Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sapak 51 sah. 263—sah. 264 abz. 4
  • Çykyşy wagtynda tamamlamak we her bölüme ýerlikli wagt sarp etmek

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Çykyşy wagtynda tamamlamak we her bölüme ýerlikli wagt sarp etmek
  • Wagyz mekdebi
  • Meňzeş maglumat
  • Ýygnak üçin nutuk taýýarlamak
    Wagyz mekdebi
  • Mekdepde berlen ýumuşlara taýýarlanmak
    Wagyz mekdebi
  • Erkin çykyş etmek
    Wagyz mekdebi
  • Berlen maglumaty ulanmak
    Wagyz mekdebi
Başgalary
Wagyz mekdebi
be sapak 51 sah. 263—sah. 264 abz. 4

51-NJI SAPAK

Çykyşy wagtynda tamamlamak we her bölüme ýerlikli wagt sarp etmek

Munuň üçin näme etmeli?

Berlen wagtyň çäginden çykmaly däl we çykyşyň her bölümine näçe wagtyň gerekdigini kesgitlemeli.

Bu näme üçin wajyp?

Çykyşyň her bir esasy bölümine ýerlikli wagt sarp etseňiz, duşuşygy wagtynda tamamlap bilersiňiz.

ÇYKYŞ edenimizde, esasan, öwredişimiziň hiline üns bermeli bolsak-da, berlen wagty-da göz öňünde tutmaly. Biziň ýygnak duşuşyklarymyz bellenen wagtda başlap, wagtynda-da tamamlanmaly. Munuň üçin duşuşykda çykyş edýän dogan-uýalar biri-biri bilen hyzmatdaşlyk etmeli.

Gadymy döwürde adamlaryň durmuşa bolan garaýşy şu günki adamlaryňkydan tapawutlanypdyr. Olar bir zadyň wagtyny, meselem, «üçünji sagadyň töweregi» ýa-da «onunjy sagat töweregi» diýip, takmynan aýdypdyrlar (Mat. 20:3—6; Ýahýa 1:39). Gündeki işleri belli bir wagtda etmeklige kän üns berilmändir. Şu günlerem käbir ýurtlarda adamlar wagta şeýle garaýarlar.

Adamlar öz häsiýeti we ýerli däp-dessurlary sebäpli wagta sowuk-sala garamaklary mümkin. Muňa garamazdan, biz berlen ýumşy wagtynda etmek üçin jan etsek, bu bize köp peýda berer. Ýygnak duşuşygynda birnäçe adama çykyş etmek tabşyrylan bolsa, olar özüne berlen bölüme näçe wagt sarp etmelidigine üns bermeli. Mukaddes Ýazgylardaky «her zat sypaýyçylyk hem tertip bilen bolsun» diýlen prinsip duşuşykdaky çykyşlaryň wagtynda tamamlanmagyna-da degişli bolup biler (1 Kor. 14:40).

Çykyşy wagtynda tamamlamak üçin näme etmeli? Munuň üçin gowy taýýarlanmaly. Köplenç, çykyşa gowy taýýarlyk görülmese, ony wagtynda tamamlap bolmaýar. Belki-de, käbirleri özüne ynamly bolýandyr ýa-da duşuşyga sanalgyja minut galanda taýýarlanyp başlaýandyr. Berlen ýumşuň gadyryny bilip, oňa gowy taýýarlansaňyz, çykyşyňyzy wagtynda tamamlap bilersiňiz.

Size okamak ýumşy tabşyryldymy? Onda, ilki bilen, 4—7-nji sapaklardaky akgynly sözleýiş, säginmek, basymy dogry goýmak hem-de esasy pikirleri nygtamak babatda berilýän maslahatlary gözden geçiriň. Soňra berlen materialy okanyňyzda, şol maslahatlara eýermäge çalşyň. Berlen wagty göz öňünde tutuň. Siz ýumşy wagtynda tamamlamak üçin biraz çaltrak okamaly bolmagyňyz mümkin. Kän wajyp bolmadyk pikirleri tizräk okap bilersiňiz. Emma esasy pikirleri nygtamak üçin biraz säginip, howlukman okamaly bolarsyňyz. Materialy gaýta-gaýta okaň. Akgynly okamagy öwrenseňiz, çykyşyňyzy wagtynda tamamlap bilersiňiz.

Siz çykyş edeniňizde bellikleri ulanýarsyňyzmy? Çykyşy wagtynda tamamlamak üçin ähli zady jikme-jik ýazmak hökman däl. Siz muny nädip etmelidigini 25-nji sapakda öwrenensiňiz. Şu bäş zady ýatda saklajak boluň: 1) Gowy maglumat toplaň, ýöne ol köp bolmasyn. 2) Çykyşyňyzyň esasy pikirleri hakda oýlanyň, emma sözlemleri ýat tutjak bolmaň. 3) Meýilnamaňyzda her bölüme näçe wagt sarp etjekdigiňizi bellik ediň. 4) Taýýarlyk göreniňizde, berlen wagtyň çäginden çykýandygyňyzy görseňiz, onda haýsy maglumaty aýryp bolýandygy hakynda oýlanyň. 5) Çykyşyňyzy birnäçe gezek gaýtalaň.

Çykyşy gaýtalamak örän wajypdyr. Nutugy gaýtalanyňyzda, onuň her bölümine näçe wagtyň gidýändigine üns beriň. Berlen wagtda tamamlap bilýänçäňiz, ony birnäçe gezek gaýtalaň. Çykyşyňyza çendenaşa köp maglumaty goşmajak boluň. Taýýarlyk göreniňizde çykyşy berlen wagtda däl-de, ondan biraz irräk tamamlaň. Sebäbi diňleýjileriň öňünde çykyş edilende, taýýarlyk gören wagtyňyzdakydan köpräk wagt sarp edilmegi mümkin.

Çykyşyň her bölümine ýerlikli wagt sarp ediň. Nutugyň her bölümine näçe wagt sarp etmelidigini kesgitleseňiz, çykyşy wagtynda tamamlamaga ýardam eder. Berlen wagtyň köp bölegini nutugyň esasy bölümlerine, ýagny esasy pikirlerine sarp etmeli. Şeýle-de 38-nji sapakda aýdylyşy ýaly, giriş sözlerine-de ýeterlikli wagt sarp etmeli, çünki olar size üç maksada ýetmäge kömek eder. Çykyşyň esasy bölümine näçe wagt sarp etmelidigi hakynda oýlananyňyzda, 39-njy sapakda aýdylyşy ýaly, täsirli jemleýji sözlerini-de göz öňünde tutmaly.

Berlen wagtyň çäginden çykmasaňyz, çykyşyňyz üstünlikli bolar we duşuşygyň başga bölümlerini taýýarlan dogan-uýalara hem-de tutuş ýygnaga hormat goýýandygyňyzy görkezersiňiz.

ÇYKYŞY WAGTYNDA TAMAMLAMAK ÜÇIN

  • Gowy taýýarlyk görüň we muny birnäçe wagt öňünden ediň.

  • Her bölüme näçe wagt sarp etmelidigini kesgitläp, şoňa görä çykyş ediň.

  • Çykyşyňyzy birnäçe gezek gaýtalaň.

GÖNÜKME Ýygnak duşuşygyna 15—20 minut öňünden barmagy maksat ediniň. Duşuşyga gitmek üçin öňräginden taýýarlanyp başlasaňyz, maşgala agzalaryňyza-da arkaýyn ýetişip biler ýaly wagt bolar. Ýola näçe wagtyň gitjekdigini göz öňünde tutuň. Gijä galmaga sebäp boljak zatlar hakynda öňünden oýlanyň. Wagtynda baryp ýetişer ýaly düzen gün tertibiňizi, gerek bolsa, üýtgedip duruň. Bu prinsipler nutuk taýýarlanyňyzda-da peýdaly bolup biler.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş