdi. Ýehoşapat goşunyň öňki hatarlarynda batyr esgerleri däl-de, ýaragsyz aýdymçylary goýdy. Ýehowa Ýehoşapaty goldady we oňa ýeňiş gazanmaga kömek etdi (2 Tar. 20:18—23).
Ruhy dürdäneler
it «Ýehoram»
Ýehoram
Ýehoram aýaly Atalýanyň täsirine düşüp, kakasy Ýehoşapatyň ýolundan ýöremedi (2Pa 8:18). Ol alty doganyny we Ysraýylyň käbir han-beglerini gylyçdan geçirdi. Mundan başga-da Ýehoram Ýahuda halkyny ýalan taňrylara sežde etdirdi. Onuň hökümdarlygynda ýurduň hem içinden, hem daşyndan garşylyklar bolýardy. Meselem, edomlylar we Libna galasy Ýahuda garşy gozgalaň turuzdy (2Pa 8:20—22). Ylýas pygamber Ýehorama hat arkaly şeýle duýduryş berýär: «Ýehowa halkyňy, ogullaryňy, aýallaryňy we mal-garaňy heläk eder. Seniň bolsa keselden gözüň açylmaz, içege keselinden hem ejir çekersiň, içegeleriň daşyna çogup çykýança, ýagdaýyň gün-günden beterleşer“» (2Tr 21:12—15).
Aýdylan zatlaryň ählisi ýerine ýetýär. Ýehowa araplaryň we piliştlileriň Ýahudany basyp almagyna, Ýehoramyň aýallaryny hem ogullaryny ýesir etmegine ýol berdi. Ýöne Ýehowa Dawut bilen patyşalyk ähtini baglaşandygy üçin, Ýehoramyň körpe ogly Ýehogazy (oňa Ahazýa hem diýilýär) halas etdi. Iki ýyldan soň Ýehoramyň «içegeleri daşyna çogup», ýagdaýy has agyrlaşýar we aradan çykýar. Onuň ölümine hiç kim gynanmaýar. Ýehoramy Dawudyň şäherinde jaýladylar, «ýöne patyşalaryň mazarynda goýmadylar». Ýehoramyň ýerine ogly Ahazýa patyşa bolýar (2Tr 21:7, 16—20; 22:1; 1Tr 3:10, 11).
Siz tebigy betbagtçylyga taýynmy?
1 Bütin dünýäde her ýyl millionlarça adamlar şol sanda biziň dogan-uýalarymyz hem ýer titremeden, sunamiden, silden, tupandan, suw joşgunyndan horluk çekýärler. Tebigy betbagtçylygyň duýdansyz bolýandygy sebäpli bize zeper ýetýär. Şonuň üçin biz her bir zada öňünden taýýarlyk görsek, paýhasly bolar (Sül. tym. 21:5).
2 Önüňden nämeler etmeli. Käwagty tebigy betbagtçylygyň boljakdygyny hökümet öňünden duýdurýar. Bu duýduryşa ünsli bolmaly (Sül. tym. 22:3). Şeýle ýagdaýlarda ýaşulular ýygnakdaky ähli dogan-uýalara öňünden taýýarlanmaga kömek eder ýaly habarlaşmaly. Tebigy betbagtçylykdan soňam ýaşulular ýygnagyň agzalary howpsuz ýagdaýdadygyny bilmek we kömege mätäçlere ýardam etmek üçin habar tutar. Eger ýaşulularda täze maglumat bolmasa, gymmatly wagtyň ýitmegi mümkin. Wagyzçylar ýygnagyň kätibine we toparyň gözegçisine täze bolýan ýeriniň salgysyny we telefonyny bermeli.
3 Eger ýygnagyňyzyň territoriýasy tebigy betbagtçylygyň ýygy-ýygydan bolýan ýerinde ýerleşýän bolsa, ýaşulular wagyzçylaryň başga ýerde ýaşaýan dogan-garyndaşlarynyň ýa-da dostlarynyň hem salgysyny we telefonyny alyp biler. Şonda olaryň garaşylmadyk bir ýagdaý dörände hem habarlaşmaga mümkinçiligi bolar. Şeýdip, ýaşulular ewakuirlenen doganlary tapyp bilerler. Şeýle-de ýaşulular tebigy betbagtçylyk dörän ýagdaýynda ýygnak üçin meýilnama düzüp biler, meselem: ätiýaçlyk üçin gerek zatlaryň sanawyny düzmeli, aýratyn zerurlykly wagyzçylara kömek etmek we ewakuirlemek üçin edilmeli işleriň düzgünini ýazmaly. Şeýle görkezmä dogry eýermek örän wajyp (Ýew. 13:17).
4 Tebigy betbagtçylykdan soň. Ýaşaýan ýerimizde tebigy betbagtçylyk bolsa näme etmeli? Maşgalaňyzy fiziki taýdan gerekli zatlar bilen üpjün etmeli. Soňra kömege mätäçlere ýardam ediň. Mümkin boldugyndan, toparyň gözegçisine ýa-da beýleki ýaşululara tiz habar ediň. Siz sag-aman galyp, kömege mätäç bolmasaňyzda, olar bilen habarlaşmaly. Eger-de size kömek gerek bolsa, doganlaryň elinden gelen kömegini edýändigine ynanyň (1 Kor. 13:4, 7). Ýehowa siziň ýagdaýyňyzy bilýändigini unutmaň we ähli zatda oňa bil baglaň (Zeb. 37:39; 62:8). Adamlara ruhy we duýgy taýdan kömek etmäge taýyn bol (2 Kor. 1:3, 4). Mümkin boldugyndan, teokratiki düzgüne girmäge çalyş (Mat. 6:33).
5 Tebigy betbagtçylyk bütin dünýä howp salýan bolsa-da, biz gelejege umyt bilen garaýarys. Tizden ähli tebigy betbagtçylyklar geçmişde galar (Ylh. 21:4). Şu günler tebigy betbagtçylyklara paýhasly taýýarlyk görmeli we hoş habary yhlasly wagyz etmeli.
15—21 MAÝ
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 TARYH 22—24
«Ýehowa batyrgaý gullukçylaryny ýalkaýar»
w09 1/4 sah. 24, abz. 1, 2
Ýehoýaş erbetler bilen gatnaşyp, Ýehowadan ýüz öwürýär
HUDAÝYŇ ybadathanasynyň ýerleşýän şäheri Iýerusalimde erbetlikler edilýärdi. Ahazýa patyşany öldürýärler. Ahazýanyň ejesi Atalýa akyla sygmajak işleri edýär. Ol Ahazýanyň ogullaryny, ýagny öz agtyklaryny öldürmegi buýruk berýär! Ol näme üçin beýle etdikä? Sebäbi Atalýanyň özi ýurtda höküm sürmek isleýärdi.
Emma onuň agtyklarynyň biri, ýagny Ýehoýaş diri galýar. Atalýanyň mundan habary ýokdy. Ýehoýaşyň nädip halas bolandygyny bilesiň gelýärmi? Onuň daýzasy Ýehoşabet kiçijik Ýehoýaşy ybadathanada gizleýär. Ýehoşabetiň äri Ýehoýada baş ruhanydy. Şeýdip, olar bilelikde Ýehoýaşyň janyny halas etdiler.
w09 1/4 sah. 24, abz. 3—5
Ýehoýaş erbetler bilen gatnaşyp, Ýehowadan ýüz öwürýär
Ýehoýaşy alty ýyllap ybadathanada gizläp saklaýarlar we Ýehowanyň kanunlaryny öwredýärler. Ýedi ýaşy dolandan soň, Ýehoýada ony patyşa etmegiň ugruna çykýar. Ýehoýadanyň muny nädip edendigini we zalym Atalýa näme bolandygyny bilesiň gelýärmi?
Ýehoýada gizlinlikde köşk garawullaryny çagyrýar. Ol Ahazýa patyşanyň ogluny halas edendigini gürrüň berýär. Soňra Ýehoýada Ýehoýaşy garawullara görkezýär. Şonda olar Ýehoýaşyň patyşanyň mirasdüşeridigine göz ýetirýärler. Olar Ýehoýaşy patyşa edip bellemegiň ugruna çykýarlar.
Baş ruhany Ýehoýaşy ybadathanadan daşaryk çykaryp, patyşa belleýär. Şonda halk el çarpyşyp: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşýar. Garawullar hem patyşanyň ýanynda durdy. Atalýa adamlaryň sesini eşidip ylgap gelýär we olara gygyryp başlaýar. Ýehoýada ony öldürmegi buýurýar. Şeýdip, garawullar zalym Atalýany öldürýärler (2 Patyşalar 11:1—16).
it «Jaýlamak, jaýlanylýan ýerler»
Jaýlamak, jaýlanylýan ýerler
Diňe baş ruhany Ýehoýada patyşalaryň neslinden bolmasa-da «Dawudyň şäherinde, patyşalaryň ýanynda jaýlanýar». Şeýdip, Ýehowanyň wepaly gullukçysyna uly hormat bildirýärler (2Tr 24:15, 16).
Ruhy dürdäneler
it «Zekerýa»
Zekerýa
12. Baş ruhany Ýehoýadanyň ogly. Ýehoýada aradan çykansoň, Ýehoýaş patyşa Ýehowanyň pygamberlerini däl-de, erbet adamlary diňleýär, olaryň maslahatyna eýerip, arassa seždeden ýüz öwürýär. Zekerýa patyşanyň ýegenidi (2Tr 22:11). Ol halka duýduryş berse-de, olar toba etmeýärler. Gaýtam Zekerýany ybadathananyň howlusynda daşlap öldürýärler. Ol soňky deminde eden etmişleri üçin Ýehowanyň olara jeza berjekdigini aýdýar. Zekerýanyň pygamberligi ýerine ýetdi: siriýalylar Ýahudanyň üstüne çozup, köp zyýan ýetirýärler, Ýehoýaşy bolsa iki hyzmatkäri öldürýär, «sebäbi ol Ýehoýada ruhanynyň ogullaryny öldüripdi». «Grek Septuagintasynda» we «Latyn Wulgatasynda» Ýehoýaşyň Ýehoýadanyň «ogluny» öldürendigi üçin jeza alandygy aýdylýar. Emma masoret tekstinde we «Siriýa Peşittasynda» «ogullaryny» diýip köplük sanda aýdylmagynyň sebäbi Ýehoýadanyň ogly Zekerýanyň gowy häsiýetleri bardy. Şeýle-de ol ruhany we pygamberdi (2Tr 24:17—22, 25, çykgyda serediň).
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
Hudaýyň Sözüni batyrgaýlyk bilen wagyz ediň
6 Mukaddes ruhy almak üçin bu barada Hudaýa doga etmeli. Isa şeýle diýdi: «Erbet bolan siz öz oglanlaryňyza oňat sylaglar bermegi bilýän bolsaňyz, Gökdäki Ataňyz Özünden dilänlere has-da köp Mukaddes Ruhy berer!» (Luka 11:13). Şol sebäpli biz dyngysyz mukaddes ruhy dilemeli. Eger biz köçede, resmi däl ýagdaýda ýa-da adamlaryň işleýän ýerlerinde wagyz etmäge gorkýan bolsak, batyrgaý bolmak üçin mukaddes ruh barada Ýehowa doga etmeli (1 Sel. 5:17).
7 Roza atly uýa hem şeýle etdi. Bir gün ol işdekä, onuň bilen işleýän mugallyma başga mekdepde mugallymlaryň çagalar bilen özüni gödek alyp barşy hakynda bir maglumaty okaýanyny eşidýär. Mugallyma muňa gaharlanyp: «Eýsem, şu ahyr zamana dälmi näme?!» diýýär. Roza wagyz etmek mümkinçiligi elden bermedi. Batyrgaýlyk bilen wagyz eder ýaly, ol näme etdi? Roza şeýle diýýär: «Men Ýehowadan mukaddes ruhy arkaly kömek etmegini diledim». Ol gowy wagyz edýär we indiki gezek gürrüňi dowam etmegi teklip edýär. Şeýle-de Nýu Ýork şäherinden bäş ýaşly Milana atly gyzjagyzyň mysalyna seredeliň. Milana şeýle diýýär: «Men mekdebe gitmezden öňürti, ejem bilen hemişe Ýehowa doga edýärin». Olar näme barada doga edýär? Milananyň hakykatda berk durup, Hudaý barada batyrgaýlyk bilen wagyz etmegini dileýärler. Onuň ejesi şeýle diýýär: «Bu Milana doglan güne we baýramçylyklara bolan garaýşyny hem-de olary näme üçin bellemeýändigini düşündirmäge kömek edýär». Bu mysallar batyrgaý bolmak üçin doganyň güýjüni görkezmeýärmi näme?
8 Ýeremiýa pygambere batyrgaý bolmaga näme kömek edendigine seredeliň. Ýehowa ony halklara pygamber edip bellände, Ýeremiýa şeýle diýdi: «Men gepläp bilmeýärin, men örän ýaş» (Ýerem. 1:4—6). Bir az wagt geçensoň, Ýeremiýa şeýle batyrgaý we dyngysyz wagyz edýär welin, bu köp adamlary howsala salýar (Ýerem. 38:4). Ol 65 ýyldan gowrak Ýehowanyň hökümlerini wagyz edýär. Ýeremiýa Ysraýylda mert we batyrgaý wagyz edýän adam hökmünde tanaldy. Şol sebäpli takmynan 600 ýyl geçensoň, Isa batyrgaýlyk bilen wagyz edende, käbir adamlar oňa Ýeremiýa pygamber diýýärdiler (Mat. 16:13, 14). Öň özüne göwni ýetmeýän Ýeremiýa pygamber çekinjeňligini nädip ýeňdi? Ol: «Hudaýyň sözi süňkümde ornaşyp, ýüregimde ýanýan ot ýalydy, men ony içimde saklamakdan ýadadym» diýdi (Ýerem. 20:9). Hawa, Ýeremiýa Ýehowanyň güýjüniň täsiri bilen wagyz etdi.
9 Pawlus resul Ýewreýlere ýazan hatynda şeýle diýdi: «Hudaýyň sözi diri hem täsirlidir, her bir iki ýüzli gylyçdan kesgirdir. Ol jan hem ruhy, bogunlary hem ýiligi bölýänçä batýandyr, ýüregiň düşünjeleridir niýetlerine höküm edýändir» (Ýew. 4:12). Hudaýyň Sözi bize hem Ýeremiýa täsir edişi ýaly täsir edýär. Mukaddes Ýazgylary adamlar ýazsa-da, ol Hudaý tarapyndan ylhamlanan kitapdyr. 2 Petrus 1:21-de şeýle diýilýär: «Welilik hiç haçan adam islegi bilen dile gelen däldir; Hudaýyň mukaddes adamlary Mukaddes Ruh tarapyndan herekete gelip gepländirler». Biz Mukaddes Ýazgylary özbaşdak okamaga wagt sarp etsek, aňymyz mukaddes ruh bilen ylhamlanan pikirlerden dolýar (1 Korintoslylar 2:10-y okaň). Şeýle pikirler ýüregimizde «ýanýan ot ýaly» bolany üçin, biz ony içimizde saklap bilmeris.
10 Mukaddes Ýazgylary özbaşdak okamak bize güýçli täsir edýär, şol sebäpli biz ony ýüregimize çuňňur ornaşar ýaly edip okamaly. Meselem, Ezekiýel pygamber görnüş görýär. Görnüşde Ýehowa oňa kesir adamlar üçin güýçli habar ýazylan düýrlenen kagyzy iýmegi buýurýar. Ezekiýel bu habary doly özleşdirmelidi we ol bedeniniň agzasy bolup, duýgusyna täsir etmelidi. Şonuň üçin ol wagyz etmegi süýji bal ýaly gowy görýärdi (Ezekiýel 2:8; 3:2—4-nji aýatlary okaň).
22—28 MAÝ
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 TARYH 25—27
«Ýehowa saňa has köp zat berer»
it «Ýehoýaş»
Ýehoýaş
Ýahuda patyşasy edomlylara garşy söweşmek üçin Ýehoýaş patyşanyň 100 müň esgerini hakyna tutýar. Emma ýahudalar «hak Hudaýyň guluna» gulak asyp, olary yzyna ugradýarlar. Esgerlere öňünden 100 kümüş batman (660 600 dollar) tölense-de, olaryň gahary gelýär. Mümkin, olar duşmanlardan köp olja almak isländirler. Şol sebäpli olar demirgazyga dolanyp, Samariýadan (olaryň goşun bölümi şol ýerde ýerleşen bolmaly) tä Beýthorona çenli günorta patyşalygyň şäherlerine çozup taladylar (2Tr 25:6—10, 13).
«Ýehowany synaň, goldaw berişini görüň»
16 Ýehowa üçin gowy görýän zatlaryňyzdan geçmäge taýyn boluň. Elbetde, Ýehowa bizden durmuşyň ähli lezzetinden we şatlygyndan geçmegi talap etmeýär (Nes. 5:19, 20). Emma Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin gowy görýän zadymyzdan geçip bilmesek, Isanyň mysalyndaky baý adama meňzäris. Baý adam Hudaý hakda pikirem etmän, aýşy-eşretde ýaşamagyň aladasyny etdi (Luka 12:16—21-nji aýatlary okaň). Fransiýada ýaşaýan Kriştiýan dogan şeýle diýýär: «Men Ýehowa janym-tenim bilen gulluk etmeýän ekenim. Maşgalamyň hem ýürekden aladasyny etmeýän ekenim». Ol aýaly bilen pioner bolmagy ýüregine düwýär. Olar şol maksadyna ýetmek üçin işinden çykýarlar we eklenç üçin edara-kärhanalary, adamlaryň öýlerini syryp-süpürýärler. Olar baryna kaýyl bolup ýaşamagy öwrendiler. Är-aýalyň eden tagallasy ýerine düşdümi? Kriştiýan şeýle diýýär: «Biz hezil edip wagyz edýäris. Mukaddes Kitap bilen gyzyklanýan we okuw geçýän adamlaryň Ýehowany ýakyndan tanaýandygyny görüp diýseň begenýäris».
Ruhy dürdäneler
Siz kimden maslahat soraýarsyňyz?
UZYÝA 16 ýaşynda günorta Ýahuda patyşalygyň patyşasy bolýar. Ol b. e. öň IX asyryň ahyrynda VIII asyryň başynda 50 ýyldan gowrak wagt höküm sürýär. Uzyýa ýaşka «Ýehowanyň öňünde dogry işleri edýärdi». Oňa hak ýoldan ýöremäge näme kömek edýärdi? Mukaddes Kitapda: «Uzyýa Hudaýa gulluk ederdi, sebäbi Zekerýa oňa hak Hudaýdan gorkmagy öwrederdi. Uzyýanyň Ýehowa gulluk eden döwri hak Hudaý ony goldardy» diýilýär (2 Taryh 26:1, 4, 5).
Mukaddes Kitapda patyşanyň maslahatçysy Zekerýa barada köp zat aýdylmaýar. Ýöne onuň ýaş patyşa «hak Hudaýdan gorkmagy öwredip», dogry işleri etmäge höweslendirendigini bilýäris. Bir kitapda Zekerýanyň tejribeli, mukaddes kitaplara gowy düşünýän, ökde mugallym bolandygy aýdylýar. Mukaddes Kitaby öwrenýän bir alym hem: «Zekerýa pygamberlikleri gowy bilýän, düşünjeli, hudaýhon adamdy; ol Uzyýa patyşa hem gowy kömek edipdir» diýýär.
29 MAÝ—4 IÝUN
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 TARYH 28, 29
«Alan terbiýäňiz Ýehowa gulluk etmäge päsgel bermesin»
Ýehowanyň dostlaryndan görelde alyň
8 Rutdan tapawutlylykda, Hizkiýa Ýehowa bagyş edilen halkyň arasynda önüp-ösýär. Emma ysraýyllylaryň ählisi Ýehowa beren wadasyna görä ýaşamaýardy. Olaryň biri Hizkiýanyň kakasy Ahazdy. Bu zalym patyşa ýahudalylary butlara sežde etmäge iterip, Iýerusalimdäki Ýehowanyň ybadathanasyny harlady. Ol hatda öz ogullaryny otda ýakyp, ýalan hudaýlaryna gurban berdi. Şeýdip, Hizkiýanyň doganlarynyň käbirini zalymlyk bilen öldürdiler. Hawa, Hizkiýanyň çagalyk döwri zalymlykdan doludy (2 Pat. 16:2—4, 10—17; 2 Ýyl. 28:1—3).
Ýehowanyň dostlaryndan görelde alyň
9 Hizkiýa hem ulalanda Hudaýa garşy çykyp, zalym adam bolup bilerdi. Emma käbirleri şeýle kynçylyga uçramasa-da, «Rebbe gazaplanyp», onuň guramasyna garşy çykýarlar (Sül. tym. 19:3). Başgalar bolsa ata-enesiniň zalymlyk bilen terbiýeländigi üçin, olaryň goýberen ýalňyşyny gaýtalap bilýändigine ynanýarlar (Ezek. 18:2, 3). Eýsem, şeýle garaýyş dogrumy?
10 Hizkiýanyň ýaşaýşy munuň şeýle däldigini görkezýär. Ýehowa garşy çykmak üçin bahana gözlemäge bizde hiç hili sebäp ýok. Sebäbi ol bu zalym dünýäde bolýan betbagtçylyklara günäkär däl (Eýýup 34:10). Elbetde, ata-eneler çagalaryna gowy ýa-da erbet täsir edip bilýär (Sül. tym. 22:6; Kol. 3:21). Emma bu adamyň bütin ömrüne alan terbiýesine görä ýaşamalydygyny aňlatmaýar. Sebäbi Ýehowa bize saýlamak erkinligini sowgat berdi. Biz bu sowgat arkaly näme etjekdigimizi we nähili adam boljakdygymyzy kesgitleýäris (Kan. tag. 30:19). Hizkiýa saýlamak erkinligini nädip ulandy?
11 Hizkiýa Ýahudanyň zalym patyşasynyň ogly bolsa-da, ol ýagşy adam bolup ýetişdi (2 Patyşalar 18:5, 6-njy aýatlary okaň). Hawa, Hizkiýanyň kakasy örän zalym adamdy, emma oňa täsir edip biljek ýagşy adamlar hem bardy. Şol döwürde Işaýa, Mika we Hoşea ýaly pygamberler ýaşapdyr. Göz öňüne getiriň, Hizkiýa patyşa bu wepaly adamlaryň ylhamlanyp aýdýan habaryny höwes bilen diňleýärdi we Ýehowanyň maslahatyny, düzedişini ýürekden kabul edýärdi. Şeýlelikde, Hizkiýa kakasynyň eden zalym işlerine baş goşman, gaýtam ybadathanany arassalady, halka günäden saplanmaga kömek etdi we ýalan taňrylary bütinleý ýok edip, dogry işleri etdi (2 Ýyl. 29:1—11, 18—24; 31:1). Aşurlylaryň patyşasy Sanherip Iýerusalime hüjüm edende bolsa, ol has-da batyrgaý hereket edip, Hudaýa iman edýändigini görkezdi. Ol Hudaýyň halas etjekdigine ynanýardy we sözleri hem göreldesi bilen halky berkitdi (2 Ýyl. 32:7, 8). Haçanda Hizkiýa garaýşyny düzetmeli bolanda, özüni kiçeldip, toba etdi (2 Ýyl. 32:24—26). Dogrudan-da, Hizkiýa geçmişini ýatlap, durmuşynyň ýumrulmagyna we ony gelejekden mahrum etmäge ýol bermedi. Ol bize Ýehowanyň iň ýakyn dostlarynyň biri hökmünde ajaýyp görelde galdyrdy.
Ruhy dürdäneler
w12 15/2 sah. 24, 25
Natan arassa seždäni wepaly gorady
Natan Ýehowanyň wepaly gullukçysy bolandygy sebäpli, ýer ýüzünde arassa sežde bolar ýaly, Dawudyň ilkinji ybadathanany gurmak planyny goldady. Emma Natan Ýehowanyň adyndan gürlemän, öz pikirini aýdan bolmaly. Şol gije Hudaý pygambere Dawuda başga habary aýtmagy buýurdy. Ýehowa ybadathanany Dawut däl-de, ogullarynyň biri gurar diýdi. Şeýle-de Natan Hudaýyň Dawut bilen äht baglaşyp, «Dawudyň tagtynyň ebedi durjakdygyny» aýtdy (2 Sam. 7:4—16).
Natanyň Dawuda ybadathanany gurmak barada aýtmagy Hudaýyň islegine gabat gelmeýärdi. Muňa garamazdan, pesgöwünli pygamber hüňürdemän Ýehowanyň sözüne tabyn bolup, Onuň niýetine görä hereket etdi. Hudaý bizi haýsy ýol bilen düzetse-de, Natanyň ajaýyp göreldesine eýereliň! Hudaý Natandan razydy, şonuň üçin ol pygamberlik gullugyny dowam etdi. Görşümiz ýaly, Ýehowanyň ylhamy bilen Natan görnüş gören adam Gad bilen ybadathanada gulluk eder ýaly, Dawuda 4 000 sazanda taýýarlamaga görkezme berdi (1 Tar. 23:1—5; 2 Tar. 29:25).
5—11 IÝUN
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 TARYH 30, 31
«Dogan-uýalar bilen görüşmek nähili gowy!»
it «Hizkiýa»
Hizkiýa
Arassa seždäni yhlasly goldaýar. Hizkiýa 25 ýaşynda tagta geçen badyna arassa seždäni dikeldýär. Ol ilki bilen ybadathananyň gapylaryny açyp, bejeriş işlerini geçirýär. Soňra ol ruhanylary we lewileri çagyryp: «Men Ysraýyl Hudaýy Ýehowa bilen äht baglaşmagy ýüregime düwdüm» diýýär. Hizkiýa Ýehowa wepaly bolmak baradaky ähti, ýagny Kanun ähtini göz öňünde tutupdy. Bu äht öň baglaşylan hem bolsa, halk şoňa görä ýaşamaýardy. Şonuň üçin Hizkiýa ony täzeden güýje girizýär. Ol lewileri ýene-de öňki borçlaryna belleýär we saz gurallarynda Ýehowany şöhratlandyrýan aýdymlary aýtmagy ýola goýýar. Şu özgerişlikler nisan aýynda, ýagny Pasha baýramçylygy bellenýän döwri bolupdy. Ýöne ybadathana, ruhanylar we lewiler heniz doly tämizlenmändi. Olar nisan aýynyň 16-syna çenli ybadathanany we içindäki zatlary arassaladylar. Soňra tutuş ysraýyl halkyny günäden arassalamak üçin gurbanlyklar berildi. Han-begler ýygnanyp patyşalyk, ybadathana we halk üçin gurbanlyk berdi. Soňra adamlar müňlerçe maly ýakma gurbanlygy edip berdi (2Tr 29:1—36).
it «Hizkiýa»
Hizkiýa
Halk doly tämizlenmändigi üçin Pasha baýramçylygyny wagtynda belläp bilmeýär. Şol sebäpli Hizkiýa Kanuna görä Pashany bir aý soň bellemeli diýen karara gelýär. Ol diňe Ýahuda ilatyny däl-de, Beýer-şebadan Dana çenli çaparlary ýollap, ähli ysraýyllary baýramçylygy bellemäge çagyrýar. Ysraýyllaryň köpüsi çaparlaryň üstünden gülüp kemsidýär. Emma aşer, manaşa we zebulun taýpasyndakylar özüni kiçeldip, Iýerusalime barýarlar. Efraýymlaryň we ysaharlaryň hem käbiri baýramçylyga gatnaşýar. Mundan başga-da Ýehowa sežde edýän gelmişekler Pasha baýramyny bellemäge gelýär. Demirgazyk patyşalygynda ýaşan ysraýyllara baýramçylyga gelmek aňsat bolan däldir. Olaryň hem üstünden gülüp azar berendirler. Sebäbi şol wagt ildeşleri Ýehowadan dänip, ýalan taňrylara sežde edýärdi. Üstesine-de ýurda assiriýalylar çozjak bolup durdy (2Tr 30:1—20; 4Ms 9:10—13).
it «Hizkiýa»
Hizkiýa
Pasha baýramyndan soň, halk ýedi günläp Petir baýramyny belledi. Olar şol baýramçylykda şeýle şatlandylar welin, ýene ýedi günläp baýramçylyk bellemegi makul bildiler. Şol wagt köp kynçylyklar bolsa-da, Ýehowa halkyna bol bereket berdi. Şonuň üçin «Iýerusalimde şatlyk-şagalaň boldy, Ysraýyl patyşasy Dawudyň ogly Süleýmanyň döwründen bäri Iýerusalimde şeýle baýram edilmändi» (2Tr 30:21—27).
Halk diňe bir baýramçylyga gelmek bilen çäklenmän, arassa seždäni dikeltmek üçin aýgytly hereket etdi. Olar öýli-öýüne gaýtmanka, Ýahudadaky, Benýamin, hatda Efraýym bilen Manaşa topragyndaky keramatly sütünleri çym-pytrak etdiler, keramatly pürsleri çapdylar, seždegähleri we gurbanlyk ojaklaryny ýumurdylar (2Tr 31:1). Hizkiýa patyşa-da Musanyň misden ýasan ýylanyny kül-owram edip, halka görelde görkezdi, sebäbi ysraýyllar şol ýylanyň öňünde gurbanlyk ýakýardylar (2Pa 18:4). Uludan tutulan baýramçylykdan soň, patyşa ruhanylary toparlara bölüp, ybadathanada borçlara belledi. Şeýle-de ol Kanunda aýdylyşy ýaly, halka ähli zadynyň ondan bir bölegini we hasylynyň ilkinji miwesini ruhanylara hem-de lewilere bermegi tabşyrdy. Adamlaram patyşanyň buýrugyna ýürekden gulak asdy (2Tr 31:2—12).
Ruhy dürdäneler
«Siz bulary bilip, ýerine ýetirseňiz bagtlysyňyz»
14 Kiçigöwünliligimizi görkezmegiň ýene bir usuly adamlary höwes bilen diňlemäge taýyn bolmaly. Ýakup 1:19-da: «Diňlemäge taýyn... boluň» diýilýär. Ýehowanyň özi bu babatda ajaýyp görelde görkezýär (Gel. çyk. 18:32; Ýeş. 10:14). Geliň, Musa pygamber bilen bolan wakadan näme öwrenip biljekdigimize seredeliň (Müsürden çykyş 32:11, 12-nji aýatlary okaň). Ýehowa Musa pygamberiň maslahatyna mätäç bolmasa-da, oňa pikirini aýtmaga mümkinçilik berdi. Siz köplenç ýalňyşýan adamy sabyrly diňläp, onuň beren maslahatyny kabul ederdiňizmi? Hawa, Ýehowa özüne iman bilen doga edýän adamlary sabyrly diňleýär.
15 Her birimiz özümize şeýle soraglary bersek gowy bolar: «Eger Ýehowa Ybraýymyň, Raheliň, Musanyň, Ýeşuwanyň, Manowanyň, Ylýasyň we Hizkiýanyň dogasyny pesgöwünli hem sabyrly diňlän bolsa, onda menem dogan-uýalaryň ählisine hormat goýup, aýdýan zatlaryny ünsli diňläp, hatda olaryň berýän maslahatyny kabul etmeli dälmi näme? Men ýygnagymda ýa-da maşgalamda kimi has ünsli diňläp bilerin? Bu babatda gowulanmak üçin näme edip bilerin?» (Gel. çyk. 30:6; Ser. 13:9; 1 Pat. 17:22; 2 Ýyl. 30:20).
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
w19.01 sah. 11, 12, abz. 13—18
Ýygnakda Ýehowany şöhratlandyryň
13 Ýygnakda ruhlandyryjy jogaplary bermäge haýsy maslahatlar kömek eder? Geliň, olaryň käbirine seredeliň.
14 Her duşuşyga gowy taýýarlanyň. Eger siz ýygnaga gowy taýýarlansaňyz we jogap bermegi maksat edinseňiz, jogap bereniňizde, özüňizi hasam ynamly duýarsyňyz (Sül. tym. 21:5). Elbetde, ählimiziň ýagdaýymyz birmeňzeş bolmaýar. 80 ýaşlaryndaky Eloýis uýamyz «Garawul diňi» duşuşygyna hepdäniň başynda taýýarlanyp başlaýar. Ol şeýle diýýär: «Ýygnaga öňünden taýynlanyp barsam, duşuşykdan şatlanyp gaýdýaryn». Uzakly gün işleýän Joýi atly uýamyz bolsa «Garawul diňine» şenbe günleri taýýarlyk görýär. Ol: «Men ýygnaga bir gün öňünden taýýarlansam, öwrenen zatlarym ýadymda gowy galýar» diýýär. Ýaşuly hem pioner bolup gulluk edýän Ike doganymyz bolsa şeýle diýýär: «Men makalany tutuşlygyna däl-de, ony hepdäniň dowamynda bölüp-bölüp okasam, has oňaýly bolýar».
15 Ýygnaga gowy taýýarlanmak üçin näme etmeli? Taýýarlanyp başlamazdan öň, Ýehowadan mukaddes ruhuny diläň (Luka 11:13; 1 Ýah. 5:14). Soňra makala gysgaça göz aýlaň. Onuň adyna, sözbaşylaryna, suratlaryna we çarçuwa serediň. Her abzasa taýýarlananyňyzda, getirilen aýatlaryň hemmesini okajak boluň. Esasy pikir hakda oýlanyp, berjek jogabyňyza aýratyn üns beriň. Gowy taýýarlansaňyz, özüňize-de köp peýda berer we ýygnakda jogap bermek aňsat bolar (2 Kor. 9:6).
16 Mümkin bolsa, öz diliňizde bar bolan gurallary ulanyň. Ýygnak duşuşyklaryna gowy taýýarlanar ýaly, Ýehowa guramasy arkaly bize käbir gurallary berdi. Meselem, JW Library programmasy arkaly edebiýatlarymyzyň elektron görnüşini ýükläp bileris. Soňra öwrenjek edebiýatymyzy islendik wagt we islendik ýerde okap ýa-da diňläp bileris. Käbir dogan-uýalar işde ýa-da mekdepde arakesme wagty, ýa-da ýolda barýarka taýýarlanmak üçin bu guraly ulanýarlar. «Garawul diňiniň elektron kitaphanasy» we «Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY» bolsa, öwrenýän temamyza has gowy düşüner ýaly, gözleg geçirmäge kömek edýär.
17 Birnäçe jogap taýýarlaň. Näme üçin? Sebäbi eliňizi galdyrsaňyz-da, sizden soramazlyklary mümkin. Siziň bilen bir wagtda başgalar hem elini galdyryp biler we duşuşygy alyp barýan dogan ýa-da uýa olaryň birinden soramagy ahmal. Şeýle-de duşuşyga berlen wagty göz öňünde tutup, ol hemmelerden soramazlygy mümkin. Şeýle ýagdaýda sizden soramasalar, öýke-kine etmäň ýa-da ruhdan düşmäň. Eger siz birnäçe jogap taýýarlasaňyz, onda duşuşygyň dowamynda jogap bermäge köpräk mümkinçiligiňiz bolar. Meselem, siz getirilen aýatlary okamagy maksat edinip bilersiňiz. Emma mümkinçiligiňiz bolsa, öz sözleriňiz bilen jogap hem berip bilersiňiz.
18 Gysga jogaplary beriň. Köplenç, gysga hem ýönekeý jogaplar has ruhlandyrýar. Şonuň üçin gysga jogap bermegi maksat ediniň. Berýän jogaplaryňyz 30 sekuntdan köp bolmasyn (Sül. tym. 10:19; 15:23). Siz ýygnakda ençeme ýyldan bäri jogap berýän bolsaňyz, onda gysgaça jogap bermekde beýleki dogan-uýalara gowy görelde görkezip bilersiňiz. Eger siz birnäçe minutlap jogap berseňiz, onda başgalar siziňki ýaly jogap berip bilmeýändigi üçin özüni oňaýsyz duýup biler. Şeýle-de gysga jogap bermek bilen, biz başgalara-da jogap bermäge mümkinçilik berýäris. Esasanam, soraga ilkinji bolup jogap berýän bolsaňyz, onda gysgaça soragyň göni jogabyny aýdyň. Abzasdaky hemme pikirleri aýtjak bolmaň. Abzasyň esasy pikiri aýdylandan soň, siz goşmaça pikirleri hem aýdyp bilersiňiz («Nädip jogap bermeli?» diýen çarçuwa serediň).
12—18 IÝUN
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 TARYH 32, 33
«Dogan-uýalary kyn gününde goldaň»
it «Assiriýa»
Assiriýa
Sanherip. Sanherip patyşa b. e. öň 732-nji ýylda Hizkiýanyň hökümdarlygynyň 14-nji ýylynda Ýahuda çozýar (2Pa 18:13; Işa 36:1). Ahaz patyşa sebäpli Ýahuda ilaty Assiriýanyň goly astyndady, ýöne Hizkiýa oňa garşy çykyp, boýun bolmaýar (2Pa 18:7). Sanheribiň muňa gahary gelip, Ýahudanyň 46 şäherini basyp alýar (Işa 36:1, 2-nji aýatlary deňeşdiriň). Ol Lakyşda düşlände, Hizkiýadan 30 batman altyn (tak. 11 560 000 dollar) bilen 300 batman kümüş (tak. 1 982 000 dollar) salgyt salýar (2Pa 18:14—16; 2Tr 32:1; Işa 8:5—8-nji aýatlary deňeşdiriň). Hizkiýa salgyt tölese-de, Sanherip Iýerusalime wekillerini iberip, ysraýyllardan boýun bolmagy talap edýär (2Pa 18:17—19:34; 2Tr 32:2—20). Şonda Ýehowa bir gijäniň özünde Assiriýanyň 185 000 esgerini öldürýär. Şeýdip, tekepbir patyşa masgara bolup Ninewiýa dolanýar (2Pa 19:35, 36). Soňra Sanheribi iki ogly gylyçdan geçirýär we Esarhadon diýen başga bir ogly ýerine patyşa bolýar (2Pa 19:37; 2Tr 32:21, 22; Işa 37:36—38). Şol wakalar barada Sanherip bilen Esarhadon hakdaky taryhy ýazgylarda hem aýdylýar. Ýöne Ýehowanyň Assiriýanyň goşunyny derbi-dagyn edişi hakda agzalmaýar.
Şu günler ýedi çopan we sekiz serdar kimleri aňladýar?
12 Ýehowa bize kynçylyklarda kömek etmäge hemişe taýyn, ýöne Ol biziň elimizde baryny etmegimizi isleýär. Hizkiýa şeýle hem etdi. Ol «şäheriň daşyndaky çeşmeleriň suwuny bentlemek barada öz baştutanlary we batyr ýigitleri bilen maslahatlaşdy... Şeýdip, Hizkiýa kuwwatlanyp, diwaryň ähli ýykylan ýerlerini bejerip, onuň üstünde diňler düzetdi. Daşyndan ol ýene-de başga bir diwar gurdy... köp mukdarda ýaraglardyr galkanlar ýasatdy» (2 Ýyl. 32:2—5). Ýehowa birnäçe batyr adamlar, ýagny Hizkiýa, onuň serdarlary we ruhy taýdan berk pygamberler arkaly Öz halkyny gorady we aladasyny etdi.
Şu günler ýedi çopan we sekiz serdar kimleri aňladýar?
13 Hizkiýanyň indiki eden ädimi suwy bentlemek ýa-da şäheriň diwaryny düzetmekden has wajypdy. Aladaçyl çopan Hizkiýa halky ýygnap, olara ruhlandyryjy sözleri aýtdy: «Dözümli we mert boluň. Aşur patyşasyndan gorkmaň, heder etmäň, çünki biziň bilen Bolýan onuň bilen bolýandan has güýçlüdir. Aşur patyşasy ynsan güýji bilendir, emma biziň bilen Hudaýymyz Rebdir. Ol bize ýardam edip, biziň üçin söweşer». Hizkiýa halka Ýehowanyň kömek etjekdigini ýatlatdy. «Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň sözleri halky ruhlandyrdy». Üns beren bolsaňyz, halkyň ýüregine «Hizkiýanyň sözleri» täsir etdi. Ýehowanyň pygamberlik edişi ýaly, Hizkiýa, onuň serdarlary, batyr ýigitler, şol sanda Mika we Işaýa pygamberler halkyň aladaçyl çopanlary boldular (2 Ýyl. 32:6—8; Mika 5:5, 6-njy aýatlary okaň).
Ruhy dürdäneler
Ýürekden toba etmek nämäni aňladýar?
11 Ýehowa Manaşanyň doga-dileglerine jogap berdi. Patyşanyň ýalbaryp eden doga-dilegleri ýürekden toba edýändigini görkezýärdi. Ýehowa Manaşany bagyşlady we ol ýene-de Ýahudada höküm sürüp başlady. Manaşa gol gowşuryp oturmady. Ol ýürekden toba edýändigini ýagşy işleri bilen subut etdi. Ol göz üçin toba eden Ahap patyşadan düýbünden tapawutlanýardy. Manaşa galan ömrüne erbet işe baş goşmady. Ol ýurtdan butlary ýok etmek we arassa seždäni dikeltmek üçin elinde baryny etdi (2 Taryh 33:15, 16-njy aýatlary okaň). Şeýle işleri etmek üçin iman we batyrgaýlyk gerekdi. Sebäbi Manaşa öň maşgalasyny, han-beglerini we halkyny zalym işleri etmäge höweslendiripdi. Indi bolsa ýagşy işleri edip, eden günälerini ýuwmalydy. Ol agtygy Ýoşyýa hem gowy görelde boldy. Sebäbi Ýoşyýa Ýehowanyň öňünde dogry işleri edip, adalatly höküm sürdi (2 Pat. 22:1, 2).
12 Manaşa patyşa bilen bolan wakadan näme öwrenýäris? Ol Ýehowanyň öňünde özüni kiçeltdi we Hudaýa ýalbaryp ötünç sorady. Manaşa patyşa indi düýbünden başga adam boldy. Ol öňki eden günälerini ýuwmak üçin köp ýagşy işleri etdi. Manaşa Ýehowa ýürekden sežde etdi we halky hem Ýehowa gulluk etmäge höweslendirdi. Manaşa bilen bolan waka agyr günä eden adamyň hem toba edip, ýagşy adam bolup bilýändigini görkezýär. Dogrudanam, Ýehowa «ýagşy, geçirimli» Hudaý (Zeb. 86:5). Ol ýürekden toba eden her bir adamy bagyşlaýar.
19—25 IÝUN
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 TARYH 34—36
«Siz Hudaýyň Sözüne doly eýerýärsiňizmi?»
it «Hulda»
Hulda
Ybadathana bejerilip ýörkä, baş ruhany Hilkiýa Kanun kitabyny tapyp, Ýoşyýa patyşa eltip berýär. Patyşa Kanundaky sözleri ünsli diňläp, Ýehowanyň niýetini bilmek isleýär. Munuň üçin ol hyzmatkärlerini Hulda diýen pygamber aýalyň ýanyna iberýär. Hulda olara Ýehowanyň aýdan sözüni ýetirýär: Hudaýa gulak asmandygy üçin kitapda ýazylan betbagtçylyklaryň ählisi halkyň başyna iner. Ýoşyýa patyşa bolsa Ýehowanyň öňünde özüni kiçeldendigi üçin şol betbagtçylyklary görmez we asudalykda dünýäden ötüp, ata-babalarynyň ýanynda jaýlanar (2Pa 22:8—20; 2Tr 34:14—28).
Ýehowanyň öýüne yhlasly boluň!
20 Ýoşiýa patyşa Hudaýyň öýünde bejeriş işini geçiren wagty baş ruhany Hilkiýa «Ýehowanyň Musa arkaly beren Kanun kitabyny tapýar». Ol kitaby patyşanyň kätibi Şafana gowşurýar, ol hem Ýoşiýa okap berýär (2 Taryhlar 34:18-i okaň). Ol patyşa nähili täsir etdi? Patyşa gynanyp, hatda eşigini ýyrtýar we Ýehowanyň islegini bilmek üçin adam iberýär. Hudaý pygamber aýal Hulda arkaly Ýahudada ýaýran käbir dini däpleri ýazgarýandygyny habar berýär. Ýöne Ýehowa Ýoşiýanyň butparazlygy ýok etmek üçin eden tagallasyny görýär. Bütin halkyň betbagtçylyga uçrajagy öňünden aýdylsa-da, Ýoşiýa Ýehowanyň merhemetini gazanýar (2 Tar. 34:19—28). Biz mundan nähili sapak edinip bileris? Ýoşiýa patyşa ýaly, biz hem derrew Ýehowanyň görkezmesine eýermeli. Hudaýa gulluk edenimizde imandan dänmeklige we wepasyzlyga ýol bersek, nämä eltjegini görkezýän mysaly hiç haçan unutmaly däl. Biz Ýoşiýanyňky ýaly hakyky seždä bolan yhlasymyzy Ýehowanyň makullajakdygyna ynanyp bileris.
Ruhy dürdäneler
w17.03 sah. 26, 27, abz. 15—17
Siz geçmişde bolan wakalardan sapak edinýärsiňizmi?
15 Biz Ýoşyýa bilen bolan wakadan näme öwrenýäris? Geliň, bu gowy patyşanyň ölümine nämäniň sebäp bolandygyny bileliň (2 Ýyl ýazgylary 35:20—22-nji aýatlary okaň). Müsür patyşasy Neko Ýoşyýa hiç hili dawasynyň ýokdugyny aýtsa-da, ol söweşmek üçin onuň garşysyna çykýar. Mukaddes Ýazgylarda Nekonyň «Hudaý tarapyndan» gepländigi aýdylýar. Onda näme üçin Ýoşyýa onuň bilen söweşjek boldy? Hudaýyň Sözünde bu barada aýdylmaýar.
16 Eýsem, Ýoşyýa Nekonyň Ýehowa tarapyndan gepleýändigini nädip bilmelidi? Ol muny Hudaýyň wepaly pygamberi Ýermeýadan sorap bilerdi (2 Ýyl. 35:23, 25). Ýöne onuň şeýle edendigi aýdylmaýar. Şeýle-de Ýazgylarda Nekonyň Karkemişe barandygy aýdylýar. Diýmek, ol Iýerusalim bilen däl-de, başga ýurt bilen söweşmekçidi. Galyberse-de, Neko ne Ýehowanyň adyny, ne-de onuň halkyny ýaňsylapdy. Şol sebäpli Ýoşyýa patyşanyň Nekonyň garşysyna çykmagy nädogrudy. Biz mundan nähili sapak edinýäris? Kynçylyga uçranymyzda, biz ony Ýehowanyň islegine görä çözmäge jan etmeli.
17 Kynçylyk ýüze çykanda, biz ony Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere görä paýhasly çözmeli. Käte biz ýaşululardan maslahat soramak isleýändiris. Belki-de, olar öňki bilýän zatlarymyzy ýatladandyr we biz edebiýatlarymyzdan eýýäm şol barada gözleg geçirendiris. Şeýle-de ýaşuly kömek etmek üçin Mukaddes Ýazgylardaky başga prinsiplere ünsümizi çekmegi mümkin. Aýdaly, uýa hoş habary wagyz etmegiň wajypdygyna düşünýär (Res. iş. 4:20). Emma ol bir gün wagza gitmekçi bolanda, iman etmeýän ýanýoldaşy ony goýberesi gelmeýär. Ol aýalyna soňky döwür köp wagtyny bile geçirmeýändikleri üçin ikiçäk galmak isleýändigini aýdýar. Uýa Mukaddes Ýazgylardan Hudaýa gulak asmak we şägirt taýýarlamak tabşyrygy baradaky aýatlar hakda oýlanýar (Mat. 28:19, 20; Res. iş. 5:29). Emma onuň ýanýoldaşyna tabyn bolmak we paýhasly hereket etmek baradaky aýatlar hem ýadyna düşýär (Efes. 5:22—24; Flp. 4:5). Eýsem, ýanýoldaşy uýamyzyň wagza çykmagyna düýbünden garşymy ýa-da özüne birje güni sarp etmegini haýyş edýär? Biz Hudaýyň islegini berjaý edenimizde, paýhasly bolmaly we ynsabymyzy päk saklamaly.
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
«Hudaýyň sözi... täsirlidir»
7 Wagyzda Hudaýyň Sözüni ökdelik bilen ulanmaga näme kömek eder? Ilki bilen, adamlara wagyz edeniňizde we öwredeniňizde, ony hökman ulanmaly. Bu babatda bir dogan şeýle diýýär: «Aýdaly, siz Ýehowa bilen öýden-öýe wagyz etmäge gidýärsiňiz. Şonda diňe özüňiz geplärdiňizmi ýa-da Ýehowa-da ýol bererdiňiz?» Dogrudanam, wagyzda Hudaýyň Sözünden okanymyzda, Ýehowa sözlemäge ýol berýäris. Okajak aýatlarymyzy dogry saýlasak, onda onuň täsiri biziň aýtjak islendik sözümizden has täsirli bolar (1 Sel. 2:13). Özüňize şeýle sorag beriň: «Men wagyz edýän adamlaryma Hudaýyň Sözünden okar ýaly mümkinçilik gözleýärinmi?»
8 Elbetde, gürrüňdeş bolýan adamlarymyza Ýazgylardan ýöne bir okamak ýeterlikli däl. Näme üçin? Sebäbi köp adamlar Mukaddes Ýazgylary kän gowy bilmeýärler ýa-da oňa asla düşünmeýärler. Biz hem I asyrdaky mesihçileriň göreldesine eýermeli (Rim. 10:2). Okan aýadymyza adamlar hökman düşüner öýtsek, nädogry bolardy. Şol sebäpli okan aýadymyzyň esasy pikirlerini nygtamak we onuň manysyny düşündirmek üçin ýörite wagt sarp etmeli. Şonda Hudaýyň Sözündäki habaryň diňleýjileriň pikirine we ýüregine täsir etmegini gazanyp bileris (Luka 24:32-ni okaň).
9 Adamlar Hudaýyň Sözüne hormat goýar ýaly, biz ony gymmat saýýandygymyzy görkezmeli. Meselem, bir aýady okamazdan öň: «Geliň, bu babatda Ýaradyjymyzyň näme diýýändigini bileliň» diýip bileris. Hristian dinine uýmaýan adamlara bolsa şeýle diýip bileris: «Mukaddes Ýazgylarda näme aýdylýandygyna üns bereliň». Eger Hudaýa sygynmaýan adama wagyz etsek, onda: «Siz bu gadymy atalar sözüni eşidip görüpmidiňiz?» diýip bileris. Geliň, her bir adamyň garaýşyny göz öňünde tutup, şoňa görä teklip taýýarlalyň (1 Kor. 9:22, 23).
10 Wagyzda Mukaddes Ýazgylardan okanymyzda, köp adamlara güýçli täsir edýär. Geliň, bir doganymyz bilen bolan waka seredeliň. Bir gezek ol köp ýyl bäri žurnallarymyzy okaýan gartaşan adamy gaýtadan ideg edýär. Ýöne bu gezek ol «Garawul diňi» žurnalynyň soňky sanyny diňe bir teklip etmän, onda getirilen aýatlaryň birini okamagy ýüregine düwýär. Doganymyz 2 Korinfliler 1:3, 4-nji aýatlardaky: «Rehimdarlar Atasy we bütin teselliler Hudaýy... bize ähli kynçylyklarymyzda teselli berýär» diýen sözleri okaýar. Bu sözler ýaňky adama şeýle güýçli täsir edýär welin, doganymyzdan ony ýene bir gezek okamagy haýyş edýär. Ol aýaly ikisiniň tesellä mätäçdigini aýdýar. Şondan soň ol Mukaddes Ýazgylar bilen gyzyklanýar. Bu waka Hudaýyň Sözüniň täsirlidigini görkezmeýärmi näme? (Res. iş. 19:20).
26 IÝUN—2 IÝUL
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | HYDYR 1—3
«Ýehowanyň işini etmäge taýýar boluň»
Imanyňy berkidýän görnüş
ÝEHUDYLAR gökdäki dilegine ýerde gowuşdylar. «Ýehowa Pars patyşasy Kiri bir perman çykarmaga höweslendirdi». Permana laýyklykda, ýehudylar watanyna dolanyp, «Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň Iýerusalimdäki ybadathanasyny gaýtadan dikeltmelidi» (Hyd. 1:1, 3). Hawa, ýehudylar dogduk mekanyna dolanyp, hak Hudaý Ýehowa edilýän arassa seždäni dikeltmelidiler. Olaryň begenjiniň çägi bolan däldir.
Söweş arabalary we täç sizi gorar
2 Zakarýa Iýerusalime dolanan erkekdir aýallaryň imanynyň berkdigini bilýärdi. Olar howpsuz öýünden we öz şahsy bähbitlerinden geçmek üçin, «Hudaý tarapyndan kalby oýarylan» adamlardy (Ezra 1:2, 3, 5). Bu adamlaryň köpüsi ýaşaýan ýerini goýup, öň hiç haçan görmedik topragyna göçdüler. Eger olar Ýehowanyň ybadathanasyny dikeltmegiň wajypdygyna düşünmedik bolsalar, onda howply ýerlerden geçip, 1 600 km ýoly sökerdilermi?
Ruhy dürdäneler
Hydyr kitabyndan peýdaly pikirler
1:3—6. Wawilonda galan ysraýyllar ýaly, Ýehowanyň Şaýatlarynyň köpüsiniň uzak wagtly gulluk etmäge ýa-da kömek gerek ýere gitmäge mümkinçiligi bolmaýar. Emma olar uzak wagtly gullukçylary goldap ruhlandyryp bilýärler. Şeýle-de bütindünýä wagyz işi üçin pul sadakalaryny berip bilýärler.