Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 34 sah. 82—sah. 83 abz. 6
  • Isa on iki resulyny saýlaýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa on iki resulyny saýlaýar
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Isanyň şägirtleri
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Isa dagda wagyz edýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Isa 12 şägirdini saýlaýar
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Isa şägirt taýýarlaýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 34 sah. 82—sah. 83 abz. 6
Isa daga gidýär

34-NJI BAP

Isa on iki resulyny saýlaýar

MARKUS 3:13—19; LUKA 6:12—16

  • 12 RESUL

Suwa çümdürýän Ýahýanyň Isany Hudaýyň Guzusy hökmünde tanyşdyranyna we onuň wagyz edip başlanyna takmynan bir ýarym ýyl geçipdi. Andreas, Simun Petrus, Ýahýa, Ýakup (Ýahýanyň dogany bolmaly), Filipus, Bartolomeý (oňa Natanyýel hem diýýärdiler) ýaly ençeme akýürekli adamlar onuň şägirdi bolýar. Biraz wagtdan başga-da köp adamlar Mesihiň yzyna eýerýärler (Ýahýa 1:45—47).

Indi Isa özüne resul saýlamaga taýyndy. Resullar Isanyň ýakyn dostlary we onuň hut özünden tälim alan adamlar bolmalydy. Emma ol şonda-da özüne resul saýlamazdan öň doga etmek üçin daga gidýär. Bu dag Kapernaumdan uzakda bolmadyk we Jelile deňziniň golaýynda ýerleşýän bolmaly. Isa bütin gijäni Hudaýdan akyldarlyk we ak pata diläp geçirýär. Ertesi ol ýanyna şägirtlerini çagyryp, olardan 12-sini resul edip saýlaýar.

Ilkibaşda Isa alty şägirdiniň adyny agzaýar. Olaryň biri salgytçy Matta, beýleki bäşisiniň ady Ýahuda (şeýle-de oňa Taddewus we «Ýakubyň ogly» diýýärdiler), Simun Kananit, Tomas, Alfeýiň ogly Ýakup we Iuda Iskariot (Matta 10:2—4; Luka 6:16).

Isa 12 resuly bilen doga etmäge gidýär

Isanyň ýanynda köplenç 12 şägirdi bolýardy. Şonuň üçin Isa olary gowy tanaýardy. Olaryň köpüsi onuň garyndaşydy. Meselem, Ýakup bilen Ýahýa Isanyň doganoglanydy. Käbirleriniň aýtmagyna görä, Alfeý Isanyň atalygy bolan Ýusubyň doganydy. Diýmek, Alfeýiň ogly Ýakup resul hem Isanyň doganoglany bolýar.

Isa pygamber resullarynyň atlaryny ýatdan bilýärdi. Olaryň adyny ýatda saklamaga size näme kömek eder? Ine, onuň aňsat usuly: ikisiniň ady Simun, ikisiniň ady Ýakup, ikisi bolsa Ýahuda we Iudady; Andreas Simunyň (Petrus) dogany, Ýahýa bolsa Ýakubyň (Zebedeýiň ogly) dogany. Şeýdip, sekiz resulyň adyny ýatda saklasa bolýar. Galan dördüsi: salgytçy Matta, müňkürlik eden Tomas, injir agajynyň ýanyndan çagyrylan Natanyýel we onuň dosty Filipus.

On bir resul Isanyň önüp-ösen ýerinden, ýagny Jeliledendi. Natanyýel Kanadan, Filipus, Petrus, Andreas bolsa Betsaýda şäherindendi. Biraz wagtdan Petrus bilen Andreas Mattanyň ýaşaýan şäheri Kapernauma göçýär. Ýakup bilen Ýahýa-da Kapernaumda ýa-da şoňa golaý ýerde ýaşaýardylar. Olaryň ählisi bile şol töwerekde balykçylyk bilen meşgullanýardylar. Resullaryň içinde diňe Isa haýynlyk eden Iuda Iskariot Ýahudadandy.

  • Isa bütin gije Hudaýa doga edenden soň nähili möhüm karara gelýär?

  • Isanyň resullary kimler we olaryň atlaryny nädip ýatda saklap bilersiňiz?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş