Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwbq bap 119
  • Hudaýyň Sözi kimi ýa-da nämäni aňladýar?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýyň Sözi kimi ýa-da nämäni aňladýar?
  • Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Mukaddes Kitabyň jogaby
  • Isa pygambere näme üçin Hudaýyň Ogly diýilýär?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Ata, Ogul we mukaddes ruh baradaky hakykat
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Isa Mesih kim?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Näme üçin Isa Mesihiň yzyna eýermeli?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
ijwbq bap 119
Isa eli golýazmaly gepläp dur

Hudaýyň Sözi kimi ýa-da nämäni aňladýar?

Mukaddes Kitabyň jogaby

«Hudaýyň sözi» diýlende, köplenç Hudaýdan gelen bir ýa-da birnäçe habar göz öňünde tutulýar (Luka 11:28). Şeýle-de käbir aýatlarda agzalýan «Hudaýyň Sözi» ýa-da «Söz» diýen jümleler kimdir biriniň tituly hökmünde ulanylýar (Ylham 19:13; Ýahýa 1:14).

Hudaýyň habary. Pygamberler bir habary yglan edenlerinde, onuň Hudaýyň sözüdigini aýdýardylar. Mysal üçin, Ýermeýa pygamber Hudaýyň sözüni aýtmazdan öň: «Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy» diýdi (Ýermeýa 1:4, 11, 13; 2:1). Şamuwel pygamber bolsa Şawulyň patyşa edip saýlandygyny aýtmazdan öň, oňa: «Sen şu ýerde biraz aýak çek, men saňa Hudaýyň sözüni aýtjak» diýdi (1 Şamuwel 9:27).

Titul. Mukaddes Kitapda agzalýan «Söz» Isa Mesihiň tituly bolup, onuň gökde ruhy şahsyýet, ýer ýüzünde ynsan bolup ýaşan döwrüne degişli edip ulanylýar. Geliň, bu babatda käbir subutnamalara seredeliň:

  • «Söz» heniz hiç zat ýaradylmanka bardy. Mukaddes Kitapda: «Başlangyçda... Söz bardy... Ol başlangyçdan bäri Hudaý bilendi» diýilýär (Ýahýa 1:1, 2). Isa «ähli ýaradylan zatlaryň ilkinjisidir... Ol ähli zatdan öň ýaradyldy» (Koloslylar 1:13—15, 17).

  • «Söz» ýer ýüzüne geldi. Mukaddes Kitapda: «Söz ynsan bolup, aramyzda ýaşady» diýilýär (Ýahýa 1:14). Şeýle-de onda Mesih Isa hakda: «Ol hemme zatdan geçdi, özüni gul edip, ynsan boldy» diýilýär (Filipililer 2:5—7).

  • «Söz» — Hudaýyň Ogly. Ýahýa resul: «Söz ynsan boldy» diýenden soňra: «Biz Onuň şöhratyny, ýagny ýeke-täk ogul hökmünde atasyndan alan şöhratyny gördük» diýdi (Ýahýa 1:14). Şeýle-de ol: «Isa Hudaýyň ogly» diýip ýazdy (1 Ýahýa 4:15).

  • «Söz» Hudaýa mahsus häsiýetleri bildirýär. Mukaddes Kitapda «ol Hudaýyň ýanyndady» ýa-da «Hudaý ýalydy» diýilýär (Ýahýa 1:1, çykgyt). Isa «Hudaýyň şöhratyny kämil derejede görkezýändir, ol Onuň keşbidir» (Ýewreýler 1:2, 3).

  • «Söz» patyşa bolup höküm sürýär. Mukaddes Kitapda Hudaýyň Sözüniň «kellesinde ençeme täjiň bardygy» aýdylýar (Ylham 19:12, 13, çykgyt). Şeýle-de Söze «patyşalaryň Patyşasy, hökümdarlaryň Hökümdary» diýilýär (Ylham 19:16). Isa şeýle titul berlipdi (1 Timoteos 6:14, 15).

  • «Söz» Hudaýyň wekili hökmünde gulluk edýär. «Söz» diýen titul Hudaýyň habaryny ýa-da görkezmesini başgalara ýetirýän birine degişli ulanylýardy. Isanyň özi şu işi ýerine ýetirendigi barada şeýle diýdi: «Meni iberen Atamyň özi maňa näme diýmelidigimi we näme öwretmelidigimi tabşyrdy... Hawa, men diňe Atamyň aýdanlaryny aýdýaryn» (Ýahýa 12:49, 50).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş