Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • fy bap 14 sah. 163—172
  • Garrylyk çagy bile boluň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Garrylyk çagy bile boluň
  • Maşgala bagtynyň syry
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÇAGALARYŇ ÖZBAŞDAKLYGYNA ÖWRENIŞIŇ
  • ÖZARA GATNAŞYGY BERKIDIŇ
  • AGTYKLARA GUWANYŇ
  • ÝAŞYŇ GEÇÝÄNDIGINE ÖWRENIŞIŇ
  • ÝANÝOLDAŞYŇYZ AÝRYLANDA...
  • HUDAÝ GARTAŞAN GULLUKÇYLARYNYŇ GADYRYNY BILÝÄR
  • Maşgalaňyzyň ebedi gelejegi
    Maşgala bagtynyň syry
  • Ýehowa gartaşan gullukçylarynyň mähir bilen aladasyny edýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Garrylary sylaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
Maşgala bagtynyň syry
fy bap 14 sah. 163—172

ON DÖRDÜNJI BAP

Garrylyk çagy bile boluň

1, 2. a) Ýaşyň geçdigi saýyn nähili özgerişler bolýar? b) Hudaýyň geçmişdäki gullukçylary näme üçin garranda-da özlerini bagtly duýdular?

ÝAŞYŇ geçdigi saýyn durmuşda köp zatlar özgerýär. Öňki güýç-gaýratyň galmaýar. Aýna seredende, ýüzümize täze ýygyrtlaryň düşendigini, saçymyzyň agaryp we azalyp başlandygyny görýäris. Ýatkeşligiň-de ugry gaçmagy mümkin. Çagalarymyz maşgala gurup özbaşdak ýaşap başlanda, olar bilen gatnaşyk özgerýär, agtygymyz dünýä inende bolsa, gatnaşygymyz ýene-de özgerýär. Pensiýa çykansoň käbir adamlaryň durmuş akymy bütinleý üýtgeýär.

2 Dogrudan-da, garrylyk adam üçin synag bolmagy mümkin (Wagyz kitaby 12:1—8). Geliň, Hudaýyň geçmişde ýaşan gullukçylaryna nazar salalyň. Olar ölümden gutulyp bilmeseler-de, akyldarlyk we düşünje gazandylar. Bu olara garranda lezzet alyp ýaşamaga kömek etdi (Gelip çykyş 25:8; 35:29; Eýýup 12:12; 42:17). Näme üçin olar gartaşanlygyna garamazdan, özlerini bagtly duýdular? Sebäbi olar Hudaýyň prinsipleri boýunça ýaşadylar. Bu prinsipleri Mukaddes Ýazgylardan tapyp bileris (Zebur 119:105; 2 Timoteos 3:16, 17).

3. Pawlus garrylara nähili maslahat berýär?

3 Pawlus resul Titusa ýazan hatynda garrylara şeýle paýhasly maslahat berýär: «Ýaşuly adamlar özüne erk edýän, agras, sagdyn düşünjeli bolmaly. Olar imanda, söýgüde we çydamly bolmakda berk bolsunlar. Uly ýaşly aýallar hem özlerini mukaddeslere mynasyp tärde alyp barsyn. Olar töhmet atmaýan, köp şerap içmeýän we ýagşy zatlary öwredýän bolmaly» (Titus 2:2, 3). Bu sözlere gulak assaňyz, garrylyk bilen bagly kynçylyklaryň hötdesinden gelmäge kömek taparsyňyz.

ÇAGALARYŇ ÖZBAŞDAKLYGYNA ÖWRENIŞIŇ

4, 5. Çagalary aýry ýaşap başlanda, ata-eneleriň köpüsi özlerini nähili duýýar we olaryň käbiri täze ýagdaýa nädip öwrenişýär?

4 Durmuşdaky özgerişlere öwrenişmeli. Aýratynam, çagalar ulalyp, öýli-işikli bolup, ata-enesinden aýry ýaşanda bu has-da duýulýar! Bu ata-eneleriň köpüsi üçin garrylygyň ilkinji habarçysydyr. Çagalarynyň ulalandygyna ata-ene begense-de, olar özbaşdak ýaşap bilermikä diýip aladalanýar we aýry ýaşaýan çagalaryny göresleri gelýär.

5 Çagalar aýry ýaşasalar-da, barybir ata-eneler olaryň aladasyny edýär. Bir eje şeýle diýýär: «Olaryň ýagdaýyny bilmek üçin habarlaşyp dursadym, begenjimiň çägi bolmazdy». Bir kaka bolsa şeýle gürrüň berýär: «Gyzymyz durmuşa çykanda, bize örän agyr degdi. Sebäbi hemme zady bile edýärdik, indi öýümiz boşap galdy». Bu ata-eneler çagalarynyň aýry ýaşamagyna nädip öwrenişdiler? Olar köp wagtlaryny özge adamlara kömek edip geçirdiler.

6. Maşgala gatnaşyklaryna dogry garamaga näme kömek eder?

6 Çagalar öýli-işikli bolanda, ata-enäniň orny üýtgeýär. Gelip çykyş 2:24-de şeýle diýilýär: «Ynsan enesini we atasyny taşlap, aýalyna ýapyşar we bir beden bolarlar». Hudaýyň baştutanlyk we tertip-düzgün baradaky prinsipine boýun bolmak ata-enelere ähli zada dogry garamaga kömek eder (1 Korinfliler 11:3; 14:33, 40).

7. Bir ata gyzlary durmuşa çykanda, ýagdaýa dogry garamak üçin näme etdi?

7 Bir är-aýal iki gyzyny durmuşa çykarandan soň, olara durmuşyň manysy gaçan ýaly bolup görünýär. Başda gyzyň atasy giýewlerinden närazy bolýar. Ol baştutanlyk prinsipi hakda oýlananda, giýewleriniň öz maşgalasy üçin jogapkärdigine düşünýär. Şondan soň kakasyndan gyzlary maslahat soranda, ol giýewleriniň pikirini bilip, mümkin boldugyndan olaryň gelen kararyny goldamaga çalyşdy. Häzir giýewleri ony dost hasaplap, berýän maslahatlaryny höwes bilen kabul edýärler.

8, 9. Käbir ata-eneler çagalarynyň özbaşdak ýaşamagyna nädip öwrenişdi?

8 Kä ýagdaýda ýaş çatynjalaryň edýän işi Mukaddes Ýazgylara garşy gelmese-de, ata-enesi ony makullamaýar. Şonda näme etmeli? Çagalary öýli-işikli bolan bir är-aýal şeýle gürrüň berýär: «Biz olara hemişe Ýehowanyň garaýşyny bilmäge kömek edýäris. Olaryň gelen karary bilen ylalaşmasak-da, jedelleşmän, olary goldap ruhlandyrmaga çalyşýarys».

9 Aziýa döwletleriniň käbirinde ogullarynyň özbaşdak ýaşamagyna öwrenişmek ejelere kyn bolýar. Ýöne olar Hudaýyň bellän baştutanlygyna we tertip-düzgünine hormat goýanda, gelinleri bilen bolýan agzalalygyň azalandygyna göz ýetirdiler. Bir mesihçi uýa ogullarynyň öýünden gidendigine minnetdardygyny aýdýar. Sebäbi ol ogullarynyň täze borçlaryny gowy ýerine ýetirýändigini görüp, örän begenýär. Bu bolsa oňa we ärine ýaşy geçdigi saýyn güýç hem-de aň taýdan ýüküniň ýeňilleşjekdigini görkezýär.

ÖZARA GATNAŞYGY BERKIDIŇ

[166-njy sahypadaky surat]

Garranyňyzda-da bir-biriňizi söýüň

10, 11. Ýazgylardaky haýsy maslahat orta ýaşyň käbir duzaklaryndan ägä bolmaga kömek eder?

10 Orta ýaşa ýetmegini her kim her hili kabul edýär. Erkekleriň käbiri ýaş görünjek bolup başgaça geýnip başlaýar. Köp aýallary aýbaşysynyň kesilmegi (menopauza) sebäpli bolýan özgerişler alada goýýar. Gynansak-da, orta ýaşa ýetenleriň käbiri ýaşlar bilen näz-kereşme edip, ýanýoldaşynyň ýüregini agyrdýarlar we olaryň gabanmagyna sebäp bolýarlar. Emma Hudaýdan gorkýan uly ýaşly erkekler «sagdyn düşünjeli bolup», ýerliksiz höweslere ýol bermeýärler (1 Petrus 4:7). Ärini söýýän we Ýehowany razy etmek isleýän salykatly aýallar hem nikasyny berk saklamaga çalyşýarlar.

11 Lemuil patyşa Hudaýyň ylhamy bilen ärine «ömrüniň ähli günlerinde ýamanlyk däl, ýagşylyk edýän» «başarjaň aýal» hakda ýazdy. Mesihçi är orta ýaşan aýalyna keýpiniň durnuksyzlygyna garşy göreşmegiň kyn bolýandygyna düşünmeli. Onuň söýgüsi aýalyny «öwmäge» höweslendirer (Süleýmanyň tymsallary 31:10, 12, 28).

12. Ýyllar geçdigi saýyn är-aýal nädip bir-birine ýakynlaşyp biler?

12 Çagalary ulaltmak üçin olaryň aladasyny edeniňizde, öz islegiňizden gynanman boýun gaçyransyňyz. Indi olar aýry ýaşap başlanda, nika gatnaşygyňyza täzeden üns bermeli wagt geldi. Bir är şeýle gürrüň berýär: «Gyzlarymyz durmuşa çykanda, täzeden aýalymyň göwnüni tapyp başladym». Başga bir är bolsa: «Biz saglygymyzyň aladasyny edip, biri-birimize bedenterbiýe maşklaryny etmegi ýatladýarys» diýýär. Ýekesiremezlik üçin ol aýaly bilen ýygnakdaky dogan-uýalary myhmançylyga çagyrýar. Hawa, adamlaryň aladasyny edip, köp bereket alyp bolýar. Muňa Ýehowa hem begenýär (Filipililer 2:4; Ýewreýler 13:2, 16).

13. Garrylygy bile garşy alanda, är-aýala açyklyk we akýüreklilik nähili wajyp?

13 Gürrüňdeşlige wagt bolman araňyzyň bozulmagyna ýol bermäň. Bir-biriňiz bilen aç-açan gepleşiň (Süleýmanyň tymsallary 17:27). «Bir-birimiziň aladasyny edip, sylaýandygymyz üçin bize düşünişmek aňsat bolýar» diýip, bir är gürrüň berýär. Onuň aýaly äriniň sözlerini tassyklap: «Ýaşymyz ötdügiçe biz bile oturyp çaý içmekden, gepleşmekden, ony-muny etmekden lezzet alýarys» diýýär. Siz aç-açan we ak ýürekden är-aýal gatnaşygyny berkidip, maşgalany bozýan Şeýtanyň hüjümlerine garşy durup bilersiňiz.

AGTYKLARA GUWANYŇ

14. Timoteosyň mesihçi bolup terbiýelenmegine mamasy nähili goşant goşdy?

14 Agtyklar garrylaryň «täjidir» (Süleýmanyň tymsallary 17:6). Dogrudanam, olar bilen gürrüňdeş bolmak begendirýär, janlandyrýar, göwnüňi göterýär. Mukaddes Ýazgylarda agtygy Timoteosa gyzy Ewnika bilen hakykaty öwreden Loýis mama hakda öwgüli sözler aýdylýar. Timoteos ejesiniň we mamasynyň Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty gymmat saýýandygyny bilip ulaldy (2 Timoteos 1:5; 3:14, 15).

15. Baba we mamalar agtyklaryny terbiýelemekde nähili goşant goşup biler, ýöne nämeden ägä bolmaly?

15 Agtyklaryny terbiýelemekde babalar we mamalar uly goşant goşup biler. Babalar we mamalar, siz Ýehowanyň niýetleri hakda bilýän zatlaryňyzy çagalaryňyza eýýäm öwretdiňiz. Şol bilimiňizi indiki nesle aýdyp bilersiňiz! Babasy we mamasy Mukaddes Ýazgylardaky hekaýalary gürrüň berende çagajyklar höwes bilen diňleýärler. Elbetde, siz Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty çagalara öwretmek üçin, atanyň borjuny öz boýnuňyza alyp bilmersiňiz (Kanun taglymaty 6:7). Siz atanyň edýän tagallasyna diňe goşant goşup bilersiňiz. Mezmurçy ýaly siz hem doga ediň: «Şindi, garry we çal kellekäm hem, eý Hudaý, Seniň güýjüňi bu nesle, Seniň gudratyňy geljekleriň ählisine yglan edýänçäm meni taşlama» (Zebur 71:18; 78:5, 6).

16. Maşgalada babalar we mamalar sebäpli düşünişmezlik döremez ýaly olar näme edip biler?

16 Gynansak-da, käwagt agtyklaryny gaty läliksiredeni üçin, baba we mama bilen ata-enäniň arasynda düşünişmezlik döreýär. Emma agtyklaryňyz siziň akgöwünliligiňiz üçin ata-enesine aýdasy gelmeýän zatlary size aýtmagy oňaýly görýändir. Käwagt agtyklar geçirimlilik edýän babasy bilen mamasyndan ata-enesiniň tarapynda däl-de, olaryň tarapyny tutar diýip tama edýärler. Şonda näme etmeli? Paýhaslylyk bildirip, agtyklaryňyza ata-enesi bilen gürleşmegi maslahat beriň. Olara şeýdip Ýehowany begendirip biljekdigini düşündiriň (Efesliler 6:1—3). Gerek bolsa, ata-enesi bilen ilki özüňiz gürleşip, agtyklaryňyza gürrüňdeşlige ýol açyp bilersiňiz. Bütin ömrüňiziň dowamynda toplan tejribäňiz barada agtyklaryňyza aç-açan gürrüň beriň. Siziň dogruçyllygyňyz we akýürekliligiňiz olara peýda getirer.

ÝAŞYŇ GEÇÝÄNDIGINE ÖWRENIŞIŇ

17. Gartaşan mesihçiler mezmurçydan nähili görelde almaly?

17 Ýyllar geçdigi saýyn adam özüniň öňki eden ýa-da edesi gelýän zatlarynyň köpüsini edip bilmeýändigine düşünýär. Adam garrap başlandygyna nähili garamaly? Özüňi 30 ýaşly duýýarsyň, emma aýna hakykaty äşgär edýär. Ruhdan düşmäň. Mezmurçy Ýehowa şeýle sözler bilen ýalbardy: «Indi garrylyk çagymda meni Özüňden taşlama, güýjüm gaçan çagy meni terk etme». Mezmurçynyň dogumlylygyndan görelde almagy ýüregiňize düwüň. Ol şeýle diýdi: «Men bolsa mydama umytly bolaryn, Saňa sena üstüne sena goşaryn» (Zebur 71:9, 14).

18. Ruhy taýdan ýetişen mesihçiler pensiýa çykansoň wagtyny nädip dogry ulanyp biler?

18 Ençeme mesihçiler zähmet rugsadyna çykyp, Ýehowany köpräk şöhratlandyrmaga öňünden taýýarlyk görýärler. Zähmet rugsadyna çykan bir ata şeýle gürrüň berýär: «Gyzym mekdebi gutarsa, näme etjekdigimi öňünden oýlandym. Men Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin uzak wagtly gulluga başlamagy ýüregime düwüp kärhanamy satdym. Görkezme diläp, Ýehowa doga etdim». Eger pensiýa ýaşyna golaýlan bolsaňyz, onda goý, size Beýik Ýaradyjymyzyň sözleri göwünlik bersin: «Siziň garran çagyňyzda-da Men öňküligime galaryn, saçyňyz çalarsa-da, Men sizi götererin» (Işaýa 46:4).

19. Garrylara nähili maslahat berilýär?

19 Pensiýa çykansoň durmuşa öwrenişmek aňsat düşmez. Pawlus resul garrylara «hüşgär» bolmagy maslahat berdi. Munuň üçin özüňe erk edip, arkaýyn durmuşy gözlemezlige çalyşmaly. Pensiýa çykan adama gün tertibi we şahsy tertip-düzgün öňküdenem köp gerek bolmagy mümkin. Şonuň üçin hemişe işli boluň, «Halypamyzyň işinde elmydama köp zähmet çekiň. Sebäbi siz Halypamyzyň ugrunda çekýän zähmetiňiziň biderek däldigini bilýänsiňiz» (1 Korinfliler 15:58). Adamlara köpräk kömek ediň (2 Korinfliler 6:13). Mesihçileriň köpüsi ýaşy bir çene ýetse-de, ýagdaýyna görä hoş habary yhlasly wagyz edýärler. Ýaşyňyzyň geçýändigine garamazdan, «imanda, söýgüde we çydamly bolmakda berk boluň» (Titus 2:2).

ÝANÝOLDAŞYŇYZ AÝRYLANDA...

20, 21. a) Şu dünýäde är-aýaly iru-giç näme aýra salýar? b) Anna ýanýoldaşy aýrylanlara nähili ajaýyp görelde görkezýär?

20 Gynansak-da, şu dünýäde ajy hakykat bar: är-aýaly iru-giç ölüm aýralyga salýar. Dul mesihçiler söýgüli ýanýoldaşynyň ölüm ukusyndadygyna we ony gaýtadan görjekdigine berk ynanýarlar (Ýahýa 11:11, 25). Şeýle bolsa-da ölüm aýralygy juda kyn. Muňa ýanýoldaşyndan mahrum bolanlar nädip hötde gelip biler?a

21 Şeýle ýagdaýda Mukaddes Ýazgylardaky gahrymanlaryň näme edendigi barada oýlansak, bu bize uly kömek eder. Anna äri bilen bary-ýogy ýedi ýyl ýaşap dul galýar. Ol barada beýan edýän wakadan bolsa, onuň 84 ýaşly bolandygyny bilýäris. Äri ölende onuň gam-gussa çekendigi şübhesiz. Oňa näme güýç berýärdi? Ol gije-gündiz Ýehowa Hudaýa ybadathanada mukaddes gulluk edýärdi (Luka 2:36—38). Elbetde, Annanyň Hudaýa doga-dileg bilen gulluk etmegi, dullugy sebäpli döreýän gaýgy-gussany we ýekeligi ýeňmäge däri-derman kimin şypa berdi.

22. Käbir dul hatynlar we erkekler ýekelige nädip hötde gelýärler?

22 «Häzir meniň üçin iň kyn zat, gepleşmäge hiç kimim ýok. Ärim hemişe meni ünsli diňlärdi. Biz ýygnak we mesihi gullugymyz barada gürrüň ederdik» diýip, on ýyl bäri dul ýaşaýan 72 ýaşly aýal gürrüň berýär. Başga bir dul aýal şeýle diýýär: «Wagt bejerýär diýilýär welin, ýöne meniň pikirimçe, wagtyňy peýdalanyşyň, şol bejerýärmikä diýýärin. Indi sen adamlara has oňat düşünýärsiň we olara kömek edip bilýärsiň». Onuň bilen ylalaşyp, 67 ýaşly dul adam şeýle diýýär: «Başgalara göwünlik berseň, öz gam-gussaňa döz gelmäge kömek edýär».

HUDAÝ GARTAŞAN GULLUKÇYLARYNYŇ GADYRYNY BILÝÄR

23, 24. Mukaddes Ýazgylarda gartaşanlara, aýratynam, dul galanlara nähili ajaýyp teselli berilýär?

23 Ölüm sizi söýgüli ýanýoldaşyňyzdan aýra düşürse-de, Ýehowa hemişe wepaly we ynamdardyr. Geçmişde Dawut patyşa şeýle nagma aýtdy: «Rebden bir zat diledim, islegim şu: Rebbiň gözelligine seredip, Onuň ybadathanasynda doga etmek üçin ömrümiň ähli günleri Rebbiň öýünde mesgen tutmak» (Zebur 27:4).

24 Pawlus resul şeýle ündeýär: «Kömege mätäç dul aýallara hormat goýup, olaryň aladasyny et» (1 Timoteos 5:3). Soňra ol dogan-garyndaşy bolmadyk mynasyp dul aýallara ýygnak tarapyndan maddy taýdan kömek bermelidigini maslahat berýär. Şeýle-de «hormat goýmak» olaryň gadyryny bilmelidigini hem aňladýar. Ýehowanyň dul aýallaryň we erkekleriň gadyryny bilýändigi we hemişe goldajakdygy olara nähili teselli berýändir! (Ýakup 1:27).

25. Gartaşanlara nähili maksat goýmak wajyp?

25 Hudaýyň Sözünde şeýle diýilýär: «Çal kelle şöhrat täjidir; ol dogrulyk ýolundan tapylýandyr» (Süleýmanyň tymsallary 16:31; 20:29). Ýanýoldaşyňyz bolsa-da ýa ýalňyz galan bolsaňyz-da, mundan beýläk hem Ýehowa gulluk etmegi durmuşda birinji orunda goýuň. Şonda siz Hudaýa ýaramly ýaşarsyňyz hem-de garrylyk zerarly ejir çekilmejek täze dünýäde ebedi ýaşamaga umydyňyz bolar (Zebur 37:3—5; Işaýa 65:20).

a Bu barada Ýehowanyň Şaýatlarynyň neşir eden «Ýakynlaryňyz ölende» (rus.) diýen broşýurasynda jikme-jik gürrüň edilýär.

MUKADDES ÝAZGYLARDAKY ŞU PRINSIPLER ÄR-AÝALA GARRYLYK ÇAGY BILE BOLMAGA NÄDIP KÖMEK EDÝÄR?

Agtyklar—garrylaryň «täjidir» (Süleýmanyň tymsallary 17:6).

Garranda Ýehowa gulluk etmäge goşmaça mümkinçilik bolýar (Zebur 71:9, 14).

Garrylara «özüne erk etmek» ündelýär (Titus 2:2).

Ýanýoldaşy aýrylan adamlar köp gözýaş dökse-de, Mukaddes Ýazgylardan göwünlik tapyp biler (Ýahýa 11:11, 25).

Ýehowa gartaşan wepaly gullukçylarynyň gadyryny bilýär (Süleýmanyň tymsallary 16:31).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş