Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w24 Oktýabr sah. 2—5
  • Ýüz ýyl mundan öň (1924)

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýüz ýyl mundan öň (1924)
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • RADIOSTANSIÝANYŇ GURLUŞY
  • ÇYKARYLAN HÖKÜM
  • BATYRGAÝ WAGYZÇYLAR
  • HAKYKAT NUR SAÇÝAR
  • Ýüz ýyl mundan öň (1922)
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • 1919. Ýüz ýyl mundan öň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Wagyz etmegiň usullary — Hoş habary dürli ýollar bilen wagyz edýäris
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
w24 Oktýabr sah. 2—5

Ýüz ýyl mundan öň (1924)

1924-NJI ÝYLYŇ ýanwar aýyndaky bulletindea «Rebbiň ogul-gyzlary bütin ýylyň dowamynda yhlasly wagyz etmeli!» diýen bildiriş edildi. Şondan soň Mukaddes Kitaby öwrenýänler bütin ýylyň dowamynda hiç kimden we hiç zatdan gorkman batyrgaý wagyz etdiler.

RADIOSTANSIÝANYŇ GURLUŞY

Beýteldäki doganlar Staten adasynda (Nýu-Ýork) WBBR radiostansiýasyny gurmak üçin ýer satyn aldy. Olar şol ýeri arassaladylar, işlemek we ýaşamak üçin jaý gurdular. Doganlar gurluşyk tamamlanandan soňra ses ýazgy etmek üçin gerekli enjamlary satyn almagyň ugruna çykdylar, ýöne ýene bir mesele döredi.

Doganlar beýikligi 91 metr bolan antenna satyn aldy. Soňra ony beýikligi 61 metr bolan iki sany pürse birikdirmelidi, emma olar muny başarmadylar. Doganlar Ýehowa doga edip, Onuň kömegi bilen antennany dikdiler. Kalwin Prosser dogan şeýle gürrüň berýär: «Eger biz birinji gezekde antennany diken bolsak, özümize göwnümiz ýetip, ýakamyzy gaýşardyp gezerdik. Emma biz başarmadyk, şonuň üçin Ýehowa doga etdik we Onuň kömek edendigine örän begendik. Şeýdip, biz däl-de, gökdäki Atamyz şöhratlandy».

Doganlar WBBR antennasyny dikýär

Ses ýazgy etmek üçin sargyt edilen enjamlar heniz gelmändi. Fewral aýydy, howa sowukdy. Doganlar ses ýazgy etmeli diýen karara gelýär. Olar 500 wattlyk radiotolkunlaryny geçirýän guraly tapdy. Doganlar mikrofona derek telefonyň mikrofonyny ulandy. Doganlarda nutuklaryň meýilnamasy taýýar bolmansoň, olar joşup Patyşalyk aýdymlaryny aýtdy. Ernest Low dogan şeýle ýatlaýar: «Birdenkä jaň geldi. Telefony galdyryp görsek, Bruklinde ýaşaýan Ruterfordb dogan jaň edipdir. Göz öňüne getiriň, ol 25 kilometr uzaklykda oturyp, radio arkaly biziň aýdýan aýdymlarymyzy diňläp otyrdy».

Ruterford dogan: «Oglanlar! Guýrugyna basylan güjük ýaly uwlamaňyz näme?! Bes ediň!» diýdi. Biz bolşumyza biraz utandyk, ýöne ses ýazgymyzyň uzak aralyga eşidilendigine örän begendik.

1924-nji ýylyň 24-nji fewralynda Ruterford dogan ilkinji ýaýlymda çykyş edip, radiostansiýanyň «Mesihi Patyşalygyň işlerine bagyşlanýandygyny» aýtdy. Ol nutugynda: «Adamlar dürli-dürli dine uýýar, ýöne Mukaddes Kitabyň hakykaty nur ýaly olaryň ählisine ýagty saçar» diýdi.

Çepde: Ruterford dogan radiostansiýada çykyş edýär

Sagda: Ses ýazgy edilýän enjamlar

Ilkinji radioýaýlymy üstünlikli geçirildi we köp adamlaryň göwnünden turdy. WBBR radioýaýlymy bize 33 ýyl hyzmat etdi.

ÇYKARYLAN HÖKÜM

1924-nji ýylyň iýulynda Mukaddes Kitaby öwrenýänler Ogaýo ştatynyň Kolumbus şäherinde kongres geçirýär. Şol kongrese dünýäniň dürli künjeginden myhmanlar gelýär. Kongres arap, iňlis, fransuz, nemes, grek, wenger, italýan, litwa, polýak, rus, ukrain we skandinaw dillerine terjime edilýär. Käbir nutuklar radio arkaly ýaýlyma çykýar we Ogaýo ştatynyň gündelik gazetinde çap edilýär.

Ogaýo ştatynyň Kolumbus şäherinde kongres geçirildi (1924 ý.)

Iýul aýynyň 24-ne, penşenbe güni 5 000-den gowrak dogan-uýa oba-oba, şäher-şäher aýlanyp wagyz edýär. Şol güni olar 30 000-e golaý kitap paýlaýarlar we müňlerçe adamlar bilen Mukaddes Kitap okuwyna başlaýarlar. «Garawul diňi» žurnalynyň bir sanynda «şol günüň dogan-uýalar üçin ýatdan çykmajak günleriň biri bolandygy» hakda ýazylýar.

Iýul aýynyň 25-ne, anna güni Ruterford dogan täsirli we paş ediji nutuk bilen çykyş edýär. Onuň nutugyny eşidip, köp adamlar hakykata seslenýär. Nutuk kazyýetde kazynyň çykaran hökümi ýalydy. Ol nutugynda ýalan dini ýolbaşçylaryň, syýasy we söwda-satyk guramalarynyň edýän işini paş edýär. Olar hak Hudaý barada hakykaty aýtmaýardy. Şol döwür Milletler Ligasy özüni Hudaýyň bellän Patyşasy ýaly alyp barýardy. Syýasy, dini we söwda-satyk guramalary bolsa ony goldaýardy. Mukaddes Kitaby öwrenýänlere höküm habaryny wagyz etmek üçin batyrgaýlyk gerekdi.

«Garawul diňi» žurnalynyň bir sanynda kongres barada şeýle diýilýär: «Kolumbus şäherinde geçirilen kongres Rebbiň halkynyň imanyny berkitdi. Indi Rebbiň kiçi goşuny duşmanyň otly oklaryny öçürmäge taýyndy». Leo Klaus dogan: «Indi biz ruhanylara höküm habaryny aýtmaga taýyndyk» diýýär.

«Höküm habary» kitapçanyň nusgasy

Oktýabr aýynda Ruterford doganyň nutugy kitapça görnüşinde çap edildi we onuň millionlarçasy paýlanyldy. Şol kitapçany Frank Jonson dogan-uýalar bilen Oklahoma ştatynyň Kliwlend şäherçesinde paýlamaga bardylar. Olar kitapçalary paýlap bolansoň belli bir ýerde görüşmelidiler. Frank dogan köçeme-köçe aýlanyp, kitapçalary derrew paýlap boldy. Onuň ýene-de 20 minudy bardy, köçede durmak howpludy, sebäbi adamlar kitapça paýlaýanlary halamaýardylar. Frank doganyň wagty hem bardy, kitapçasam, şol sebäpli ol buthana girýär-de, ruhanynyň kitabynyň arasynda kitapça goýýar. Soňra her bir oturgyjyň üstüne kitapça goýup çykýar. Frank şeýle bir çalasyndy welin, ýene-de iki buthana kitapça paýlap çykdy.

Frank belleşilen ýere baranda, hiç kim ýokdy. Ol duşmanlara görünmez ýaly ýangyç guýulýanyň arkasynda gizlenýär. Duşmanlar ony görmän geçip gitdiler, şol bada dogan- uýalar gelýär we hemmesi sag-aman öýüne dolanýar.

Bir dogan şol güni ýatlap, şeýle gürrüň berýär: «Biz buthananyň deňinden geçip barýardyk. Onuň öňünde 50-ä golaý adam ýygnanypdyr. Olaryň käbiri kitapçany okap durdy, käbiri bolsa, ony ruhana görkezýärdi. Hudaýa şükür, biz wagtynda gaýdypdyrys! Ýalan diniň jümmüşinde wagyz edip bilendigimize begendik».

BATYRGAÝ WAGYZÇYLAR

Jozef Krett

Mukaddes Kitaby öwrenýänler dünýäniň dört künjeginde yhlasly wagyz edýärdi. Jozef Krett dogan Demirgazyk Fransiýada wagyz edýär. Ol kömür gazylyp alynýan ýerde işlemäge gelen polşaly adamlara wagyz edýär we olary «Ölen adamlar tizden direler!» atly nutugy diňlemäge çagyrýar. Şol ýeriň ruhanysy adamlara — nutugy diňlemäge barmaň — diýip aýdýar. Ýöne garşylyk bolsa-da, nutugy diňlemäge 5 000-den gowrak adam gelýär, hatda ruhany hem gelipdi. Jozef dogan bütin halkyň öňünde ruhanyny Hudaý barada söhbetdeş bolmaga çagyrýar, ýöne ol razylaşmaýar. Jozef dogan ähli kitapçalary paýlaýar we sada halkyň Hudaýyň Sözüne teşnedigine göz ýetirýär (Amos 8:11).

Klod Brawun

Afrikanyň «Altyn kenar» döwletinde (häzir Gana) Klod Brawun dogan wagyz edýär. Ol gysga wagtyň içinde tutuş ýurtda nutuk bilen çykyş edýär we kitapça paýlaýar. Şeýdip, Hudaýyň Sözündäki hakykat «Altyn kenara» nur saçýar. Brawun doganyň nutugyny talyp ýigit Jon Blankson diňleýär. Ol şeýle ýatlaýar: «Men hakykaty tapanyma örän begendim. Şol döwür men kursdaşlaryma her bir mümkinçilikden peýdalanyp wagyz edýärdim».

Jon Blankson

Jon buthana barýar we ruhanydan üç ýüzli taňry baradaky taglymaty düşündirmegi haýyş edýär. Jon onuň ýalandygyna göz ýetirendigini gürrüň berýär. Ruhany Jona gahary gelip: «Sen mesihçi däl, Şeýtanyň ogly! Güm bol şu ýerden!» diýip, haýbat atýar.

Jon öýüne gelip, ruhana hat ýazýar we üç ýüzli taňry barada ähli talyplaryň öňünde düşündirmegini haýyş edýär. Ruhany mekdebe gelip, müdire Jony çagyrmagy haýyş edýär. Mekdep müdiri Jony çagyryp: «Jon Blankson, sen ruhana hat ýazdyňmy?» diýip soraýar.

Jon: «Hawa, ýoldaş müdir» diýýär.

Müdir Jona ruhanydan ötünç sorap hat ýazmagy tabşyrýar. Jon razylaşýar.

Ol oturyp hat ýazmaga başlaýar we ruhany üç ýüzli taňry baradaky taglymatyň ýalandygyny boýun alsa, ondan ötünç sorajakdygyny ýazýar.

Müdir: «Jon, ýazýanyň näme?!» diýip, ony saklaýar.

Jon: «Ýoldaş müdir, siz ýaz diýdiňiz, menem ýazdym» diýýär.

Müdir: «Döwlet buthanasynyň ruhanysyna şeýle hat ýazar ýaly kim bolupsyň?! Sen mekdepden kowlarsyň!» diýýär.

Jon: «Ýoldaş müdir, bir zat sorasam bolýarmy? Siz temany düşündireniňizden soňra, soragyňyz bolsa beriň diýerdiňiz, şeýle dälmi?» diýýär.

«Hawa» diýip, müdir jogap berýär.

Soňra Jon: «Buthanada hem edil şeýle ýagdaý boldy. Ruhany Hudaýyň Sözüni düşündirýärdi, menem düşünmedik ýerimi soradym. Ol düşündirip bilmedi. Indi näme üçin men ötünç soramaly?» diýýär.

Şeýdip, Jon ötünç sorap hat hem ýazmady, mekdepden hem kowulmady.

HAKYKAT NUR SAÇÝAR

«Garawul diňi» žurnalynda 1924-nji ýylyň dowamynda edilen işleriň hasabaty çap edildi: «Biz Dawut pygamberiň „söweşmäge güýç-kuwwat berersiň“ diýen sözleri bilen doly ylalaşýarys (Zeb. 18:39). Halk Rebbiň goldawyny duýdy. Olar bir ýylyň dowamynda yhlasly we şatlanyp wagyz etdiler».

Doganlar ýylyň ahyrynda radiostansiýalary köpeltmek kararyna geldi. Olar Çikagoda «WORD» atly täze radiostansiýany gurdy. Ol ýerde radiotolkunlaryny geçirýän 5 000 wattlyk gural bardy. Radiostansiýa arkaly hoş habar ýüzlerçe kilometr alyslara, hatda demirgazyk Kanada hem ýaň saldy.

1925-nji ýylda hakykat barha nur saçýardy. Ylham kitabynyň 12-nji baby täzeçe düşündirildi. Onda gökde bolup geçýän wakalar gürrüň berilýär we Şeýtanyň otly oklaryndan ägä bolmalydygy aýdylýar. Köpleri täzeçe düşündirilişi ýürekden kabul etdi, käbiri bolsa kabul etmedi.

a Häzir «Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi» diýilýär.

b Ruterford dogan Missuri ştatynda (ABŞ) aklawçy we kazy bolup işländigi üçin, oňa «kazy» hem diýýärdiler.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş