Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwbq bap 24
  • Dünýäde näme üçin parahatlyk ýok?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dünýäde näme üçin parahatlyk ýok?
  • Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Mukaddes Kitabyň jogaby
  • Adamzat näme üçin parahatlygy dikeldip bilmeýär? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
    Dürli temalar
  • Parahatlyk. Ony nädip ösdürip bileris?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Bütin ýer ýüzünde nädip parahatlyk bolar?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
ijwbq bap 24
A fighter jet

Dünýäde näme üçin parahatlyk ýok?

Mukaddes Kitabyň jogaby

Adamlar bütin dünýäde parahatlygyň höküm sürmegi üçin elinde baryny edýärler, emma bu netije bermeýär. Geliň, munuň birnäçe sebäbine seredip geçeliň.

  • «Ynsanyň... dogry ädim basmagynyň ygtyýarynda däldigini bilýärin» (Ýermeýa 10:23). Adamlar öz-özlerine hökümdarlyk eder ýaly ukyp ýa-da hak-hukuk bilen ýaradylmandy. Şol sebäpli olar mizemez parahatlyga ýetip bilmezler.

  • «Adam ogluna bil baglamaň, çünki onda gutaryş ýokdur. Onuň ruhy çykyp, topraga öwrülip, niýetleri şol günüň özünde puja çykar» (Zebur 146:3, 4). Hökümet ýolbaşçylarynyň gowy niýeti bolsa-da, uruşlary doly togtadyp bilmeýärler.

  • «Soňky günlerde juda kyn döwrüň boljakdygyny bilip goý. Sebäbi adamlar... zalym, ýagşylygy ýigrenýän, dönük, kesir, gopbamsy... bolar» (2 Timoteos 3:1—4). Biz «soňky günlerde», ýagny zalym dünýäde parahatlygy aňsat-aňsat dikeldip bolmaýan wagtda ýaşaýarys.

  • «Ýer we deňiz, waý siziň halyňyza, sebäbi Iblis wagtynyň az galandygyny bilip, güýçli gahar-gazap bilen siziň ýanyňyza bardy» (Ylham 12:12). Hudaýyň ganym duşmany bolan Şeýtan ýer ýüzüne zyňlansoň, adamlary hem öz zalym häsiýetlerinden öwrenmäge höweslendirýär. Şeýtan şu «dünýäniň hökümdary» bolsa, biz hiç wagtam parahatlykda ýaşap bilmeris (Ýahýa 12:31).

  • Hudaýyň Patyşalygy «beýleki (Hudaýa garşy çykýan) patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar» (Danyýar 2:44). Hawa, ynsan hökümetleri däl-de, diňe Hudaýyň Patyşalygy bütin dünýäde parahatlygy dikeldip, biziň islegimizi amala aşyrar (Zebur 145:16).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş