41-NJI MAKALA
13-NJI AÝDYM Mesihiň göreldesi
Isa pygamber 40 günläp tälim berdi
«Isa... 40 günläp şägirtlerine göründi we Hudaýyň Patyşalygy hakda wagyz etdi» (Res. 1:3).
ESASY PIKIR
Isa pygamber direlensoň, şägirtlerine 40 günläp tälim berýär. Biz ondan köp zatlary öwrenip bilýäris.
1, 2. Emmawusa barýan şägirtler bilen nähili waka boldy?
B. E. 33-NJI ýylynyň 16-njy nisan güni Isa pygamberiň şägirtleriniň ählisi gam-gussa batyp ýas tutýar. Şeýle-de olar Halypasyny öldüren duşmanlardan gorkýar. Isanyň iki şägirdi Iýerusalimden 11 km uzaklykda ýerleşýän Emmawus obasyna pyýada ýöräp barýar. Olar: «Mesih öldi, indi bizi kim halas eder?» diýip, oýa batyp, hasrat çekýärdiler.
2 Iki şägirt bolan zatlar hakda gürrüň edip gelýärkä, ýolda bir nätanyş adam olara goşulýar. Ol Isa pygamberdi, emma özüni tanatmaýar, gaýtam olara Mukaddes Kitapdaky, ýagny «Musadan başlap ähli pygamberleriň» kitaplarynda özi hakda ýazylan zatlary düşündirýär. Şeýlelikde, olar Emmawus obasyna barýar we saçak başyna geçýär. Birden üýtgeşik waka bolýar, olar nätanyş adamyň Isa pygamberdigine göz ýetirýär. Hawa, şägirtleriň Halypasy ölümden direldi (Luka 24:13—35).
3, 4. Isa 40 günüň dowamynda näme etdi we haýsy üç zat hakda gürrüň ederis? (Resullar 1:3).
3 Isa 40 gün şägirtleriniň ýanynda bolýar we olara tälim berýär (Resullar 1:3-i okaň). Indi şägirtleri tanar ýaly bolmaýar, sebäbi olar Halypasyny öldüren adamlardan gorkmaýardy, Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary batyrgaýlyk bilen wagyz etmäge we tälim bermäge taýyndya.
4 Hawa, biz Isa pygamberiň 40 günläp şägirtlerine beren täliminden köp zatlary öwrenip bilýäris. Isa pygamber şägirtlerini 1) ruhlandyrdy, 2) Mukaddes Kitapdaky pygamberlik sözlerini jikme-jik düşündirdi we 3) jogapkärli borçlary ýerine ýetirmäge taýýarlady. Geliň, häzir bular barada giňişleýin gürrüň edeliň.
ŞÄGIRTLERINI RUHLANDYRDY
5. Isanyň şägirtleri näme üçin ruhdan düşdüler?
5 Isanyň şägirtleri ruhdan düşüpdi, sebäbi olar öýüni, dogan-garyndaşlaryny hem-de gowy görýän kärini taşlap, Isanyň yzyna düşdüler (Mat. 19:27). Käbirlerini bolsa Isanyň şägirdi bolandygy üçin sinagogadan kowdular (Ýah. 9:22). Olar Isanyň wada edilen Mesihdigine iman edýändikleri üçin köp zatlaryndan geçdiler (Mat. 16:16). Indi bolsa olaryň umydy puja çykypdy, sebäbi olaryň Halypasyny pürse çüýläp öldürdiler.
6. Isa ölümden direlensoň näme etdi?
6 Şägirtler Halypasynyň aradan çykandygy üçin ýas tutýardy. Emma olaryň imany gowşamandy, Isa hem muny gowy bilýärdi. Şonuň üçin ol şägirtleriniň ýanyna ýekän-ýekän baryp, olaryň her birini ruhlandyrýar. Meselem, ol mazaryň başynda aglap oturan magdalaly Merýemi ruhlandyrýar (Ýah. 20:11, 16); Emmawus obasyna barýan iki şägirdini ruhlandyrýar; soňra Petrus resula göwünlik berýär (Luka 24:34). Biz Isanyň göreldesine nädip eýerip bileris? Geliň, Isanyň magdalaly Merýemi nädip ruhlandyrandygy hakda gürrüň edeliň.
7. 16-njy nisan güni ir bilen nähili waka boldy? (Ýahýa 20:11—16; surata serediň).
7 Ýahýa 20:11—16-njy aýatlary okaň. 16-njy nisan güni daň bilen birnäçe aýal Isanyň mazaryna barýar. Olaryň arasynda magdalaly Merýem hem bardy (Luka 24:1, 10). Merýem mazarda Isanyň jesediniň ýokdugyny görýär we Petrus bilen Ýahýa habar bermäge gidýär. Olar hem mazara gelýär we onuň boşdugyny görüp, öýlerine gaýdýar. Ýöne magdalaly Merýem mazaryň başynda oturyp, zaryn-zaryn aglaýar. Isa onuň ýanyna gelip, mähir bilen göwünlik berýär we oňa wajyp ýumşy tabşyrýar. Merýem Isanyň direlendigini doganlara habar bermelidi (Ýah. 20:17, 18).
Isanyň göreldesine eýerip, ruhdan düşen adamlara göwünlik beriň (7-nji abzasa serediň).
8. Biz Isanyň göreldesine eýermek üçin näme etmeli?
8 Isa pygamberiň göreldesine nädip eýerip bileris? Biz agyr kynçylyklary başdan geçirýän dogan-uýalar bilen mähirli gepleşmeli we ýürekden aladasyny etmeli. Şonda Isa pygamberiň göreldesine eýerip bileris. Joseliniň aýal dogany heläkçilige uçrap aradan çykýar. Joselin uýa şeýle gürrüň berýär: «Uýaňdan aýra düşmek gaty erbet ekeni. Men birnäçe aýlap özüme gelip bilmedim. Şol wagtlar bir är-aýal meni öýüne myhmançylyga çagyrdy. Men içimdäki harasady gürrüň berenimde, olar ünsli diňledi. Şonda olar elini uzadyp, meni möwç urýan deňizden halas eden ýaly boldy. Olar Ýehowanyň meni gowy görýändigini ýatlatdy. Şondan soň men Ýehowa şatlyk bilen gulluk etdim». Dogan-uýalar gaýgy-aladasyny gürrüň berende, ünsli diňlesek we ruhlandyrsak, olara Ýehowa wepaly gulluk etmäge kömek edip bileris (Rim. 12:15).
HUDAÝYŇ SÖZÜNI DÜŞÜNDIRDI
9. Şägirtler näme üçin aljyrady we Isa näme etdi?
9 Isa pygamberiň şägirtleri Hudaýyň Sözüne iman edýärdi we onuň kada-kanunlary boýunça ýaşamak üçin elinde baryny edýärdi (Ýah. 17:6). Isa pygamber jenaýatçy hökmünde jebir pürsünde çüýlenip öldürildi. Şägirtleri Halypasynyň masgaralanyp öldürilendigini akylyna sygdyryp bilmeýär. Olar aljyrady, el-aýagyny ýitirdi, ýöne olaryň imany gowşamandy (Luka 9:44, 45; Ýah. 20:9). Isa direlende şägirtlerine Mukaddes Kitabyň esasynda pygamberlikleri jikme-jik düşündirdi. Geliň, Isa pygamberiň Emmawus obasyna barýan iki şägirdi bilen näme hakda gürrüň edendigini bileliň.
10. Isa pygamber şägirtlerine nämäni düşündirdi? (Luka 24:18—27).
10 Luka 24:18—27-nji aýatlary okaň. Isa Emmawus obasyna barýan iki şägirdine özüni derrew tanatmaýar. Ol ilki sorag berýär, soňra şägirtleriniň pikirini bilýär, sebäbi şägirtler Isa Ysraýylyň patyşasy bolar we rimlileriň elinden halas eder öýdýärdi. Olar öz pikirini aýdansoň, Isa ýerine ýeten pygamberlikleri Mukaddes Kitabyň esasynda jikme-jik düşündirýärb. Soňra Isa beýleki şägirtleriniň ýanyna baryp, olar bilen gürrüňdeş bolýar (Luka 24:33—48).
11, 12. a) Biz tälim berenimizde Isanyň göreldesine nädip eýerip bileris? (Surata serediň). b) Wagyzçy Norti dogana nädip kömek etdi?
11 Isa pygamberiň göreldesine nädip eýerip bileris? Aýdaly, siziň okuw geçýäniňiz bir kynçylyk bilen göreşýär. Siz oňa ýerlikli soraglary berip, nähili pikiriniň bardygyny biljek boluň (Nak. 20:5). Soňra Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlardan onuň ýagdaýyna degişli aýatlary we makalalary tapmaga kömek ediň. Şeýle-de ony oýlanmaga höweslendiriň we öwrenen zatlaryny durmuşynda nädip ulanyp biljekdigini düşündiriň, ýöne oňa derek karara gelmäň.
12 Ganada ýaşaýan 16 ýaşly Norti Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar. Okuw geçýän dogan oňa Matta kitabynyň 10-njy baby arkaly dogan-garyndaşlarynyň garşy çykyp biljekdigini düşündirerdi. Şondan köp wagt geçmänkä, Nortiniň ene-atasy garşy çykýar. Emma Nortiniň imany gowşamaýar, gaýtam Mukaddes Kitapdaky sözleriň hakykatdygyna göz ýetirýär. Dogan oňa Matta 10:16-ny okap berýär we dini garaýşyny düşündirende, ene-atasy bilen sypaýyçylykly hem sylaşykly bolmalydygyny aýdýar. Norti suwa çümdürilenden soň, iki oduň arasynda galýar. Kakasy ogluny ýokary okuw jaýyna salmak isleýär, emma Nortiniň pioner bolasy gelýär. Okuw geçýän dogan oňa näme edip, näme goýmalydygyny anyk aýtmagyň deregine, ýerlikli soraglary berýär we Mukaddes Kitabyň aýatlary hakda oýlanmaga höweslendirýär. Şeýlelikde, Norti pioner gullugyna başlamagy ýüregine düwýär. Kakasynyň gahary gelip, ogluny öýden kowýar. Norti şeýle diýýär: «Men dogry karara gelenime birjik-de şübhelenmeýärin, hiç hili ökünmeýärin». Mähriban dogan-uýalar, sizem okuw geçýänleriňize aýatlaryň üstünde nädip oýlanmalydygyny düşündirseňiz, berk imanly mesihçi bolmaga kömek edersiňiz (Efes. 3:16—19).
Isanyň göreldesine eýerip, adamlara oýlanmaga kömek ediň (11-nji abzasa serediň)e.
HORMATLY BORÇLARY YNANDY
13. Isa wagyz işiniň güýçli depginde alnyp barylmagy üçin näme etdi? (Efesliler 4:8).
13 Isa pygamber ýer ýüzünde gulluk edende, Ýehowanyň islegini birkemsiz ýerine ýetirdi (Ýah. 17:4). Ol şägirtlerine göwnüýetmezçilik edip: «Sizden iş bitiren bolmaz» diýmedi, gaýtam üç ýarym ýylyň dowamynda şägirtlerine tälim berdi. Isa pygamber ölümden direlensoň 40 günüň dowamynda wepaly, zähmetsöýer we yhlasly şägirtlerine wajyp ýumuşlary ýerine ýetirmegi öwretdi. Ol göge galmazynyň öň ýany, heniz 30 ýaşamadyk şägirtlerine Ýehowanyň halkynyň aladasyny etmegi, wagyz we şägirt taýýarlamak işine ýolbaşçylyk etmegi tabşyrdy (Efesliler 4:8-i okaň).
14. Isa pygamber direlensoň şägirtlerine nädip tälim berdi? (Surata serediň).
14 Isa pygamber şägirtlerine mähir bilen öwredýärdi, emma gerek ýerinde berk maslahat hem berýärdi (Luka 24:25—27; Ýah. 20:27). Käbir şägirtler Isanyň direlendigine şübhelenýärdi. Şonda Isa deliller getirip düşündirdi. Ol käbir şägirtlerine baýlygyň ugrunda hars urmagyň deregine, imandaşlarynyň aladasyny etmegi maslahat berdi (Ýah. 21:15). Şeýle-de Ýehowanyň jogapkärli borçlary ynanan adamlaryna bäsdeşlik we göriplik etmeli däldigini ündedi (Ýah. 21:20—22). Hudaýyň Patyşalygy haçan gelerkä diýip biynjalyk bolýan şägirtlerine hoş habary yhlasly wagyz etmegi tabşyrdy (Res. 1:6—8). Geliň, Isa pygamberiň göreldesine ýaşulularyň nädip eýerip biljekdiklerine seredeliň.
Isanyň göreldesine eýerip, doganlary jogapkärli borçlary almaga höweslendiriň (14-nji abzasa serediň).
15, 16. a) Ýaşulular Isanyň göreldesine nädip eýerip biler? b) Patrik bilen bolan wakany gürrüň beriň.
15 Ýaşulular Isa pygamberiň göreldesine nädip eýerip biler? Olar ýygnakdaky doganlary we ýaşlary jogapkärli borçlary almaga höweslendirmelic. Emma ýaşulular olardan kämillige garaşmaly däl. Olar ýaş doganlara wagtal-wagtal ýerlikli maslahatlary bermeli. Şonda ýaşlar tejribe toplap, pesgöwünli, wepaly we aladaçyl ýaşuly bolup ýetişerler (1 Tim. 3:1; 2 Tim. 2:2; 1 Pet. 5:5).
16 Geliň, Patrik hakda gürrüň edeliň. Ol özüni gödek alyp barýardy, hatda uýalar bilen hem sylaşyksyz gepleşýärdi. Ýaşuly dogan Patrige mähirli, ýöne berk maslahat berýär. Patrik şeýle diýýär: «Arzuw edýän borjumy başga doganlara berenlerinde ruhdan düşýärdim. Emma ýaşuly doganyň beren maslahaty wezipä kowalaşmagyň deregine, dogan-uýalara hyzmat etmäge we pesgöwünli bolmaga höweslendirdi». Şeýlelikde, Patrik öz üstünde işledi we 23 ýaşynda ýaşuly bellendi (Nak. 27:9).
17. Isa şägirtlerine özüni ynamly duýmaga nädip kömek etdi?
17 Isa pygamber şägirtlerine diňe bir wagyz etmegi däl-de, şägirt taýýarlamagy hem tabşyrdy (Mat. 28:20). Ýöne käbir şägirtler özlerini ynamsyz duýýardy. Isa pygamber: «Atamyň meni dünýä iberişi ýaly, menem sizi dünýä iberýärin» diýip, şägirtlerine ynanýandygyny aýtdy (Ýah. 20:21).
18. Ýaşulular nädip tälim berýär?
18 Ýaşulular Isa pygamberiň göreldesine nädip eýerip biler? Ýaşulular öz tejribesini paýlaşyp, ýygnakdaky ýaş doganlara ökdeleşmäge kömek edip bilýär (Flp. 2:19—22). Olar ýaş doganlary Ýygnak jaýynyň arassaçylyk we bejeriş işlerine gatnaşmaga höweslendirýär. Ýaşulular ýaşlara iş tabşyrmaly, ony nädip ýerine ýetirmelidigini öwretmeli we olara ynanýandygyny aýtmaly, emma her bir ädimini yzarlap ýörmeli däl. Ýaşuly bolup gulluk edýän Metýu doganlaryň eden kömegini şeýle ýatlaýar: «Doganlar maňa iş tabşyrýardy, ony gowy etmegi öwredýärdi we birkemsiz ýerine ýetirip biljekdigime ynanýardy. Şeýle-de ýalňyşymdan sapak edinmäge kömek edýärdi»d.
19. Siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?
19 Isa pygamber direlensoň 40 günüň dowamynda şägirtlerini ruhlandyrýar, öwredýär we olara tälim berýär. Geliň, biz hem Isa pygamberiň göreldesine eýermegi ýüregimize berk düweliň (1 Pet. 2:21). Isa bize: «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» diýip wada berýär we her birimize tabşyrylan işi ýerine ýetirmäge kömek eder (Mat. 28:20).
15-NJI AÝDYM Ýehowanyň Nowbaharyna alkyş aýdyň
a Mukaddes Kitapda Isa direlensoň magdalaly Merýeme (Ýah. 20:11—18); aýallara (Mat. 28:8—10; Luka 24:8—11); iki şägirdine (Luka 24:13—15); Petrusa (Luka 24:34); resullaryna (Ýah. 20:19—24); resullaryna we Tomasa (Ýah. 20:26); ýedi şägirdine (Ýah. 21:1, 2); 500 şägirdine (Mat. 28:16; 1 Kor. 15:6); dogany Ýakuba (1 Kor. 15:7); ähli şägirtlerine (Res. 1:4); şägirtlerine Betaniýanyň töwereklerinde görnendigi aýdylýar (Luka 24:50—52). Belki, Isa başga-da şägirtlerine görnendir, ýöne bu barada hiç hili maglumat ýok (Ýah. 21:25).
b Isa degişli pygamberlikler hakda köpräk bilmek üçin jw.org saýtyndan «Pygamberlikler Isanyň Mesihdigini subut edýärmi?» diýen makalany okap bilersiňiz.
c 25 ýaşdan ýokary doganlar etrap gözegçisi bolup biler, emma olar birnäçe ýyl ýaşuly bolup gulluk etmeli we tejribe toplamaly.
d «Garawul diňi» žurnalynda berlen maslahatlara eýerip, ýaş doganlary jogapkärli borçlary ýerine ýetirmäge taýýarlaň (w18/08 sah. 11, 12, abz. 15—17; w15 15/4 sah. 3—13).
e SURATYŇ BEÝANY: okuw geçýän adam aýat hakda oýlanyp, Täze ýyl baýramyna degişli jäjekleri zyňýar.