«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
© 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
3—9 NOÝABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR SÜLEÝMANYŇ AÝDYMY 1, 2
Söýginiň güýji
Sönmeýän söýgi barmy?
9 Mesihçiler ýöne bir maşgalaly bolmak üçin durmuş gurmaýarlar. Är-aýal bir-birini ýürekden söýmeli we söýgüsini bildirmeli. Emma olar söýginiň haýsy görnüşini görkezmeli? Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan ähli adamlara görkezilýän söýgimi? (1 Ýahýa 4:8). Maşgala agzalarynyň arasyndaky söýgimi? Ýakyn dostlaryň arasynda bolýan söýgimi? (Ýahýa 11:3). Ýa-da erkek adam bilen aýalyň arasyndaky söýgimi? (Sül. tym. 5:15—20). Är-aýal bu söýginiň ähli görnüşlerini bildirmeli. Olar söýgüsini sözünde we iş ýüzünde görkezseler maşgalasy agzybir we bagtly bolar. Durmuşyň başagaýlygyna garamazdan, är-aýala söýgüsini bildirmek wajypdyr! Käbir medeniýetde ýaşlar ene-atasynyň islegine görä durmuş gurýarlar. Şol sebäpli olar toýdan öň gowy tanşyp ýetişmeýärler. Emma olar bir-birini söýüp, gowy tanar ýaly, söýgüsini bildirmeli. Şonda olar bir-birine ýakynlaşyp, maşgalasy agzybir bolar.
10 Är-aýalyň bir-birine söýgi bildirmeginiň ýene-de bir peýdasy bar. Süleýman patyşa şulamly gyza «kümüş düwmeli tylla şelpeler ýasajakdygyny» aýtdy. Şeýle-de ol gyzy «şapak deý ýalpyldaýan, Aý dek gözel» diýip öwýär (Nag. 1:9—11; 6:10). Emma şulamly gyz söwer ýary çopan oglana wepaly galdy. Oňa wepaly galmaga näme kömek etdi? (Nagmalar nagmasy 1:1, 2-nji aýatlaryň okaň). Çopan oglan söýgüsi barada duýduranda, ol özüni nähili bagtly duýandygyny ýatlaýar. Onuň söýgüsi «şerapdan datlydy». Çopan oglanyň ady bolsa, hoşboý ysly dökülen ýag ýaly göwünlik berýärdi (Zeb. 23:5; 104:15). Bu ýatlamalar onuň söýgüsini berkitdi. Şonuň ýaly är-aýal hem ýygy-ýygydan bir-birine söýgüsini bildirmeli.
Dürdäne pikirler
Sönmeýän söýgi barmy?
11 Durmuş gurmak isleýän mesihçiler şulamly gyzyň göreldesinden näme öwrenip biler? Ol Süleýman patyşany söýmeýändigi üçin Iýerusalim gyzlaryna: «Özi isleýänçä yşky oýarmaň» diýdi (Nag. 2:7; 3:5). Näme üçin? Sebäbi ol gören adamy bilen söýüşmek islemeýärdi. Paýhasly mesihçi ýürekden söýjek adamyna sabyrly garaşyp, diňe şonuň bilen durmuş gurar.
10—16 NOÝABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR SÜLEÝMANYŇ AÝDYMY 3—5
Adamyň bezegi — ýagşy häsiýeti
Sönmeýän söýgi barmy?
8 Nagmada olar bir-biriniň diňe boý syratyny wasp etmeýärler. Mysal üçin, çopan oglan gyzy adamlar bilen mähirli gepleşýändigi üçin gowy görýär (Nagmalar nagmasy 4:7, 11-nji aýatlary okaň). Ol gyza: «Dodaklaryňdan bal damýar, eý, gelinligim; bal bilen süýt bar diliň astynda» diýýär. Çopan oglan üçin gyzyň dili bal ýaly süýji we süýt ýaly ýakymlydy. Çopan gyza: «Neneňsi gözel... sende hiç bir kemlik ýok» diýmek bilen, onuň diňe bir owadanlygyny däl-de, eýsem gowy häsiýetini hem öwýär.
w00 1/11 sah. 11, abz. 17
Hudaýyň ýokary ahlak kadalaryna eýeriň
17 Geliň, indi ahlak taýdan arassa ýaşan üçinji gahryman hakda gürrüň edeliň. Ol ýaş, gözel we çopan oglana göwün beren şulamly gyzdy. Oňa diňe çopan oglan däl, Ysraýylyň patyşasy Süleýman hem aşyk bolýar. Süleýmanyň aýdymy kitabynda boýdan-başa gyzyň akyl-paýhasy, abraýy wasp edilýär. Şulamly gyz Süleýman patyşanyň söýgüsini kabul etmese-de, patyşa gyzyň şanyna şu kitaby ýazypdyr. Çopan oglan söwer ýarynyň edep-ekramy üçin hormat goýýar we ony «gulply bag-bakja» meňzedip, şahyrana sözler bilen gyzy wasp edýär (Aýd. 4:12). Gadymy Ysraýyl ýurdunyň owadan baglarynda dürli-dürli gök-önümler, ir-iýmişler, ysy bark urýan güller we beýik agaçlar gögeripdir. Adatça, bag-bakjalaryň daşyna haýat aýlapdyrlar ýa-da diwar salypdyr, hatda gulply derweze-de gurupdyrlar. Şol sebäpli baga diňe açary bar adam girip bilýär (Işa. 5:5). Çopan oglan şulamly gyzyň ahlak taýdan arassalygyny we gözelligini owadan baga meňzedýär. Şulamly gyz päkdi. Gyz diňe toýdan soň söýen ýidigidi bilen ysnyşar.
g04 22/12 sah. 8, 9, abz. 5, 6
Içki dünýäňiz owadan bolsun!
Geliň, Dawut patyşanyň ogly Abselim hakda gürrüň edeliň. «Daşy jäjek, içi möjek» diýlişi ýaly, Abselim boý-syratly, gelşikli ýigit bolsa-da, adamçylygy pesdi. Mukaddes Kitapda: «Tutuş Ysraýylda Abselim ýaly görmegeý ýigit ýokdy, depesinden dabanyna çenli onuň ýekeje-de kem ýeri ýokdy» diýilýär (2 Şamuwel 14:25). Emma ol şeýle tekepbirdi welin, kakasyny tagtdan agdaryp, ýerine özi patyşa bolmak isledi. Abselim hatda kakasynyň gyrnaklary bilen ýatdy. Şeýdip, ol Ýehowanyň gaharyny getirdi we iň soňunda gynalyp öldi (2 Şamuwel 15:10—14; 16:13—22; 17:14; 18:9, 15).
Siziň Abselim ýaly adam bilen dostlaşasyňyz gelerdimi? Elbetde, ýok. Gaýtam siz ondan gaçardyňyz. Abselim nähili owadanam bolsa, tekepbir hem dönükdi. Görmegeýligi ony ölümdenem halas edip bilmedi. Mukaddes Kitapda köp adamlaryň ýagşy häsiýetleri barada ýazylsa-da, olaryň daş keşbi hakda hiç zat aýdylmaýar. Diýmek, adamyň içki dünýäsiniň owadan bolmagy has wajyp.
Dürdäne pikirler
Süleýman patyşanyň aýdymy
3:5. Köşgüň hanymlaryna ýüzlenip, gyz näme üçin «jerenlerden ýa-da meýdan keýiklerinden» ant içýär? Bu jandarlar öz nepisligi we owadanlygy bilen tanalýar. Aslynda, sulamly gyz ähli nepis we owadan zatlaryň hatyrasyna ant içip, köşgüň hanymlaryna öz söýgülisinden başga hiç kime söýgi duýgusyny döretmezligi haýyş edýär.
17—23 NOÝABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR SÜLEÝMANYŇ AÝDYMY 6—8
Ýehowanyň ýokary ahlak kadalaryna eýeriň
15 Nagmalar nagmasy 4:12-ni okaň. Näme üçin çopan oglan söýgülisini gapysy ýapyk baga meňzedýär? Ýapyk baga keseki adam girip bilmeýär. Gyzyň baga meňzedilmeginiň sebäbi, ol diňe çopany söýýärdi we oňa durmuşa çykmak isleýärdi. Şonuň üçinem ol patyşa göwün bermedi we pikirini üýtgetmedi. Ol «diwara» we aňsat açylmaýan «gapa» meňzeýärdi (Nag. 8:8—10). Durmuş gurmakçy bolýan mesihçilerem bir-birine wepaly bolmaly. Başga birine göz gyzdyrmaly däl.
16 Çopan oglan şulamly gyzy ýaz günleri gezelenje çagyranda, doganlary ony ibermedi. Olar gyzy üzümlige sakçy edip goýdular. Näme üçin? Doganlary oňa ynanmadymy? Olar uýasy ahlaksyzlyk eder diýip pikir etdimi? Aslynda olar ony ýalňyşlyk etmekden goramak isledi (Nag. 1:5; 2:10—15). Eger siz kimdir biri bilen duşuşýan bolsaňyz ahlaksyzlykdan nädip gaça durup bilersiňiz? Munuň üçin nämelerden gaça durjakdygyňyz barada öňünden gürleşiň. Hiç haçan ýeke galmaň. Birek-birege päk söýgini bildiriň.
yp bap 23, abz. 2
Nikadan öň jynsy gatnaşyk etse bolýarmy?
Ýaşlar toý tutmazdan öňürti ahlak taýdan arassa bolsa, özlerini bela-beterden gorar. Mukaddes Kitapda bir oglana aşyk bolan gyz hakda aýdylýar. Gyz: «Men bir diwar, mämelerim goşa diň» diýip, özüniň päkdigini aýdýar. Ol özüni iten badyňa açylýan gapy däl-de, galanyň demir derwezesine meňzedýär. Ol arassa ynsap bilen ýigide şeýle diýýär: «Baksa söwer ýarym, görer, päkdir kalbym». Olar ahlak taýdan arassady, söýgüsi-de päkdi (Süleýmanyň aýdymy 6:9, 10; 8:9, 10).
Geçmişden sapak. Şulamly gyz
Şulamly gyz söýgi meselesinde pikirini arassa saklamalydygyny bilýärdi. Ol joralaryna: «Size ýalbarýaryn: özi isleýänçä yşky oýarmaň, birahatlandyrmaň!» diýdi. Şulamly gyz duýgularynyň aň-düşünjesinden hem üstün çykyp biljekdigine düşünýärdi. Meselem, ol joralarynyň gepine gidip, mynasyp bolmadyk adam bilen söýüşmäge razy bolup bilerdi. Hatda duýgulary-da pikirini bulaşdyryp, dogry hereket etmäge päsgel bererdi. Emma şulamly gyz «diwar» kimin berk durdy (Nagmalar nagmasy 8:4, 10).
Senem söýgi meselesinde şulamly gyz ýaly pikirlenýärmiň? Duýgularyňa ýol bermän, pikirlenip hereket edýärmiň? (Süleýmanyň tymsallary 2:10, 11). Heniz taýýar bolmasaň-da, käte daş-töweregiňdäki adamlar söýüşmäge höweslendirip biler. Belki, sen öz-özüňi hem şeýle etmäge iterip bilersiň. Nädip? El tutuşyp barýan aşyk-magşuklary göreniňde, söýüşesiň geler. Ýöne ynançlaryň deň gelmeýän adam bilen duşuşardyňmy? Şulamly gyz söýüşmek meselesinde dury pikirlenip, dogry karara geldi. Senem ondan görelde alyp bilersiň!
Dürdäne pikirler
Sönmeýän söýgi barmy?
3 Nagmalar nagmasy 8:6-ny okaň. Mukaddes Ýazgylaryň başga terjimesinde söýgi «Ýehowanyň lowlaýan ýalnyna» meňzedilýär. Näme üçin? Sebäbi Ýehowanyň iň esasy häsiýeti söýgi. Ol bizi söýgi häsiýeti bilen ýaratdy (Gel. çyk. 1:26, 27). Ýehowa Adam atany ýaradansoň, oňa owadan aýal berdi. Adam ata ilkinji gezek How enäni görende, begenjinden ýaňa goşgy düzdi. How ene hem Adam atany gaty gowy gördi, sebäbi ol onuň gapyrgasyndan ýaradyldy (Gel. çyk. 2:21—23). Ýehowa olary bir-birini hemişe ýürekden söýer ýaly edip ýaratdy.
24—30 NOÝABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR IŞAÝA 1, 2
«Agyr günä batanlar» üçin umyt
ip-1 bap 2, abz. 8
Atasyndan ýüz öwren ogullar
8 Işaýa ýahuda halkyna şeýle sözleri aýdýar: «Günäli halkyň, agyr günä batan milletiň, erbet nesliň, azgyn çagalaryň waý halyna! Olar Ýehowany terk etdiler, Ysraýylyň Mukaddes Hudaýyny äsgermezlik edip, ondan ýüz öwürdiler» (Işaýa 1:4). Halk şeýle köp erbet işleri edýär welin, zalymlygy agyr ýük kimin bolýar. Ybraýymyň döwründe Sodom bilen Gomorra hem «agyr günä» batýar (1 Musa 18:20). Ýahuda ýurdy azgyn şäher Sodom bilen Gomorra meňzeýär. Işaýa pygamber olara «erbet nesil, azgyn çagalar» diýýär, sebäbi olar Ýehowany terk edýär, «Ysraýylyň Mukaddes Hudaýyny äsgermezlik» edýär.
Ýehowa ähli adamlaryň toba etmegini isleýär
6 Ýehowa pygamberleri arkaly boýnuýogyn ysraýyl halkyna toba etmese, kösenip ýaşajakdygyny duýdurdy we hak ýola dolanyp, halal ýaşamaga höweslendirdi. Meselem, Ýehowa halkyna şeýle diýdi: «Eý dönük Ysraýyl... Men saňa gahar bilen bakmaryn, sebäbi men wepalydyryn... Men ebedilik gaharlanmaryn. Günäleriňi boýun al, sebäbi sen Hudaýyň Ýehowa garşy gozgalaň turuzdyň» (Ýer. 3:12, 13). «Bütin ýüregiňiz bilen maňa dolanyň» (Ýow. 2:12, 13). «Ýuwnuň, tämizleniň! Gözümiň alnynda zalym işleri etmäň. Erbet işlerden el çekiň» (Işa. 1:16—19). «Heý-de, men erbet adamyň ölmegini isleýärinmi?.. Eýsem, erbet işlerini taşlap, uzak ýaşamagyny islemeýärinmi? Men hiç bir adamyň ölmegini islemeýärin... Toba edip, uzak ýaşaň» (Hyz. 18:23, 32). Görşümiz ýaly, günäkär toba etse, Ýehowa örän begenýär, oňa guwanýar, ebedi ýaşamagyny isleýär. Emma günäkär erbet işine düşünip, kömek soraýança, Ýehowa gol gowşuryp oturýarmy?
Dürdäne pikirler
Ýehowa guramasyna ýolbaşçylyk edýär
15 Şu günler. Ýehowa «soňky günlerde» ähli milletli adamlaryň Hudaý barada bilim almak üçin, onuň dagyna ýygnanjakdygyny aýtdy (Işaýa 2:2, 3-nji aýatlary okaň). Biz şu pygamberligiň ýerine ýetýändigini görýäris. «Ýehowanyň dagy», ýagny arassa sežde ýalan dinleriň ählisinden beýikde durýar. Ýehowa halky üçin ruhy saçagyny giňden ýazýar! (Işa. 25:6). Ol «wepaly hem paýhasly hyzmatkäri» arkaly ruhy iýmiti bolluk bilen berýär. Muňa makalalar, nutuklar, wideolar, hatda multfilmler hem degişlidir (Mat. 24:45). Eýýup pygamberiň dosty Alyhuw: «Hudaýa... taý geljek mugallym ýokdur» diýdi. Biz hem onuň sözlerine goşulýarys (Eýp. 36:22).
1—7 DEKABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR IŞAÝA 3—5
Ýehowa tabyn bolalyň
ip-1 bap 7, abz. 3—5
Biwepa üzüm bagynyň waý halyna!
3 Işaýa pygamberiň gürrüň beren mysaly halka güýçli täsir etdi. Diňleýän adamlaryň köpüsi bagbandy, üzümi nädip ekip, nädip bol hasyl almalydygyny gowy bilýärdiler. Şol sebäpli Işaýanyň aýdan zatlary olaryň göz öňüne gelen bolmaly. Şu günler hem bagbanlar üzümiň tohumyny däl-de, nahalyny oturdýar. Ýehowa «mes toprakly depede» «saýlama gyzyl üzüm nahalyny oturtdy». Şonuň üçin onuň üzümçiligi bol hasyl bermelidi.
4 Üzüm bagyndan hasyl almak üçin der döküp zähmet çekmeli. Işaýanyň gürrüň beren daýhany mellegini agdaryp, daşlaryny aýyrýar. Şol daşlaryndan «bir diň salýar». Gadymy döwürde mellekdäki hasyly ogrulardan we mal-garadan goramak üçin diňe çykyp garawulçylyk edipdirler. Şeýle-de daýhan üzümçiligiň daşyna daşdan haýat aýlapdyr (Işaýa 5:5). Şonda mellegine dökün döküp, suwaranda daşyna akmandyr.
5 Daýhan üzümçilini gije-gündiz gorap köp zähmet çekýär we bol hasyla garaşýar. Ol hatda üzüm sykylýan ýeri hem taýýarlap goýýar. Daýhanyň çeken zähmeti ýerine düşdimi? Ýok, üzüm bagy ýabany üzüm miwesini getirdi.
ip-1 bap 7, abz. 8, 9
Biwepa üzüm bagynyň waý halyna!
8 Işaýa pygamber üzümçiligiň eýesi Ýehowa «söwer ýarym, mähribanym» diýip ýüzlenýär (Işaýa 5:1). Hawa, Işaýanyň Ýehowa bilen berk dostlugy bardy (Eýýup 29:4-i deňeşdiriň; Zebur 25:14). Ýöne Ýehowanyň öz üzümçiligine, ýagny halkyna bolan söýgüsi has güýçlüdi (2 Musa 15:17-ni deňeşdiriň; Zebur 80:8, 9).
9 Ýehowa halkyny Kengan ýurdunda «oturdýar», azgyn goňşy halklardan goramak üçin kada-kanunlary berýär (2 Musa 19:5, 6; Zebur 147:19, 20; Efesliler 2:14). Ýehowa halkyna öwüt-ündew berip, dogry ýola salar ýaly, serdarlary, ruhanylary we pygamberleri belleýär (2 Patyşalar 17:13; Melek 2:7; Resullar 13:20). Duşmanlar ysraýyllaryň üstüne çozanda, Ýehowa her gezek olary halas edýär (Ýewreýler 11:32, 33). Şol sebäpli Hudaýyň: «Men üzüm bagym üçin elimde baryny etdim. Mundan başga näme edeýin?» diýeni geň galdyrmaýar.
«Eken üzüm agajyň aladasyny et»
Işaýa pygamber «Ysraýyl öýüni» ýabany üzüm beren üzüm bagyna meňzedýär (Işaýa 5:2, 7). Ýabany üzümiň miwesi kiçijik bolýar. Ol gowy üzümlere çyrmaşyp, üstüni basýar. Ýabany üzümi ne iýip bolýar, ne-de ondan şerap ýasap bolýar. Ol imandan dänen halka meňzedilýär, sebäbi olar ýalan taňrylara sežde edip, Ýehowanyň kada-kanunlaryny bozýarlar. Halkyň ýoldan çykmagyna Ýehowa günäkär däldi. Ýeriň Eýesi gowy hasyl almak üçin elinde baryny edip zähmet çekdi. Ol şeýle diýdi: «Men üzüm bagym üçin elimde baryny etdim. Mundan başga näme edeýin?» (Işaýa 5:4).
«Eken üzüm agajyň aladasyny et»
Ysraýyl halky gowy hasyl bermedi, şol sebäpli Ýehowa olaryň haýatyny ýumurjakdygyny, halkyndan ýüz öwürjekdigini aýtdy. Indi Alla olaryň «şahalaryny çyrpmaz, ýerini ýumşatmaz... ýagmyr ýagdyrmaz», şol sebäpli «mellegi tikenekler basar» (Işaýa 5:5, 6).
Dürdäne pikirler
Garaňkylykdan çykyň — ýagtylykda geziň
10 Şeýtanyň dünýäsi Ýehowanyň ýigrenýän zatlaryny, ýagny ahlaksyzlyk we haram işleri etmegiň hiç hili erbetligi ýok diýen pikiri öňe sürýär (2 Pet. 2:19). Şeýtan Iblis şu usuly asyrlarboýy ulanyp gelýär. Ol adamlaryň aňyny küteldip, ýagşy bilen ýamany saýgarmaz ýaly edýär (Işa. 5:20; 2 Kor. 4:4). Şu günler filmlerde, telegepleşiklerde we internet sahypalarynda Ýehowanyň ahlak kadalaryna garşy gelýän haýasyz işler açyk-aýdyň görkezilýär. Şeýtan: «Ahlaksyzlyk hakda oýlanmagyň we ahlaksyz ýaşamagyň hiç hili zyýany ýok, gaýtam lezzet berýär» diýip, adamlary aldaýar (Efesliler 5:6-ny okaň).
8—14 DEKABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR IŞAÝA 6—8
«Men giderin! Meni iber!»
Goý, siziň meýletin gullugyňyz Ýehowa şöhrat getirsin!
5 Ýehowa Işaýa pygamber arkaly niýetini amala aşyrmakda wepaly adamlary ulanmakçy bolýandygyny aýtdy (Iş. 6:8—10). Işaýa pygamber bu teklibi höwes bilen kabul etdi. Şu günler müňlerçe adamlar Işaýa pygamberiň göreldesine eýerip: «Ine, men; meni iber!» diýen çagyryşa seslenýärler. Muňa garamazdan, kimdir biri şeýle diýmegi mümkin: «Eýsem, meniň edýän tagallam şeýle wajypmy? Eger Ýehowa maňa meýletin gulluk etmäge mümkinçilik beren bolsa, onda men nähili gulluk edäýenimde-de, ol barybir Sözüni berjaý etmek üçin ähli gerekli zatlary bermezmi?» Bu soraglaryň jogabyny bilmek üçin, geliň, Debora bilen Baragyň günlerinde bolan waka seredeliň.
ip-1 bap 8, abz. 15, 16
Ýehowa mukaddes mekanyndadyr
15 Ýehowa Işaýa pygambere şeýle tabşyryk berýär: «Halkyň ýanyna baryp, şeýle diý: „Siz gaýta-gaýta eşidersiňiz, emma düşünmersiňiz. Siz gaýta-gaýta görersiňiz, ýöne hiç akyl ýetirip bilmersiňiz“. Halkyň ýüregini gatat, gulaklaryny ker et, gözlerini kör et. Goý, gözleri bilen görmesinler, gulaklary bilen eşitmesinler, ýürekleri bilen düşünmesinler, sagalmak üçin yzyna dolanmasynlar» (Işaýa 6:9, 10). Dogrudanam, Işaýa pygamber halk bilen gödek gepleşmelidimi? Ýok! Işaýa ysraýyl halkyny gowy görýärdi, olara kömek edesi gelýärdi. Ýöne Ýehowa halkyň gulak asmajakdygyny bilýärdi. Şonuň üçin şu sözleri aýtdy.
16 Halkyň ýüregi gatapdy. Işaýa olara gaýta-gaýta duýdursa-da, hiç zada düşünjek bolmadylar, diňlemek islemediler. Halk boýunýogynlyk edip hiç düzelmeýärdi. Olar edil kör hem ker adam ýalydy. Işaýa näçe kömek etjek bolsa-da, halk ýüreginiň gapysyny Ýehowa hiç açasy gelmeýärdi. Şu günlerem Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary gaýta-gaýta aýtsalar-da, adamlaryň köpüsi Işaýanyň döwründäki adamlar ýaly diňlemeýärler.
ip-1 bap 8, abz. 23
Ýehowa mukaddes mekanyndadyr
23 Bir gün Isa Işaýa pygamberiň sözlerini gaýtalady. Adamlar Işaýanyň günlerinde bolşy ýaly, Isanyň günlerinde-de boýunýogynlyk edýärdiler. Olar edil kör we ker adam ýaly, Isanyň aýdan zatlaryna düşünmeýärdiler (Matta 23:35—38; 24:1, 2). B. e. 70-nji ýylynda serkerdebaşy Titusyň baştutanlygynda Rim goşuny Iýerusalimi we ybadathanany derbi-dagyn etdi. Isa Iýerusalimiň harabaçylyga öwrüljekdigini öňünden aýdypdy we daglara gaçyň diýip maslahat beripdi (Matta 13:16—23, 51). Halypasyna gulak asan şägirtler janyny gutardylar. Isa olara bagtlysyňyz diýdi (Luka 21:20—22). Olaryň iman edendigi üçin «Hudaýyň Ysraýyly» döredi (Galatýalylar 6:16).
Dürdäne pikirler
Işaýa kitabyndan peýdaly pikirler — birinji bölüm
7:3, 4 Näme üçin Ýehowa Ahaz atly zalym patyşany halas etdi? Siriýa we Ysraýyl patyşalary Ýahudanyň patyşasy Ahazy tagtdan düşürip, onuň ýerine Dawudyň neslinden bolmadyk Tabeýeliň ogluny goýmakçy boldular. Şeýtmek bilen, olar Dawut bilen Patyşalyk baradaky baglaşylan ähti bozup, Şeýtan Iblisiň hileli niýetine ýardam ederdiler. Ýehowanyň Ahazy halas etmeginiň sebäbi onuň neslinden «Parahatlyk Şazadasy» gelmelidi (Işaýa 9:6).
15—21 DEKABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR IŞAÝA 9, 10
«Güýçli ýagtylyk» şöhle saçar
ip-1 bap 10, abz. 16, 17
Parahatlyk Şazadasy wada edilýär
16 Işaýa «indi» diýende, Mesihiň ýer ýüzüne geljekdigini pygamberlik etdi. Isa köp wagtyny Jelilede geçirýär. Ilkinji wagyz işini Jelilede başlaýar we «gökdäki Patyşalyk golaýlaşdy» diýip, hoş habary aýdýar (Matta 4:17). Ol Jelilerde Dagdaky wagyzyny aýdýar, resullaryny saýlaýar, birinji gudratyny görkezýär we ölümden direlenden soňra 500-den gowrak şägirdine görünýär (Matta 5:1—7:27; 28:16—20; Markus 3:13, 14; Ýahýa 2:8—11; 1 Korinfliler 15:6). Şeýlelikde, Isa Işaýa pygamberiň «Zebulun topragy we Naftaly topragy... arşa galar» diýen pygamberlik sözlerini ýerine ýetirdi. Hawa, Isa diňe Jelilede däl, tutuş Ysraýyl ýurdunda wagyz edýär.
17 Mattanyň «güýçli ýagtylyk» diýen sözleri hem Işaýa kitabyndan alnan bolmaly. Sebäbi Işaýa şeýle diýýär: «Garaňkylykda ýöreýän halk güýçli ýagtylyk gördi. Tüm-garaňkylykda ýaşaýanlaryň üstüne ýagtylyk şöhle saçdy» (Işaýa 9:2). I asyrda ýalan däp-dessurlar köpelensoň halk «Hudaýyň sözüne eýermeýärdi» (Matta 15:6). Pespäl adamlar «kör ýolbaşçylara» gulak asyp, garaňkylykda gezdiler (Matta 23:2—4, 16). Ýöne Isa Mesih gelende pespäl adamlara nur saçdy (Ýahýa 1:9, 12). Isanyň wagzy we töleg gurbany adamzadyň üstüne «ýaşaýyş nuruny» saçdy (Ýahýa 8:12).
ip-1 bap 10, abz. 18, 19
Parahatlyk Şazadasy wada edilýär
18 Ýagtylygy gören adamlar örän begenýär. Işaýa pygamber şeýle diýýär: «Sen halky köpeltdiň, şatlygyna şatlyk goşduň. Olar seniň öňüňde, hasyl ýygnaýan daýhanlar kimin begenýärler, olja paýlaşýan esgerler kimin guwanýarlar» (Işaýa 9:3). Isa Mesih bilen şägirtleri yhlasly wagyz edýär, akýürekli adamlar hem Ýehowa «ruhda we hakykatda sežde» edip başlaýar (Ýahýa 4:24). Wagyz işi dört ýylyň içinde ýurdyň dört künjegine ýaýraýar. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni 3 000 adam suwa çümdirilýär. Biraz wagtdan soňra «5 000-e golaý» adam Isa Mesihe iman edýär (Resullar 2:41; 4:4). Şägirtler yhlasly wagyz edendigi üçin «Iýerusalimde şägirtleriň sany barha artýardy. Hatda köp ruhanylar hem iman etdiler» (Resullar 6:7).
19 Daýhan melleginden bol hasyl ýygnanda ýa-da esgerler ýeňiş gazanyp olja alanda örän begenýärler. Edil şonuň ýaly, Isanyň şägirtleri köp adamlaryň iman edýändiklerine şatlanýarlar (Resullar 2:46, 47). Ýehowa başga halklara güýçli ýagtylygyň şöhle saçmagynyň aladasyny etdi (Resullar 14:27). Başga milletli adamlar Ýehowany tanandygyna örän begendiler (Resullar 13:48).
ip-1 bap 10, abz. 20, 21
Parahatlyk Şazadasy wada edilýär
20 Isa Mesihiň etjek işleri barada Işaýa pygamber şeýle ýazdy: «Sen olaryň agyr boýuntyrygyny döwdüň, arkasyna degýän gamçyny, hojaýynynyň gamçysyny üzüp taşladyň. Sen midýanlaryň ýeňlen güni hem şeýle edipdiň» (Işaýa 9:4). Asyrlarboýy midiýanlar bilen mowaplar bir maksat ugrunda göreşdiler, ýagny ysraýyllary ýalan taňyrlara sežde etdirmek üçin jan etdiler (4 Musa 25:1—9, 14—18; 31:15, 16). Ysraýyllar midiýanlardan öler ýaly gorkýar, sebäbi midiýanlar ýedi ýyllap olaryň obalaryny, mal-garasyny talaýar (Serdarlar 6:1—6). Soňra Ýehowa Gedeýon serdar arkaly midiýanlary derbi-dagan edýär. Midiýanlar «ýeňilen gününden» soňra ysraýyllara baş galdyrmaga milt edip bilmeýär (Serdarlar 6:7—16; 8:28). Ýakyn gelejekde «uly Gedeýon», ýagny Isa Mesih Ýehowanyň halkynyň duşmanlaryny ebedilik ýok eder (Ylham 17:14; 19:11—21). Hawa, Ýehowanyň güýji bilen «midýanlaryň üstünden ýeňiş» gazanyldy. Gelejekde-de adamlaryň däl-de, Ýehowanyň güýji bilen doly we hemişelik ýeňiş gazanylar (Serdarlar 7:2—22). Indi Hudaýyň halky agyr boýuntyrygyň astynda galmaz!
21 Hudaý urşy ýigrenýär. Ölümden direlen Isa Parahatlyk şazadasydyr. Ol ähli duşmanlary ýok eder, bütin ýer ýüzünde parahatlygy dikelder. Işaýa uruş bilen bagly ähli zatlaryň ýok ediljekdigi barada şeýle diýdi: «Her ädimi ýer sarsdyrýan esgerleriň, batyr ýigitleriň ädikleri, gana boýalan eşikleri, oduna derek ýakylar» (Işaýa 9:5). Hawa, indi esgerleriň batly ýörişiniň sesini eşitmeris we söweşde gana boýalan eşikleri görmeris. Uruş geçmişde galar, hiç kim ony ýatlamaz (Zebur 46:9).
Dürdäne pikirler
ip-1 bap 10, abz. 23, 24
Parahatlyk Şazadasy wada edilýär
23 Öwüt-nesihat berýän ýa-da açyk-aýdyň düşündirýän adama maslahatçy diýilýär. Isa Mesih ýer ýüzünde ýaşanda adamlara gerekli maslahatlary berýär. Mukaddes Kitapda «märekäniň... onuň öwredişine haýran galdygy» aýdylýar (Matta 7:28). Isa paýhasly hem duýgudaş Maslahatçy. Oňa ýer ýüzünde taý geljek ýokdur! Isa diňe bir käýemän, temmi bermek bilen çäklenmän, mähirli düşündirýär we öwüt-ündew berýär. Isa pygamberiň maslahatlary adamyň ýüregine jüňk bolýar. Sebäbi ol hemişe akyl-paýhasly, kämil we adalatlydyr. Eger biz onuň maslahatlaryny diňlesek, ebedi ýaşaýyş sylagyny alyp bileris (Ýahýa 6:68).
24 Isa pygamber: «Öwredýän zatlarym özümiňki däl, meni iberen Hudaýyňkydyr» diýdi (Ýahýa 7:16). Hawa, ol akyl-paýhasyna buýsanmady, gaýtam kimden maslahat alýandygyny açyk aýtdy. Görşümiz ýaly, Süleýman patyşa-da, Isa pygambere-de Ýehowa akyldarlyk berýär (1 Patyşalar 3:7—14; Matta 12:42). Wagyzçylar we doganlar Isa pygamberiň göreldesine eýerip, hemişe Hudaýyň Sözüne esaslanyp maslahat bermeli (Nakyllar 21:30).
22—28 DEKABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR IŞAÝA 11—13
Mesih hakdaky pygamberlikler
ip-1 bap 13, abz. 4, 5
Isa Mesih adamlary halas eder we bagta ýetirer
4 Işaýa pygamber dünýä inmezinden ençeme ýyl öň, Töwrady ýazan adamlar Mesihiň geljekdigi barada pygamberlik edipdirler. Ýehowa ony ysraýyl halkyna Baştutan edip bellemelidi (1 Musa 49:10; 5 Musa 18:18; Zebur 118:22, 26). Indi Ýehowa ol hakda Işaýa pygamber arkaly jikme-jik düşündirýär. Işaýa şeýle ýazýar: «Ýessäniň töňňesinden bir baldak gögerer, onuň kökünden çykan şaha miwe berer» (Işaýa 11:1; Zebur 132:11-i deňeşdiriň). «Baldak» we «şaha» sözleri Ýessäniň, ýagny onuň ogly Ysraýyla patyşa edip bellenen Dawudyň neslinden geljekdigini görkezýär (1 Şamuwel 16:13; Ýermeýa 23:5; Ylham 22:16). Mesih gelende Dawudyň öýüniň «baldagy» bol hasyl berer.
5 Wada edilen Mesih — Isa pygamber. Injili ýazan Matta Işaýa 11:1-e salgylanyp, Isa «nazaretli diýerler» diýip aýdýar. Isa Nazaret şäherinde önüp-ösüpdi. Işaýa 11:1-däki «baldak» diýen söz ýewreýçe «nazaretli» diýmegi aňladýar (Matta 2:23, çykgyt; Luka 2:39, 40).
ip-1 bap 13, abz. 6
Isa Mesih adamlary halas eder we bagta ýetirer
6 Isa Mesih nädip hökümdarlyk eder? Ol on taýpaly demirgazyk Ysraýyl patyşalygyny ýok eden, özdiýenli, zalym Assiriýa patyşasy ýaly bolarmy? Ýok! Işaýa ol hakda şeýle diýýär: «Ýehowanyň ruhy üstüne iner, ol akyl-paýhasly, düşünjeli bolar, gowy maslahatlary berer, güýç-kuwwatly bolar, bilimi köp bolar, Ýehowa çuňňur hormat goýar. Ol höwes bilen Ýehowa hormat goýar» (Işaýa 11:2, 3a). Isa Mesih ýag bilen däl-de, Hudaýyň mukaddes ruhy bilen bellenýär. Bu waka Ýahýa Isany suwa çümdirende boldy. Şonda Ýehowanyň «mukaddes ruhy kepderi kimin (Isanyň) üstüne inýär» (Luka 3:22). Ýehowanyň mukaddes ruhy Isany akylly-paýhasly, düşünjeli, güýç-kuwwatly we bilimli edýär. Şeýdip, Isa adamlara gowy maslahat berýär. Bular patyşa üçin tüýs gerekli häsiýetler!
ip-1 bap 13, abz. 8
Isa Mesih adamlary halas eder we bagta ýetirer
8 Isa Mesihiň Ýehowadan gorkmagy nämäni aňladýar? Ol Hudaý temmi berer diýip gorkýardymy? Ýok! Isa Mesih Hudaýy ynjytmakdan, gynandyrmakdan gorkýardy. Hudaýhon adam hem Isa pygamber ýaly «hemişe onuň (Hudaýyň) halaýan işlerini» etmäge jan edýär (Ýahýa 8:29). Isa pygamber her gün Hudaýa hormat goýýandygyny sözde we iş ýüzünde görkezdi. Şeýdip, ol bize gowy görelde galdyrdy.
ip-1 bap 13, abz. 9
Isa Mesih adamlary halas eder we bagta ýetirer
9 Işaýa pygamber Mesihiň ýene-de birnäçe häsiýetleri hakda şeýle ýazdy: «Ol... gözüniň görenine görä höküm çykarmaz, gulagynyň eşidenine görä käýinç bermez» (Işaýa 11:3b). Eger siz kazyýetiň öňünde durmaly bolsaňyz, işiňize şeýle kazynyň seretmegini islemerdiňizmi? Hawa, Mesih ähli adamlaryň Kazysy! Ol ýalan maglumatlara gulak gabardyp, adamlaryň mekirligine aldanyp we gep-gürrüňe ynanyp höküm çykarmaz. Şeýle-de adamlaryň wezipesine, wajyp hasaplaýan zatlaryna, ýagny mal-mülküne görä karara gelmez. Ol ýalany paş edýär, ikiýüzli, päliýaman adamlary derrew tanaýar (1 Petrus 3:4, çykgyt). Hawa, ýygnakda jogapkärli doganlar Isa pygamberiň ajaýyp häsiýetlerine eýerseler, meseläni çöp döwen ýaly çözerler (1 Korinfliler 6:1—4).
ip-1 bap 13, abz. 11
Isa Mesih adamlary halas eder we bagta ýetirer
11 Isa pygamber ýalňyşlyk goýberen şägirtlerine mähir bilen düzediş berýär. Şeýdip, ol ýygnak ýaşulularyna görelde galdyrdy. Ýöne Isa zalymlygy endik edinen adamlary höküm eder. Hudaý şu dünýäniň hökümdarlaryna höküm çykaranda, Isa Mesih ähli zalym adamlary ýok eder (Zebur 2:9; Ylham 19:15-i deňeşdiriň). Şeýlelikde, dünýäniň parahatlygyny bozan, zalym adamlardan nam-nyşan galmaz (Zebur 37:10, 11). Adalatlylygy halaýan, erbetligi ýigrenýän Isa Mesih zalymlygy ýok etmegi başarar (Zebur 45:3—7).
Dürdäne pikirler
ip-1 bap 13, abz. 16—18
Isa Mesih adamlary halas eder we bagta ýetirer
16 Adam ata bilen How ene arassa seždäni hapalan ilkinji ynsanlar. Olar Erem bagynda Şeýtanyň täsirine düşüp, Ýehowa gulak asmadylar. Şondan bäri Şeýtan maksadyndan dänmedi. Ol köp adamlara hak Hudaýy tanatmajak bolup elinde baryny edýär. Ýöne Ýehowa arassa seždäniň ýer ýüzünde ýitip gitmegine hiç haçan ýol bermez. Sebäbi Hudaýyň ady arassa sežde bilen berk baglanyşykly. Ýehowa bolsa özüne sežde edýän adamlaryň aladasyny edýär. Şol sebäpli Ýehowa Işaýa pygamber arkaly ajaýyp wada berýär: «Şol gün Ýessäniň köki halklar üçin bellik kimin bolar, milletler ondan maslahat sorar. Onuň öýi şan-şöhratdan dolar» (Işaýa 11:10). Dawut patyşa Iýerusalimi ýurdyň paýtagty edip saýlaýar. B. e. öň 537-nji ýylda ýesirlikden azat bolan ýehudylar Iýerusalime dolanýar we arassa seždäniň merkezi bolan ybadathanany dikeldýär.
17 Pygamberlikde diňe bir bu wakalar däl-de, eýsem gelejekde Isa Mesihiň ähli halklaryň üstünden ýeke-täk Baştutan boljakdygy hakda ýazylan. Pawlus resul Işaýa 11:10-a salgylanyp başga milletli adamlaryň arassa sežde etjekdigini ýazýar. Ol Septuaginta esaslanyp şeýle diýýär: «Işaýa pygamber hem: „Ýessäniň kökünden biri geler, ol milletlere ýolbaşçylyk eder. Halklar onuň adyna umyt baglarlar“ diýýär» (Rimliler 15:12). Şol pygamberlik şu günler uly möçberde ýerine ýetýär. Dürli milletdäki adamlar Ýehowany ýürekden söýýär we Mesihiň doganlaryny goldaýar (Işaýa 61:5—9; Matta 25:31—40).
18 Işaýanyň «şol gün» diýen jümlesi 1914-nji ýylda başlandy. Şol ýyl Isa Mesih Hudaýyň gökdäki Patyşalygynyň Patyşasy edip bellendi (Luka 21:10; 2 Timoteos 3:1—5; Ylham 12:10). Şondan bäri Isa Mesih «bellik kimin» hemmelere mälim boldy, ýagny ruhy Ysraýyl we adalatlyga teşne bolan dürli milletli adamlar ony Patyşa hökmünde tanadylar. Isanyň wada berşi ýaly, Mesihiň ýolbaşçylygynda hoş habar ähli adamlara wagyz edilýär (Matta 24:14; Markus 13:10). Hoş habar adamlara güýçli täsir edýär. «Ähli milletden... hiç kimiň sanap bilmedik uly märekesi» Isa Mesihe tabyn bolup, saýlananlar bilen bilelikde arassa seždäni goldaýar (Ylham 7:9). Şu günler Ýehowanyň «doga edilýän öýüne» her gün ençeme adamlar gelýärler we onuň «öýüni», ruhy ybadathanany şan-şöhratdan doldurýarlar (Işaýa 56:7; Hagaý 2:7).
29 DEKABR—4 ÝANWAR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR IŞAÝA 14—16
Hudaýyň duşmanlaryna höküm çykarylar
ip-1 bap 14, abz. 16
Ýehowa beýgelen şäheri peselder
16 Bularyň ählisi b. e. öň 539-njy ýylda ýerine ýetmedi. Emma şu günler Işaýanyň Wawilon hakda aýdan pygamberlikleriniň ählisi ýerine ýetýär. Mukaddes Kitaby öwrenýän bir alym şeýle diýýär: «Şu günler Wawilon şäheriniň gözgyny ýagdaýdadygyny görse bolýar. Ol asyrlarboýy boş we ýykan-ýumran bolup ýatyr. Şähere seredeniňde Işaýa bilen Ýermeýanyň aýdan pygamberlikleriniň jikme-jik ýerine ýetendigi hakda oýlanman durup bolmaýar». Elbetde, Işaýanyň döwründe ýekeje adam-da Wawilonyň ýykyljakdygy we hemişelik boşap galjakdygy hakda pikir hem eden däldir. Işaýa pygamber öz adyny göterýän kitaby ýazandan soňra 200 ýyl geçýär we Midiýa-Pars imperiýasy Wawilony basyp alýar. Şondan ýüzlerçe ýyl geçenden soň şäher doly boşap galýar. Pygamberlikleriň ýerine ýetişi Mukaddes Kitabyň Hudaýyň Sözüdigine ynandyrýar (2 Timoteos 3:16). Hawa, Ýehowanyň aýdan pygamberlikleri geçmişde ýerine ýetdi. Şol sebäpli biz Mukaddes Kitapda ýerine ýetmän galan pygamberlikleriň Hudaýyň bellän wagtynda ýerine ýetjekdigine ynamly bolup bileris.
ip-1 bap 14, abz. 24
Ýehowa beýgelen şäheri peselder
24 Mukaddes Kitapda Dawudyň neslinden bellenen patyşalary asmanda şöhle saçýan ýyldyzlara meňzedilýär (4 Musa 24:17). Dawut patyşanyň nesli Sion dagynda hökümdarlyk edip başlaýar. Süleýman patyşa Iýerusalimde ybadathana gurýar. Şondan soň şähere Sion ady dakylýar. Kanuna görä, bütin ysraýyl halkynyň erkek göbeklileri ýylda üç sapar Siona baryp sežde etmelidiler. Şeýlelikde, Sion dagyna «ýygnak dagy» diýildi. Nawuhodonosor patyşa ýehudy şalaryny özüne tabyn etmegi we olary dagdan agdarmagy ýüregine düwdi. Şeýdip, ol özüni «ýyldyzlardan» has beýgeltmek isledi. Ol gazanan ýeňişleri üçin Ýehowany şöhratlandyrmady, Ony äsgermän, özüni hudaý saýdy.
ip-1 bap 15, abz. 1
Ýehowa milletlere temmi berýär
ÝEHOWA öz saýlan halkynyň zalym işlerini görüp, goňşy halklar arkaly olara temmi bermek isledi. Emma Ýehowa halkyna çenden aşa sütem edilmegine, arassa seždäniň ýok edilmegine ýol bermedi. Şol sebäpli Ýehowa Işaýa pygambere «Wawilona çykaryljak hökümi» ýazdyrdy (Işaýa 13:1). Şu pygamberlik gelejekde ýerine ýetmelidi. Işaýa pygamberiň döwründe Ýehowa bilen äht baglaşan ysraýyl halkyna assiriýalylar sütem edýärdi. Ol demirgazyk Ysraýyl patyşalygyny we Ýahudanyň köp bölegini derbi-dagan etdi. Emma Assiriýanyň gazanan şan-şöhraty wagytlaýyndy. Işaýa şeýle pygamberlik etdi: «Serkerdebaşy Ýehowa ant içip, şeýle diýdi: „Näme niýet eden bolsam amala aşar... Assiriýalyny öz ýurdumda öldürerin, daglarymda depelärin. Boýuntyrygyny halkymyň boýnundan, agyr ýüküni halkymyň gerdeninden aýraryn“» (Işaýa 14:24, 25). Işaýa şu pygamberligi aýdandan soňra köp wagt geçmänkä, ýehudy halky Assiriýanyň hemişelik zorluk-süteminden azat boldy.
ip-1 bap 15, abz. 12
Ýehowa milletlere temmi berýär
12 Mowap hakdaky pygamberlik haçan ýerine ýeter? Tizden! «Ýehowa Mowap hakda şeýle sözleri aýdypdy. Indi bolsa Ýehowa şeýle diýýär: „Üç ýylyň içinde Mowap abraýdan düşüp, masgara bolar. Hakyna tutulan işçiniň gününi sanaýşy ýaly, üç ýyl hem barmak bükülip sanalar. Şonda Mowapda harasat gopar, sanlyja adam aman galar, olar örän ejiz bolar“» (Işaýa 16:13, 14). Şu pygamberligiň dogrudygyny gazuw-agtaryş işleriniň netijesi subut etdi. B. e. öň VIII asyrda Mowap ýurdy heläkçilige uçrady we onuň köp şäherleri boşap galdy. Käbir maglumatlara görä, Mowap patyşasy Salaman Tiglatpalasar III-e salgyt töläpdir. Mowap patyşasy Hamosnadaw bolsa, Sanheribe salgyt töläpdir. Mowap patyşalary Muzuri we Kamashalta Assiriýa patyşalary Esarhadon bilen Aşşurbanipalyň golastynda bolupdyrlar. Ýüzlerçe ýyl geçensoň, mowap halky ýer ýüzünden ýok boldy. Alymlar haraba bolup ýatan gadymy şäherleri Mowapdyr öýdýärler. Emma gazuw-agtaryş işleri şäheriň Mowapdygyny subut edip bilmedi. Görşümiz ýaly, Ysraýylyň ganym duşmany zym-zyýat boldy.
Dürdäne pikirler
Işaýa kitabyndan peýdaly pikirler — birinji bölüm
14:1, 2. Ýehowanyň halky nädip «ony ýesir edenleri ýesir eder» we «ony ezýänleriň üstünden agalyk sürer»? Bu pygamberlik midiýalylaryň we parslaryň Babylda höküm süren mahaly Dawut ýokary wezipä bellenende, Pars patyşasy Esteri aýal edinende we Pars patyşanyň uly weziri edip Mordekaý bellenende berjaý boldy.