91-NJI HEKAÝA
Isa dagda wagyz edýär
ISA seret. Ol Jeliledäki dagda adamlara wagyz edýär. Isanyň golaýynda oturanlar şägirtleri. Olar 12 resul. Resullar Isanyň aýratyn şägirtleri. Olaryň adyny bilýäňmi?
Simun Petrus we dogany Andreas. Beýleki doganlar Ýakup bilen Ýahýa. Iki resulynyň ady bolsa Ýakup we Simun. Ýene-de iki resulynyň ady Iuda. Olaryň biriniň ady Iuda Iskariot, beýlekisiniň ady bolsa Iuda Taddeus. Beýleki resullarynyň ady: Filipus, Natanaýel (şeýle hem oňa Bartolomeus diýýärler), Matta we Tomas.
Isa Samariýadan gelip: «Göklerdäki patyşalyk golaýlady» diýip, wagyz edip başlaýar. Patyşalygyň nämedigini bilýäňmi? Patyşalyk — Hudaýyň hökümeti. Isa bolsa şol hökümetiň patyşasy. Isa gökden patyşalyk edende ýerde parahatlyk bolar. Hudaýyň patyşalygynda ýer ýüzi ajaýyp Jennete öwrüler.
Isa adamlara patyşalyk barada öwredýär. Şonuň üçin ol şeýle diýýär: «Şeýle doga ediň. Eý göklerdäki Atamyz! Adyňa hormat goýsunlar. Patyşalygyň gelsin. Seniň islegiň gökde-de, ýerde-de ýerine ýetsin» diýip, Isa doga etmegi öwretdi. Köp adamlar oňa «Rebbiň dogasy» diýýär. Käbirleri bolsa «Nusgalyk doga» diýýärler. Şu dogany doly gaýtalap biljekmi?
Şeýle-de Isa adamlar bilen nähili gatnaşyk etmelidigi barada öwretdi. Ol: «Adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz hem olara şony ediň» diýdi. Biri ýagşylyk etse, eýsem saňa ýaranokmy? Şonuň üçin Isa biziň adamlar bilen gowy gatnaşykda bolmalydygymyzy aýtdy. Seniň akýürekli adamlar bilen ajaýyp Jennetde ýaşasyň gelýär gerek?
Matta kitabynyň 5—7-nji baplary; 10:1—4.