Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr25 Iýul sah. 1—10
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2025)
  • Sözbaşylar
  • 7—13 IÝUL
  • 14—20 IÝUL
  • 21—27 IÝUL
  • 28 IÝUL—3 AWGUST
  • 4—10 AWGUST
  • 11—17 AWGUST
  • 18—24 AWGUST
  • 25—31 AWGUST
«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2025)
mwbr25 Iýul sah. 1—10

«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

© 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania

7—13 IÝUL

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NAKYLLAR 21

Paýhasly maslahatlar: maşgala bagtynyň açary

w24.05 sah. 30, abz. 13

Tanyşlyk döwri paýhasly karara geliň

Tanyşlyk döwri näçe wagt dowam etmeli? Mukaddes Kitapda howlugyp karara gelýän adamlaryň kösenýändigi aýdylýar (Nak. 21:5). Birini tanamak üçin wagt gerek bolýar. Şonuň üçin tanyşlyk döwri gysga bolmaly däl. Emma tanyşlyk döwri uzaga-da çekmeli däl. Mukaddes Kitapda: «Uzaga çeken tama ýürege dertdir» diýilýär (Nak. 13:12). Eger uzaga çekse, oglan bilen gyz biri-birine ysnyşyp, özüne erk edip bilmän ahlaksyzlyk etmegi mümkin (1 Kor. 7:9). Siz: «Pylança wagt duşuşaryn» diýip, tanyşlyk döwrüne möhlet goýmagyň deregine: «Ony gowy tanadymmy? Başga-da bilmeýän zatlarym barmy?» diýen soraglar hakda oýlanyň.

w20.07 sah. 3, abz. 3—5

«Özüňize ýokary baha bermäň»

3 Ýehowa är-aýalyň bagtly bolmagy üçin maşgala ojagyny döretdi. Ýöne ähli adamlar bikämil, şol sebäpli her bir maşgalada kynçylyk we düşünişmezlik bolýar. Pawlus resul maşgala gurýanlarda täze kynçylyklaryň boljakdygyny aýtdy (1 Kor. 7:28). Käbir är-aýallar hemişe dawa-jenjel edip ýaşaýandygy üçin: «Biz biri-birimize mynasyp däl ekenik» diýen netijä gelýärler. Eger olar maşgala ojagyna şu dünýäniň garaýşy ýaly garasalar näme bolar?! Är-aýalyň hersi öz bähbidine çapyp, kynçylygy çözmän, aýrylyşmaklygy dogry we aňsat çykalga hasaplaýarlar.

4 «Biz durmuş gurup, bir-birimizi bagtsyz etdik» diýen pikiri akylyňyza-da getirmäň. Är-aýal Hudaýyň aýrylyşmak babatda beren kanunyny unutmaly däl. Är-aýal diňe zyna sebäpli aýrylyşyp bilýär (Mat. 5:32). Şol sebäpli Pawlus resulyň aýdyşy ýaly, maşgalada kynçylyk dörese: «Men bagtly däl, şeýle durmuş maňa gerekmi? Maňa bolan söýgüsi sowadymyka? Belki, men başga biri bilen bagtly bolaryn?» diýen pikirler döräp biler. Adam şeýle soraglar hakda oýlansa, diýmek, diňe özüni bilýär. Şu dünýäniň adamlary: «Ýüregiňi diňle. Öz bagtyň üçin göreş, gerek bolsa, aýrylyş» diýip maslahat berýärler. Mukaddes Kitapda bolsa: «Diňe öz peýdaňyzy däl-de, başgalaryň hem peýdasyny gözläň» diýilýär (Flp. 2:4). Ýehowa maşgalanyň bozulmagyny däl, agzybir ýaşamagyny isleýär (Mat. 19:6). Ýehowa sizden öz islegiňize görä däl-de, Mukaddes Kitabyň maslahatlaryna görä ýaşamagyňyza garaşýar.

5 Är-aýal biri-birini söýmeli we hormat goýmaly (Efesliler 5:33-i okaň). Mukaddes Kitapda: «Bermek almakdan has bagtly edýändigi» aýdylýar (Res. 20:35). Är-aýala biri-birini söýmäge we hormat goýmaga näme kömek eder? Elbetde, pesgöwünlik häsiýeti. Pesgöwünli är-aýallar Mukaddes Kitabyň şu maslahatyna eýerýärler: «Her kim öz peýdasyny däl-de, başgalaryň peýdasyny gözlesin» (1 Kor. 10:24).

w06 15/9 sah. 28, abz. 13

«Ýaşlygyň aýaly bilen şatlan»

13 Eger är-aýalyň gatnaşygy sebäpli nikada kynçylyk dörese näme? Olary çözmek üçin köp tagalla etmeli. Meselem, belki, är-aýalyň arasynda göwne degilýän sözleri aýtmak endik bolandyr (Süleýmanyň tymsallary 12:18). Geçen makaladan bilşimiz ýaly, şeýle sözler erbet täsir etmegi mümkin. Süleýmanyň tymsallary 21:19-da: «Çölde ýaşamak igenjeň we gyňyr aýal bilen ýaşamakdan gowudyr» diýilýär. Şonuň üçin aýal özüne şeýle sowal bermeli: «Ýanýoldaşyma meniň bilen ýaşaşmak kynmyka?» Mukaddes Ýazgylarda ärlere: «Eý ärler, aýalyňyzy söýüň, olara ýowuz bolmaň» diýilýär (Koloseliler 3:19). Är bolsa özüne şeýle sowal bermeli: «Meniň sowuklygym sebäpli aýalym başga ýerden teselli gözleýärmikä?» Her niçik bolsa-da, bu jynsy ahlaksyzlyk etmeli diýildigi däl. Emma beýle betbagtçylyga eltmänkä, açyk gürleşip kynçylyklary çözmeli.

Dürdäne pikirler

w05 15/1 sah. 17, abz. 9

Hudaýyň Patyşalygy baradaky pygamberlikler ýerine ýetýär

9 Häzir Isa pygamber taýharyň üstünde däl-de, gökde patyşalyk tagtynda otyr. Pygamberler Isanyň atyň üstünde oturandygyny gördüler. Mukaddes Kitapda «at» söweşmegi aňladýar (Nakyllar 21:31). Ylham 6:2-de: «Ine, bir ak at çykdy, onuň üstünde oturanyň elinde ýaýy we oky bardy. Oňa täç berildi we ol ýeňmek üçin çykyp, doly ýeňiş gazandy» diýilýär. Dawut pygamber hem Isa hakda şeýle ýazdy: «Ýehowa seniň patyşalyk hasaňy Siondan uzadar. Ol saňa: „Duşmanlaryň arasynda höküm sür“ diýer» (Zebur 110:2).

14—20 IÝUL

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NAKYLLAR 22

Paýhasly maslahatlar: çagany terbiýelemegiň özeni

w20.10 sah. 27, abz. 7

Çagalaryňyz ulalanda-da Hudaýa wepaly bolarmy?

7 Eger siz maşgala guran bolsaňyz we çagaňyzyň bolmagyny isleýän bolsaňyz, onda özüňize şeýle soraglary beriň: «Biz pesgöwünli, berk imanly ene-ata bolup bilerismi? Ýehowa bize eýjejik balajygy terbiýelemegi ynanarmy?» (Zeb. 127:3, 4). Çagaly ene-atalar bolsa şu soraglaryň üstünde oýlanmaly: «Çagalarymyza zähmeti söýmegi öwredýärismi? (Nes. 3:12, 13). Şeýtanyň dünýäsinde ahlak we beden taýdan abanýan howplardan çagalarymyzy goramak üçin jan edýärismi?» (Nak. 22:3). Elbetde, siz çagalaryňyzyň üstünde ganatyňyzy gerseňiz-de, olary ähli kynçylyklardan gorap bilmersiňiz. Emma siz olara Hudaýyň Sözündäki maslahatlara eýermegi we durmuşda duş geljek kynçylyklara döz gelmegi häzirden öwredip bilersiňiz (Nakyllar 2:1—6-njy aýatlary okaň). Meselem, dogan-garyndaşlaryňyzyň biri hakykat ýolundan gitse, çagalaryňyza Mukaddes Kitabyň esasynda näme üçin Ýehowa wepaly galmalydygyny düşündiriň (Zeb. 31:23). Ýa-da garyndaşlaryňyzdan biri aradan çyksa, gaýgy-hasraty ýeňmäge kömek edýän we kalbyňa rahatlyk berýän aýatlary okap beriň (2 Kor. 1:3, 4; 2 Tim. 3:16).

w19.12 sah. 26, abz. 17—19

Ene-atalar, çagalaryňyza Ýehowany söýmegi öwrediň!

17 Çagalaryňyzy kiçilikden terbiýeläň. Çaga näçe ir öwredip başlasaň, şonça-da gowy bolýar (Nak. 22:6). Geliň, Pawlus resul bilen wagyz syýahatyna giden Timoteos hakda gürrüň edeliň. Timoteosyň ejesi Ewnika we mamasy Loýis ony «bäbeklikden» terbiýeläp başlady (2 Tim. 1:5; 3:15).

18 Kot-d’Iwuarda ýaşaýan başga bir är-aýal bolsa, alty sany çagasyna Ýehowany söýüp, oňa gulluk eder ýaly terbiýe berýär. Olara näme kömek edýärkä? Olar Ewnika bilen Loýisiň göreldesine eýerýärler. Bu är-aýal şeýle diýýär: «Çagalarymyzyň doglanyna biraz wagt geçensoň, Hudaýyň Sözüni olaryň aňyna hem ýüregine guýup başladyk» (5 Mus. 6:6, 7).

19 Ýehowanyň Sözüni çagalaryň «aňyna, ýüregine guýmak» nämäni aňladýar? Guýmak diýen söz öwretmegi hem-de gaýta-gaýta tälim bermegi aňladýar. Elbetde, muny etmek üçin ene-atalar kiçijik çagalaryna köp wagtyny bermeli bolýar. Çagalara şol bir zady gaýta-gaýta öwretmek käte ene-atalary gaharlandyryp hem biler. Ýöne paýhasly ene-atalar gaýtalap öwretmek bilen, çagalaryna Hudaýyň Sözüne düşünmäge hem-de şol boýunça ýaşamagy öwredip bilýärler.

w15 15/11 sah. 5, abz. 6

Çagalaryňyza Ýehowa gulluk etmegi öwrediň

6 Çagalaryňyza terbiýe berip, olary söýýändigiňizi görkeziň. Käwagt nämedir bir zadyň dogrudygyny ýa-da nädogrudygyny düşündirmek ýeterlik bolýar. Käbir ýagdaýlarda bolsa, çaga siziň aýdýan zatlaryňyza gulak asmazlygy mümkin (Sül. tym. 22:15). Şonda Isanyň göreldesine eýeriň. Ýerlikli wagtda hem-de ýerde çagalaryňyza sabyrlylyk bilen görkezme we düzediş berip öwrediň. Olara söýgi hem-de mähir bilen terbiýe beriň. Günorta Afrikada ýaşaýan Eleýn atly uýa şeýle diýýär: «Ejem bilen kakam maňa terbiýe berenlerinde durnuksyz hereket etmeýärdiler. Olar özümi nädogry alyp barsam, näme boljakdygyny duýdursalar, hemişe şony hem edýärdiler. Emma olar hiç haçan gahar bilen ýa-da sebäbini düşündirmän temmi bermeýärdiler. Şol sebäpli men özümi ynamly duýýaryn. Men öz çägimi bilýärin we menden näme talap edilýändigine düşünýärin».

Dürdäne pikirler

w21.08 sah. 22, abz. 11

Ýehowa ýürekden gulluk edip şatlanyň

11 Biz Ýehowanyň tabşyran işlerini ýürekden ýerine ýetirsek şatlygymyza şatlyk goşular. Şol sebäpli yhlasly wagyz ediň we ýygnagyň işlerini ýürekden ýerine ýetiriň (Res. 18:5; Ýew. 10:24, 25). Ýygnak duşuşyklaryna öňünden taýýarlanyň we ruhlandyryjy jogaplary beriň. Hepdäniň başyndaky duşuşykda berilýän ýumuşlara sowuk-sala garaman, gowy taýýarlanyň. Eger ýaşulular bir iş tabşyrsa, wagtynda ýerine ýetirmäge çalşyň. Tabşyrylan işe biperwaý garaman, gaýtam has gowy ýerine ýetirmek üçin jan ediň (Nak. 22:29). Eger siz tabşyrylan işleri yhlasly ýerine ýetirseňiz, Ýehowa bilen dostlugyňyz has-da berkär we ýürekden şatlanarsyňyz (Gal. 6:4). Şeýle-de siziň arzuw edip ýören borjuňyzy başga dogana berseler, göriplik etmersiňiz we onuň şatlygyna goşularsyňyz (Rim. 12:15; Gal. 5:26).

21—27 IÝUL

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NAKYLLAR 23

Paýhasly maslahatlar: şerap bilen çakyryň çägini biliň

w23.12 sah. 14, abz. 7, 8

Mukaddes Kitapda şerap içmek babatda näme diýilýär?

Mukaddes Kitapda çeniňi bilip içmek ýazgarylmaýar we şerap içýän adamyň kalbynyň şatlykdan dolýandygy aýdylýar. Nesihat 9:7-de: «Git-de, çöregiňi iýip şatlan, şerabyňy içip, göwnüňi hoşla» diýilýär. Mukaddes Kitapda Isa pygamberiň we hudaýhon adamlaryň şerap içendigi ýazylan (Mat. 26:27—29; Luka 7:34; 1 Tim. 5:23).

Mukaddes Kitapda serhoşlyk ýazgarylýar. Ol ýerde «şerapdan serhoş bolmaň» we «arakhorlar... Hudaýyň Patyşalygyny miras almazlar» diýilýär (Efes. 5:18; 1 Kor. 6:10). Hawa, Ýehowa serhoşlygy we arakhorlugy halamaýar. Şonuň üçin iller içýär, menem içjek diýmän, Hudaýyň garaýşyna düşünjek bolmaly.

w23.12 sah. 14, abz. 4

Mukaddes Kitapda şerap içmek babatda näme diýilýär?

Mesihçiler Mukaddes Kitapdaky kada-kanunlara görä karara gelýärler. Mukaddes Kitapda şeraby aşa köp içmegiň zyýanlydygy ýazylan. Belki, siziň ýadyňyza Nakyllar 23:29—35-nji aýatlar düşýändir. Ol ýerde serhoş adamyň ýagdaýy şahyrana sözler bilen beýan edilýär. Ýewropada ýaşaýan Daniýel Ýehowany tanamazdan öň aşa köp şerap içýärdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men aşa köp içendigim üçin köp ýalňyşlary goýberdim, erbet işleri etdim. Şol günleri ýatlanymda ýüregim agyrýar».

Dürdäne pikirler

w23.02 sah. 21, abz. 6, 7

Ýaşaýyş sowgadyny gymmat saýyň!

6 Mukaddes Kitap saglyk kitaby bolmasa-da, onda Ýehowanyň saglyk babatda garaýşy ýazylan. Mysal üçin, Hudaýyň Sözünde «erbet zatlardan gaça duruň» diýilýär (Nes. 11:10). Mukaddes Kitapda iýermenlik we içegenlik ýazgarylýar. Sebäbi şol zatlar biziň saglygymyza zyýan ýetirýär (Nak. 23:20). Ýehowa biziň näme iýip-içýändigimize we näçeräk iýip-içýändigimize ünsli bolmagymyzy isleýär (1 Kor. 6:12; 9:25).

7 Hudaý bize pikirleniş ukybyny berdi. Biz pikirleniş ukybyny ulanyp jan-saglygymyzy gorap bilýäris (Zeb. 119:99, 100; Nakyllar 2:11-i okaň). Aýdaly, siz bir iýmiti gowy görýärsiňiz, ýöne şol iýmit saglygyňyz üçin zyýanly. Eger siz oýlanyp hereket etseňiz, şol iýmitden gaça durarsyňyz. Biz pikirleniş ukybyny ulansak, diňe bir zyýanly zatlardan gaça durman, eýsem, wagtynda ýatyp turarys, beden maşkyny ederis, şahsy arassaçylygy saklarys, öýümizi we daş-töweregimizi tämiz saklarys.

28 IÝUL—3 AWGUST

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NAKYLLAR 24

Kynçylyklarda berk duruň

w23.07 sah. 18, abz. 15

«Berk we tutanýerli boluň»

15 Mukaddes Kitaby her gün okaň we oýlanyň. Şonda imanyňyz berk agaç ýaly bolar. Agaçlar ýyl-ýyldan ösüp, köki daş-töweregine ýaýraýar. Şonuň ýaly Hudaýyň Sözüni her gün okasaňyz we oýlansaňyz imanyňyz berkär, Ýehowanyň kada-kanunlarynyň peýdalydygyna ýürekden ynanarsyňyz (Kol. 2:6, 7). Mukaddes Kitaby okanyňyzda Ýehowanyň halkyna görkezme, tabşyryk berendigi we gorandygy hakda oýlanyň. Meselem, Hyzkyl pygamber görnüşde perişdäniň ybadathanany ölçändigini görýär. Şonda pygamberiň imany berkeýär. Bizem şol görnüş hakda oýlansak, Ýehowany razy etmek üçin ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşamalydygymyza düşüneris (Hyz. 40:1—4; 43:10—12). Hawa, Hudaýyň Sözüni her gün okasaňyz we oýlansaňyz imanyňyz asla sarsmaz.

w09 15/12 sah. 18, abz. 12, 13

Kynçylyga duşanyňyzda şatlanyň

12 Süleýmanyň tymsallary 24:10-da: «Aladaly günde tapdan düşseň, kuwwatyň azdyr» diýilýär. Başga tymsalda bolsa: «Şadyýan ýürek ýüzi bezeýändir; ýürek agyrysy bolsa ruhy döwýändir» diýilýär (Sül. tym. 15:13). Käbir mesihçiler Mukaddes Ýazgylary okaman we Hudaýyň Sözündäki pikirler barada oýlanman ruhdan düşýärler. Olar ýüzleý doga edýär we özlerini dogan-uýalardan çetde tutýar. Şol sebäpli göwnüçökgünlik uzaga çekse zyýanly bolup biler (Sül. tym. 18:1, 14).

13 Gelejege bolan umyt, bize lezzet we şatlyk berýän zatlara ünsli bolmaga kömek edýär. Dawut pygamber: «Men Seniň islegiňi berjaý etmekden keýp alýaryn, eý Hudaýym» diýdi (Zeb. 40:8). Eden ýalňyşlygymyz, Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmaga, wagyz etmäge hem-de doga etmäge päsgel bermeli däl. Yhlasly gulluk edip, şatlanyp göwnüçökgünlige hötde gelip bolýar. Ýehowa bize Mukaddes Ýazgylary yzygiderli okasak we oýlansak bagtly boljakdygymyzy aýtdy (Zeb. 1:1, 2; Ýakup 1:25). Biz Hudaýyň Sözünden we ýygnak duşuşyklaryndan «hoş sözleri» eşidip, ruhlanýarys hem-de begenýäris (Sül. tym. 12:25; 16:24).

w20.12 sah. 15

Okyjylaryň sowallary

Nakyllar 24:16-da: «Dogruçyl adam ýedi gezek ýykylsa-da, ýerinden turýar» diýilýär. Şu aýat gaýta-gaýta günä edýän adamy Hudaýyň bagyşlaýandygyny aňladýarmy?

Ýok! Aslynda şu aýatda başga zat hakynda gürrüň edilýär. Adamyň kynçylyklara ýa-da betbagtçylyklara duşanda «ýykylýandygyny», olara döz gelende bolsa «ýerinden turýandygyny» aňladýar.

Diýmek, Nakyllar 24:16-daky «ýykylmak» diýen söz adamyň günä etmegini däl-de, kynçylyklarda, synaglarda ýa-da betbagtçylyklarda gaýta-gaýta ruhdan düşmegini aňladýar. Şeýtanyň zalym dünýäsinde hudaýhon adamlar keselçilik ýa-da başga kynçylyklara döz gelmeli bolýarlar. Mundan başga-da olar hökümet tarapyndan güýçli yzarlanýarlar. Ýöne olar Hudaýa bil baglaýandygy üçin her bir kynçylyga döz gelip biljekdiklerine ynanýarlar. Görşümiz ýaly, Ýehowanyň halky ýykylsa-da, ýerinden galyp, şatlanyp bilýär. Näme üçin? Sebäbi «Ýehowa ýykylanlary galdyrýar, bili bükülenleriň daýanjy bolýar» (Zeb. 41:1—3; 145:14—19).

Dürdäne pikirler

lv bap 10, abz. 13—15

Nika mähriban Hudaýyň sowgady

13 Eger sen maşgala gurmagy ýüregiňe düwen bolsaň, onda özüňe: «Men maşgala gurmaga taýynmy?» diýen sowaly berip bilersiň. Ýöne bu sowalyň jogaby seniň söýgi, jynsy gatnaşyklar, dostluk we çaga terbiýelemek baradaky düşünjäň bilen çäklenmeýär. Gaýtam, geljekki är we aýal maşgala bilen bagly käbir borçlar hakynda oýlanmaly.

14 Gelinlik gözleýän ýaş ýigit şu prinsip barada ymykly oýlanmaly: «Daşardaky işiňi gutar; ekin meýdanlaryňy ekişe taýýarla; öýüňi onsoň sal» (Süleýmanyň tymsallary 24:27). Bu näme aňladýarka? Şol wagtlar «öý salmakçy» bolýan, ýagny öýlenip, durmuş gurýan ýaş ýigit özüne şeýle sowal bermelidi: «Men aýalym we boljak çagalarym barada alada etmäge we olary eklemäge taýýarmy?» Ol ekin meýdanlary we hasyly hakda alada edip, ilki bilen zähmet çekmelidi. Şu günlerem şol prinsipe eýermeli. Öýlenmekçi bolýan ýigit öz üstüne jogapkärçiligi almaga taýyn bolmaly. Onuň saglyk ýagdaýy gowy bolsa işlemeli. Hudaýyň Sözüne laýyklykda, erkek adam maşgalasynyň ruhy, beden we duýgy taýdan aladasyny etmese, imansyzdanam beterdir! (1 Timoteos 5:8-i okaň).

15 Durmuşa çykmakçy bolýan mesihçi gyz hem öz üstüne käbir jogapkärçiligi almaga razy bolýar. Mukaddes Ýazgylarda ärine kömek edip, maşgalanyň aladasyny etmek üçin gerekli başarnygy we häsiýetleri bolan aýal öwülýär (Süleýmanyň tymsallary 31:10—31). Şol jogapkärçiliklere taýýarlanman, durmuş gurmaga howlugýan ýigitler we gyzlar, aslynda, diňe özüni bilip, geljekki ýanýoldaşynyň aladasyny etmelidigi hakda oýlanmaýarlar. Esasanam, durmuş gurmakçy bolýan ýigit we gyz ruhy taýdan taýýarlanmaly.

4—10 AWGUST

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NAKYLLAR 25

Paýhasly maslahatlar: şypa berýän dil

w15 15/12 sah. 19, abz. 6, 7

Diliňizi abatlyk üçin ulanyň

6 Süleýmanyň tymsallary 25:11-de: «Ýerinde aýdylan sözler kümüş gabyň içindäki altyn almalar kimindir» diýilýär. Altyn almalar şeýle-de owadan, emma olary kümüş gabyň içine salanyňda has-da gözel görünýär. Şonuň ýaly-da, ýerlikli wagty geplemek adamyň gürrüňiniň has peýdaly hem-de abatlaýjy bolmagyna ýardam edýär. Nädip?

7 Biziň sözlerimiz wajyp bolsa-da, olary ýerlikli wagty aýtmasak, manysyz bolmagy mümkin (Süleýmanyň tymsallary 15:23-i okaň). Mysal üçin, 2011-nji ýylyň mart aýynda Ýaponiýada bolan ýertitreme we sunami köp şäherleri tutuşlygyna weýran etdi. Şonda 15 müňden gowrak adam heläk boldy. Ýehowanyň Şaýatlary ýakynlaryny ýitirip, ejir çekseler-de, gaýgy-hasratda oturan adamlara Mukaddes Ýazgylar arkaly teselli bermek üçin, elinde baryny etdiler. Emma ýerli ýaşaýjylaryň köpüsi buddizm dinine ýüregi bilen berlipdi we olar Mukaddes Ýazgylar barada kän bilmeýärdiler. Şol sebäpli doganlarymyz ahy-nala çekýän adamlara sunamiden soň derrew direliş barada wagyz etmegiň wagty däl diýip pikir etdiler. Olar geplemek ukybyny adamlara göwünlik bermek üçin ulanyp, Mukaddes Ýazgylar arkaly bigünä adamlaryň näme üçin şeýle elhenç betbagtçylyklara uçraýandygyny düşündirdiler.

w15 15/12 sah. 21, abz. 15, 16

Diliňizi abatlyk üçin ulanyň

15 Biziň bir zady nädip aýdýandygymyz hem örän wajypdyr. Isa önüp-ösen şäheri Nasyranyň sinagogasynda wagyz edende, adamlar «onuň agzyndan çykýan mähirli sözlere» haýran galdylar (Luka 4:22). Eger biz hem adamlar bilen mähirli gepleşsek, olar biziň aýdýan zatlarymyzy ünsli diňläp, höwes bilen kabul ederler (Sül. tym. 25:15). Biz mylakatly hem-de sypaýy bolup, başgalaryň duýgusyny göz öňünde tutsak, Isanyň göreldesine eýereris. Isa ony diňlemäge gelen uly märekäniň köp tagalla edendigini görende, ýüregi awap, «olara köp zatlary öwretmäge başlady» (Mar. 6:34). Ol hatda sögülende-de gödek jogap bermedi (1 Pet. 2:23).

16 Gowy tanaýan adamlarymyz bilen ýumşak we sypaýy gepleşmek kyn bolmagy ahmal. Biz maşgala agzalarymyz ýa-da ýygnakdaky ýakyn dostlarymyz bilen has arkaýyn gepleşsek hem bolýar diýip pikir etmegimiz mümkin. Emma Isa şägirtleri bilen has ýakyndan gatnaşýandygy üçin, olar bilen gödek gürleşsemem bolýar diýip pikir etdimikä? Elbetde, ýok! Resullar aralarynda kimiň uludygy barada gaýta-gaýta jedelleşseler-de, Isa bir çagany mysal getirip, olara mähir bilen düzediş berdi (Mar. 9:33—37). Ýygnak ýaşululary hem Isanyň göreldesine eýerip, «ýumşaklyk ruhy bilen» maslahat berip bilerler (Gal. 6:1).

w18.04 sah. 22, abz. 10

Bir-birimizi has-da ruhlandyralyň!

10 Dogan-uýalary ruhlandyrmak diňe ýaşulularyň borjy däl. Pawlus resul mesihçileriň ählisine «diňleýänlere peýdaly bolar ýaly, gerekli wagty diňe ruhlandyryjy sözleri aýtmagy» maslahat berdi (Efes. 4:29). Biziň her birimiz dogan-uýalara «gerekli wagty» kömek edip biler ýaly ünsli bolmaly. Pawlus ýewreý mesihçilere: «Gowşan elleriňizi we aýaklaryňyzy berkidiň. Bedeniňiziň şikesli ýeri has-da erbetleşmän, gaýtam, sagalar ýaly, dogry ýoldan ýöremegiňizi dowam ediň» diýip maslahat berdi (Ýew. 12:12, 13). Görşümiz ýaly, ählimiz, şol sanda ýaşlaram ruhlandyryjy sözleri bilen birek-biregi berkidip bilýär.

Dürdäne pikirler

w23.09 sah. 14, abz. 3

Ýumşak adam güýçlüdir

3 Ýumşak adam ejiz däldir, güýçlüdir! Şeýle adama garşy çykanlarynda, ol dargursak bolmaýar, özüni rahat alyp barýar. Mukaddes Kitapda ýumşaklyk häsiýetiniň «mukaddes ruhuň miwesidigi» aýdylýar (Gal. 5:22, 23). «Ýumşak» diýen grek sözi, ýabany atlary eldekileşdirilende ulanylýar. Eldekileşdirilen atlara baş öwredilenden soňra eýesine gulak asýar we ejiz däl-de, has-da güýçli bolýar. Biz nädip hem güýçli, hem mylakatly bolup bileris? Elbetde, ynsan muny öz güýji bilen başarmaz. Şol sebäpli giň göwünli, ýumşak bolar ýaly, Ýehowadan mukaddes ruhy sorap doga etmeli. Dogan-uýalara garşy çykanlarynda, olar özlerini sypaýy alyp barandyklary üçin köpleriň garaýşy üýtgedi (2 Timoteos 2:24, 25-nji aýatlary okaň). Diýmek, bizem synaglarda ejizlemän hem güýçli, hem mähirli bolup bileris.

11—17 AWGUST

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NAKYLLAR 26

«Akmaga» ýanaşsaň «garasy ýokar»

it «Ýagyş»

Ýagyş

Pasyllar. Wada edilen ýurtda tomus bilen gyş pasly ýylyň iň esasy iki döwri hasaplanypdyr. Olara gurakçylyk we ýagynly döwri diýlipdir (Zb 32:4-i deňeşdiriň; Aýd 2:11, çykgyt). Aprel aýynyň ortasyndan tä oktýabr aýynyň ortasyna çenli ygal örän az düşüpdir. Şol aýlar hasyl ýygnalypdyr we ýagyş az ýagypdyr. Nakyllar 26:1-de aýdylyşy ýaly, hasyl döwri ýagşyň ýeri däldi (1Şm 12:17—19-njy aýatlary deňeşdiriň). Ýagynly döwri hemişe ýagyş ýagmandyr; bir gün ýagyş ýagsa, beýleki gün açyk howa bolupdyr. Şeýle-de ýagmyrly döwür howa örän sowuk bolupdyr, ýagşyň astynda galan adam sowukdan ýaňa titräpdir (Hyd 10:9, 13). Şol sebäpli ýagyş-ýagmyrda pena bolýan her bir zat adamyň janyny halas edipdir (Işa 4:6; 25:4; 32:2; Eýp 24:8).

w87 1/10 sah. 19, abz. 12

Temmi taýagy — parahatlyk miwesi

12 Nakyllar 26:3-de: «Gamçy ata, uýan eşege, taýak bolsa akmagyň ýagyrnysyna ýaraşar» diýilýär. Şu aýatdan görnüşi ýaly, käbirlerine berk çäre görmeli bolýar. Ýehowa ysraýyllary öz halky edip saýlapdy. Ol ysraýyllar sapak ediner ýaly, käte kynçylyk çekmeklerine ýol beripdir. Sebäbi olar «Hudaýyň sözüne gulak asmadylar, Allatagalanyň maslahatyny äsgermediler. Hudaý olary peseltdi, başyna betbagtçylyk inderdi, olar büdräp ýykyldy, ýardam beren bolmady. Agyr günde Ýehowa perýat etdiler, Alla olary jebir-jepadan gutardy» (Zebur 107:11—13). Käbir akmak adamlar şeýle bir dikdüşdi bolýarlar welin, temmi berseň-de peýdasy ýok. Nakyllar 29:1-de: «Käýinje gulak asmaýan özdiýenli adam duýdansyz ýykylar, gaýdyp turmaz» diýilýär.

it «Agsak»

Agsak

Nakyllar. Akyldar Süleýman patyşa: «Işini akmaga ynanan adam öz aýagyna palta urýar (agsak edýär)» diýýär. Akmaga işi tabşyran adam öz-özüne zyýan ýetirýär. Sebäbi iş wagtynda edilmänsoň zyýan çekiler (Nak 26:6).

Dürdäne pikirler

w23.09 sah. 19, abz. 18

Ýumşak adam güýçlüdir

18 Biz imanymyz hakynda ynamly we mylakatly düşündirsek-de, käbirleriniň diňlemezligi mümkin. Emma biz şonda-da sylaşykly we sypaýyçylykly gepleşmeli (Koloslylar 4:6-ny okaň). Adamlar bilen gürrüňdeş bolmagy pökgi zyňşyp oýnamak bilen deňeşdirse bolar. Pökgini batly ýa-da emaý bilen zyňyp bolýar. Eger biz pökgini emaý bilen zyňsak, garşymyzdaky oýunçy ony gapyp alar we oýun dowam eder. Edil şonuň ýaly, sylaşykly bolsak, sypaýyçylyk bilen geplesek, adamlar bizi diňlär we gürrüňdeşligimiz dowam eder. Emma käbir adamlaryň üstümizden gülmegi ýa-da dawalaşmagy mümkin. Şonda olara hökman jogap bermelidiris öýtmäň (Nak. 26:4). Aýdýan zatlarymyz käbirleriniň gulagyna hoş ýakmasa-da, biz sylaşykly bolsak köpleri höwes bilen diňlär.

18—24 AWGUST

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NAKYLLAR 27

Hak dost kömek etmäge taýýardyr

w19.09 sah. 5, abz. 12

Ýehowa pesgöwünli adamlary gowy görýär

12 Pesgöwünli adam berlen maslahat üçin minnetdar bolýar. Aýdaly, siz Ýygnak jaýynda dogan-uýalar bilen gepleşip dursuňyz. Şonda bir dogan sizi gyra çekip, dişiňizde etiň galandygyny aýdýar. Şonda utanjyňyzdan ýaňa ýüzüňiz gyzarsa gerek. Ýöne siz şol dogana örän minnetdar bolardyňyz we öňräk aýdan bolsa, has gowy bolardy diýerdiňiz. Diýmek, biz pesgöwünli bolmaly we gerek wagty çekinmän maslahat berýän dogan-uýalara minnetdarlyk aýtmaly. Biz olary duşmanymyz däl-de, dostumyz hasaplamaly (Nakyllar 27:5, 6-njy aýatlary okaň; Gal. 4:16).

it «Goňşy»

Goňşy

Nakyllar kitabynda dostuňa ynanmalydygy we gerekli wagty ondan kömek soramalydygy hakda şeýle maslahat berilýär: «Dostuňdan, ataň dostundan ýüz öwürme, kyn günüňde doganyň öýüne gitjek bolma, sebäbi uzakdaky dogandan golaýdaky goňşy (şahen) ýagşydyr» (Nak 27:10). Şu aýatdan görnüşi ýaly, wepaly dostuňyň gadyryny bilmeli we kömek soramaly. Sebäbi ol uzakdaky dogan-garyndaşlaryňdan, ýagny doganyňdan hem tiz kömek edip biler.

w23.09 sah. 10, abz. 7

Ýaşlar, size nähili gelejek garaşýar?

7 Ýaşlar, Ýehoýaş patyşa bilen bolan wakadan näme öwrenýärsiňiz? Siz Ýehowany söýýän we Ony razy edýän adamlar bilen dostlaşyň. Siz diňe öz deň-duşlaryňyz bilen dostlaşmalydyryn öýtmäň. Ýadyňyzda bolsa, baş ruhany Ýehoýada Ýehoýaşdan has uludy. Emma olar jana-jan dost boldular. Biri bilen dostlaşmazdan öňürti şu soraglar hakda oýlansaňyz gowy bolar: ol meniň Ýehowa imanymy berkidýärmi? Meni Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaga höweslendirýärmi? Ýehowa we Mukaddes Kitabyň hakykatlary hakda gürrüň etmegi halaýarmy? Hudaýyň kada-kanunlaryna hormat goýýarmy? Men ýalňyşanymda düzedýärmi ýa-da diňe gulagyma hoş ýakýan zatlary aýdýar? (Nak. 27:5, 6, 17). Ýaşlar, Ýehowany söýmeýän adamlardan arany açyň, emma hak Allany söýýänlere gujak açyň (Nak. 13:20).

Dürdäne pikirler

w17.01 sah. 24, abz. 11, 12

Siz synaglarda pespäl bolup bilersiňiz

11 Pespälligimiz bizi öwenlerinde-de synalyp biler. Esteriň mysalyna seredeliň. Onuň durmuşy birden üýtgedi. Ol örän owadandy. Şa köşgüne getirilende, oňa bir ýyllap dürli ýaglar, atyrlar hem-de owadanlyk serenjamlary bilen timar berdiler. Ol bütin Pars imperiýasyndan patyşa üçin getirilen ýaş gyzlar bilen her gün gürrüňdeş bolýardy. Emma Ester gyzlaryň arasyndaky bäsdeşligiň täsirine düşmedi. Patyşa ony şa aýaly edip saýlansoňam, ol özüni ýokary tutmady (Est. 2:9, 12, 15, 17).

12 Şeýle-de pespällik bize salykatly geýinmäge we özümizi sylaşykly alyp barmaga kömek eder. Biz adamlaryň hormatyny özümizi öwüp däl-de, «ýuwaş we ýumşak häsiýet» bilen gazanyp biljekdigimize düşünýäris (1 Petrus 3:3, 4-nji aýatlary okaň; Ýer. 9:23, 24). Eger tekepbirligiň ýüregimizde kök urmagyna ýol bersek, onda ol iru-giç aýan bolar. Meselem, edýän gürrüňlerimizden hormatly borçlary ýerine ýetirýändigimize, başgalaryň bilmeýän maglumatyny bilýändigimize ýa-da jogapkär doganlar bilen ýakyndan gatnaşyk edýändigimize buýsanýandygymyz görünmegi mümkin. Ýa-da edýän işlerimizi başgalaryň kömegi bilen etsek-de, ony diňe öz güýjümiz bilen etdik diýýändiris. Bu babatda-da Isa ajaýyp görelde galdyrdy. Ol hemişe Ýewreý ýazgylaryna salgylanýardy. Şeýle-de aýdýan sözleriniň we akyldarlygynyň özüniňki däl-de, Ýehowanyňkydygyny açyk aýdýardy (Ýah. 8:28).

25—31 AWGUST

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NAKYLLAR 28

Hudaýhon bilen erbet adamyň tapawudy

w18.02 sah. 8, abz. 1, 2

Siz Ýehowany Nuh, Danyýel we Eýýup pygamber ýaly tanaýarsyňyzmy?

1 DÜNÝÄNIŇ ahyry golaýladygyça, «erbetler ot kimin gögerýär» (Zeb. 92:7). Bu bizi geň galdyrmaýar, sebäbi adamlar Hudaýyň ahlak kadalaryny äsgermezçilik edýärler. Şeýle kyn döwürde biz «düşünmekde çagalar ýaly bolmaň-da, erbet işleri etmekde çagalar ýaly boluň» diýen maslahata nädip eýerip bileris? (1 Kor. 14:20).

2 Biz bu soragyň jogabyny makalanyň başynda getirilen aýatdan tapyp bileris. Onda: «Rebbi agtarýanlar (Hudaýyň halaýan) ähli zadyna düşünýändir» diýilýär (Sül. tym. 28:5). Süleýmanyň tymsallary 2:7, 9-njy aýatlarda hem şuňa meňzeş pikire duş gelse bolýar. Onda: «(Ýehowa) gönüler üçin sagdyn maslahat saklaýandyr» diýilýär. «Gönüler», ýagny dogry adamlar «haka we adalata, hawa, her bir gowy ýola... düşünýärler».

it «Wepalylyk»

Wepalylyk

Adam öz güýji bilen däl-de, Ýehowa berk iman edýändigi, ynanýandygy we kyn gününde goldajakdygyna şübhelenmeýändigi üçin, Oňa wepaly bolýar (Zb 25:21). Ýehowa özüne wepaly adamlaryň «galkany» boljakdygyny we «gorajakdygyny» söz berýär (Nak 2:6—8; 10:29; Zb 41:12). Hudaýy razy edýän adam bagtly ýaşaýar we maksadyna ýetmek üçin elinde baryny edýär (Zb 26:1—3; Nak 11:5; 28:18). Dogry, wepaly adamlar hem erbet adamlar ýaly kynçylyk çekýär, görgi görýär we dünýäden ötýär. Eýýup pygamber hem şu barada aýdypdy. Emma Ýehowa wepaly adamlaryň çekýän kynçylyklaryny bilýär we olaryň mirasyny gorajakdygyny, parahat ýaşatjakdygyny, bereket berip, abraýyny artdyrjakdygyny wada berýär (Eýp 9:20—22; Zb 37:18, 19, 37; 84:11; Nak 28:10). Eýýup pygamber bilen bolan wakadan görnüşi ýaly, baýlyk däl-de, Hudaýa wepalylyk adamyň at-abraýyny we hormatyny artdyrýar (Nak 19:1; 28:6). Wepaly adamyň çagalary hem bagtly ýaşaýar (Nak 20:7), sebäbi olar ýagşy adamyň ogul-gyzlary hökmünde tanalýar.

Dürdäne pikirler

w24.07 sah. 19, abz. 19

Synaga düşmez ýaly oýa boluň

19 Käte ýeňdim diýen endiklerimiz ýene ýüze çykyp biler. Şol sebäpli Isa pygamber hemişe «oýa bolmagy» maslahat berdi. Biziň imanymyz berk bolsa-da, ätiýajy elden bermeli däl (1 Kor. 10:12). Biz synaga düşmez ýaly öňünden näme etjekdigimiz barada oýlanmaly. 2 Petrus 3:14-de: «Hudaýyň öňünde päk, ýazyksyz bolmaga... jan ediň» diýilýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş