Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mrt mak. 134
  • Zorluk-sütem çözgüt däl

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Zorluk-sütem çözgüt däl
  • Dürli temalar
  • Sözbaşylar
  • Isa pygamber näme diýdi?
  • Isa näme etdi we gelejekde näme eder?
Dürli temalar
mrt mak. 134
Isa pygamber erkekdir aýallardan we çagalardan ybarat uly märekä öwredip otyr.

ISA PYGAMBERDEN ÖWRENIŇ

Zorluk-sütem çözgüt däl

Şu günler köp adamlar dawa-jenjeli ýa-da kynçylyklary zorluk-sütem edip çözüp bolýar diýip pikir edýärler. Ýöne şeýle pikir Isa pygamberiň öwredenlerine düýbünden garşy gelýär. Onuň özem hiç haçan zorluk-sütem etmändi. Geliň, Isa pygamberiň käbir aýdan sözleri we eden işleri hakda bileliň.

Isa pygamber näme diýdi?

Isa pygamber dagdaky wagzynda gahar-gazabyň, zorluk-sütemiň düşünişmezligi çözmeýändigini aýtdy. Geliň, onuň käbir öwreden zatlaryna seredeliň.

  • «Adamlaryň size näme etmegini isleýän bolsaňyz, sizem olara şeýle ediň» (Matta 7:12; Luka 6:31). Isanyň şu öwüt-ündewine «Altyn düzgün»a hem diýilýär. Bu maslahat bizi adamlaryň özümize näme etmegini isleýän bolsak, olara-da şeýle etmäge höweslendirýär. Elbetde, biziň hiç birimiz özümize zorluk-sütem edilmegini isleýän däldiris. Onda bizem düşünişmezlik dörese-de, hemmelere sylag-hormat goýup, mähirli gepleşmeli.

  • «Biri sag ýaňagyňa ursa, oňa çep ýaňagyňy hem tut» (Matta 5:38, 39; Luka 6:29). Isa pygamber şeýle sözleri aýtmak bilen, «özüňizi kemsitmeklerine ýol beriň» diýjek bolmady. Gaýtam ol «göwnüňe degen adamdan ar almaly» diýen nädogry garaýşy düzetjek boldy. Adamlara şeýle garaýyşda bolmagy käbir dini ýolbaşçylar öwreden bolmaly. Isa bolsa şägirlerine göwnüne degen adamlardan ar alman, olar bilen özlerini ýumşak alyp barmalydygyny aýdýardyb.

  • «Duşmanlaryňyzy söýüň» (Matta 5:43, 44; Luka 6:27). Kimdir biri bizi ýigrense ýa-da ýamanlyk etse näme etmeli? Isa pygamber şeýle adamlar bilen mähirli bolmalydygyny öwretdi. Elbetde, bu olaryň edýän nädogry işlerini goldamalydygyny aňlatmaýarc. Ýöne ýumşak bolsak, olaryň gaharyny köşeşdirip bileris. Şonda olar hem biziň bilen mähirli bolar.

Isa näme etdi we gelejekde näme eder?

Isa pygamber zorluk-sütem bilen kynçylyklary çözüp bolmaýandygyny öwretdi. Öwredýän zatlaryna onuň özem eýerip ýaşaýardy. Isanyň tussag edilen gijesinde şägirtleriniň biri ony goramak üçin güýç ulandy. Şonda Isa: «Gylyjyňy gynyna sal, sebäbi gylyç göteren gylyçdan hem öler» diýdi (Matta 26:52). Isa özüne ýamanlyk eden adamlary bagyşlady, hatda olar üçin Hudaýa dileg hem etdi. Şeýdip, Isa duşmanlaryny söýýändigini görkezdi (Luka 23:33, 34; 1 Petrus 2:23).

Mukaddes Kitapda Isa pygamberiň tizden ähli zorluk-sütemiň soňuna çykjakdygy aýdylýar. Şonuň üçin oňa Parahatlyk şazadasy diýilýär (Işaýa 9:6, 7). Ajaýyp gelejek barada köpräk bilmek üçin «Uruşlaryň soňy geler» atly makalany okaň.

a Köpräk bilmek üçin «Altyn düzgün näme?» atly makalany okaň.

b Köpräk bilmek üçin «„Göz ýerine göz“ diýen kanun nämäni aňladýar?» atly makalany okaň.

c Köpräk bilmek üçin «„Duşmanlaryňyzy söýüň“ diýen tabşyryk nämäni aňladýar?» atly makalany okaň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş