Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Fewral sah. 30—31
  • Ýönekeý sorag

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýönekeý sorag
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Meňzeş maglumat
  • «Men Ýehowanyň gyrnagydyryn!»
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Ol «ähli aýdylan zatlary ýüreginde saklady»
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Perişde Merýemiň ýanyna gelýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Merýemiň ýanyna perişde gelýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Fewral sah. 30—31
Är-aýal wideoaragatnaşyk arkaly Mukaddes Kitap okuwyny geçirýär.

Ýönekeý sorag

Är-aýal Meri bilen Jonuňa ýaşaýan ýurdunda Filippinler döwletinden işlemäge gelen adamlar köpdi. Olar daşary ýurtly adamlara hoş habary wagyz etmegi maksat goýýarlar. Koronawirus keseliniň (COVID-19) ýaýran döwri Meri daşary ýurtda ýaşaýan birnäçe adam bilen okuwa başlaýar. Nädip?

Meri okuw geçýänlerinden: «Tanyş-bilişleriň arasynda Mukaddes Kitapdan okuw geçmek isleýän barmy?» diýip soraýar. Eger olar «hawa» diýse, onda Meri: «Meni onuň bilen tanyşdyryp bilermiň?» diýýär. Şeýle ýönekeýje sorag bermegiň köp peýdasy bar. Adatça, okuw geçýän adamlar dogan-garyndaşlarynyň we dost-ýarlarynyň hoş habary eşitmegini isleýär. Geliň, Meriniň ýönekeýje beren soragynyň nähili netije berendigini bileliň.

Meriniň okuw geçýäni Jasmin ony dört sany Mukaddes Kitaby öwrenmek isleýän adam bilen tanyşdyrýar. Olaryň biri Kristina. Kristina Mukaddes Kitapdan okuw geçmegi şeýle bir gowy görýär welin, Meriden hepdede iki gezek okuw geçmegi haýyş edýär. Meri ondan: «Seniň tanyş-bilişleriň arasynda Mukaddes Kitapdan okuw geçmek isleýän barmy?» diýip soraýar. Kristina: «Hawa, bar» diýýär. Birnäçe hepdäniň içinde Kristina Merini dört jorasy bilen tanyşdyrýar. Soňra ol Merini başga-da joralary bilen tanyşdyrýar. Joralary hem Merini Mukaddes Kitaby öwrenmek isleýän başga adamlar bilen tanyşdyrýar.

Kristina Filippinlerde ýaşaýan gyzy Andreýanyň hem Mukaddes Kitapdan okuw geçmegini isleýär. Emma Andreýa: «Ýehowanyň Şaýatlary sekta. Olar Isa Mesihe ynanmaýar. Olar diňe Töwrat kitabyny okaýar» diýip pikir edýär. Ýöne ol bir gezek okuw geçensoň, ýalňyşandygyna düşünýär. Kristina okuw geçip ýörkä şeýle diýýär: «Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Kitap esasynda öwredýär. Olaryň aýdýan zatlary dogry».

Birnäçe wagt geçensoň, Andreýa Merini iki jorasy we işdeşi bilen tanyşdyrýar. Olaram Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar. Şeýle-de Andreýa Meri bilen okuw geçýärkä, onuň kör daýzasy Anžela hem diňleýän eken. Emma Meriniň mundan habary ýokdy. Bir gün Anžela Andreýadan Meri bilen tanyşdyrmagy haýyş edýär. Şeýdip, ol hem Meri bilen okuw geçip başlaýar. Bilen zatlary Anželanyň ýüregine güýçli täsir edýär. Bir aýyň içinde ol köp aýady ýat tutýar. Şeýle-de Meri bilen hepdede dört gezek okuw geçmek isleýär. Anžela Andreýanyň kömegi bilen internet arkaly ýygnaklara hem gatnaşyp başlaýar.

Meri Kristina bilen okuw geçýärkä, onuň äri Joşuwa hem öýde bolýan eken. Bir gezek Meri ondan: «Seniňem okuwymyza gatnaşasyň gelýärmi?» diýip soraýar. Şonda Joşuwa: «Bolýar, men diňläp oturaýyn, ýöne maňa sorag berme. Ýogsam çykyp giderin» diýýär. Okuw geçip başlanlaryna bäş minut geçip-geçmänkä, Joşuwanyň özi sorag ýagdyryp başlaýar. Şeýdip, olam Mukaddes Kitapdan okuw geçmek isleýär.

Meri ýönekeýje sorag berip, birgiden adam bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlady. Netijede, Meri dört ýurtdan 28 adam bilen okuw geçip başlaýar. Dogan-uýalaram oňa gyzyklanýan adamlar bilen okuw geçmäge kömek edýär.

Meriniň ilkinji okuw geçeni Jasmin 2021-nji ýylyň aprel aýynda suwa çümdürilýär. Kristina bolsa 2022-nji ýylyň maý aýynda suwa çümdürilýär. Şondan soň ol Filippinlere, öýüne dolanýar. Meri bilen okuw geçen Kristinanyň iki jorasy hem suwa çümdürilýär. Anžela okuw geçip başlanyna birnäçe aý geçensoň suwa çümdürilýär. Häzir ol pioner bolup gulluk edýär. Kristinanyň äri Joşuwa, gyzy Andreýa we beýleki gyzyklanýanlar Mukaddes Kitapdan okuw geçýärler hem-de ruhy taýdan ösýärler.

Ýokarky suratdaky uýa okuw geçýäni we onuň dört jorasy bilen wideoaragatnaşyk arkaly gepleşýär.

I asyrda hoş habary eşiden adamlar dogan-garyndaşlaryna we dost-ýarlaryna bilen zatlaryny gürrüň beripdirler (Ýah. 1:41, 42a; Res. 10:24, 27, 48; 16:25—33). Şonuň üçin sizem Mukaddes Kitapdan okuw geçýänlerden we gyzyklanýanlardan: «Tanyş-bilişleriň arasynda Mukaddes Kitapdan okuw geçmek isleýän barmy?» diýip soraň. Kim bilýär, şeýle ýönekeýje sorag arkaly sizem köp adama okuw geçip bilersiňiz.

a Käbir atlar üýtgedildi.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş