Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w24 Dekabr sah. 8—13
  • Ebedi ýaşamak üçin näme etmeli?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ebedi ýaşamak üçin näme etmeli?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝAŞAÝYŞ ÇÖREGI WE ISANYŇ BEDENI
  • IKI WAKANYŇ TAPAWUDY
  • ISANYŇ SÖZLERI HER BIRIMIZE DEGIŞLI
  • Isa pygamberiň gudratyndan näme öwrenýäris?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Isa — «ýaşaýyş çöregidir»
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Isanyň sözleri köpleriň gaharyny getirýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Karara geleniňizde Ýehowa bil baglaň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
w24 Dekabr sah. 8—13

49-NJY MAKALA

147-NJI AÝDYM Hudaý ebedi ýaşaýşy wada berýär

Ebedi ýaşamak üçin näme etmeli?

«Atam Ogluny tanap, oňa iman eden her bir adamyň ebedi ýaşamagyny isleýär» (Ýah. 6:40).

ESASY PIKIR

Saýlanan mesihçilerem, ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän adamlaram Isa Mesihiň töleg gurbany arkaly ebedi ýaşap bilýär.

1. Adamlar näme üçin ebedi ýaşap bolýandygyna ynanmaýar?

KÖP adamlar ömrüni uzaltjak bolup ýokumly iýmitleri iýýär we maşk edýär. Olar näme etseler-de, wagtyň geçmegi bilen garraýar we ölýär. Şonuň üçinem adamlar ebedi ýaşaýşyň boljagyna ynanmaýar. Ýöne Isa pygamber Ýahýa 3:16-njy we 5:24-nji aýatlarda adamlaryň «ebedi ýaşap» biljekdigini aýtdy.

2. Ýahýa 6:39, 40-njy aýatlara görä ölen adamlara näme bolar?

2 Geçen makaladan bilşimiz ýaly, Isa gudrat bilen müňlerçe adamlary çörek we balyk bilen doýranda märeke haýran galypdya. Ýöne Isanyň ertesi günki aýdan sözleri adamlary hasam geň galdyrdy. Märeke Isanyň yzyna düşüp Kapernawuma geldi. Isa olara ölen adamlaryň direljekdigini we ebedi ýaşajakdygyny aýtdy (Ýahýa 6:39, 40-njy aýatlary okaň). Ölen dogan-garyndaşlaryňyzyň, dost-ýarlaryňyzyň direlip gelşi göz öňüňize gelýärmi? Isanyň märekä aýdan sözleri siziňem, direlen adamlaryňam gelejekde ebedi ýaşajakdygyny subut edýär. Ýahýa 6-njy bapda ýazylan Isanyň sözlerine şol wagt adamlar düşünmediler, häzirem köpler oňa düşünmeýär. Geliň, Isanyň sözleriniň manysyny bileliň.

3. Ýahýa 6:51-de Isa özi barada näme diýdi?

3 Isanyň gudratyny gözi bilen gören adamlaryň derrew Ýehowanyň ysraýyllara çöldekä manna bereni ýadyna düşendir. Ýehudylar mannanyň gökden inen çörekdigini gowy bilýärdiler (Zeb. 105:40; Ýah. 6:31). Isa-da manna barada aýdyp, olara wajyp zady öwretjek boldy. Gynansak-da, mannadan iýen adamlar ebedi ýaşamadylar, ölüp gitdiler (Ýah. 6:49). Ýöne Isa «gökden inýän... hakyky çörek», «Hudaýyň berýän çöregi», «ýaşaýyş çöregi» diýende, özüni göz öňünde tutdy we adamlara özüniň mannadan tapawutlanýandygyny aýtdy (Ýah. 6:32, 33, 35). Ol şeýle diýdi: «Men gökden inen ýaşaýyş berýän çörekdirin. Çörekden iýen ebedi ýaşar» (Ýahýa 6:51-i okaň). Isany diňläp duran ýehudylar ör-gökden geldiler. Olar Isanyň gökden inen «çörekdigini» we Hudaýyň ata-babalaryna beren mannasyndan hem gowudygyny akylyna sygdyryp bilmeýärdi. Soňra Isa olara: «Çörek meniň adamzat üçin berjek bedenimdir» diýdi. Isa näme diýjek bolduka? Eger Isanyň sözleriniň manysyna düşünsek, özümiziň hem, dogan-garyndaşlarymyzyň hem ebedi ýaşajakdygyna asla şübhelenmeris.

ÝAŞAÝYŞ ÇÖREGI WE ISANYŇ BEDENI

4. Käbir ýehudylar Isanyň sözlerine näme üçin haýran galdylar?

4 Isa: «Çörek meniň adamzat üçin berjek bedenimdir» diýende, adamlaryň kellesine her dürli pikirler gelendir. Olar: «Indi biz Isanyň bedenini iýmeli bolarysmy?» diýip pikir edendirler (Ýah. 6:52). Ýöne olar Isanyň: «Ynsan oglunyň bedenini iýmeseňiz we ganyny içmeseňiz, ýaşaýşa gowuşmarsyňyz» diýen sözlerini eşidip, has-da ör-gökden gelendir (Ýah. 6:53).

5. Isa «bedenimi iýiň we ganymy içiň» diýip göni manyda aýtdymy? Düşündiriň.

5 Tupandan soň Hudaý Nuh pygambere gandan gaça durmagy tabşyrypdy (1 Mus. 9:3, 4). Ýehowanyň ysraýyllara beren kanunynda hem şol tabşyryk bardy. Gan iýen islendik adam ölüme höküm edilmelidi (3 Mus. 7:27). Isa-da ýehudylara Musanyň kanunyndaky tabşyryklary berjaý etmegi öwredýärdi (Mat. 5:17—19). Öň ol ýehudylara hiç haçan bedenini iýip, ganyny içmelidigini aýtmaýardy. Emma Isa olara garaşmadyk zadyny aýdyp, ebedi ýaşaýşy almak üçin näme etmelidigini öwretjek boldy (Ýah. 6:54).

6. Biz Isanyň «bedenimi iýiň we ganymy içiň» diýip göçme manyda aýdandygyny nireden bilýäris?

6 Isa köplenç öwredende deňeşdirme getirýärdi. Bir gezek ol samariýaly aýala: «Meniň berjek suwumdan içen adam hiç haçan suwsamaz. Meniň berjek suwum adamyň içinde ebedi ýaşaýyş berýän çeşme deý bolar» diýdi (Ýah. 4:7, 14)b. Isa samariýaly aýal bilen gepleşende göni manydaky çeşmäniň suwuny içseň ebedi ýaşarsyň diýjek bolmady. Edil şonuň ýaly, Isa Kapernawuma gelen ýehudylara-da ebedi ýaşamak üçin göni manydaky bedenini iýmelidigini, ganyny içmelidigini aýtjak bolmady. Onda Isanyň sözlerine nähili düşünmeli?

IKI WAKANYŇ TAPAWUDY

7. Ýahýa 6:53-däki sözlere käbir adamlar nähili düşünýärler?

7 Käbir adamlar: «Isa Ýahýa 6:53-däki sözleri Ýatlama agşamynda näme etmelidigini düşündirmek üçin aýdan bolmaly. Sebäbi Isa Ýatlama agşamynda-da şoňa meňzeş sözleri aýdypdy» diýýärler (Mat. 26:26—28). Şonuň üçin olar Ýatlama agşamyna gatnaşýanlaryň hemmesi çöregi we şeraby elden-ele geçirip, ondan datmaly diýýärler. Olaryň aýdýanlary dogrumy? Şu soragyň jogabyny bilmek örän wajyp. Sebäbi her ýyl Ýatlama agşamyna bütindünýä boýunça millionlarça adamlar gatnaşýar. Şonuň üçin, geliň, Isanyň Ýahýa 6:53-de näme diýendigini we Ýatlama agşamynda nähili sözleri aýdandygyny bileliň.

8. Isanyň Ýahýa 6-njy bapdaky we Ýatlama agşamynda aýdan sözleriniň tapawudyny düşündiriň. (Surata serediň).

8 Isanyň Ýahýa 6:53-de we Ýatlama agşamynda aýdan sözleriniň iki tapawudy bar. Birinjiden, Isa Ýahýa 6:53—56-njy aýatlardaky sözleri b. e. 32-nji ýylynda Jelilede aýdypdy. Isa bolsa Ýatlama agşamyny şondan bir ýyla golaý wagt geçenden soň Iýerusalimde girizipdi. Ikinjiden, Isa şol sözleri Ýehowa Hudaý we Onuň patyşalygy barada bilmek isleýän adamlara aýtmandy. Onuň ýanyna gelen adamlaryň bar küýi iýip içmekdi (Ýah. 6:26). Olar Isanyň aýdan zatlaryna düşünmändigi üçin iman etmegini bes etdiler, hatda käbirleri ony taşlap gitdiler (Ýah. 6:14, 36, 42, 60, 64, 66). Ýöne Isa b. e. 33-nji ýylynda Ýatlama agşamyny girizende ýanynda 11 resuly bardy. Olar Isanyň aýdýan zatlaryna doly düşünmeseler-de, ony taşlap gitmediler. Jeliledäki adamlardan tapawutlykda Isanyň wepaly resullary onuň gökden inendigine we Hudaýyň Ogludygyna ynanýardy (Mat. 16:16). Şonuň üçin ol resullaryny: «Kynçylyga uçranymda ýanymda bolduňyz» diýip öwdi (Luka 22:28). Görşümiz ýaly, Isanyň Ýahýa 6:53-däki we Ýatlama agşamynda aýdan sözleri bir-birinden düýbünden tapawutlanýar. Geliň, Isanyň aýdan sözleriniň manysyna giňişleýin seredeliň.

Surat: 1) Isa pygamber märekä öwredýär. Adamlaryň käbiri hüňürdeýär, käbirleri bolsa ör-gökden gelýär. 2) Isa pygamber wepaly resullary bilen Ýatlama agşamyny belleýär.

Ýahýa 6-njy bapda Isa pygamberiň Jelilede adamlara aýdan sözleri ýazylan (çepde). Şol wakadan bir ýyl soň, Isa pygamber wepaly şägirtleri bilen Iýerusalimde Ýatlama agşamyny belledi (sagda). (8-nji abzasa serediň).


ISANYŇ SÖZLERI HER BIRIMIZE DEGIŞLI

9. Isanyň Ýatlama agşamynda aýdan sözleri kimlere degişlidi?

9 Ýatlama agşamynda Isa resullaryna hamyrmaýasyz çöregi uzadyp: «Çörek meniň bedenimi aňladýar» diýdi. Soňra şeraply käsäni uzadyp: «Ol... äht ganymy aňladýar» diýdi (Mar. 14:22—25; Luka 22:20; 1 Kor. 11:24). Isa oňa täze äht diýdi. Ýehowa şol ähti «(ruhy) ysraýyl», ýagny Patyşalygynda Isa bilen höküm sürjekler bilen baglaşypdy (Ýew. 8:6, 10; 9:15). Şol wagt resullar Isanyň äht barada aýdanlaryna düşünmediler. Ýöne şol ähte görä, olar mukaddes ruh arkaly saýlanyp, Isa bilen gökde höküm sürmelidi (Ýah. 14:2, 3).

10. Isanyň Jelilede we Ýatlama agşamynda aýdan sözleriniň ýene nähili tapawudy bar? (Surata serediň).

10 Görşümiz ýaly, Isanyň Ýatlama agşamynda aýdan sözleri sanlyja adama, ýagny «kiçi sürä» degişlidi. Şol gün Isanyň ýanynda oturan resullar «kiçi sürä degişli» ilkinji şägirtlerdi (Luka 12:32). Isa olara çörekden we şerapdan datmalydygyny aýtdy. Isanyň Ýatlama agşamynda tabşyryşy ýaly, şol topara degişli başga şägirtlerem çörekden we şerapdan datmaly. Nyşanlardan dadýan şägirtleriň ählisi gökde Isa bilen höküm sürerler. Diýmek, Isanyň Ýatlama agşamynda aýdan sözleri sanlyja adama degişlidi. Jelilede aýdan sözleri bolsa, giden mähellä degişlidi.

Dogan Ýatlama agşamynda çörekden dadýar.

Çörekden we şerapdan az sanly adamlar dadýar, emma Isa pygambere iman eden islendik adam ebedi ýaşap bilýär (10-njy abzasa serediň).


11. Isanyň Jelilede aýdan sözleriniň köp adamlara degişlidigini nämeden görse bolýar?

11 B. e. 32-nji ýylynda Isanyň ýanyna gelen ýehudylar diňe iýip-içmek hakda pikir edýärdiler. Ýöne Isa olara iýip-içmekden hem wajyp zadyň bardygyny düşündirjek bolupdy. Ol ýehudylara ebedi ýaşamak üçin näme etmelidiklerini aýtdy. Şeýle-de Isa ölen adamlaryň direlip, ebedi ýaşajakdygyny aýtdy. Ýahýa 6-njy bapda Isa ebedi ýaşaýşa diňe az sanly däl-de, sansyz-sajaksyz adamlaryň ýetip biljekdigini aýtdy. Dogrudanam, şol bereketleri hemme adamlar alyp bilýär. Sebäbi Isa: «Çörekden iýen ebedi ýaşar. Çörek meniň adamzat üçin berjek bedenimdir» diýdi (Ýah. 6:51).

12. Ebedi ýaşaýşy hemme adamlar alarmy? Düşündiriň.

12 Isa ýanyna gelen ýehudylara ebedi ýaşaýşy hemme adamlaryň aljakdygyny aýtdymy? Ýok. Diňe «çörekden iýen», ýagny Isa iman eden adam ebedi ýaşaýşa gowşar. Şu günler köp adamlar Isa ynansaň, ony halasgäriň hasaplasaň ýeterlikdir öýdýärler. Ýöne bu ýeterlik däl (Ýah. 6:29). Sebäbi Jelilede hem köpler başda Isa ynansa-da, soňra yzyna eýermegi bes etdiler. Näme üçin?

13. Adamlar Isanyň yzyna eýermek üçin näme etmelidi?

13 Märekäniň köpüsi Isanyň yzyna öz peýdasy üçin eýerýärdi. Sebäbi Isa olary sagaldýardy, doýurýardy we peýdaly zatlary öwredýärdi. Ýöne Isa ýer ýüzüne adamlaryň islegini kanagatlandyrmak üçin gelmändi. Ol adamlara yzyna gyşarnyksyz eýermegi öwretmek üçin gelipdi. Adamlar hem Isanyň: «Ýanyma geliň» diýen çakylygyna gulak asyp, ondan görelde alyp ýaşamalydy (Ýah. 5:40; 6:44).

14. Ebedi ýaşaýşy almak üçin biz näme etmeli?

14 Isa bedeni we gany, ýagny töleg gurbany arkaly adamlara ebedi ýaşaýşy berjekdigini aýtdy. Ýehudylar töleg gurbanyna iman etmelidi, şu günler bizem oňa iman etmeli (Ýah. 6:40). Sebäbi Ýahýa 6:53-de Isanyň aýdyşy ýaly, diňe töleg gurbanyna iman eden adam ebedi ýaşap bilýär. Hawa, Isanyň töleg gurbany köp adamlara ebedi ýaşamaga ýol açdy (Efes. 1:7).

15, 16. Isanyň Ýahýa 6-njy bapdaky sözleri näme üçin her birimize degişli diýse bolýar?

15 Biz Ýahýa 6-njy bapdan imanymyzy berkidýän we ruhlandyrýan köp zatlary öwrendik. Biz Isanyň adamlaryň aladasyny artygy bilen edýändigine göz ýetirdik. Meselem, ol Jelilede syrkawlary sagaltdy, Hudaýyň Patyşalygy barada öwretdi we adamlaryň garnyny doýurdy (Luka 9:11; Ýah. 6:2, 11, 12). Şeýle-de ol adamlara özüniň «ýaşaýyş çörekdigini» aýtdy (Ýah. 6:35, 48).

16 Isanyň «başga goýunlar» diýip atlandyran topary Ýatlama agşamynda çörekden we şerapdan datmaýar (Ýah. 10:16). Ýöne olar göçme manyda ýaşaýyş berýän çörekden iýýärler. Nädip? Olar Isanyň töleg gurbanyna we ol arkaly köp bereketleri aljakdygyna iman edýärler (Ýah. 6:53). Isa bilen gökde höküm sürjekler, täze ähte degişli bolanlar çörekden we şerapdan dadýarlar. Görşümiz ýaly, Ýahýa 6-njy bapdaky wakany her birimiz öwrenmeli. Biz gökde ýa ýerde ýaşamaga umyt edýän bolsak-da, ebedi ýaşaýşa gowuşmak üçin ählimiz Isanyň töleg gurbanyna iman etmeli.

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  •  Ebedi ýaşaýşa gowuşmak üçin näme etmeli?

  •  Isanyň Jelilede we Ýatlama agşamynda aýdan sözleriniň nähili tapawudy bar?

  •  «Başga goýunlar» Ýatlama agşamynda nyşanlardan datmasa-da, Ýahýa 6-njy baplardaky sözler näme üçin olara-da degişli diýse bolar?

150-NJI AÝDYM Hudaýy agtaran halas bolar

a Ýahýa 6:5—35-nji aýatlar geçen makalada düşündirildi.

b Isa pygamberiň «suw» hakda aýdan sözleri Ýehowanyň ebedi ýaşamagymyz üçin edýän işlerini görkezýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş