«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
© 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
5—11 MAÝ
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NAKYLLAR 12
Çekseň zähmet, ýagar rehnet
Göwherden hem gymmatly häsiýet
Ýehowanyň käbir gullukçylary käte örän kyn ýagdaýlary başdan geçirýärler. Emma olar ýagdaýy gowulandyrjak bolup, ýalan sözlemeýärler. Gaýtam, agyr zähmet çekip, dogruçyl bolmaga çalyşýarlar. Bu olaryň Ýehowanyň häsiýetlerini, şol sanda dogruçyllyk häsiýetini islendik zatdan gymmat saýýandyklaryny görkezýär (Sül. tym. 12:24; Efes. 4:28).
Näme üçin zähmetsöýer bolmaly?
Isa pygamber: «Bermek almakdan has bagtly edýändir» diýdi (Resullar 20:35). Biz zähmetsöýer bolsak müşderiler bizden razy bolar, başlygymyz bize buýsanar, maşgalamyzy ekläris we kömege mätäçleri goldarys.
Maşgalany eklemek. Erkek kişi yhlas bilen zähmet çekse, maşgalasy zada zar bolmaz. Birinjiden, olaryň iýjek-içjegi, geýjegi we ýaşara jaýy bolar. Şeýle-de ol Hudaýyň «maşgala agzalaryňyzyň aladasyny» ediň diýen tabşyrygyny ýerine ýetirýär (1 Timoteos 5:8). Ikinjiden, zähmetsöýer adam öz göreldesi bilen maşgala agzalaryna işlemegiň wajypdygyny öwredýär. Şeýn şeýle gürrüň berýär: «Meniň kakam arassa ynsap bilen zähmet çekip gowy görelde galdyrdy. Ol dogruçyl adamdy, bütin ömrüne ussa bolup işledi. Ol maňa halal zähmet çekmegi, adamlara peýdaly boljak zatlary gurmagy öwretdi».
Kömege mätäçleri goldamak. Pawlus resul mesihçilere «mätäçlere kömek edip biler ýaly» zähmet çekmegi maslahat berdi (Efesliler 4:28). Dogrudan-da, biz arman-ýadaman zähmet çeksek, hem özümizi, hem maşgalamyzy ekläp bileris. Şeýle-de mätäçlere kömek etmäge mümkinçiligimiz bolar (Nakyllar 3:27). Hawa, zähmetsöýer adam jomart bolýar, jomart adam bolsa bagtly ýaşaýar.
Dürdäne pikirler
«Parahatlyk däl-de, agzalalyk getirýän» hakykat
15 Öňünden taýýarlanyň. Düşünişmezlige eltýän ýagdaýlar hakda öňünden oýlanyp, nähili hereket etjekdigiňizi çözüň (Sül. tym. 12:16, 23). Awstraliýaly bir uýa şeýle diýýär: «Gaýynatam hakykata güýçli garşy bolansoň, ýoldaşym ikimiz oňa jaň etmezden öň, birden gahary gelse, mähirli gürleşip biler ýaly, Ýehowa doga edip, kömek soramagy maksat edindik. Şeýle-de biz parahat gürrüňdeş bolup biler ýaly, öňünden gowy taýýarlyk görýäris. Mundan başga-da gürrüňdeşlik jedele ýazmaz ýaly, biz uzak däl-de, gysga wagtlyk jaňlaşmagy planlaşdyrýarys».
12—18 MAÝ
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NAKYLLAR 13
Ýoluňyza «erbetleriň çyrasy» ýagty saçmasyn
it «Çyra»
Çyra
Göçme manyda ulanylýan başga mysallar. Çyra adamyň ýörejek ýoluna ýagty saçýar. Nakyllar 13:9-da dogruçyllar we erbetler barada şeýle diýilýär: «Dogruçylyň çyrasy ýalkym saçýar, erbetleriň çyrasy tiz öçýär». Dogruçylyň çyrasy kem-kemden ýagty saçýar. Emma erbediň çyrasy näçe ýagty saçsa-da, tutan işi ugruna bolýan ýaly görünse-de, Allatagala olaryň ýoluny tüm-garaňky eder, olar büdräp ýykylar. Ene-atasyna zalymlyk edýänleriň hem soňy şeýle bolar (Nak 20:20).
Mukaddes Kitapda «çyrasy sönýän» adamyň gelejeginiň ýokdugy aýdylýar. Nakyllar 24:20-de: «Erbetleriň gelejegi ýok, erbetleriň çyrasy sönýär» diýilýär.
Erkinlik berýän Ýehowa gulluk ediň
3 Eger Şeýtan iki kämil adamy we ençeme perişdeleri Hudaýyň hökümdarlygyna garşy gitdirmek üçin täsir edip bilen bolsa, onda bize-de täsir edip biler. Şeýtanyň hileleri üýtgemedi. Ol biziň hem Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý etmek kyn diýip pikir etmegimizi isleýär. Şeýle-de ol Hudaýa gulluk etsek durmuşdan lezzet alyp bilmeris öýtmegimizi isleýär (1 Ýahýa 5:3). Biz dünýädäki adamlar bilen köp wagtymyzy geçirsek, olar ýaly pikir edip başlamagymyz mümkin. 24 ýaşly uýa erbet joralarynyň ýaramaz täsirine düşendigini aýdýar. Ol beýleki ýaşlardan tapawutlanmaga çekinip, ahlaksyzlyk etdi. Belki, sen hem dostlaryň güýçli täsir edýändigini duýýansyň.
«Ätiýaçly adam bilime esaslanyp ädim ädýär»
Hudaýyň hakykat bilimini alan adam paýhasly hem dogruçyl bolýar we köp bereket alýar. Süleýman patyşa: «Dogruçyl iýip doýýar, erbet adam aç galýar» diýýär (Nakyllar 13:25). Ýehowa bize nämäniň ýagşy boljakdygyny bilýär. Şol sebäpli Hudaý bize şu zatlar babatda görkezme berýär: Özüne sežde etmekde, maşgalada, adamlar bilen işleşmekde we maslahat berlende. Hudaýyň Sözündäki maslahatlara düşünsek we kabul etsek, biz iň gowy ýoldan ynamly ýöräris.
Dürdäne pikirler
Maslahata gulak asyň
15 Mukaddes Kitap maslahat soramaga höweslendirýär. Nakyllar 13:10-da: «Maslahatlaşýanlar akyldarlyk gazanýar» diýilýär. Gör, nähili jaýdar aýdylan sözler! Hiç kime sala salmaýan adama garanyňda, başgalar bilen maslahatlaşýan adam hemişe Ýehowany begendirýän karara gelýär. Şol sebäpli her bir ädimde Ýehowany söýýän adamlar bilen maslahatlaşsak gowy bolar.
16 Biz dogan-uýalardan haýsy ýagdaýlarda maslahat soramaly? Aýdaly, uýa ökdelik bilen Mukaddes Kitap okuwyny geçirmek isleýär. Ol tejribeli wagyzçyny sapagyna çagyryp, ökde mugallym bolmak üçin näme etmelidigini sorap biler. Uýa özüne eşik satyn almakçy bolýar. Ol ilki bilen aljak eşigini uly ýaşly uýa görkezip, onuň pikirini sorap biler. Dogan ilkinji gezek jemagat nutugy bilen çykyş edýär. Ol ökde nutukçylardan nutugy ünsli diňläp, soňra maslahat bermegi haýyş edip biler. Köp ýyldan bäri nutuk bilen çykyş edýän doganlar hem ökde nutukçylardan maslahat sorap, oňa eýerseler paýhasly bolar.
17 Öňümizdäki hepdelerde ýa-da aýlarda Ýehowa bize Mukaddes Kitap, edebiýatlar ýa-da imany berk dogan-uýalar arkaly maslahat berer. Şonda makaladaky pikirlere eýerip, pesgöwünli bolalyň, maslahatyň berliş äheňine däl-de, özüne üns bereliň we maslahata gulak asalyň. Elbetde, hiç kim paýhasly bolup dünýä inmeýär. Emma «maslahaty diňläp, terbiýäni kabul etsek» paýhasly bolarys (Nak. 19:20).
19—25 MAÝ
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NAKYLLAR 14
Tebigy betbagtçylyga taýýar boluň
Ýaşaýyş sowgadyny gymmat saýyň!
10 Biz käte durmuşymyzda bolýan ýagdaýlaryň öňüni alyp bilmeýäris. Ýaşaýan ýerimizde tebigy betbagtçylyklar, keselçilik we syýasy çaknyşyklar bolup bilýär. Şeýle ýagdaýlarda hökümetiň goýýan çäklendirmelerine eýersek we berýän görkezmesine gulak assak, janymyzy howpdan gorarys (Rim. 13:1, 5—7). Emma käbir howplara öňünden taýýarlanyp bilýäris. Munuň üçin biz agyz suwuny, zaýalanmaýan iýmiti we gerekli däri-dermanlary öňünden alyp goýarys.
11 Ýaşaýan ýerimizde ýokanç kesel ýaýran bolsa näme etmeli? Biz hökümetiň görkezmesine eýerip, elimizi wagtly-wagtynda ýuwmaly, howpsuz araçägi saklamaly, agyz-burun örtügini dakmaly we köpçülige barmaly däl. Şu maslahatlara eýersek, ýaşaýyş sowgadyny gymmat saýýandygymyzy görkezeris.
12 Betbagtçylyk bolanda käte dost-ýarlarymyzdan, goňşularymyzdan we täzeliklerden nädogry maglumatlary eşidýändiris. Biz her bir aýdylan söze gulak gabartman, hökümetiň we saglyk guramalarynyň aýdýan ygtybarly maglumatlaryny diňlemeli (Nakyllar 14:15-i okaň). Ýolbaşçylyk maslahaty we filiallar hem görkezme bermezden öň belli bir ýagdaý hakda ygtybarly maglumatlary gözleýärler. Diňe şondan soň olar ýygnak duşuşyklary we wagyz işi babatda anyk görkezmeleri berýärler (Ýew. 13:17). Şol görkezmelere eýersek, hem özümizi, hem başgalary gorarys. Adamlar hem Ýehowanyň Şaýatlary hakda gowy pikirde bolarlar (1 Pet. 2:12).
Sadyk ýaly mert boluň
11 Siz kyn günleri başdan geçirýän dogan-uýalara kömek etmeli bolsaňyz, nädip Sadyk ýaly mert bolup bilersiňiz? 1) Guramanyň görkezmesine eýeriň. Dogan-uýalar bilen agzybir boluň. Filialyň görkezmesine gyşarnyksyz eýeriň (Ýew. 13:17). Ýaşulular betbagtçylykdan öň we betbagtçylyk bolanda näme etmelidigi hakdaky görkezmeleri wagtal-wagtal okamaly (1 Kor. 14:33, 40). 2) Batyrgaý, ýöne ätiýaçly boluň (Nak. 22:3). Hereket etmezden öň oýlanyň, gözsüz batyr bolmaň. 3) Ýehowa bil baglaň. Unutmaň, Ýehowa siziňem, dogan-uýalaryňam aman-esen bolmagyny isleýär. Ol size kyn ýagdaýlardan baş alyp çykmaga kömek eder.
Dürdäne pikirler
Sabyrly bolalyň!
16 Sabyrly bolmagyň peýdasy hakda oýlanyň. Sabyrly adamyň kalby rahat bolýar we özüni bagtly duýýar. Ol göwnüçökgünlige düşmeýär, gahar-gazabyň, gaýgy-aladanyň döredýän keselleri bilen syrkawlamaýar. Dogan-uýalar bilen agzybir ýaşaýar, ýygnagyň parahatlygyna goşant goşýar. Göwnüne degseler çalt gaharlanmaýar, öýke-kine saklamaýar we dawalaşmaýar (Zeb. 37:8; Nak. 14:29). Iň esasy zat bolsa, sabyrly Hudaý Ýehowanyň göreldesine eýerýär we Onuň bilen ýakyndan dostlaşýar.
26 MAÝ— 1 IÝUN
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NAKYLLAR 15
Adamlara şatlanmaga kömek ediň
Biz aýypsyzlykda gezeris!
16 Eýýup myhmansöýerdi (Eýýup 31:31, 32). Biz baý bolmasak-da, «myhmansöýer bolup» bileris (Rim. 12:13). Meselem, biz adamlary ýönekeý nahara çagyryp bileris, çünki «söýginiň bar ýerinde gök ösümlikli nahar duşmançylyk bilen iýlen bagöküzden gowudyr» (Sül. tym. 15:17). Imandaşlar bilen mähirli ýagdaýda ýönekeý saçak başynda oturmak hem lezzetli bolup, ruhy taýdan berkidip biler.
w18.04 sah. 23, 24, abz. 16—18
Bir-birimizi has-da ruhlandyralyň!
16 Biz: «Men dile çeper däl, şonuň üçin başgalary ruhlandyryp bilmeýärin» diýip pikir etsek, nädogry bolardy. Aslynda, birini ruhlandyrmak üçin köp zat gerek däl. Munuň üçin mähirli ýylgyryp salamlaşmak hem ýeterlik bolýar. Eger adam ýylgyrman, ýöne bir başyny atyp salamlaşsa, onda ony bir zat biynjalyk edýän bolmagy ähtimal. Şol sebäpli ony ýöne diňlesegem, teselli berip bileris (Ýak. 1:19).
17 Genri atly ýaş dogan käbir dogan-garyndaşlary we ýaşuly bolup gulluk eden kakasy hakykatdan gidende, gaty ruhdan düşýär. Etrap gözegçisi ony kofe içmek üçin kafe çagyryp, ýüregini dökmäge kömek edende, Genri ruhlanandygyny aýdýar. Ol diňe hakykata berk ýapyşsa, maşgala agzalaryna Ýehowa dolanmaga kömek edip biljekdigine düşünýär. Oňa Zebur 46, Sefanýa 3:17 we Markus 10:29, 30-njy aýatlardaky sözler has-da teselli berýär.
18 Marta we Genri bilen bolan wakadan görnüşi ýaly, biz tesellä mätäç dogany ýa uýany ruhlandyryp bileris. Süleýman patyşa: «Ýerlikli söz nähili gowy! Gözleriň nury ýüregi şatlandyrýandyr; ýagşy habar süňklere kuwwat berýändir» diýip ýazdy (Sül. tym. 15:23, 30). Göwnüçökgün adama «Garawul diňindäki» ýa-da web-saýtymyzdaky makalalar hem teselli berip biler. Pawlus resul bile Patyşalyk aýdymlaryny aýtmagyň hem ruhlandyrýandygyny belläp, şeýle diýdi: «Mezmurlar, Hudaýa aýdylýan alkyşlar, minnetdardygyňyzy görkezýän ruhy aýdymlar we ýürekleriňizde Ýehowa nagma aýdyp, biri-biriňize tälim beriň hem-de ruhlandyryň» (Kol. 3:16; Res. iş. 16:25).
Dürdäne pikirler
ijwbq 39, abz. 3
Mesihçiler lukmançylyk bejergilerini alsa bolýarmy?
2. Birnäçe lukmandan maslahat soramalymy? Eger ýagdaýyňyz agyr bolsa, birnäçe lukmandan maslahat sorasaňyz has-da peýdaly bolar (Nakyllar 15:22).
2—8 IÝUN
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NAKYLLAR 16
Dogry karara gelmäge kömek edýän üç sorag
w14 15/1 sah. 19, 20, abz. 11, 12
Ýaşlyk döwründe paýhasly karara geliň
11 Ýehowa gulluk etmek köp şatlyk getirýär (Sül. tym. 16:20). Bir gezek Ýermeýanyň kätibi Baruk muny ünsden düşürdi. Ol Ýehowa gulluk etmegiň gadyryny bilmän, şatlygyny ýitirýär. Şonda Ýehowa oňa şeýle diýdi: «Näme üçin sen özüňe çendenaşa köp soraýarsyň? Sorama, çünki Men bütin adamzadyň başyndan betbagtlyk indererin... Emma nirä gitseň-de, sylag hökmünde janyňy aman saklaryn» (Ýer. 45:3, 5). Seniň pikiriňçe, Barugy näme bagtly ederdi: çendenaşa soraýan zadymy ýa-da Iýerusalim weýran edilende, Hudaýyň wepaly gullukçysy hökmünde halas bolmagy? (Ýakup 1:12).
12 Ramiro atly doganymyz adamlara hyzmat etmekden şatlyk tapýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men Boliwiýada garyp maşgalada önüp-ösdüm. Özümden uly doganym maňa uniwersitetde okamagymy teklip edip, okuw üçin pul tölejekdigini aýtdy. Bu maňa uly mümkinçilik berýärdi. Emma men ýakynda suwda çokundyrylypdym we bir pioner dogan maňa kiçi şäherde wagyz etmegi teklip etdi. Men onuň teklibini kabul etdim. Ol ýere baranymda, men saç gyrkmagy öwrendim we özümi eklär ýaly dellekhana açdym. Biz adamlara Mukaddes Ýazgylar okuwyny teklip edenimizde, olaryň köpüsi seslenýärdi. Soňra men ýerli halkyň dilinde dörän täze ýygnaga geçdim. Men bu ýerde on ýyldan bäri doly wagtly pioner bolup gulluk edýärin we adamlara öz ene dilinde hoş habary bilmäge kömek edýärin. Hiç bir kär maňa şeýle köp şatlygy berip bilmezdi».
Siz Hudaýyň islegine görä täzelendiňizmi?
ALAN terbiýämiz we daş-töweregimizdäki zatlar bize güýçli täsir edýär. Biz geýnişimiz, halaýan iýmitimiz we özümizi alyp barşymyz bilen bir-birimizden tapawutlanýarys. Näme üçin? Köplenç muňa biziň daş-töweregimizdäki adamlar we durmuş ýagdaýymyz sebäp bolýar.
2 Emma iýip-içmekden we egin-eşikden başga-da has wajyp zatlar bar. Meselem, bize terbiýe berlende, käbir zatlary dogry, käbir zatlary nädogry hasaplamagy öwrenýäris. Emma bu meselelerde adamlaryň garaýşy biri-birinden tapawutlanýar. Biziň ynsabymyz hem saýlaýan zatlarymyza täsir edýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Kanuny ýok milletler häsiýetlerine görä kanuna laýyk işleri berjaý edýär» diýilýär (Rim. 2:14). Onda belli bir mesele babatda Hudaýyň kanunynda anyk görkezme berilmedik bolsa, biz alan terbiýämize ýa-da ýaşaýan ýerimizdäki däbe görä hereket etmelimi?
3 Elbetde, mesihçiler beýle etmeýärler, çünki munuň azyndan iki sebäbi bar: 1) Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ýol bardyr, adamyň gözüne dogry görünýändir, onuň soňy bolsa ölüm ýollarydyr» (Sül. tym. 16:25). Biz bikämilligimiz sebäpli dogry we peýdaly ýoly saýlap bilmeýäris (Sül. tym. 28:26; Ýer. 10:23). 2) «Bu dünýäniň taňrysy» Şeýtan adamlaryň garaýşyna we islegine güýçli täsir edýär (2 Kor. 4:4; 1 Ýahýa 5:19). Eger biz Ýehowanyň patasyny almak we Onuň merhemetini gazanmak islesek, onda Rimliler 12:2-däki (okaň) maslahata eýermeli.
Dürdäne pikirler
Garry dogan-uýalary başyňyza täç ediň
AMERIKANYŇ Arkanzas ştatynyň seýilgähleriniň birinde göwher daşlaryny tapsa bolýar. Emma göwher daşlary işlenip bejerilmese, öwşün atmaýar. Şol sebäpli adamlar olara adaty daşdyr öýdüp, deňinden geçip gidýärler.
2 Garry dogan-uýalary göwher daşyna meňzetse bolar. Hudaýyň Sözünde olaryň ak saçy «şöhrat täjine» meňzedilýär (Nakyllar 16:31-i okaň; Nak. 20:29). Emma biz olara hormat goýmasak, göwher daşyny saýgarman geçip giden adamlara meňzäris. Garry dogan-uýalaryň gadyryny bilýän ýaşlar gymmatbaha göwher daşyny tapan ýaly bolarlar we olardan köp zatlary öwrenip bilerler.
9—15 IÝUN
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NAKYLLAR 17
Maşgala ojagynda agzybirlik höküm sürsün
g 9/14 sah. 11, abz. 2
Öýke-kine edip ýörmäň
Özüňizi barlaň. Mukaddes Kitapda gaharyna erk etmeýän adamlaryň «dawa turuzýandygy» aýdylýar (Nakyllar 29:22). Siz hem şeýle adammy? Onda şu soraglar hakda oýlanyň: «Men öýkelekmi? Öýkeländigimi bildirmejek bolýarynmy? Peşeden pil ýasaýarynmy?» Mukaddes Kitapda: «Günäni... aýdyp ýörýän jana-jan dostlary aýra salýar» diýilýär (Nakyllar 17:9; Nesihat 7:9). Şu dana sözler är-aýallara hem degişli. Eger siz öýkelek bolsaňyz şu sorag hakda oýlanyň: «Men ýanýoldaşyma hemişe sabyrly bolýarynmy?» (1 Petrus 4:8).
w08 1/5 sah. 10, abz. 6—sah. 11, abz. 1
Kynçylygy nädip çözmeli?
1. Kynçylygy çözmek üçin wagt tapyň. «Her zadyň öz wagty bar... Dymmagyň öz wagty bar, geplemegiň öz wagty» (Nesihat 3:1, 7). Makalanyň başynda gürrüň edişimiz ýaly, käbir kynçylyklar adamyň gaharyny getirip bilýär. Eger şeýle bolsa özüňe erk etmeli we saklanmaly, sebäbi «dymmagyň wagty» geldi. Emma diňe dymyp oturmaň-da, gaharyňyz köşeşensoň meseläni çözjek boluň. Mukaddes Kitapda: «Uruş tursa, derýanyň bendi açylan ýalydyr, dawa-jenjel turmanka, ol ýerden gaýt» diýilýär (Nakyllar 17:14).
«Geplemegiň öz wagtynyň bardygyny» unutmaň. Kynçylyklar edil haşal ot ýaly, ony sogrup aýyrmasaňyz köpelip gidýär. Şonuň üçin kynçylyk öz-özünden çözüler diýip, üns bermän ýörmäň. Eger siz ýanýoldaşyňyzyň sözüni bölen bolsaňyz, onda gürrüňi soňrak dowam edip, meseläni çözjekdigiňizi aýdyň. Şonda ikiňiz hem Mukaddes Kitabyň şu maslahatyna eýerersiňiz: «Gün batýança, gaharyňyz ýatsyn» (Efesliler 4:26). Soňra beren sözüňizde duruň.
Dürdäne pikirler
Hak Hudaýdan gorkýanlar bereket alar
3 Biz ilki bilen ýüregimizi goramaly. Sebäbi Ýehowa her gün ýüregimizi barlaýar. Ol adamlar ýaly diňe daş keşbimizi däl-de, içki dünýämizi hem görýär (Nakyllar 17:3-i okaň). Eger biz Ýehowanyň öwüt-ündewine gulak asyp aňymyzy arassa saklasak, gökdäki Atamyz bizi ýürekden söýer (Ýah. 4:14). Munuň üçin biz ahlaksyz zatlaryň pikirini etmeli däl, Şeýtanyň aňymyzy zäherlemegine ýol bermeli däl (1 Ýah. 5:18, 19). Biz Ýehowa Atamyz bilen ýakyndan dostlaşsak, Ony ýürekden söýeris we çuňňur hormat goýarys. Biz Hudaýyň göwnüne degýän günäli işleri etmeris, ahlaksyz zatlar hakda pikirem etmeris. Eger wepalylygymyz synalsa: «Heý-de, men bilgeşleýin günä edip, Ýehowanyň göwnüne degerinmi?» diýip oýlanarys (1 Ýah. 4:9, 10).
16—22 IÝUN
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NAKYLLAR 18
Hassa adama göwünlik beriň
Allanyň akyldarlygy ýaň salýar
17 Oýlanyp gepläň. Biz oýlanman geplesek adamlaryň göwnüne degip bileris. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Oýlanman aýdylan söz gylyç kimin ýara salýandyr, paýhasly adamyň dili derde dermandyr» (Nak. 12:18). Biz gybat edip ýörsek, dogan-uýalaryň arasyndaky agzybirligi bozarys (Nak. 20:19). Emma Mukaddes Kitaby okasak we maslahatlaryna eýersek, adamlaryň derdine derman bolarys (Luka 6:45). Mukaddes Kitapda paýhasly adamyň sözleri «joşup akýan çeşme kimindir» diýilýär (Nak. 18:4). Edil şonuň ýaly, bizem oýlanyp geplesek, adamlara göwünlik berip bileris.
Biri-biriňiziň aladaňyzy edip, rehimdar boluň!
6 Dogan-uýalary ünsli diňlemek üçin pesgöwünli we sabyrly bolmaly. Näme üçin? Munuň üç peýdasy bar. Birinjiden, adamlar hakda derrew nädogry netijä gelmeris. Ikinjiden, dogan-uýalaryň duýgularyny, niýetini bilip, has-da duýgudaş bolarys. Üçünjiden, dogana ýa-da uýa özüni tanamaga kömek ederis. Käte bizem duýgularymyzy birine gürrüň berenimizden soň, öz ýagdaýymyza gowy düşünýäris (Nak. 20:5). Aziýa ýurtlarynda ýaşaýan ýaşuly şeýle diýýär: «Bir gezek men uýany diňlemän maslahat berip ýalňyşdym. Men ony ýygnak duşuşygynda has gowy jogap bermäge höweslendirdim. Görüp otursam, uýa gowy okap bilmese-de, ýygnakda jogap bermek üçin elinde baryny edýän ekeni». Hawa, ýaşulular maslahat bermänkä, ünsli diňlemegiň wajypdygyny unutmaly däl! (Nak. 18:13).
7 Käbir dogan-uýalar medeniýeti, alan terbiýesi ýa-da başdan geçiren ýagdaýlary sebäpli duýgusyny gürrüň berip bilmeýär. Olara ýüregini döker ýaly nädip kömek edip bileris? Geliň, Ylýas pygamber Izabelden gaçyp barýarka, Ýehowanyň nädip kömek edendigini bileliň. Ylýas gökdäki atasy Ýehowa ýüregini dökýänçä birnäçe gün gerek boldy. Şonda Ýehowa Ylýas pygamberi ünsli diňledi, ruhlandyrdy we wajyp iş tabşyrdy (1 Pat. 19:1—18). Dogan-uýalar hem özüni rahat duýup, ýüregini döker ýaly wagt gerek bolýar. Olar ýüregini dökende duýgularyna düşünip bileris. Eger biz Ýehowa ýaly sabyrly bolsak, dogan-uýalaryň ynamyna girip bileris. Olar duýgusyny gürrüň bermäge taýyn bolanda, bizem ünsli diňlemäge taýyn bolmaly.
wp23.1 sah. 14, abz. 3—sah. 15, abz. 1
Akyl taýdan hassa adama nädip kömek etmeli?
«Göwnüçökgünlere göwünlik beriň» (1 SELANIKLILER 5:14).
Belki, siziň dostuňyz howsala düşýändir ýa-da özüni dereksiz duýýandyr. Siz näme aýdyp, näme goýjagyňyzy bilmeseňiz-de, «seni gowy görýän» diýseňiz, ol köşeşer, göwni göteriler.
«Hak dost elmydama söýýär» (NAKYLLAR 17:17).
Dostuňyza kömek ediň. Men dostuma şuny etsem-ä gowy bolar diýmegiň deregine: «Näme kömek gerek?» diýip soraň. Eger dostuň nähili kömegiň gerekdigini düşündirip bilmese, onuň bilen gezelenç ediň, bazara gidiň, öýüni syryp-süpürmäge kömek ediň we ş. m. başga-da zatlary bilelikde ediň (Galatýalylar 6:2).
«Sabyrly boluň» (1 SELANIKLILER 5:14).
Belki-de, dostuňyzyň käte siziň bilen gepleşesi gelýän däldir. Şonda siz oňa: «Haçan gepleşesiň gelse aýdaý!» diýiň we höwes bilen diňläň. Ýarawsyz dostuňyz sözi ýa-da hereketi bilen siziň göwnüňize degmegi mümkin, ýa-da bile etjek bolýan işleriňizi edesi gelmez, ýa-da ýersiz-ýere gaharlanyp biler. Şonda siz sabyrly bolup, ýagdaýyna düşünjek boluň (Nakyllar 18:24).
Dürdäne pikirler
Ýehowa agyr günde dadyňyza ýetişer
13 Ätmeli ädimler. Ýeke galjak bolup, dostlaryňyzdan gaçmaň. Eger siz köpçülige goşulman ýeke galsaňyz, diňe özüňiz we kynçylygyňyz hakda pikir edip başlarsyňyz. Şeýlelikde, paýhasly karara gelip bilmersiňiz (Nak. 18:1). Elbetde, biziň her birimiz käte ýeke galmak isleýäris. Esasan-da, agyr günler başymyza düşende, köpçülige çykasymyz gelmeýär. Emma hemişe dostlaryňyzdan gaçyp gezseňiz, onda Ýehowanyň goldawyndan ýüz öwren ýaly bolarsyňyz. Şonuň üçin nähili kyn hem bolsa, dogan-garyndaşlaryňyz, dostlaryňyz we ýaşuly doganlar bilen görşüp duruň. Unutmaň, Ýehowa sizi şolar arkaly goldaýar (Nak. 17:17; Işa. 32:1, 2).
23—29 IÝUN
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NAKYLLAR 19
Hak dost boluň
w23.11 sah. 12, 13, abz. 16, 17
Dogan-uýalary ýürekden söýüň
16 Dogan-uýalaryň ýalňyşyna däl-de, gowy häsiýetine üns beriň. Aýdaly, siz dogan-uýalar bilen dynç alýarsyňyz we wagtyňyzy hoş geçirýärsiňiz. Dynç alşyň soňunda üýşüp surata düşýärsiňiz. Siz dogan-uýalary birnäçe sapar surata alýarsyňyz. Soňra bir doganyň gaşyny çytyp surata düşendigini görýärsiňiz. Şonda siz näme edersiňiz? Elbetde, şol suraty aýrarsyňyz. Sebäbi sizde doganyň ýylgyryp düşen ýene-de iki suraty bar.
17 Dogan-uýalaryň ýylgyryp düşen suratlaryny saklaýşymyz ýaly, olar bilen hoş geçiren pursatlarymyzy hem unutmak islemeýäris. Aýdaly, dogan-uýalaryň biri sözi ýa-da hereketi bilen göwnüňize degýär. Şonda siz näme edersiňiz? Doganyň gaşyny çytyp düşen suratyny aýryşyňyz ýaly, şol ýagdaýy unutsaňyz gowy bolmazmy? (Nak. 19:11; Efes. 4:32). Siz dogan-uýalar bilen köp ýakymly pursatlary başdan geçirdiňiz, şol sebäpli olaryň ýalňyşlaryny unutmak kyn bolmaz. Goý, şeýle ýakymly pursatlar siziň ömrüňizi bezesin!
w23.07 sah. 9, 10, abz. 10, 11
Başdaky söýgiňiz sowamasyn!
10 Biziň dogan-uýalara bolan söýgimiz ýagşylyk etmäge höweslendirmeli (Ýew. 13:16). Geliň, geçen makalada agzalan Anna hakda gürrüň edeliň. Onuň ýaşaýan ýerinde güýçli harasat turýar. Şonda Anna bilen ýanýoldaşy bir maşgalany görmäge barýarlar. Baryp görseler, olaryň jaýynyň üçegi ýumrulypdyr we bar goşlary, egin-eşikleri hapalanypdyr. Anna şeýle diýýär: «Biz olaryň egin-eşiklerini ýuwduk, ütükledik, epledik we yzyna eltip berdik. Biz kiçijik ýagşylyk etdik, emma şol ýagşylyk iki maşgalany jana-jan dost etdi». Hawa, är-aýalyň dogan-uýalara bolan söýgüsi agyr günde olaryň dadyna ýetişmäge höweslendirdi (1 Ýah. 3:17, 18).
11 Biz dogan-uýalary söýsek we ýagşylyk etsek, olar biziň Ýehowanyň göreldesine eýerýändigimizi görerler. Olar biziň eden ýagşylygymyzy hiç haçan unutmaz. Keýli uýa özüne ýagşylyk eden dogan-uýalary ýatlap, şeýle diýýär: «Uýalar meni wagza çagyrardylar, käte ulagly alyp giderdiler, käte ulagly getirerdiler. Çaý içmäge ýa-da myhmançylyga çagyrardylar. Uýalar meni söýýändigi üçin wagtyny, güýjüni gaýgyrmadylar». Elbetde, biziň eden ýagşylyklarymyza hemmeler sag bolsun aýtmaz. Keýli uýa sözüni şeýle dowam edýär: «Ýagşylyk edenlere, meniňem ýagşylyk edesim gelýär. Emma men olaryň häzir nirede ýaşaýandygyny bilmeýärin. Ýehowa bolsa hemme zady bilýär. Şol sebäpli men ýagşylyk eden adamlara Ýehowanyň bereket bermegi üçin doga-dileg edýärin». Hawa, Keýli dogry aýdýar! Biziň dogan-uýalara edýän ujypsyzja ýagşylygymyzy Ýehowa gymmat saýýar we özüne «karz berlen» ýaly duýýar (Nakyllar 19:17-ni okaň).
Birek-birege wepaly söýgini bildireliň!
6 Pawlus resuly tussag edýärler we ony Rime alyp gidýärler. Şonda olar deňizde gämi heläkçiligine uçraýarlar. Emma olaryň hiç biri heläk bolman, sag-aman kenara çykýarlar. Görseler, olar Malta adasyna gelipdirler. Adanyň ýaşaýjylary olary gujak açyp garşy alýarlar we ýagşylyk edýärler (Res. 28:2, 7). Maltanyň ýaşaýjylary olara wepaly söýgini bildirdi diýse bolarmy? Ýok! Olar adamkärçilikli bolansoň, kyn ýagdaýa düşen adamlara ýagşylyk etdiler.
7 Görşümiz ýaly, ýagşylyk etmek bilen wepaly söýgini bildirmegiň arasynda tapawut bar. Muňa has gowy düşünmek üçin, geliň, ýene bir waka seredeliň. Dawut bilen Ýonatan jana-jan dostdy. Ýonatanyň kakasy Dawudy öldürjek bolýardy, emma Dawut dosty Ýonatana wepaly söýgüsini bildirýär. Soňra Ýonatan aradan çykýar, ýöne Dawut onuň ogly Mepiboşete wepaly söýgüsini bildirýär. Näme üçin? Sebäbi wepaly söýgini hiç kim we hiç zat sowadyp bilmeýär. Şu wakadan görnüşi ýaly, wepaly söýgini bildirmek bilen ýagşylyk etmegiň arasynda uly tapawut bar (1 Şam. 20:9, 14, 15; 2 Şam. 4:4; 8:15; 9:1, 6, 7).
Dürdäne pikirler
g20 No. 3 sah. 4, abz. 6—8
Adamlary gowy tanaň
«Bilimsiz bolmak gowy däldir» (NAKYLLAR 19:2).
Aýadyň manysy: gep-gürrüňleriň anygyna ýetmesek ýalňyşarys. Il-günüň myş-myşyna gulak gabartsak, adamlary ala tutarys we äsgermezlik ederis.
Adamlary gowy tanamagyň nähili peýdasy bar?
Biz adamlary gowy tanasak, olar hakda aýdylýan ýalan gep-gürrüňlere ynanmarys. Ata-babalarymyz: «Kör hasasyny bir gezek aldyrar» diýipdir. Biz gep-gürrüňlere aldanandygymyza düşünsek, indiki gezek myş-myşlara ynanmarys.
Näme edip bileris?
Bäş barmagyň deň bolmaýşy ýaly, halkyň içinde gowusy hem bar, erbedi hem bar. Şonuň üçin hemme adamy bir aýakdan sürmäliň.
Adamlar hakda ähli zady bilmeýändigimizi unutmalyň.
Aýdylýan myş-myşlara gulak gabartman, ynamdar çeşmelerden barlalyň.
30 IÝUN—6 IÝUL
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NAKYLLAR 20
Tanyşlyk döwrüniň syry
Tanyşlyk döwri paýhasly karara geliň
3 Ýaşlar tanyşlyk döwrüniň oýun-oýunjak zat däldigine düşünmeli. Olar maşgala gurmak üçin biri-birini gowy tanamaly. Olar toý güni biri-birini jany-teni bilen söýjekdigini we bütin ömrüne hormat goýjakdygyny wada berer. Muňa toýa gelen myhmanlar we Ýehowa şaýat bolar. Adam uly işiň başyny tutanda ýedi ölçäp, bir kesýär (Nakyllar 20:25-i okaň). Şonuň ýaly, wada bermänkäňiz gowuja oýlanyň. Ýehowa siziň beren wadaňyzda durmagyňyzy isleýär. Käbir ýaşlar tanyşlyk döwrüniň soňunda ýa toý tutýarlar, ýa-da duşuşmagyny bes edýärler. Eger siz duşuşmagy bes eden bolsaňyz: «Bary biderek boldy» diýip gynanmaň. Sebäbi siz onuň taýyňyz däldigine göz ýetirdiňiz.
4 Käbir ýaşlar tanyşlyk döwrüniň nämedigine düşünmeýär. Olar maşgala gurmaga taýýar bolmasa-da, çem gelene söz aýdyp ýörýär. Emma diňe ýaşlar däl, mähriban dogan-uýalar, biziň hemmämiz tanyşlyk döwrüniň nämedigine düşünmeli. Meselem, käbirleri duşuşýan ýaşlar hökman toý tutmalydyr öýdýär. ABŞ-da ýaşaýan durmuşa çykmadyk Melissa uýa şeýle gürrüň berýär: «Dogan-uýalar biriniň duşuşyp başlandygy barada eşiden badyna: „Haçan toý?“ diýip soraýar. Şol sebäpli käbir ýaşlar biri-birine laýyk gelmese-de, toý tutmak kararyna gelýär. Käbirleri bolsa iliň gepinden gorkup, tanyşmaga ýaýdanýar. Şeýdip, tanyşlyk döwri şatlykly döwre däl-de, uly bir derde dönýär».
Özüňe mynasyp ýary nädip tapmaly?
8 Doganlar, siz göwnüňize ýaran gyzy nädip synlap bilersiňiz? Siz ýygnakda, oturylyşykda onuň özüni nähili alyp barýandygyna, häsiýetlerine üns beriň we şu soraglar hakda oýlanyň: ol Ýehowa berk iman edýärmi? Joralary kim? Ol näme hakda gürrüň etmegi halaýar? (Luka 6:45). Maksatlarymyz gabat gelýärmi? Onuň nähili abraýy bar? (Rut 2:11). Siz ol hakda ýaşululardan ýa-da ony gowy tanaýan dogan-uýalardan sorap bilersiňiz (Nak. 20:18). Uýany synlanyňyzda, ony oňaýsyz ýagdaýa salmakdan seresap boluň. Ony gowy tanajak diýip, her bir ädimini yzarlap ýörmäň.
Tanyşlyk döwri paýhasly karara geliň
7 Siz tanyşlyk döwri biynjalyk edýän zatlaryňyz hakda açyk gürrüňdeş bolmaly, biri-biriňizden hiç zady gizlemeli däl we ünsli diňlemeli (Nak. 20:5; Ýak. 1:19). Belki, siz kafede, seýilgähde, wagyzda gürrüňdeş bolarsyňyz ýa-da dogan-garyndaşlaryňyza, dost-ýarlaryňyza myhmançylyga bararsyňyz. Şeýle-de siz biri-biriňiz bilen wagt geçirer ýaly käbir işleri planlap bilersiňiz. Şonda onuň dürli ýagdaýda we dürli adamlar bilen özüni nähili alyp barýandygyny görüp bilersiňiz. Niderlandiýada ýaşaýan Eşwin Alisa bilen duşuşyp başlaýar. Eşwin şeýle gürrüň berýär: «Biz bileje nahar bişirýärdik, öýleri syryp-süpürýärdik. Şunuň ýaly ýönekeýje zatlar biri-birimiziň güýçli we ejiz tarapymyzy görmäge kömek etdi».
8 Siz wepaly hem paýhasly hyzmatkäriň edebiýatlaryny okasaňyz biri-biriňiziň garaýşyny bilersiňiz. Siz toýdan soň her hepde maşgala okuwyny geçirersiňiz we Ýehowa sežde etmegi birinji ýerde goýarsyňyz (Nes. 4:12). Şol sebäpli siz häzirden maşgala okuwyny geçirseňiz gowy bolmazmy? Belki, dogan: «Men heniz maşgalabaşy däl ahyryn» diýýändir. Emma maşgala okuwy size Hudaý bilen dostlugyňyzyň berkdigine göz ýetirmäge kömek eder. ABŞ-da ýaşaýan Maks şeýle gürrüň berýär: «Liza bilen duşuşyp başlanymda, maşgala we tanyşlyk döwri baradaky makalalary bileje okadyk. Makaladaky pikirler soramaga çekinýän zatlarymyz hakda gürrüň etmäge mümkinçilik döretdi».
Dürdäne pikirler
Ýaşlar, siz suwa çümdürilmäge taýynmy?
4 Mukaddes Ýazgylarda diňe uly ýaşly ýa-da kämillik ýaşyna ýeten adamlaryň suwa çümdürilmelidigi aýdylmaýar. Süleýmanyň tymsallary 20:11-de: «Işi sapmy, dogrumy ýa dälmi, çaga-da öz edenleri bilen tanalýandyr» diýilýär. Hawa, çagalaram nämäniň dogrudygyna we özüňi Hudaýa bagyş etmegiň näme aňladýandygyna düşünip bilýär. Şol sebäpli ruhy taýdan ýetişendigini görkezýän we özüni Ýehowa bagyş eden ýaşlar suwa çümdürilip, wajyp ädim ädýärler (Sül. tym. 20:7).
5 Eýsem, ruhy taýdan ýetişen bolmak nämäni aňladýar? Bu diňe bir uly adam bolup ýetişmegi öz içine almaýar. Mukaddes Ýazgylarda ruhy taýdan ýetişen adamlaryň öz «aň-düşünjesini ýagşy we ýamany saýgarmaga öwrenişdirendikleri» barada aýdylýar (Ýew. 5:14). Diýmek, ruhy taýdan ýetişen adam Ýehowanyň nazarynda nämäniň dogrudygyna düşünip, oňa berk ýapyşmagy ýüregine düwýär. Şonuň üçin adamlar oňa erbet iş etdirjek bolanlarynda, ol aňsatlyk bilen yrylmaýar. Ýa-da oňa nämäniň dogrudygyny aýdyp, hemişe dürtüp durmaly bolmaýar. Hawa, suwa çümdürilýän ýaşlar ýanynda ene-atasy ýa-da uly ýaşdaky mesihçiler bolmasa-da, Hudaýyň kada-kanunlaryna eýerýär (Filipililer 2:12-ni deňeşdiriň).