Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w24 Oktýabr sah. 6—11
  • Ýehowa ýürek «ýaralary saraýar»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa ýürek «ýaralary saraýar»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝEHOWA ÝÜREKDEN SÖÝÝÄR
  • ÝEHOWA ÝÜREKDEN BAGYŞLAÝAR
  • ÝEHOWA MUKADDES RUHY ARKALY GÖWÜNLIK BERÝÄR
  • ÝEHOWA DOGAN-UÝALAR ARKALY GÖWÜNLIK BERÝÄR
  • ÝEHOWA ÝÜREK ÝARALARYMYZA MELHEM BERÝÄR
  • Pespäl bolup, hemme zady bilmeýändigimizi boýun alalyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Ýehowa hiç wagt ýeke goýmaýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Beýik Biribara bil baglaň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Ýehowa bizi çydamly edýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
w24 Oktýabr sah. 6—11

40-NJY MAKALA

30-NJY AÝDYM Hudaýym, Dostum, Atam

Ýehowa ýürek «ýaralary saraýar»

«Ol göwnüçökgünlere göwünlik berýär, ýaralaryny saraýar» (Zeb. 147:3).

ESASY PIKIR

Ýehowa ýüregi ýaraly, göwnüçökgün adamlaryň aladasyny edýär, olaryň ýüküni göterýär we duýgudaş bolmagy öwredýär.

1. Ýehowa wepaly bendelerine nähili garaýar?

ÝEHOWA her bir wepaly bendesini gowy görýär. Ol biziň şatlygymyza şatlyk goşýar, derdimizi çekişýär (Zeb. 37:18). Dogan-uýalaryň gaýgy-aladasy we ýürek ýarasy bolsa-da, Ýehowa wepaly gulluk edýär, Ýehowa hem olara örän guwanýar. Arkadaýanjymyz, Penamyz bizi goldamaga we göwünlik bermäge hemişe taýýar!

2. Ýehowa ýüregi ýaraly adamyň aladasyny nädip edýär we ýüregi ýaraly adam näme etmeli?

2 Ýehowa «ýaraly ýürege şypa berýär» (Zeb. 147:3, çykgyt). Ýehowa ýürek ýaralarymyzy bejerer ýaly, biz hem öz tarapymyzdan käbir ädimleri ätmeli. Meselem, lukman hassany sagaltmak üçin elinde baryny edýär. Edil şonuň ýaly, Ýehowa hem göwnüçökgün, ejiz, hasrat çekýän adamlara göwünlik berýär we olaryň ýüregini galkyndyrýar. Hassa adam tiz aýaga galar ýaly lukmanyň aýdan-diýeninden çykmaly däl. Biz hem ýürek ýaramyzyň tiz bitmegi üçin Ýehowa Atamyza gulak asmaly. Nädip?

ÝEHOWA ÝÜREKDEN SÖÝÝÄR

3. Käbir adamlar näme üçin özüni dereksiz duýýar?

3 Şu günler adamlaryň biri-birine bolan söýgüsi gün-günden sowaýar. Şonuň üçin köp adamlar çagalykdan özüni dereksiz we hiç kime gereksiz duýýar. Helena uýa şeýle gürrüň berýär: «Kakam bilen ejemde ne söýgi, ne mähir bardy. Kakam doňýürek adamdy. Ol: „Senden adam bolmaz!“ diýip, meni kemsiderdi, sögerdi». Dogan-uýalar, belki, siziň hem üstüňizden gülendirler, zorluk-sütem edendirler, şonuň üçin «meni hiç kim, hiç haçan söýmez» diýip pikir edýänsiňiz.

4. Zebur 34:18-de nähili göwünlik beriji sözler bar?

4 Size zorluk-sütem eden bolsalar, Ýehowanyň sizi gowy görýändigi we ýürekden söýýändigi hakda oýlanyň. Ol «ýüregi ýaraly adama ýakyndyr» (Zebur 34:18-i okaň). Käte geçmişde bolan wakalary ýatlap, ruhdan düşeniňizde, Ýehowanyň siziň ýagşy häsiýetiňizi görendigi we dostlaşmak üçin ilkinji ädimi ädendigi hakda oýlanyň (Ýah. 6:44). Ol size kömek etmäge hemişe taýýar, sebäbi siz onuň eziz ogly, mähriban gyzy.

5. Isa pygamber kimiň göreldesine eýerýär?

5 Isa pygamber aladaçyl we mähriban Atasy Ýehowanyň göreldesine doly eýerýär. Ol ýer ýüzünde gulluk eden döwri kemsidilýän, äsgerilmeýän adamlary görende gynanýardy we mähir bilen olaryň aladasyny edýärdi (Mat. 9:9—12). Bir güni agyr keselden ejir çekýän aýal sagalmak üçin Isa pygamberiň donundan birugsat tutýar. Şonda Isa oňa käýemegiň deregine, göwünlik berýär we imany üçin öwýär (Mar. 5:25—34). Isa pygamber edil Atasy ýaly mähirlidi, aladaçyldy (Ýah. 14:9). Dogan-uýalar, Ýehowa siziň gadyryňyzy bilýär, imanyňyzy we söýgiňizi görýär. Siz muňa doly ynamly bolup bilersiňiz.

6. Siz özüňizi dereksiz duýýan bolsaňyz näme edip bilersiňiz?

6 Siz özüňizi dereksiz duýup, göwnüçökgünlige düşýän bolsaňyz näme?! Onda Mukaddes Kitapdan Ýehowanyň sizi söýýändigi hakdaky aýatlary okaň we oýlanyňb (Zeb. 94:19). Belki, siz goýan maksadyňyza ýetip bilen dälsiňiz ýa-da özüňizi dogan-uýalar bilen deňeşdirip, köp wagyz edip bilmeýändigiňiz üçin ruhdan düşýänsiňiz. Mähriban dogan-uýalar, özüňizden köp zada garaşmaň, sebäbi Ýehowa güýjüňizden artyk zady talap etmeýär (Zeb. 103:13, 14). Belki-de, çaga wagtyňyz sizi kemsidendirler we zorluk-sütem edendirler. Bolan ýagdaý üçin özüňizi günäkärlemäň, bu siziň günäňiz däl. Ýehowa size zorluk-sütem eden adamdan hökman hasabat sorar (1 Pet. 3:12). Çaga wagty zorluk-süteme döz gelen Sandra uýa şeýle gürrüň berýär: «Men her gün diýen ýaly Ýehowa doga edip: „Atam, mende nähili ýagşy häsiýeti gördüň? Haýyş edýän, maňa-da şol häsiýeti görmäge kömek et!“ diýip ýalbarýan».

Bir adamyň aýasynda serçe bar.

Ýehowa sizi gowy görýär

Aşakdaky aýatlar Ýehowanyň sizi söýýändigini subut edýär:

  • Zebur 56:8. Siz gaýgy-gama batyp gözýaş dökeniňizde, Ýehowa-da gynanýar, ýürek derdiňize melhem bermek isleýär.

  • Luka 12:6, 7. Ýehowa serçeleriň aladasyny edýän bolsa, siziň aladaňyzy has gowy etmezmi näme?! Ýehowa sizi gowy görýär, siz hakda hemme zady bilýär we ýürekden aladaňyzy edýär.

  • 1 Ýahýa 3:19, 20. Özüňizi dereksiz duýýan bolsaňyz, Ýehowanyň «sizi ýüregiňizden has gowy tanaýandygyny» we söýýändigini unutmaň

7. Kyn günleri başdan geçiren dogan-uýalar başgalara nädip kömek edip bilýär?

7 Ýehowa bizi ýürekden söýýär we işdeşi hasaplaýar. Älemiň Eýesi Ýehowa Hudaý bilen işleşmek uly hormat! (1 Kor. 3:9). Mähriban dogan-uýalar, siz kyn günleri başdan geçirdiňiz, indi siz horluk çekýän we kösenýän adamlaryň ýagdaýyna gowy düşünip, duýgudaşlyk bildirip bilýänsiňiz. Helen uýa şeýle diýýär: «Men öň özümi dereksiz duýýardym, emma Ýehowa meni ýürekden söýüp, erbet pikirlerimi ýeňmäge kömek etdi. Indi men hem akýürekli adamlara Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek edýärin». Häzir Helen şatlyk bilen pioner bolup gulluk edýär.

ÝEHOWA ÝÜREKDEN BAGYŞLAÝAR

8. Işaýa 1:18-nji aýat nädip göwnüňi göterýär?

8 Käbir dogan-uýalar Ýehowany tanamankalar agyr günä etdi, käbirleri bolsa ömrüni Ýehowa bagyş edenden soň ýalňyşlyk goýberdi. Olar eden günäsini ýatlap, öz etini özleri iýýär we ynsaby ezýet berýär. Dogan-uýalar, Ýehowa töleg gurbanyny näme üçin berendir öýdýärsiňiz?! Ol sizi ýürekden söýýändigi üçin şeýle gymmatly töleg töledi. Ol siziň töleg gurbanyna iman edip, geçmişde eden günäňizi ýatlamazlygyňyzy isleýär. Ýehowa siziň bilen «düşünişenden»c soň eden günäňiz üçin temmi bermeýär (Işaýa 1:18-i okaň). Hawa, Ýehowa ýalňyşlaryň däl-de, ýagşy işleriň sanawyny ýöredýär. Muny bilmek göwnüňi göterýär (Zeb. 103:9, 12; Ýew. 6:10).

9. Biz näme üçin geçmişimiz hakda däl-de, şu günümiz we gelejegimiz hakda oýlanmaly?

9 Siziň geçmişde eden günäňiz sebäpli ynsabyňyz köseýän bolsa näme?! Onda geçeni geçdi biliň, Ýehowa üçin indi näme etjekdigiňiz hakda we gelejekde aljak sylagyňyz barada oýlanyň. Geliň, Pawlus resul hakda gürrüň edeliň. Ol mesihçi bolmazyndan öň Ýehowanyň wepaly bendelerini zalymlyk bilen yzarlaýar (1 Tim. 1:12—15). Emma Ýehowa ony bagyşlaýar. Pawlus mesihçi bolandan soň ýalňyşyny we eden günäsini ýatlap ruhdan düşüp oturdymy? Elbetde, ýok! (Flp. 3:4—8, 13—15). Pawlus mesihçi bolmanka gazanan at-abraýyny, baýlygyny zir-zibil saýýar. Edil şonuň ýaly, ol geçmişde eden ýalňyşlaryny ýatlamaýar, olary zir-zibil hasaplaýar. Eger Pawlus hakykat üçin geçen zatlaryny ýa-da eden ýalňyşyny ýatlap oturan bolsa, hiç zat edip bilmezdi, el-aýagyny ýüpsüz baglan ýaly bolardy. Emma ol geçmişine seretmän, gaýtam yhlasly wagyz etmek hakda oýlanýar we gelejekki maksat-myrady barada pikirlenýär. Dogan-uýalar, Pawlus hem, siz hem geçmişiňizi üýtgedip bilmersiňiz, emma häzir yhlasly wagyz edip, Ýehowanyň adyny şöhratlandyryp bilersiňiz we gelejekde aljak ajaýyp bereketleriňiz hakda oýlanyp bilersiňiz.

10. Siziň ýalňyşyňyz sebäpli kimdir biri kösenen bolsa näme etmeli?

10 Belki, siziň eden ýalňyşyňyz sebäpli kimdir biri kösenendir ýa-da zyýan çekendir. Siz ýetiren zyýanyňyzyň öwezini dolmak üçin eliňizde baryny ediň we ýürekden ötünç soraň (2 Kor. 7:11). Ýehowa doga edip, ejir çeken adama kömek etmegini diläň. Gökdäki Atamyz siziň hem, ejir çeken adamyň hem kalbyna parahatlyk berer.

11. Ýunus pygamber bilen bolan wakadan näme sapak edinip bileris? (Surata serediň).

11 Ýalňyşyňyzdan sapak ediniň we Ýehowa wepaly gulluk ediň. Geliň, Ýunus pygamber hakda gürrüň edeliň. Allatagala Ýunus pygambere Ninewiýa gitmegi tabşyrýar, emma ol gorkup başga ýurda gaçyp gidýär. Ýehowa Ýunus pygambere temmi berýär, Ýunus ýalňyşyna düşünýär we sapak edinýär (Ýun. 1:1—4, 15—17; 2:7—10). Ýehowa: «Ýunusdan adam bolmaz!» diýip, ondan ýüz öwürdimi? Ýok! Hak Alla pygambere ýene bir mümkinçilik berýär. Bu sapar Ýunus Ýehowanyň tamasyny doly ödedi. Ol goýberen ýalňyşy hakda oýlanyp ruhdan düşüp oturman, gaýtam Ýehowanyň tabşyran işini yhlasly ýerine ýetirýär (Ýun. 3:1—3).

Ýunus pygamber göge seredip, kenardan ýöräp barýar, üsti-başy bolsa öl-myžžyk.

Ýunus pygamber uly balygyň garnyndan halas bolýar we Ninewiýa baryp Hudaýyň habaryny yglan edýär (11-nji abzasa serediň).


ÝEHOWA MUKADDES RUHY ARKALY GÖWÜNLIK BERÝÄR

12. Ýehowa elhenç wakalary başdan geçiren dogan-uýalara nädip göwünlik berýär? (Filipililer 4:6, 7).

12 Ýehowa elhenç wakalary başdan geçiren dogan-uýalara mukaddes ruhy arkaly göwünlik berýär. Ron bilen Kerolyň ogly janyna kast edýär. Är-aýal şeýle gürrüň berýär: «Biz durmuşda köp kynçylyklara duş geldik, emma aňsat-aňsat ýan bermedik. Ýöne oglumyzyň ölümi biziň bilimizi bükdi. Biz ukusyz gijeler Ýehowa aglap doga edýärdik. Ýehowa Filipililer 4:6, 7-nji aýatlarda (okaň) wada berişi ýaly, biziň kalbymyza parahatlyk berýärdi». Dogan-uýalar, eger siz hem aýylganç wakalary başdan geçiren bolsaňyz, islendik wagty Ýehowa doga edip bilersiňiz (Zeb. 86:3; 88:1). Siz doga-dilegleri eşidýän Hudaýyň wagtyny alýan diýip pikir etmäň, Ondan gaýta-gaýta mukaddes ruhuny diläň. Ýehowa size hiç haçan ýok diýmez (Luka 11:9—13).

13. Mukaddes ruh Ýehowa wepaly gulluk etmäge nädip kömek edýär? (Efesliler 3:16).

13 Käte başdan geçiren kynçylyklary sebäpli adam durmuşdan doýýar. Şeýle ýagdaýda Ýehowa mukaddes ruhy arkaly oňa güýç-kuwwat berýär we goldaýar (Efesliler 3:16-ny okaň). Flora uýa äri bilen missioner bolup gulluk edýär. Gynansak-da, onuň äri ikilik edýär we olar aýrylyşýar. Flora şeýle gürrüň berýär: «Men ärimiň eden işini hiç akylyma sygdyryp bilmedim, janyma jaý tapmadym. Şonda Ýehowa doga edip, mukaddes ruhuny diledim. Ýehowa mukaddes ruhy arkaly ýaraly ýüregime melhem berdi. Ilkibaşda, bu ýagdaýa döz gelip bilmerin öýtdüm, emma Ýehowa meni goldady». Allatagala uýanyň imanyny has-da berkitdi, kyn ýagdaýda güýç-kuwwat berdi. Flora şeýle gürrüň berýär: «Zebur 119:32-däki sözler meniň durmuşymda ýerine ýetdi. Aýatda: „Tabşyryklaryňy höwes bilen berjaý ederin, sebäbi olary kalbyma ýazdyň“ diýilýär».

14. Ýehowanyň mukaddes ruhuny almak üçin näme etmeli?

14 Siz Hudaýdan mukaddes ruhuny sorap doga edensiňiz. Indi eden dogaňyza görä hereket ediň. Siz ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli baryň, hoş habary yhlasly wagyz ediň we Mukaddes Kitaby her gün okap, Ýehowanyň öwüt-ündewi hakda oýlanyň (Flp. 4:8, 9). Mukaddes Kitaby okanyňyzda agyr günleri başdan geçiren pygamberler hakda oýlanyň we Ýehowanyň olary nädip goldandygy barada pikirleniň. Köp kynçylyklary başdan geçiren Sandra uýa şeýle diýýär: «Men Mukaddes Kitapdan Ýusup pygamber bilen bolan wakany okanymda örän ruhlanýaryn. Ol ençeme kynçylyga döz geldi: oňa ýowuz daraşdylar, adalatsyzlyk etdiler. Emma Ýusup hiç kime we hiç zada Ýehowa bilen dostlugyny bozdurmady» (1 Mus. 39:21—23).

ÝEHOWA DOGAN-UÝALAR ARKALY GÖWÜNLIK BERÝÄR

15. Bize kim göwünlik berip biler we nädip? (Surata serediň).

15 Biz jebir-jepa çekenimizde, ejizlänimizde dogan-uýalar aladamyzy edýärler we «köp göwünlik berýärler» (Kol. 4:11). Ýehowa Atamyz dogan-uýalar arkaly bize goldaw berýär. Imandaşlarymyz bizi ünsli diňleýär, duýgudaşlyk bildirýär we dertli günümizde ýanymyzda bolýar. Olar aýat okap, bizi ruhlandyrýar we biziň bilen Hudaýa dileg edýärd (Rim. 15:4). Käte kynçylyklar sebäpli aljyranymyzda ýa-da howsala düşenimizde, dogan-uýalar Ýehowanyň bizi söýýändigini ýatladýar. Şonda ýüregimiz giňäp gidýär we gaýgy-aladalar bilen göreşmäge güýjümiz bolýar. Şeýle-de imandaşlarymyz nahar bişirip berýär we elinden gelen kömegini gaýgyrmaýar.

Iki ýaşuly hassahanada ýatan uýanyň hal-ýagdaýyny soramaga barýar we aýat okap berýär.

Imany berk dogan-uýalar bize göwünlik berýär (15-nji abzasa serediň).


16. Biz näme üçin imany berk dostumyza ýürek derdimizi gürrüň bermeli?

16 Dogan-uýalar bizi gowy görýär we kömek etmäge hemişe taýýar. Emma biz olara başdan geçirýän duýgularymyzy we nähili kömegiň gerekdigini aýtmasak, olar bizi goldap bilmez (Nak. 17:17). Şonuň üçin ýürek derdimizi imany berk dostumyza gürrüň bermeli (Nak. 14:10). Belki, biz ýanynda özümizi rahat duýýan, çekinmän ýürek derdimizi aýdyp bilýän bir ýa-da iki ýaşula gürrüň bereris. Käbir uýalar bolsa imany berk jorasyna gaýgy-aladasyny gürrüň berip, göwünlik tapýar.

17. Käbirleri näme üçin özüni çetde tutýar, emma olar näme etmeli?

17 Dogan-uýalar bilen ýakyndan gatnaşyň. Belki, ýürek derdiňiz sebäpli hiç kimi göresiňiz gelýän däldir. Siz: «Dogan-uýalar ýagdaýyma düşünmez, oýlanman bir zatlary diýip göwnüme deger» diýip, olar bilen gepleşmek isleýän dälsiňiz (Ýak. 3:2). Emma şeýle pikiriň duzagyna düşmäň, sebäbi Ýehowa imandaşlarymyz arkaly göwünlik berýär. Ýaşuly dogan Gewin göwnüçökgünlik keseli bilen göreşýär. Ol: «Men dostlarymy hiç göresim gelmeýär» diýýär. Emma ol kyn hem bolsa özüni ele alyp, dostlary bilen gürrüňdeş bolýar. Şonda onuň ýüregi giňäp gidýär. Emi uýa şeýle diýýär: «Geçmişde başdan geçiren ýagdaýlarym sebäpli adamlara ynanyp bilmeýärdim. Emma men Ýehowa Atamyň göreldesine eýerip, dogan-uýalary söýmäge we ynanmaga jan edýärin. Şeýdip, Ýehowany begendirýändigime düşünýärin we özümi bagtly duýýaryn».

ÝEHOWA ÝÜREK ÝARALARYMYZA MELHEM BERÝÄR

18. Ýehowa näme wada berýär we biz näme etmeli?

18 Ýehowa Atamyz tizden ýürek ýaramyzy bitirer, gaýgy-aladadan gutarar, janymyz tut ýaly sagdyn bolar (Ylh. 21:3, 4). Şol döwür «öňki zatlar ýada düşmez, bizi gama batyrmaz» (Işa. 65:17). Makalanyň baş aýadynda aýdylyşy ýaly, Ýehowa ýürek «ýaralary saraýar». Geliň, Ýehowanyň taýýarlan dürli-dürli melhemini kabul edeliň. Onuň «aladamyzy etjegine» hiç haçan şübhelenmäliň (1 Pet. 5:7).

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Ýehowa özüni dereksiz duýýan adama nädip göwünlik berýär?

  • Ýehowa günäsini ýatlap ruhdan düşýän adama nädip göwünlik berýär?

  • Ýehowa dogan-uýalar arkaly nädip göwünlik berýär?

7-NJI AÝDYM Ýehowa güýç berýär

a Käbir atlar üýtgedildi.

b «Ýehowa sizi gowy görýär» diýen çarçuwa serediň.

c Günä eden adam Ýehowa bilen «düşünişmek» üçin ýürekden toba etmeli, Oňa doga edip, ötünç soramaly, erbet endigini goýmaly we ýygnak ýaşulularyndan kömek soramaly (Ýak. 5:14, 15).

d «Mukaddes Kitapdan maslahatlar» kitabynyň «Gaýgy-alada» we «Göwünlik bermek» diýen temalaryndaky aýatlary okap bilersiňiz.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş