Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lr bap 21 sah. 112—116
  • Biz öwünmelimi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Biz öwünmelimi?
  • Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Meňzeş maglumat
  • Doga etmek we pesgöwünli bolmak örän wajypdyr
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Matta Isa pygamberiň şägirdi bolýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • «Özüňizi fariseýleriň hamyrmaýasyndan... goraň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
Beýik Mugallymdan öwreniň
lr bap 21 sah. 112—116

21-NJI BAP

Biz öwünmelimi?

1—10. a) Öwünmek näme we sen öwünjeň adamlara nähili garaýarsyň? b) Fariseý we salgytçy barada Isa nähili wakany gürrüň berdi? ç) Isanyň gürrüň beren wakasyndan näme öwrense bolar?

ÖWÜNMEK näme? ~ Gel, bir mysala seredeli. Sen onçakly başarmaýan zadyňy etmeli bolupmydyň? Belki, sen top depip ýa-da ýüp böküp oýnansyň. Şonda kimdir biri üstüňden gülüp: «Ha-ha-ha! Men senden gowy edip bilerin» diýipmidi? ~ Ine, şuňa-da öwünmeklik diýilýär.

2 Adamlar öwnende, sen özüňi nähili duýýarsyň? Sen ony halaýarmyň? ~ A sen öwneniňde, adamlar özlerini nähili duýýarka? ~ Sen kimdir birine: «Men senden ökde» diýseň, dogry bolarmy? ~ Ýehowa şeýle adamlary gowy görýärmi? ~

3 Beýik Mugallym özüni başgalardan gowy hasaplaýan adamlary tanaýardy. Olar öwnüp, adamlary äsgermeýärdiler. Şonuň üçin Isa olara öwünmekligiň nädogrudygyny görkezýän bir wakany gürrüň berýär. Gel, bu barada bileli.

4 Bu waka fariseý bilen salgytçy barada. Şol döwürde fariseýler adamlara din barada öwredýärdi. Köplenç olar özlerini beýleki adamlardan dogry we dindar saýýardylar. Isa bir fariseýiň Hudaýa doga etmek üçin Iýerusalimdäki ybadathana gelendigini gürrüň berýär.

Fariseý we salgytçy Hudaýa doga edýär

Näme üçin fariseý däl-de, salgytçy Hudaýy begendirdi?

5 Isa ol ýere salgytçynyň hem doga etmäge gelendigini aýdýar. Köp adamlar salgytçylary aldawçy hasaplap halamaýardy. Hakykatdan-da, salgytçylaryň köpüsi dogruçyl däldi.

6 Fariseý şeýle sözler bilen Hudaýa doga etmäge başlaýar: «Eý Hudaý! Men başga adamlar ýaly günäli däldigime şükür edýärin. Men bu salgytçy ýaly adamlary aldamaýaryn we erbet işleri etmeýärin. Men dogruçyl adam. Men hepdede iki gezek oraza tutýaryn we bütin girdejimiň ondan bir bölegini ybadathana getirýärin». Fariseý özüni başga adamlardan gowy hasaplaýardymy? ~ Hawa, ol bu barada Hudaýa-da aýdýar.

7 Emma salgytçy özüni başgaça alyp barýar. Ol doga edende gözüni göge galdyrmaga-da ýürek etmeýär we daşda durup, başyny hem galdyrmaýar. Salgytçy gursagyna urup, eden günäsine örän ökünýär. Ol özüniň gowy häsiýetleri barada Allatagala hiç zat aýtmaýar. Gaýtam, ol: «Eý Hudaý! Men günäkäre rehim et» diýip doga edýär.

8 Seniň pikiriňçe, şu iki adamyň haýsysy Hudaýy begendirýär? Özüni gowy saýan fariseými ýa-da toba eden salgytçy? ~

9 Isa salgytçynyň Hudaýy begendirendigini aýdýar. Näme üçin? Isa: «Kim özüni beýgeltse, peseler, özüni peseltse, beýgeler» diýýär (Luka 18:9—14).

10 Isanyň gürrüň beren wakasyndan näme öwrenip bileris? ~ Ol özümizi adamlardan gowy hasaplamagyň nädogrudygyny düşündirmek isledi. Belki, kimdir biri: «Men adamlardan özümi gowy hasaplamaýaryn» diýer. Emma ol özüni başgaça alyp barmagy mümkin. Sende-de şeýle ýagdaý bolupmydy? ~ Gel, Petrus resul bilen bolan waka seredeli.

11—19. a) Petrus haçan öwündi we şu günler adamlaryň köpüsi näme üçin öwünýär? b) Näme üçin özüňi öwmeli däl? ç) Biz kimi şöhratlandyrmaly we näme üçin?

11 Isa özüniň tussag ediljekdigini we resullarynyň taşlap gitjekdiklerini aýdýar. Şonda Petrus öwnüp: «Hemmeler senden ýüz dönderse-de, men asla döndermerin» diýýär. Emma Petrus örän ýalňyşýar. Onuň özüne gaty göwni ýetýär. Emma ol Isany taşlap gidýär. Ýöne soňra yzyna dolanýar. Bu barada şu kitabyň 30-njy babyny okanymyzda bileris (Matta 26:31—33).

12 Gel, indi şu günler bolýan waka seredeli. Aýdaly, mugallym okuwçylara sorag berýär. Eger sen şol soraga derrew jogap berip bilýän bolsaň, emma başga bir okuwçy jogap bermäge ýaýdanýan bolsa näme edersiň? Elbetde, sen mugallymyň soragyna jogap berendigiňe begenersiň. Ýöne sen soraga derrew jogap berip bilmedik okuwçy bilen özüňi deňeşdirseň gowy bolarmy? ~ Başgalaryň gowşaklygyndan peýdalanyp, özüňi ökde okuwçy ýaly alyp barmak dogrumy? ~

13 Fariseý özüni şeýle hem alyp bardy. Ol özüniň salgytçydan gowudygyna öwünýär. Emma Beýik Mugallym fariseýiň ýalňyşandygyny aýdýar. Elbetde, käbir zatlary bir adam beýlekiden gowy edýändir. Emma bu onuň ýagşy adamdygyny aňlatmaýar.

Gyzjagaz klasda elini galdyrýar

Sen köpräk bilýän bolsaň, bu seniň başgalardan gowudygyňy aňladýarmy?

14 Eger biz beýleki adamdan köpräk bilýän bolsak, munuň üçin öwünmelimi? ~ Gel, biraz oýlanyp göreli. Beýnini adamlar ýaratdymy? ~ Ýok, adamlara beýnini Allatagala berdi. Biz köp zatlary adamlardan öwrenýäris. Käbir zatlary bolsa, kitapdan okap bilýäris ýa-da olary adamlardan eşidýäris. Bize bir netijä gelmäge näme kömek edýär? ~ Hawa, Hudaýyň bize beren beýnisi kömek edýär.

15 Eger sen adamyň bir zat etmäge jan edýändigini görseň, ony ruhlandyrmak üçin öwgüli sözleri aýtsaň gowy bolar. Onuň eden zadynyň göwnüňe ýarandygyny we has ökdeleşmegi üçin oňa kömek edip biljekdigiňi aýt. Adamlar saňa şeýle kömek berenlerinde begenýärmiň? ~

Bir oglan başga oglana myşsasyny görkezýär

Sen birinden güýçlüräk bolsaň, näme üçin öwünmeli däl?

16 Käbir adamlar beýlekilere garanyňda, has güýçli bolýar. Sen oglan ýa-da gyz jigiňden güýçlümi? Sen muňa öwünmelimi? ~ Ýok, bize iýýän zatlarymyz güýç toplamaga we ulalmaga kömek edýär. Allatagala gök-önümleriň we ir-iýmişleriň ösmegi üçin Gün şöhlesini berýär hem-de ýagyş ýagdyrýar. Şeýle dälmi? ~ Şol sebäpli Hudaýa sagbolsun aýtmaly, çünki ol biziň güýçli bolmagymyza we ösmegimize kömek edýär (Resullaryň işleri 14:16, 17).

17 Özüni öwýän adamlary hiç kim halamaýar gerek? ~ Gel, Isanyň aýdan sözlerini ýada salaly. Ol: «Adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şeýle ediň» diýdi. Biz şu maslahata eýersek, öwünjeň fariseýe meňzemeris (Luka 6:31).

18 Bir sapar Isany ýagşy mugallym diýip öwýärler. Şonda Beýik Mugallym: «Hawa, men ýagşy» diýdimi? ~ Ýok, ol: «Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir» diýýär (Markus 10:18). Beýik Mugallym kämil bolsa-da, özüni öwmän, Atasy Ýehowany şöhratlandyrýar.

19 Biz kimi şöhratlandyrmaly? ~ Hawa, Ýaradyjymyz Ýehowa Hudaýy. Biz Günüň owadan bolup batyşyny ýa-da Hudaýyň ýaradan beýleki ajaýyp zatlaryny görenimizde: «Ine, bularyň ählisini Ýehowa Hudaý ýaratdy» diýip bileris. Gel, hemişe Ýehowanyň eden we gelejekde etjek gudratly işleri barada adamlara gürrüň bereli.

Bu oglan kimi şöhratlandyrýar?

Bu oglan kimi şöhratlandyrýar?

Gel, Mukaddes Ýazgylardan biziň näme üçin öwünmeli däldigimizi we öwünmek barada näme maslahat berilýändigini okaly: Süleýmanyň tymsallary 16:5, 18; Ýermeýa 9:23, 24; 1 Korintoslylar 4:7 we 13:4.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş