Okyjylaryň sowallary
2 Şamuwel 21:7—9-njy aýatlarda näme üçin başda Dawut patyşanyň «Mepiboşete rehim edendigi», soňra bolsa ony gibgonlylaryň eline berendigi aýdylýar?
2 Şamuwel 21:7—9-njy aýatlary ilkinji sapar okan adamlaryň köpüsinde şeýle sorag dörän bolsa gerek. Ýöne şu wakada iki sany Mepiboşet hakda gürrüň edilýär. Biz bu wakadan köp zatlary öwrenip bileris.
Ysraýyl patyşasy Şawulyň ýedi ogly, iki gyzy bardy. Ýonatan onuň nowbahar ogludy. Şawulyň gyrnagy Rispa hem oňa bir ogul dogrup berdi. Onuň adyna Mepiboşet dakdylar. Patyşanyň Ýonatan oglundan bolan agtygynyň ady hem Mepiboşetdi. Diýmek, Şawulyň hem oglunyň, hem agtygynyň ady Mepiboşetdi.
Şawul patyşa Ysraýyldan gibgonlylary ýok etmek isledi we olary tohum-tiji bilen gyryp başlady. Ýöne ol beýle etmeli däldi, sebäbi Ýuşanyň döwründe Ysraýyl baştutanlary gibgonlylar bilen parahatlyk ähtini baglaşypdy (Ýuşa 9:3—27).
Şol äht Şawul patyşanyň döwründe-de güýjüni ýitirmändi. Emma Şawul ähti bozandygy üçin «öý-içerisi bilen gibgonlylaryň ganyna galdy» (2 Şam. 21:1). Soňra Dawut patyşa bolýar. Şawulyň zalymlygy sebäpli Ysraýylda üç ýyl açlyk bolýar. Şonda Dawut gibgonlylary huzuryna çagyryp: «Siz üçin näme edeýin?» diýip soraýar. Olar: «Bize altyn-kümüş gerek däl... Bizi Ysraýyldan ýok etjek bolan adamyň ýedi ogluny elimize ber» diýýärler. Dawut hem olaryň haýyşyny ýerine ýetirýär (2 Şam. 21:2—6; 4 Mus. 35:30, 31).
Şawul patyşa bilen ogly Ýonatan söweşde wepat bolupdy. Ýöne Ýonatanyň ogly Mepiboşet diridi. Ol çaga wagty maýyp bolupdy. Ol atasy Şawulyň gibgonlylara eden hüjümine gatnaşmandy. Şeýle-de Dawut dosty Ýonatan bilen nesline ebedilik ýagşylyk etjekdigi barada äht baglaşypdy (1 Şam. 18:1; 20:42). Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Dawut Şawulyň ogly Ýonatan bilen Ýehowanyň öňünde äht baglaşypdy, şonuň üçin Şawulyň agtygy, Ýonatanyň ogly Mepiboşete rehim etdi» (2 Şam. 21:7).
Dawut patyşa gibgonlylaryň haýyşyny nädip ýerine ýetirdi? Ol Şawulyň iki ogly bilen (biriniň ady Mepiboşetdi) bäş agtygyny gibgonlylaryň eline berdi (2 Şam. 21:8, 9). Şeýlelikde, Ysraýyl topragy Şawulyň döken bigünä ganyndan arassalandy.
Biz bu wakadan köp zady öwrenip bilýäris. Hudaýyň kanunynda: «Çagalar... atalarynyň etmişi üçin öldürilmesin» diýilýär (5 Mus. 24:16). Eger Şawulyň iki ogly we bäş agtygy bigünä bolan bolsa, Ýehowa olaryň öldürilmegine ýol bermezdi. Hudaýyň kanunynda: «Her kim öz eden günäsi üçin ölüme höküm edilsin» diýilýär. Diýmek, Şawulyň gibgonlylary gyrmak üçin eden hüjümini olar hem goldan bolmaly. Hawa, olar eli bilen edenini, egni bilen çekdiler.
Şu wakadan görnüşi ýaly, adam: «Men ýöne bir aýdylany etdim. Meniň hiç hili günäm ýok» diýip eden erbet işini aklap bilmez. Sebäbi Mukaddes Kitapda: «Her kim öz jogapkärçiligini özi çekmelidir» diýilýär (Gal. 6:5; Efes. 5:15).