ŞAHSY OKUWY ÜÇIN TEKLIP
Garşy çyksalar-da, mertlik bilen dogry işleri ediň
Ýermeýa 38:1—13-nji aýatlary okap, Ýermeýa pygamber bilen köşk agtasy Abdymälikden mert bolmagy öwreniň.
Konteksti bilen okaň. Ýermeýa pygamber Ýehowanyň habaryny nädip mertlik bilen wagyz etdi? (Ýer. 27:12—14; 28:15—17; 37:6—10). Ýermeýanyň habary hanlara nähili täsir etdi? (Ýer. 37:15, 16).
Gözleg geçiriň. Adamlar Ýermeýanyň näme etmegini islediler? (jr-U sah. 26, 27, abz. 20—22). Gadymy döwürde guýularyň nähili bolandygyny we olary näme maksat bilen ulanandyklaryny biliň (it-U sah. 1192, 1193). Ýermeýa batgaly guýuda özüni nähili duýduka? Abdymälik nämeden gorkdy we gorkusyny nädip ýeňdi? (w12 1/5 sah. 31, abz. 2, 3).
Sapak ediniň. Özüňize şeýle soraglary beriň:
Şu waka Ýehowanyň wepaly bendelerini goraýandygyny nädip subut edýär? (Zeb. 97:10; Ýer. 39:15—18).
Men haýsy ýagdaýlarda mert bolmaly?
Maňa garşy çyksalar-da, mertlik bilen dogry işleri etmäge näme kömek eder? (w11-U 1/3 sah. 30)a.
a Gözleg geçirmek barada köpräk bilmek üçin 2023-nji ýylyň iýul aýynda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň «Gözleg geçiriň» diýen makalasyny okap bilersiňiz.