«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
© 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
1—7 SENTÝABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | NAKYLLAR 29
Mukaddes Kitaba ters gelýän däp-dessurlara eýermäň
Şatlyk—Hudaýyň bize berýän ajaýyp häsiýeti
Şeýle-de siz Ýehowa ýaraýan işlere gatnaşyp şatlygyňyzy artdyryp bilersiňiz (Zeb. 35:27; 112:1). Näme üçin şeýle diýse bolar? Sebäbi Ýazgylarda: «Hudaýdan gork we Onuň tabşyryklaryny sakla, çünki bu ynsanyň esasy borjudyr» diýilýär (Wag. 12:13). Başgaça aýdanyňda, biz Hudaýyň islegini berjaý etmek üçin ýaradyldyk. Şol sebäpli Ýehowa gulluk edenimizde, biz ýaşaýyşdan has köp lezzet alýarys.
Ölüm baradaky hakykat teselli berýär
13 Haýsydyr bir däp-dessuryň Hudaýyň islegine laýyk gelýändigini ýa-da gelmeýändigini bilmeýän bolsaňyz, Ýehowadan akyldarlyk diläp doga ediň (Ýakup 1:5-i okaň). Soňra edebiýatlarymyzdan gözleg geçiriň. Gerek bolsa, ýygnak ýaşulularyňyzdan maslahat soraň. Elbetde, olar size derek karara gelmez, ýöne Ýazgylardaky prinsiplere eýermäge kömek eder. Eger siz şu ädimleri ätseňiz, «aň-düşünjäňizi ýagşy we ýamany saýgarmaga öwrenişdirersiňiz» (Ýew. 5:14).
«Seniň hakykatyňda gezeýin»
12 Ýazgylara esaslanmadyk däp-dessurlar we işler. Maşgala agzalarymyz, işdeşlerimiz we klasdaşlarymyz bizi özleri bilen baýramçylyklara ýa-da beýleki oturyşyklara gitmäge yrjak bolmagy mümkin. Biz Ýehowa ýaramaýan baýramçylyklara we däp-dessurlara gatnaşmakdan nädip gaça durup bileris? Munuň üçin biz şeýle zatlara Ýehowanyň nähili garaýandygyny ýadymyzda saklamaly. Şeýle-de edebiýatlarymyzdaky şu günler giňden ýaýran baýramçylyklaryň gelip çykyşy baradaky düşündirişleri gaýtalamak hem kömek eder. Biz Ýazgylar esasynda şeýle baýramçylyklara näme üçin gatnaşmaýandygymyzy özümize ýatlatsak, «Hudaýa... ýaraýan» ýoldan ynamly ýöräp bileris (Efes. 5:10). Eger biz Ýehowa bil baglasak we onuň Sözündäki hakykata eýerip ýaşasak, «adamdan gorkynyň duzagyna» düşmeris (Sül. tym. 29:25).
Dürdäne pikirler
«Biz... iş ýüzünde we ýürekden söýmelidiris»
11 Dogan-uýalary ýürekden öwüň. Biz dogan-uýalary öwmäge mümkinçilik gözlemeli, sebäbi öwgüli sözler berkidýär (Efes. 4:29). Ýöne muny ýürekden etmeli, ýogsam, edýän işimizi göz üçin etdigimiz bolar. Ýa-da edýän jogapkärli işimiziň kem tarapyny gizlejek bolarys (Sül. tym. 29:5). Birini öwüp, yzyndan gürrüňini etmek ikiýüzlülik hasaplanýar. Pawlus resul ikiýüzli däldi, ol dogan-uýalary ýürekden söýüp, bize gowy görelde galdyrdy. Ol imandaşlaryny ýürekden öwýärdi. Meselem, Korinfdäki mesihçilere özlerini gowy alyp barýandyklary üçin ýürekden öwgüli sözleri aýtdy (1 Kor. 11:2). Emma ýalňyşanlarynda, Pawlus olara ýumşaklyk bilen anyk düzediş berdi (1 Kor. 11:20—22).
8—14 SENTÝABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NAKYLLAR 30
«Maňa baýlygam berme, garyplygam»
w18.01 sah. 24, 25, abz. 10—12
Hudaýa bolan söýgi hakykatdan bagtly edýär
10 Hawa, biziň ählimize pul gerek. Sebäbi ol gorag berýär (Wag. 7:12). Emma adamyň gazanjy diňe zerur zatlaryna ýetýän bolsa, ol hakykatdan bagtly bolup bilermi? Elbetde! (Wagyz kitaby 5:12-ni okaň). Ýakäniň ogly Agur: «Maňa garyplyk ýa baýlyk berme; çörekden rysgalymy ýetir» diýip ýazdy. Biz onuň «garyplyk... berme» diýip näme üçin aýdandygyna düşünýäris. Onuň düşündirmegine görä, ol ogry bolmak islemeýärdi. Sebäbi ogurlyk edýän adam Hudaýyň adyna ysnat getirýär. Onda ol näme üçin «baýlyk berme» diýip dileg etdikä? Ol muny şeýle düşündirdi: «Men dok bolup-da: „Reb kim“ diýip Seni inkär etmez ýaly... baýlyk berme» (Sül. tym. 30:8, 9). Bizem Hudaýa däl-de, öz baýlygyna bil baglaýan adamlara meňzemez ýaly, oýlanyp bileris.
11 Puly söýýän adamlar Hudaýyň göwnünden turup bilmeýärler. Isa: «Hiç kim iki hojaýynyň guly bolup bilmez. Sebäbi ol birini ýigrenip, beýlekisini söýer ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýyň, hem baýlygyň guly bolup bilmersiňiz» diýdi. Şeýle-de ol: «Ýer ýüzünde hazyna ýygnamagyňyzy bes ediň. Sebäbi bu ýerde olary güýe, pos iýýändir we ogrular girip ogurlaýandyr. Muňa derek gökde hazyna ýygnaň. Ol ýerde hazynaňyzy ne güýe, ne pos iýýändir, ne-de ogrular girip ogurlaýandyr» diýip maslahat berdi (Mat. 6:19, 20, 24).
12 Köp adamlar diňe bir durmuşyny manyly etmek üçin däl-de, Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin sada ýaşamaklygy saýladylar. ABŞ-da ýaşaýan Jek aýaly bilen pioner gullugyna başlamak üçin uly jaýyny hem-de kärhanasyny satýar. Ol şeýle ýatlaýar: «Owadan öýümizden we girdejili kärhanamyzdan geçmek aňsat bolmady. Birnäçe ýyllaryň dowamynda men işim sebäpli öýe dilimi sallap gelýärdim. Aýalym bolsa pioner bolup gulluk edensoň, hemişe şadyýandy. Ol köplenç „Men iň uly hojaýyna hyzmat edýärin!“ diýýärdi. Häzir menem pioner bolup gulluk edýärin; indi biziň ikimizem şol bir hojaýyna, ýagny Ýehowa hyzmat edýäris».
«Sen meni bulardan artyk söýýärmiň?»
15 Şu günler köp adamlaryň bar küýi-arzuwy soňky çykan egin-eşikleri, elektron enjamlaryny edinmek. Şol sebäpli mesihçiler özüni barlamak üçin şeýle soraglary bermeli: «Men maddy zatlary wajyp hasaplaýarynmy? Meselem, ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanmagyň deregine, bar wagtymy täze çykan ulaglary we döwrebap egin-eşikleri edinmegiň arzuwyny edip, olar hakda maglumat ýygnap geçirýärinmi? Gündelik işler bilen başagaý bolup, doga etmäge we Mukaddes Ýazgylary okamaga gaty az wagt sarp edýärinmi?» Eger maddy zatlar Mesihe bolan söýgimiziň ornuny eýelän bolsa, onda Isanyň: «Özüňizi her hili açgözlükden goraň» diýen sözleri hakda çuňňur oýlanmaly (Luka 12:15). Isa näme üçin şeýle wajyp duýduryş berdikä?
16 Isa: «Hiç kim iki hojaýynyň guly bolup bilmez... Siz hem Hudaýyň, hem baýlygyň guly bolup bilmersiňiz» diýdi. Sebäbi olaryň ikisem özüne doly wepaly bolmaklygy talap edýär. Isanyň aýdyşy ýaly, biz olaryň «birini ýigrenip, beýlekisini söýeris ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik ederis» (Mat. 6:24). Biz bikämil bolanymyz üçin «ten höweslerine», şol sanda maddy zatlara garşy göreşmeli (Efes. 2:3).
17 Ten höweslerine eýerip ýaşaýan adamlara maddy zatlara dogry garaýşy saklamak kyn bolýar. Näme üçin? Sebäbi olar Hudaýyň gymmat saýýan zatlaryny akmaklyk hasaplaýar (1 Korinfliler 2:14-i okaň). Olaryň pikirlenmek ukyby ýoýlan, şol sebäpli ýagşy we ýamany saýgaryp bilmeýärler (Ýew. 5:11—14). Netijede, maddy zatlara bolan doýmaz-dolmaz isleglerine erk edip bilmeýärler (Wag. 5:10). Biz her gün Hudaýyň Sözi bolan Mukaddes Ýazgylary okasak, maddy zatlara bolan nädogry garaýşy ýeňip bileris (1 Pet. 2:2). Isa Hudaýyň hakykat sözleriniň üstünde oýlanandygy üçin synaglara garşy durup bildi. Bizem Ýazgylardaky prinsiplere eýersek, maddy zatlara bolan nädogry höwesimizi ýeňip bileris (Mat. 4:8—10). Şeýdip, Isany ýürekden söýýändigimizi görkezeris.
Baryňyza kaýyl bolup ýaşaň
Bergi etmäň. Häzir adamlar köp zat edinmek isläp bergä batýarlar. Ýöne bir zat satyn almazdan öň, puluňyzy ýygnasaňyz paýhasly bolar. Şeýdip siz gerekmejek bergi etmersiňiz. Adatça, karz berýän adamlar peýda görmek üçin puly göterimine berýärler. Bu bolsa köp kynçylyklary döredýär. Mukaddes Kitapda garynjalara paýhasly diýilýär, olar «hasyl döwri iýjegini toplaýar» (Nak. 6:6—8; 30:24, 25). Bizem garynjalardan köp zatlary öwrenip bileris.
Hak Allanyň çadyrynda ebedilik myhman boluň
18 Biz puluň yşkyna düşendigimizi anyklamak üçin şu soraglar hakda oýlanmaly: «Men ýatsam-tursam pul hakda oýlanýarynmy? Näme satyn alsamkam diýip oda-köze düşýärinmi? Eger karz alan bolsam, algydarym pula mätäç däl diýip, bergimi bermän ýörýärinmi? Pulum köpelse özümi hondanbärsi alyp barýarynmy? Men gysgançmy? Men garyplary äsgermän, diňe baýlar bilen tirkeşýärinmi ýa-da baý dogan-uýalary tankytlaýaryn?» Ýehowanyň çadyrynda myhman bolmak uly hormat. Eger biz puluň guly bolmasak, baýlygyň yşkyna düşmesek, Ýehowanyň ebedilik dosty bolarys. Beýik Hojaýyn bizi hiç haçan terk etmez (Ýewreýler 13:5-i okaň).
Dürdäne pikirler
Ýehowanyň akyldarlygy onuň ýaradan zatlaryndan görünýär
11 Biz ýene-de bir kiçi jandardan wajyp sapak edinip bileris. Ol gaýa torsugy (Süleýmanyň tymsallary 30:26-ny okaň). Gaýa torsugy uly towşana meňzeýär, emma onuň gulagy gysga hem tegelek, aýagy-da gysga. Bu haýwan gaýada ýaşaýar. Gaýanyň jaýryklary we torsugyň ýiti gözleri hem hini ony wagşy haýwanlardan goraýar. Olar agzybir toparda özlerini gowy duýýarlar. Olar bilelikde bir-birine gorag bolýar we gyşyna bir-birini ýylydýar.
12 Biz gaýa torsugyndan näme öwrenip bileris? Birinjiden, ol howpsuzlykdan gaça durýan we seresaplyk bilen hereket edýän haýwan. Onuň ýiti gözleri wagşy haýwany uzakdan görmäge kömek edýär. Torsuk howp abananda gizlenmek üçin, hininiň we gaýa jaýrygynyň golaýynda ýöreýär. Şonuň ýaly, biz hem Şeýtanyň gol astyndaky dünýäniň howpuny saýgarmak üçin, ruhy taýdan oýa bolmaly. Petrus resul mesihçilere: «Hüşgär boluň, oýanyň; ýagyňyz bolan iblis arlaýjy arslan kimin aýlanyp, ýuwutjagyny agtaryp ýörendir» diýip duýdurdy (1 Pet. 5:8). Isa ýerde ýaşanda oýa bolup, aýypsyzlygyny gowşatjak bolan Şeýtanyň ähli synaglaryna garşy durdy (Mat. 4:1—11). Isa şägirtlerine, gör, nähili ajaýyp görelde görkezdi!
13 Ýehowanyň berýän ruhy goragyny peýdalansak, bize oýa bolmak kyn bolmaz. Mukaddes Ýazgylary öwrenmegi we ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmagy äsgermezlik etmeli däl (Luka 4:4; Ýew. 10:24, 25). Agzybirlikde ýaşaýan torsuklar ýaly, biz-de «bilelikde teselli tapmak» üçin, imandaşlarymyz bilen agyzybir bolmaly (Rim. 1:12). Biz Ýehowanyň berýän goragyndan peýdalansak, mezmurçy Dawudyň aýdan sözleri bilen ylalaşýandygymyzy görkezýäris. Ol şeýle diýdi: «Reb meniň gaýam, galam we halasgärimdir; Hudaýym, sygynýan gaýam, galkanymdyr» (Zeb. 18:2).
15—21 SENTÝABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NAKYLLAR 31
Enäniň ogluna beren öwüt-nesihaty
Çagalara jynsy gatnaşyk barada öwretmek üçin maslahatlar
Borjuňyzy ediň. Nähili kyn hem bolsa, çagaňyz bilen jynsy gatnaşyk barada gepleşiň. Öz jogapkärçiligiňizi başga biriniň üstüne atmaň. Prinsip: Nakyllar 22:6.
Pikir alşyň. Çagaňyz bilen jynsy gatnaşyk barada ýörite oturyp gürrüň etmelidir öýtmäň. Ol pikirini çekinmän aýdar ýaly, ulagda barýarkaňyz ýa-da öýüň işlerini edeniňizde gürrüň edip bilersiňiz. Çagaňyza: «Şu reklamanyň nämesini gowy görýäň?» diýmegiň deregine, «Näme üçin söwdagärler harytlaryny şeýdip reklama edýärkäler?» diýip sorap bilersiňiz. Ol pikirini aýdansoň: «Adamlara şeýle reklamalaryň täsir edýändigini senem görýäňmi?» diýip soraň. Prinsip: 5 Musa 6:6, 7.
Ýaşyna görä öwrediň. Çagaňyz dört-bäş ýaşynda bolsa, ony çaga zorlaýan adamlardan goramak üçin jyns agzalarynyň nähili atlandyrylýandygyny öwredip bilersiňiz. Biraz ulalansoň, olara çaganyň nädip döreýändigi hakda umumy gürrüň berip bilersiňiz. Ýetginjeklik döwrüne ýeten çagaňyza bolsa, jynsy gatnaşyk barada giňişleýin düşündirip, dogry bilim beriň.
Ahlak kadalaryna garaýşyňyzy aýdyň. Çagaňyza kiçiliginden sylaşykly bolmagy we hiç zady gizlemän dogrusyny aýtmagy öwrediň. Şeýtseňiz, olar ulalanda-da jynsy gatnaşyk barada gürrüň edeniňizde hiç zady gizlemän aýdar. Hudaýyň ahlak kadalaryny gymmat saýýandygyňyzy, maşgala gurman jynsy gatnaşykda bolmagy Hudaýyň halamaýandygyny aýdyň. Onuň nädogrudygyny, gowy zadyň üstünden eltmeýändigini düşündiriň. Bir kitapda: «Köplenç maşgala gurman jynsy gatnaşyk etmegi ýigrenýän ene-atalaryň çagalary şol zatlardan gaça durýarlar» diýilýär («Beyond the Big Talk»).
Çagaňyza görelde boluň. Çaga, ilki, ene-atadan görelde alýar. Şonuň üçin aýdýan zatlaryňyzy özüňizem ediň. Eger-de ahlaksyz degişmeleri aýdanlarynda gülseňiz, özüne çekiji egin-eşikleri geýseňiz, başga biri bilen näz-kereşme etseňiz, çagaňyza öwredýän zatlaryňyz biderek bolar. Prinsip: Rimliler 2:21.
Erbet zat ýaly görkezmäň. Ýehowa är-aýala jynsy gatnaşyk etmek islegini berdi. Olar maşgala durmuşyndan lezzet alyp bilýär (Nakyllar 5:18, 19). Çagalaryňyza durmuş gurman jynsy gatnaşykda bolmagyň köp kynçylyklaryň üstünden eltýändigini aýdyň. Wagty gelende olaryňam durmuş gurup, maşgala gatnaşyklaryndan lezzet alyp biljekdigini düşündiriň (1 Timoteos 1:18, 19).
ijwhf 4, abz. 11—13
Şerap barada gürrüň ediň
Özüňiz gürrüňe başlaň. Angliýada ýaşaýan Mark şeýle gürrüň berýär: «Çagalar şerap içmek barada gürrüň etmäge utanýarlar. Men sekiz ýaşly oglumdan: „Şerap içmek dogrumy ýa-da nädogry?“ diýip soradym. Şu ýönekeýje sorag arkaly oglum ähli zady gürrüň berdi».
Çagalar bilen şerap içmek barada birnäçe sapar gürrüňdeş bolsaňyz, olar gowy düşünerler we hiç haçan ýadyndan çykarmazlar. Siz çagalar bilen diňe şerap içmek barada däl-de, ýoldan seresaplyk bilen geçmek, ahlaksyzlyk, jynsy gatnaşyk ýaly başga-da wajyp temalar hakda gürrüň ediň.
Görelde görkeziň. Çagalar daş-töwereginde görýän we eşidýän zatlaryny edil pagta ýaly derrew özüne siňdirýär. Geçirilen barlaglara görä, köplenç çagalaryň ene-atasyna meňzäsi gelýändigi anyklandy. Eger siz aladaly we ýadaw wagtyňyz şerap içip göwnüňizi hoşlamaly diýseňiz, onda çagalar hem şerap içip gaýgy-aladany ýeňip bolýar öýderler. Şol sebäpli çendenaşa şerap içmän, çagalaryňyza gowy görelde boluň.
g17.6 sah. 9, abz. 5
Çagalaryňyza pesgöwünli bolmagy öwrediň
Çagalaryňyza adamlara kömek etmäge höweslendiriň. Çagaňyza «bermegiň almakdan has bagtly edýändigine» düşünmäge kömek ediň (Res. 20:35). Nädip? Çagaňyz bilen kömege mätäç adamlaryň sanawyny düzüň. Meselem, olara gerek-ýarak zatlary satyn almaga, gitmeli ýerlerine alyp gitmäge ýa-da bejeriş we abatlaýyş işlerini etmäge kömek edip bolýar. Eger siz birine kömek etmekçi bolsaňyz, çagaňyzy ýanyňyz bilen alyp gidiň. Şonda ol siziň adamlara ýagşylyk edip şatlyk tapýandygyňyzy görer. Unutmaň, çagalara öwretmegiň iň gowy usuly — görelde görkezmek (Prinsip: Luka 6:38).
Dürdäne pikirler
Ýaş uýalar, imany berk mesihçi boluň!
12 Adamlar bilen gepleşmegi öwreniň. Mesihçileriň hemmesi söhbetdeş bolmagy başarmaly. Ýakup şägirt: «Diňlemäge taýyn bolmaly, geplemäge howlukmaly däl» diýip maslahat berdi (Ýak. 1:19). Siz söhbetdeş bolýan adamyňyzy ünsli diňleseňiz, onuň derdine düşünersiňiz we «duýgudaş» bolarsyňyz (1 Pet. 3:8). Eger siz onuň näme diýjek bolýanyna düşünmeseňiz, ýerlikli soraglary beriň. Emma geplemezden öňürti biraz oýlanyň (Nak. 15:28). Bu babatda size şu soraglar kömek eder: men hakyky, dogry zady aýdýarynmy? Ony ruhlandyrarynmy? Men sylaşykly we mähirli gepleşip bilerinmi? Şeýle-de siz dile çeper uýalaryň göreldesine eýeriň. Olaryň adamlaryň sözüni bölmän diňleýşine we mähir bilen gepleýşine üns beriň (Nakyllar 31:26-ny okaň). Siz adamlar bilen gepleşmegi öwrenseňiz, joralaryňyz köp bolar.
22—28 SENTÝABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NESIHAT 1, 2
Mirasy nesilden-nesle geçiriň
«Wepaly adamlara öwret»
3 Biziň köpümiz ýygnakda edýän işlerimizi höwes bilen ýerine ýetirýäris we mundan beýlägem şeýle garaýşy saklamak isleýäris. Adam atanyň döwründen bäri bir nesil geçip, ýerine başga biri gelýär (Wag. 1:4). Ýaňy ýakynda biziň guramamyzda ajaýyp özgerişikler boldy. Ýehowanyň halkynyň edýän işleri-de hemme taraplaýyn ösýär. Biz täze işe başlanda, täze şertlere uýgunlaşyp, köplenç tehnika enjamlaryny çalt öwrenmeli bolýarys. Gartaşan dogan-uýalarymyzyň käbirine bu zatlary öwrenmek kyn bolmagy mümkin (Luka 5:39). Nähili bolaýanda-da, gartaşan imandaşlarymyza garanda ýaşlaryň güýç-gaýraty köp bolýar (Sül. tym. 20:29). Şonuň üçin gartaşan doganlarymyz ýaşlara jogapkärli borçlary almaga kömek etse, gowy bolardy (Zebur 71:18-i okaň).
4 Jogapkärli borçlary bolan doganlara edýän işlerini ýaşlar bilen paýlaşmak kyn bolmagy mümkin. Belki, olara gowy görýän işi elinden gidip barýan ýaly görünýändir. Käbiri bolsa ýaşlar başarmaz öýdüp, biynjalyk bolýarlar. Şeýle-de «olara öwreder ýaly wagtym ýok» diýip pikir edýändir. Ýöne ýaşlar hem «bize köp iş ynanylmaýar» diýip pikir etmekden seresap bolmaly.
Dürdäne pikirler
«Ýaşlar, Ýehowa siziň bagtly bolmagyňyzy isleýär»
14 Süleýman patyşanyň ummasyz baýlygy we ygtyýary bardy. Ol «lezzeti... synap» görmegi ýüregine düwýär (Wag. 2:1—10). Süleýman beýik ymaratlary gurdurýar, bakjadyr seýil baglaryny edinýär. Garaz, göwni näme islese, şony hem edýär. Ol özüni nähili duýduka? Eden işinden göwni hoş boldumy? Kanagat tapdymy? Jany aram tapdymy? Muny bilmek kyn däl. Sebäbi Süleýmanyň özi bu barada şeýle diýdi: «Onsoň ellerimiň eden ähli işlerine, çeken ähli zähmetime seretdim. Ine, bularyň bary biderekdi... hiç bir peýdaly zat ýokdy» (Wag. 2:11). Biz mundan wajyp sapak edinýäris. Eýsem, sizem bu ajy hakykat bilen razylaşýarsyňyzmy?
29 SENTÝABR—5 OKTÝABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NESIHAT 3, 4
Maşgalaňyz üç örüm ýüp ýaly berk bolsun
hf bölüm 2, sözbaşy 1
Wepaly boluň
MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: «Iň ýokary zatlara göz ýetiriň» (Filipililer 1:11). Durmuşda iň wajyp zatlaryň biri — maşgala, şol sebäpli ony başga zatlardan ileri tutmaly.
Ýehowa är-aýalyň bir-biri barada alada edip, «durmuşdan lezzet almagyny» isleýär (Wagyz kitaby 9:9). Hudaýyň aýtmagyna görä, siz ýanýoldaşyňyza hiç haçan biperwaý bolmaly däl. Gaýtam, ikiňiz-de birek-biregi bagtly etmäge çalyşmaly (1 Korintoslylar 10:24). Goý, ýanýoldaşyňyz özüni söýülýän, gerekli hem gadyrly duýsun.
MASLAHAT
Ýanýoldaşyňyz bilen yzygiderli wagt geçirip, aýratyn üns beriň
Özbaşdak däl-de, bile karara geliň
w23.05 sah. 23, 24, abz. 12—14
«Söýgiň ody — Ýahyň ýalny»
12 Är-aýallar, Akila bilen Priskillanyň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz? Siz ýanýoldaşyňyz bilen haçan wagt geçirjekdigiňiz barada oýlanyň. Meselem, Akila bilen Priskilla bilelikde wagyz edýärdi. Sizem ýygy-ýygydan ýanýoldaşyňyz bilen wagyz edip bilersiňizmi? Akila bilen Priskila bile işleýärdi. Siziň käriňiz aýry-aýry bolsa-da, hojalyk işlerini bileje edip bilersiňizmi? (Nes. 4:9). Eger siz şeýle etseňiz, onda biri-biriňiz bilen gürrüňdeş bolmaga wagtyňyz bolar we agzybir topar bolarsyňyz. Robert bilen Linda 50 ýyl bäri agzybir ýaşaýar. Robert şeýle gürrüň berýär: «Dogrymy aýtsam, biziň gezelenç etmäge wagtymyz bolmaýar. Ýöne men öýde gap-gaç ýuwanymda, aýalym olary süpürýär, bagda işlänimde, aýalym maňa kömek edýär. Şeýdip, biz gürrüňdeş bolmaga wagt tapýarys we maşgala ojagymyz gün-günden berkeýär».
13 Är-aýalyň agzybir bolmagy üçin, olaryň bir gapydan girip-çykmagy ýeterlikli däl. Braziliýaly gelin şeýle gürrüň berýär: «Är-aýallaryň köpüsi öýde bile bolsalar, wagtyny bile geçirýändir öýdýärler. Aslynda, beýle däl ekeni. Şu günler ünsüňi sowýan zatlar köp. Är-aýalyň ikisi bir öýde bolsa-da, pikirleri başga ýerde bolup biler. Men maşgalamyň bagtly bolmagy üçin ärim bilen ýürekden gyzyklanyp, onuň bilen gürrüňdeş bolmalydygyma düşündim». Är-aýal Bruna bilen Teýs hem biri-biri bilen ýürekden gyzyklanmagyň wajypdygyna düşünýär. Bruno: «Biz wagtymyzy bile geçirenimizde telefonymyzy aýyrýarys» diýýär.
14 Är-aýallar biri-biri bilen wagt geçirmegi halamaýan bolsa näme? Belki-de, olaryň gyzyklanýan zady tapawutlanýandyr ýa-da gürrüňe başlasalar-da, soňy dawa-jenjel bilen gutarýandyr. Şeýle ýagdaýda olar näme edip biler? Ýokarda gürrüň edişimiz ýaly, ot derrew lowlap ýanmaýar. Oňa az-azdan odun taşlap durulsa, ot tutaşar we lowlap ýanar. Edil şonuň ýaly, är-aýallar her gün birnäçe minut gürrüňdeş bolsalar gowy bolar. Ýöne olar biri-biriniň gaharyny getirýän zatlar hakda däl-de, ikisini hem gyzyklandyrjak tema hakda gürrüň etmeli (Ýak. 3:18). «Dama-dama köl bolar» diýlişi ýaly, birnäçe minutlyk gürrüňdeşlik maşgala ojagyndaky söýgini lowladar.
«Söýgiň ody — Ýahyň ýalny»
3 Maşgala ojagynda söýginiň tutaşmagy üçin «Ýahyň ýalny» gerek. Eger är-aýal Ýehowa ýürekden iman etse, biri-birini jany-teni bilen söýer. Ýehowa ýürekden iman edýän är-aýal Mukaddes Kitabyň maslahatyna höwes bilen eýerer. Şonda olar biri-birini söýüp, maşgalada döreýän kynçylyklaryň öňüni alyp biler (Nesihat 4:12-ni okaň). Şeýle-de olar gökdäki Atasy Ýehowanyň göreldesine eýerip, Onuň mähribanlyk, sabyrlylyk we geçirimlilik ýaly häsiýetlerini ösdürer (Efes. 4:32—5:1). Şeýle häsiýetler maşgala ojagynda söýginiň tutaşmagyna kömek edýär. Toý edenine 25 ýyl bolan Lena uýa şeýle diýýär: «Ýehowa ýürekden iman edýän adamy söýmek hem, hormat goýmak hem aňsat bolýan ekeni».
Dürdäne pikirler
Adalatsyzlyk edenlerinde «Hudaýa tabşyryň»
Isa pygamberiň göreldesine eýerip, haçan dymmalydygyny we haçan geplemelidigini öwrenmeli. Käte kiçiräk zatlarda göwnümize degenlerinde dymanyňdan gowusy ýok. Eger ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap bersek, ýagdaý has-da beterleşer (Nes. 3:7; Ýak. 1:19, 20). Käte bolsa göz-görtele adalatsyzlyk edenlerinde, bize töhmet atanlarynda, gurama barada ýalan gep-gürrüňleri aýdanlarynda jogap bermäge taýyn bolmaly (Res. 6:1, 2). Ýöne mähirli we ýumşak bolmagy unutmaly däl (1 Pet. 3:15).
6—12 OKTÝABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NESIHAT 5, 6
Ýehowa hormat goýýandygymyzy nädip görkezip bileris?
w08 15/8 sah. 15, 16, abz. 17, 18
Özüňizi mynasyp alyp barmak bilen Ýehowany şöhratlandyryň
17 Mukaddes gulluk etmek bilen Ýehowany şöhratlandyrmak wajypdyr. Wagyzçy 5:1-de şeýle diýilýär: «Hak Hudaýyň öýüne baranyňda, ädimleriňe üns ber». Musa bilen Ýeşuw mukaddes ýerde duranda, olara çarygyny çykarmak tabşyryldy (Çyk. 3:5; Ýeş. 5:15). Olar muny etmek bilen, hormat goýandygyny görkezmelidi. Ysraýylly ruhanylar «bedeniniň açyk ýerini örtmek» üçin kendir matadan balak geýmelidiler (Çyk. 28:42, 43). Olar gurban berilýän ýerde gulluk edenlerinde, teninde açyk ýeri bolmazlygy üçin edýärdi. Ruhanylar maşgalasynyň ähli agzalary özlerini mynasyp alyp barşy we daş-keşbi bilen Hudaýa hormat goýmalydy.
18 Biz Hudaýa sežde edip, ony şöhratlandyrmagyň hormat bilen baglydygyny bildik. Hormata mynasyp bolmak üçin oňa laýyk özüňi alyp barmaly. Özümizi mynasyp alyp barmak bu bir zady göz üçin etmegi aňlatmaýar. Hormat diňe adamyň daş-keşbinden görünmeli däl, ol adamyň gözünden gizlin, ýöne Hudaýa görünýän ýüregimize täsir etmeli (1 Pat. 16:7; Sül. tym. 21:2). Ol biziň esasy häsiýetimiz bolmaly we özümizi alyp barşymyza, höwesimize, adamlara hem-de özümize bolan garaýşymyza täsir etmeli. Biziň hormatymyz ähli zatda, sözde we iş ýüzünde görünmeli. Biz özümizi alyp barşymyz, egin-eşigimiz we saçymyza timar berşimiz bilen, Pawlus resulyň beren maslahatyna eýermeli. Ol şeýle diýdi: «Gullugymyz käýinje sezewar bolmaz ýaly, hiç zatda biriniň büdremegine sebäp bolman, her zatda Hudaýyň gullukçylary hökmünde özümize maslahat berýäris» (2 Kor. 6:3, 4). Şeýtmek bilen, biz «Hudaýymyzyň taglymatyny her babatda bezäris» (Titus 2:9).
Mukaddes Ýazgylar arkaly doga etmegi öwreniň
21 Isa hem Hudaýa uly hormat bilen ýürekden doga edýärdi. Ol Lazary direltmänkä, asmana seredip, Hudaýa şeýle doga etdi: «Eý Ata, dilegimi eşideniň üçin Saňa şükür edýärin. Meni hemişe eşidýändigiňi bilýärin» (Ýahýa 11:41, 42). Siz hem Hudaýa hormat goýup, iman bilen doga edýärmisiňiz? Siz Isanyň hormat bilen aýdan nusgalyk dogasyny okap, Ýehowanyň adyny şöhratlandyrandygyna, Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi we Onuň islegini berjaý etmegine has köp üns berendigine göz ýetirensiňiz (Mat. 6:9, 10). Siz hem edýän dogalaryňyz barada oýlanyp görüň. Olar Ýehowanyň Patyşalygy barada, Onuň islegini berjaý etmek we adyny mukaddes etmek barada alada edýändigiňizi görkezýärmi? Bu örän wajypdyr.
«Wadaňy berjaý et»
12 Emma suwa çümdürilmek Ýehowa gullugyň başlangyjydyr. Biz Ýehowa wepaly gulluk edip, beren sözümize laýyk ýaşamak isleýäris. Şol sebäpli özümize şeýle soraglary bersek gowy bolar: «Suwa çümdürilenimden bäri men ruhy taýdan ösdümmi? Ýehowa öňkim ýaly ýürekden gulluk edýärinmi? (Kol. 3:23). Dyngysyz doga edýärinmi, Hudaýyň Sözüni her gün okaýarynmy, ýygnak duşuşyklaryna sypdyrman barýarynmy we her mümkinçilikden peýdalanyp wagyz edýärinmi? Ýa-da bularyň käbirini gözden salýaryn?» Petrus resul imanymyzy bilim, çydamlylyk we Hudaýa wepalylyk bilen berkidip dursak, yhlasly bolup biljekdigimizi aýtdy (2 Petrus 1:5—8-nji aýatlary okaň).
Dürdäne pikirler
Okyjylaryň sowallary
Nesihat 5:8-de garyp-gasarlary ezýän, adalatsyzlyk edýän häkim barada gürrüň edilýär. Her bir häkim özünden ýokary, erk-ygtyýarly baştutanyň bardygyny unutmaly däl. Hatda onuň wezipesinden hem beýik wezipeler bar. Gynansak-da, ähli hökümdarlar we häkimiýetler adalatsyzlyk edýärler, parahorlyga ýatdylar we olaryň golastyndaky halk ejir çekýär.
Ynsan gözi bilen seretseň, şeýle ýagdaýlary düzedip bolmaýar. Emma Ýehowanyň ähli hökümetleriň «üstünden seredýändigini» unutmaly däl. Biz bar gaýgy-aladamyzy Allatagala tabşyryp, ondan kömek hem güýç soramaly (Zeb. 55:22; Flp. 4:6, 7). Biz Ýehowanyň «özüne ýürekden wepaly adamlara kömek etmek üçin ýer ýüzüne syn edýändigini» bilýäris (2 Tar. 16:9).
Diýmek, Nesihat 5:8-de ynsan hökümetleri bilen bagly hakykat ýazylan. Hawa, olaryň üstünden hem hökümdarlyk edýän adamlar bar. Şeýle-de şu aýat Ýehowanyň hemmelerden beýik hökümdardygyny ýatladýar. Häzir Ol gökdäki Patyşalygynyň patyşasy bolan Isa Mesih arkaly höküm sürýär. Ähli zady görýän Gudratygüýçli Hudaý we Ogly Isa Mesih hemişe adalatly hökümdarlyk edýär.
13—19 OKTÝABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NESIHAT 7, 8
Ýas tutýanlara göwünlik bermek üçin näme etmeli?
«Aglaýanlar bilen aglaň»
12 Hasrat çekýän adamlar ýygnak duşuşyklarynda hem teselli tapyp biler (1 Selanikliler 5:11-i okaň). Siz «synyk ruhly» adamy nädip berkidip we teselli berip bilersiňiz? (Sül. tym. 17:22). «Dymmagyň» we «geplemegiň öz wagtynyň» bardygyny unutmaň (Wag. 3:7). Muny dul galan Dalen uýamyz şeýle düşündirýär: «Hasrat çekýän adamlar pikirini we duýgularyny hökman aýtmaly. Şol sebäpli onuň sözüni bölmän diňlemek iň wajyp zat». Dogany öz janyna kast eden uýamyz Ýunýa bolsa şeýle diýýär: «Mümkin, siz hasrat çekýän adamyň duýgusyna doly düşünip bilmersiňiz. Ýöne şonda-da oňa düşünmek isleýändigiňizi görkeziň».
Başgalara kyn gününde kömek ediň
15 Birnäçe ýyl mundan öň aýaly aradan çykan Wilýam dogan şeýle diýýär: «Dogan-uýalar aýalym hakda ýakymly zatlary aýdanlarynda, gaty begenýärin. Bu olaryň aýalyma hormat goýup, gowy görendiklerine hasam ynamymy artdyrýar. Men aýalymy gaty gowy görýärdim. Şonuň üçin imandaşlarymyň ol hakda aýdýan zatlary meni hasam ruhlandyrýar». Adamsy aradan çykan Biýanka uýa bolsa şeýle diýýär: «Başgalar meniň bilen doga edenlerinde, Mukaddes Ýazgylardan birki aýat okanlarynda, ýoldaşym bilen bolan gyzykly wakalary ýatlanlarynda ýa-da özüm gürrüň beren wagtym ünsli diňlänlerinde, hasam göwnüm göterilýär».
«Aglaýanlar bilen aglaň»
16 Hasrat çekýän adam üçin we onuň bilen bile doga etmegem örän peýdaly. Elbetde, şeýle ýagdaýda aýdara söz tapmak kyn bolmagy mümkin. Ýöne sesiňiz sandyrap çyksa-da, ýürekden aýdýan sözleriňiz we gözýaşyňyz hasrat çekýän adama güýç berip biler. Dalen uýamyz şeýle ýatlaýar: «Uýalar teselli bermek üçin gelenlerinde, käte olardan doga etmegi haýyş edýärdim. Olar doga edende, birbada näme diýjeklerini bilmeseler-de, soňra sesi ynamly çykyp we ýürekden syzdyryjy sözleri aýdýardylar. Olaryň berk imanyny, söýgüsini we aladasyny görüp, öz imanymam berkeýärdi».
«Aglaýanlar bilen aglaň»
17 Hasrat çekýän adamlaryň ýagdaýy birmeňzeş bolmaýar. Şol sebäpli diňe başda, ýagny dost-ýarlary we dogan-garyndaşlary ýanyndaka däl, eýsem, birnäçe wagtdan soňam, onuň halyndan habar alyp duruň. «Dost her wagt söýýändir; dogan bolsa aladaly gün üçin doglandyr» (Sül. tym. 17:17). Şeýle dogan-uýalaryň berýän tesellisi derdiňe derman bolup biler (1 Selanikliler 3:7-ni okaň).
18 Meselem, ýanýoldaşyny ýitiren adamyň derdini toý tutan güni, belli bir aýdym-saz, surat, haýsy-da bolsa bir iş, hatda aýratyn bir ys, ses ýa-da pasyl gozgap biler. Şol sebäpli olar başda toý tutan güni ýa-da Ýatlama agşamy ýaly günleri özüni has erbet duýmaklary mümkin. Bir dogan şeýle gürrüň berýär: «Toý tutan günümiz men özümi gaty erbet duýaryn öýtdüm. Ýöne şol gün özümi ýeke duýmaz ýaly, ýanyma birnäçe dogan-uýalar, ýagny ýakyn dostlarym geldi».
19 Emma dogan-garyndaşyny ýitiren adamyň ýanyna diňe belli bir günleri barmalydyr öýtmäň. Ýunýa uýamyz şeýle gürrüň berýär: «Köplenç şol bir günlerde däl-de, başga wagt berlen kömek has-da peýdaly bolýar. Garaşylmadyk ýagdaýda berilýän teselliniň gymmatyny söz bilen beýan edip bolmaýar». Elbetde, biz dogan-garyndaşynyň ölümi sebäpli hasrat çekýän adamyň derdini doly ýeňledip bilmesek-de, olara duýgudaşlyk bildirsek, belli bir derejede teselli bermek başardar (1 Ýahýa 3:18). Gabi şeýle ýatlaýar: «Ýygnak ýaşulularynyň hasratymy meniň bilen bile çekişendigi üçin Ýehowa örän minnetdar. Olaryň kömegi bilen Ýehowanyň aladamy edýändigini duýdum».
Dürdäne pikirler
Isa pygamberiň şägirtlerini nädip tanap bolýar?
18 Belki, biz: «Göwnüme degen adam bilen hökman düşünişmeli» diýýändiris. Emma ilki bilen şu soraglar hakda oýlansak gowy bolar: «Men bolan ýagdaýa gowy düşünýärinmi? (Nak. 18:13). Ol göwnüme bilgeşleýin degen däldir-ä? (Nes. 7:20). Meniň özüm hem ýalňyşmaýarynmy näme? (Nes. 7:21, 22). Men dogan bilen düşünişjek bolup, ýagdaýy has-da beterleşdirmerinmi?» (Nakyllar 26:20-ni okaň). Şu soraglar hakda oýlansaňyz belli bir netijä gelip bilersiňiz. Belki, doganyňyza bolan söýgi sizi meseläni ulaltman, geçirimli bolmaga höweslendirer.
20—26 OKTÝABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NESIHAT 9, 10
Kynçylyklary ýeňmegi öwreniň
Hiç haçan «Rebbe gazaplanmaň»
20 Kynçylyklaryň näme sebäpden bolýandygyny biljek boluň. Bu näme üçin wajyp? Sebäbi käte kynçylyklara biziň özümiz günäkär bolýarys. Elbetde, muny boýun almak gerek (Gal. 6:7). Kynçylyklar dörände Ýehowany günäkärlemäň, çünki bu akylsyzlyk bolar. Geliň, bir mysala seredeliň. Ýokary tizlikde sürüp bolýan ulagda syýahat etse bolýar. Emma sürüji tizligi çäklendirmelidigini görkezýän belgä üns bermän, aýlawly ýoldan ýokary tizlikde geçse, ol heläkçilige uçrar. Şonda ulag öndürijini günäkärlese bolarmy? Elbetde, ýok! Ýehowa bizi erkin edip ýaratdy. Şeýle-de Ol bize paýhasly karara gelmäge görkezme berýär. Onda näme üçin ýalňyşanymyzda Ýaradyjymyzy günäkärlemeli?
21 Elbetde, kynçylyklarymyzyň hemmesi biziň ýalňyşandygymyz ýa-da nädogry iş edendigimiz sebäpli bolmaýar. Olaryň käbiri «wagt we hadysa», ýagny tötänlik zerarly bolýar (Wag. 9:11). Galyberse-de, erbetlikleriň esasy sebäpkäri Şeýtan Iblisdigini ýatdan çykarmalyň (1 Ýahýa 5:19; Ylh. 12:9). Hawa, biziň duşmanymyz Ýehowa däl-de, Şeýtandyr (1 Pet. 5:8).
Ýehowa pesgöwünli adamlary gowy görýär
10 Pesgöwünli adama kynçylyga döz gelmek aňsat bolýar. Köplenç biz adalatsyzlyk edilýändigini görýäris ýa-da özümiz adalatsyzlyga uçraýarys. Paýhasly patyşa Süleýman hem: «At üstünde oturan gullary, gul kimin pyýada barýan şazadalary gördüm» diýdi (Nes. 10:7). Käte başarjaň we zehinli adamlaryň gadyryny bilmeýärler, ýöne ukypsyz adamlary öwüp arşa çykarýarlar. Süleýman patyşa hem adalatsyzlyk sebäpli nägile bolup ýörmän, ýagdaýy bolşy ýaly kabul etmegiň paýhaslydygyna düşünýärdi (Nes. 6:9). Eger pesgöwünli bolsak, ýagdaýy öz isleýşimiz ýaly üýtgetjek bolman, bolşy ýaly kabul ederis.
Siz gowy dynç alýarsyňyzmy?
MUKADDES ÝAZGYLARDA Ýehowanyň biziň ýöne bir ýaşamagymyzy däl-de, eýsem ýaşaýyşdan lezzet almagymyzy isleýändigi aýdylýar. Meselem, Zebur 104:14, 15-nji aýatlarda: «Ynsan ýüregini şatlandyrýan şeraby, onuň ýüzüni ýaldyradýan ýagy, ynsan ýüregine güýç berýän çöregi» Ýehowanyň berýändigi aýdylýar. Ýehowa bize bugdaýdan, ýagdan, şerapdan iýmitlener ýaly, bol hasyl berýär. Şerap hem «ýüregi şatlandyrýar». Ýaşamak we ondan lezzet almak üçin bu zatlar örän wajyp (Wag. 9:7; 10:19). Hawa, Ýehowa ýüregimizi şatlykdan dolduryp, bagtly bolmagymyzy isleýär (Res. iş. 14:16, 17).
2 Şol sebäpli käte Mukaddes Ýazgylardan «gögüň guşlaryna... meýdan liliýalaryna» serediň ýa-da bize şypa berýän we durmuşymyzy manyly edýän zatlar barada okanymyzda, özümizi günäkär duýmaly däl (Mat. 6:26, 28; Zeb. 8:3, 4). Ýaşaýyşdan lezzet almak «Hudaýyň sowgadydyr» (Wag. 3:12, 13). Boş wagtymyza Ýehowanyň sowgady hökmünde garasak, ony Hudaýa ýaramly bolar ýaly geçireris.
Dürdäne pikirler
lv bap 12, abz. 11, 12
«Ruhlandyryjy sözleri aýdyň»
11 Gybat we töhmet. Gybat—adamlar we olaryň işleri barada gürrüňi ýaýratmak. Eýsem, biriniň gürrüňini etmek nädogrumy? Ýok, eger biz gürrüňdeşlikde bir-birimize peýdaly we oňat täzelikleri aýtsak, meselem, biriniň ýakynda suwa çümdürilendigi ýa-da kimdir birine kömek gerekdigi barada gürrüň etsek, nädogry bolmaz. I asyrda ýaşan mesihçiler bir-biriniň hal-ýagdaýy barada ýürekden gyzyklanýardylar we imandaşlary hakda ýerlikli zatlary gürrüň berýärdiler (Efesliler 6:21, 22; Koloslylar 4:8, 9). Emma gürrüňdeşlikde täzeligi ýoýsak ýa-da biriniň syryny açsak, bu zyýanly gybat bolar. Has erbedi hem soňy töhmede ýazmagy mümkin. Töhmet bolsa hemişe-de zyýanly. Töhmet — «birine ýöňkelýän myjabat, günä, garalyk». Meselem, fariseýler Isany biabraý etmek üçin oňa töhmet atdylar (Matta 9:32—34; 12:22—24). Töhmet sebäpli köplenç dawa-jenjel turýar (Süleýmanyň tymsallary 26:20).
12 Ýehowa gepleýiş ukybyny biriniň abraýyny gaçyrmak we agzalalyk döretmek üçin ulanýan adamlary temmisiz goýmaýar. Ol «doganlaryň arasyna dawa salýan adamy» ýigrenýär (Süleýmanyň tymsallary 6:16—19). Töhmetçi diýip terjime edilýän grek sözi «diabolos» Şeýtanyň ady hökmünde hem ulanylýar. Ol «Iblis», Hudaýa zalymlyk bilen töhmet atýar (Ylham 12:9, 10). Elbetde, biz özümizi Iblise meňzedýän gepleýişden gaça durmak isleýäris. Ýygnakda «jedel» we «bölünişik» ýaly ten işlerini döredýän töhmete orun ýokdur (Galatýalylar 5:19—21). Şol sebäpli biri barada täzeligi aýtmakçy bolsaň, özüňe şu sowallary ber: «Bu dogrudan-da şeýlemikä? Muny birine gürrüň bersem, ýagşylyk etdigim bolarmyka? Aslynda, bu gürrüňi aýtmak zerurmyka?» (1 Selanikliler 4:11-i okaň).
27 OKTÝABR—2 NOÝABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NESIHAT 11, 12
Sagdyn durmuşdan lezzet alyň
Çagalara ýaradylan zatlar arkaly Ýehowany tanamaga kömek ediň
16 Ene-atalar çagalary bilen Ýehowanyň ýaradan gözel tebigatynda dynç alsalar, göwün açsalar, oýnasalar maşgalasy agzybir we jebis bolýar. Mukaddes Kitapda «gülmegiň öz wagtynyň... tans etmegiň öz wagtynyň» bardygy aýdylýar (Nes. 3:1, 4). Ýehowa adamlaryň gowy görýän zatlary bilen meşgullanmagy üçin gözel Ýer şaryny ýaratdy. Käbir ene-atalar çagalary bilen tokaýda gezelenç edýärler, daga gidýärler ýa-da kenarda aýlanýarlar. Çagalar seýilgähde, kenarda ylgamagy, oýnamagy halaýarlar we haýwanlara syn etmegi gowy görýärler. Ýehowa ene-atalaryň çagalary bilen owadan tebigatda dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleri döretdi.
Ýaşaýyş sowgadyny gymmat saýyň!
6 Mukaddes Kitap saglyk kitaby bolmasa-da, onda Ýehowanyň saglyk babatda garaýşy ýazylan. Mysal üçin, Hudaýyň Sözünde «erbet zatlardan gaça duruň» diýilýär (Nes. 11:10). Mukaddes Kitapda iýermenlik we içegenlik ýazgarylýar. Sebäbi şol zatlar biziň saglygymyza zyýan ýetirýär (Nak. 23:20). Ýehowa biziň näme iýip-içýändigimize we näçeräk iýip-içýändigimize ünsli bolmagymyzy isleýär (1 Kor. 6:12; 9:25).
7 Hudaý bize pikirleniş ukybyny berdi. Biz pikirleniş ukybyny ulanyp jan-saglygymyzy gorap bilýäris (Zeb. 119:99, 100; Nakyllar 2:11-i okaň). Aýdaly, siz bir iýmiti gowy görýärsiňiz, ýöne şol iýmit saglygyňyz üçin zyýanly. Eger siz oýlanyp hereket etseňiz, şol iýmitden gaça durarsyňyz. Biz pikirleniş ukybyny ulansak, diňe bir zyýanly zatlardan gaça durman, eýsem, wagtynda ýatyp turarys, beden maşkyny ederis, şahsy arassaçylygy saklarys, öýümizi we daş-töweregimizi tämiz saklarys.
«Hudaýyň Sözüni... ýerine ýetiriň»
2 Ýehowa Hudaýa sežde edýän adamlar bagtlydyr. Sebäbi hak Alla olara köp bereket berýär. Şeýle-de olar Hudaýyň Sözüni okap we maslahatlaryna eýerip, özlerini bagtly duýýarlar (Ýakup 1:22—25-nji aýatlary okaň).
3 Mukaddes Kitabyň maslahatlaryna eýerýän adam Hudaýy razy edip ýaşaýar. Ynsan üçin şundan uly bagt bolmasa gerek! Hudaýyň Sözüni ýerine ýetirýän adamyň maşgala ojagynda parahatlyk höküm sürýär we imandaşlary bilen agzybir ýaşaýar (Nes. 12:13). Şeýle-de ol Hudaýyň kada-kanuny boýunça ýaşamaýan adamlardan tapawutlylykda, köp kynçylyklaryň öňüni alýar. Dawut patyşa Ýehowanyň öwüt-ündewlerini, tabşyryklaryny, buýruklaryny we hökümlerini wasp edip: «Kanunlaryňy berjaý edýän (adam) uly sylag alýar» diýýär. Bizem şu şahyrana sözlere goşulýarys (Zeb. 19:7—11).
Dürdäne pikirler
lff sapak 3, abz. 1
Mukaddes Kitapda aýdylýan zatlar hakykatmy ýa-da toslama?
Mukaddes Kitapda «hakykat sözleriniň dogry ýazylandygy» aýdylýar (Nesihat 12:10). Mukaddes Kitapda bolan wakalar we ýaşap geçen adamlar barada aýdylýar (Luka 1:3; 3:1, 2-nji aýatlary oka). Hatda taryhçylar we gazuw-agtaryş işini geçirýänler Mukaddes Kitapdaky seneleriň, adamlaryň, ýerleriň, wakalaryň dogrudygyny tassyklaýarlar.