Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 80 sah. 188—sah. 189 abz. 4
  • Isa 12 şägirdini saýlaýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa 12 şägirdini saýlaýar
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Isa on iki resulyny saýlaýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Isa dagda wagyz edýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Isanyň şägirtleri
    Beýik Mugallymdan öwreniň
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 80 sah. 188—sah. 189 abz. 4
Isa bilen 12 resuly

80-NJI SAPAK

Isa 12 şägirdini saýlaýar

Isanyň wagyz edip başlanyna bir ýarym ýyl boldy. Indi oňa kömekçi gerekdi. Isa ýygnagyň aladasyny edip biljek adamlary saýlamak isleýärdi. Ol Ýehowadan kömek soramak üçin daga gidýär. Uzak gije doga edýär. Ertesi irden şägirtleriniň käbirini ýanyna çagyrýar. Şeýdip, Isa 12 şägirdini saýlaýar. Olara resullar diýilýär. Olar Petrus, Andreas, Ýakup, Ýahýa, Filipus, Bartolomeý, Tomas, Matta, Alfeýiň ogly Ýakup, Taddewus, Simun we Iuda Iskariýot.

Andreas, Petrus, Filipus, Ýakup

Andreas, Petrus, Filipus, Ýakup

Isa bilen 12 şägirt hem wagyz etmäge gidýär. Isa köp zatlary öwredensoň, şägirtlerini wagyz etmäge iberýär. Ýehowanyň güýji bilen şägirtler keselleri sagaldýar we adamlaryň içinden jynlary çykarýar.

Ýahýa, Matta, Bartolomeý, Tomas

Ýahýa, Matta, Bartolomeý, Tomas

Isa 12 şägirdine dostlarym diýýärdi. Olara köp zat ynanýardy. Fariseýler şägirtleri kemsidýärdi. Olary hiç zat bilmeýän, ýönekeý adam hasaplaýardy. Ýöne Isa şägirtlerine nirede we nädip wagyz etmelidigini öwretdi. Olar Isanyň hemişe ýanynda boldular. Ony ölýänçä-de, direlensoň hem goldadylar. Isa ýaly şägirtleriň hem köpüsi Jelilede ýaşaýardy. Olaryň käbiri öýlenendi.

Alfeýiň ogly Ýakup, Iuda Iskariýot, Taddewus, Simun

Alfeýiň ogly Ýakup, Iuda Iskariýot, Taddewus, Simun

Şägirtler köp ýalňyşýardy. Käte olar pikirlenmän gepleýärdi ýa-da ýalňyş iş edýärdi. Käwagt bolsa sabyrly bolmaýardy. Hatda: «Men uly-da, men uly» diýip dawalaşýardylar. Ýöne şägirtler gowy adamdy. Olar Ýehowany ýürekden söýýärdi. Şägirtler Isa ölensoň, köp işleri etdiler. Ýygnaklary döretdiler, olaryň aladasyny etdiler.

«Men size dostlarym diýýärin, sebäbi Atamdan eşidenlerimiň ählisini size aýtdym» (Ýahýa 15:15).

Soraglar: Isanyň 12 şägirdiniň atlary näme? Isa şägirtlerine näme etmegi tabşyrdy?

Matta 10:1—10; Markus 3:13—19; 10:35—40; Luka 6:12—16; Ýahýa 15:15; 20:24, 25; Resullar 2:7; 4:13; 1 Korinfliler 9:5; Efesliler 2:20—22

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş