Mukaddes Ýazgylar barada köpräk bilesiňiz gelýärmi?
Mukaddes Ýazgylary okamak näme üçin peýdaly?
MUKADDES ÝAZGYLARA taý geljek kitap ýok. Sebäbi onda Hudaýyň öwüt-nesihatlary bar (1 Selanikliler 2:13). Eger-de sen Mukaddes Ýazgylaryň aýdýanlaryny durmuşyňda ulansaň, bagtly bolarsyň. Hudaýa söýgiň artyp, «ähli oňat, kämil sowgady» berýän Ýaradyjynyň dosty bolup bilersiň (Ýakup 1:17). Onsoňam, Hudaýa doga-dileg etmegi öwrenersiň. Şeýtseň, saňa kyn günüňde Hudaý kömek eder. Mukaddes Ýazgylar boýunça ýaşasaň, Hudaý saňa ebedi ýaşaýyş berer (Rimliler 6:23).
Mukaddes Ýazgylardaky hakykat düşünjäňi artdyrýar. Şu günler ýalan düşünjeler millionlarça adamlaryň durmuşyna ýaramaz täsir edýär. Ýöne Mukaddes Ýazgylardan bilim alýan adam şol ýalan düşünjelerden azat bolar. Meselem, adam ölenden soň näme bolýandygyny bilsek, ölüler bize zyýan ýetirer diýip gorkmarys ýa-da aradan çykan garyndaşlarymyz we dost-ýarlarymyz ejir çekýändir öýtmeris (Zebur 146:3, 4). Mukaddes Ýazgylaryň direliş baradaky taglymaty ýakyn garyndaşy aradan çykan adama göwünlik berýär (Ýahýa 11:25). Erbet perişdeler barada bilsek, olar bilen baglanyşykly işleriň howpludygyna göz ýetireris hem-de ýer ýüzünde bolýan kynçylyklaryň sebäbine düşüneris.
Hudaýyň Mukaddes Ýazgylarda berýän maslahatlary saglygyň barada alada etmegi hem öwredýär. Meselem, «endikleriňe erk etseň», sagdyn bolmaga ýardam edýär (1 Timoteos 3:2, TD). Özümizi «her hili ten we ruh pisliginden tämizläp», biz saglymyzy gorarys (2 Korintoslylar 7:1). Şeýle-de Mukaddes Ýazgylardaky maslahatlara eýersek, maşgalamyz bagtly bolar hem-de mertebämizi saklarys (1 Korintoslylar 6:18).
Sen Hudaýyň Sözi boýunça ýaşasaň, bagtly bolarsyň. Mukaddes Ýazgylaryň berýän bilimi kalbyňa rahatlyk salyp, göwnüňi açar hem-de sende umyt döreder. Şeýle-de bize duýgudaşlyk, söýgi, şatlyk, parahatlyk, mähribanlyk we iman ýaly ýakymly häsiýetleri edinmäge kömek eder (Galatýalylar 5:22, 23; Efesliler 4:24, 32). Şeýle häsiýetler oňat är-aýal, mähirli ata-ene we edepli ogul-gyz bolmaga ýardam edýär.
Sen gelejegiňi alada edýäňmi? Mukaddes Ýazgylaryň pygamberlikleri biziň adamzat taryhynyň wajyp döwründe ýaşaýandygymyzy aýdýar. Şol pygamberlikler diňe bir häzirki dünýäniň ýagdaýyny suratlandyrman, eýsem, tizden Hudaýyň ýer ýüzüni Jennete öwürjekdigini hem aýdýar (Ylham 21:3, 4).
Mukaddes Ýazgylara düşünmek üçin kömek
Belki-de, sen Mukaddes Ýazgylary okajak bolansyň, ýöne düşünen dälsiň. Mümkin, sowallaryňa Mukaddes Ýazgylardan jogap tapyp bilen dälsiň. Şeýle bolsa, onda sen ýeke däl. Aslynda, Mukaddes Ýazgylara düşünmek üçin hemmämize kömek gerek. Ýehowanyň Güwäçileri takmynan 235 ýurtda millionlarça adamlara Mukaddes Ýazgylary mugtuna öwredýär. Olar saňa-da uly höwes bilen kömek ederler.
Köplenç Mukaddes Ýazgylaryň başlangyç taglymatlaryndan başlap, kem-kemden öwrenseň, gowy bolýar (Ýewreýler 6:1). Soňa-baka sen «agyr damagy», ýagny çuňňur hakykaty öwrenip bilersiň (Ýewreýler 5:14). Okuw mahaly, esasan, Mukaddes Ýazgylar öwrenilýär, ýöne oňa esaslanan edebiýatlar, meselem, «Hudaý bizden näme talap edýär?» diýen kitapça her hili temalary düşündirýän aýatlary öwrenmäge kömek eder.
Sen Mukaddes Ýazgylara düşünmek üçin her hepde wagt tapyp biljekmi?
Mukaddes Ýazgylar okuwyny köplenç saňa amatly wagtda we amatly ýerde geçirse bolar. Köp adamlar okuwy öýünde geçýär. Käbirleri bolsa, telefon arkaly öwrenýär. Okuw mekdepdäki ýaly köp adamly geçirilmeýär. Gaýtam, seniň düşünjäň we bilimiň göz öňünde tutulyp, ýagdaýyňa görä geçirilýär. Onsoňam, bilimiňi barlamak üçin ekzamen alynmaýar. Sen özüňi arkaýyn duýarsyň. Seniň sowallaryňa Mukaddes Ýazgylar boýunça jogap berler. Sen Hudaý bilen dost bolmagy öwrenersiň.
Mukaddes Ýazgylar okuwy üçin pul tölemeli däl (Matta 10:8). Uýýan dinine we dünýägaraýşyna garamazdan, her kes mugtuna okuw geçip biler. Ýöne esasy zat, Hudaýyň Sözi barada bilimiňi artdyrmaga islegiň bolmaly.
Gürrüňdeşlige kimler gatnaşyp biler? Tutuş maşgalaňyz. Dostlaryňy çagyrsaňam bolýar. Isleseňiz, diňe özüňiz bilen okuw geçiriler.
Köp adamlar Mukaddes Ýazgylary her hepde bir sagat öwrenýärler. Eger siziň her hepde köpräk wagt geçesiňiz gelse ýa-da her hepde şonça wagtyňyz bolmasa, onda Ýehowanyň Güwäçileri ýagdaýyňyza görä size kömek eder.
Öwrenmäge çakylyk
Biz size Ýehowanyň Güwäçilerine ýüz tutmagy maslahat berýäris. Munuň üçin aşakdaky adresleriň birine hat ýazyp bilersiňiz. Şonda olardan biri gelip, siziň bilen öýde Mukaddes Ýazgylar okuwyny mugtuna geçirer.
□ Maňa «Hudaý bizden näme talap edýär?» diýen kitapçadan birini iberiň.
□ Öýde Mukaddes Ýazgylary mugtuna öwrenmek isleýärin. Meniň bilen habarlaşyň.
Mukaddes Ýazgylaryň aýatlary Täze Dünýä terjimesinden alyndy.