19-NJY
Puly nädip tygşytly sowmaly?
Pulsuz wagtyň bolýarmy?
□ Hiç haçan
□ Käwagt
□ Köplenç
Puluň bolmasa-da zat satyn alýarmyň?
□ Hiç haçan
□ Käwagt
□ Köplenç
Zerur bolmasa-da, arzandygy üçin zat satyn alýarmyň?
□ Hiç haçan
□ Käwagt
□ Köplenç
SAŇA hemişe puluň ýetmeýän ýaly bolup görünýärmi? Mümkin, sen: «Elim uzadan ýerime ýetýän bolsa, islän telefonymy alyp bilerdim ýa-da köp pul gazanýan bolsam, özüme „ýaraýan“ köwşi satyn alardym» diýýänsiň. Jon hem şeýle ýagdaýlary başyndan geçiripdi. Ol şeýle diýýär: «Käte dostlarym meni bir ýerlere çagyrýar. Gideýin diýsem-ä pul gerek, gitmesemem hezillikden galýaryn. Ýöne hiç kimiň: „Pulum ýok, şonuň üçinem baryp bilemok“ diýesi gelmese gerek».
Ýok puluň aladasyny etmegiň deregine, barja puluňy tygşytly sowmagy öwrenseň gowy bolar. Elbetde, sen muny ene-ataňdan aýra ýaşap başlanyňda öwrenip bilersiň. Ýöne paraşýudy nädip ulanmalydygyny öwrenmän uçardan bökerdiňmi? Bökeniňden soň, belki, paraşýudy açyp bilmegiň ahmal. Ýöne şonda-da onuň nädip açylýandygyny öwrenseň gowy bolmazmy?!
Edil şunuň ýaly, heniz özbaşdak ýaşap başlamankaň, puly tygşytly sowmagy öwrenmegiň tüýs wagtydyr. Süleýman patyşa puluň «saýa» berýändigini aýtdy (Wagyz kitaby 7:12). Puly ýerlikli sowmagy öwrenseň, şonda ol saňa «saýa», ýagny gorag bolup bilýär. Şeýle-de özüňe bolan ynamyňy artdyrarsyň hem-de ene-ataň hasam ynamyna girersiň.
Esasy zatlary öwren
Ene-ataňdan puly nädip tygşytly sowýandygyny sorap gördüňmi? Meselem, sen olardan toga, gaza, suwa, maşyna ýa-da iýmit satyn almaga her aý näçeräk puluň gidýändigini sora. Mundan başga-da, olaryň saňa-da gerekli zatlar üçin pul berýändigini ýatdan çykarma. Eger sen olardan aýra ýaşasaň, bu zatlaryň bary üçin özüň tölemeli bolarsyň. Şonuň üçin näçeräk çykdajy etmeli boljakdygyny öňünden bilseň gowy bolar. Ene-ataňdan hojalyk üçin näçe çykdajy edýändiklerini we olary tölemek üçin puly nädip tygşytly sowýandyklaryny aýdyp bermeklerini haýyş et.
Süleýmanyň tymsallary 1:6-da «Akyldar adam diňläp, bilimde össün, düşünjeli adam sagdyn maslahatlar alsyn» diýilýär. Anna atly gyz hem «sagdyn maslahat» almak üçin ene-atasyna ýüz tutýar. Ol: «Kakam maňa bar bolan pulumyzy nädip tygşytly sowmalydygyny we tölenen hem-de indi tölenmeli zatlaryň hasabyny ýöretmegi öwretdi» diýýär.
Mundan başga-da, Annanyň ejesi oňa puly tygşytly sowmagyň başga bir peýdaly tarapyny öwredýär. Ol şeýle diýýär: «Ejem maňa satyn almazdan öň, zatlaryň bahasyny deňeşdirmegiň wajypdygyny aýtdy. Ol azajyk pula-da köp zat satyn alýar». Anna mundan näme öwrendi? Ol: «Indi menem pulumy tygşytly sowup bilýärin. Pulumy ýerlikli sowup, gerekmejek bergi etmeýärin. Şonuň üçinem gaýgy-aladam ýok» diýýär.
Kynçylygyň sebäbini bil
Eger sen ene-ataň bilen ýaşaýan bolsaň, olar sowalga puluňy berýändirler ýa-da özüňem bir ýerlerde işläp gazanç edýänsiň. Şeýle ýagdaýda puly tygşytly sowmak aňsat ýaly görünýändir. Näme üçin? Sebäbi çykdajylaryň köp bölegini ene-ataň töleýär. Netijede, sen özüňde bar bolan pullary islän zadyňa sowup bilýänsiň. Bu bolsa diýseň ýakymlydyr!
Ýöne şeýle ýagdaýda hem kynçylyk döräp bilýär. Meselem, deň-duşlaryň çendenaşa köp pul sowýan bolsa, saňa-da puluňy tygşytly sowmak kyn düşer. 21 ýaşly Ýelena şeýle gürrüň berýär: «Deň-duşlarym dükanlara aýlanyp, zat satyn almagy gowy görýärler. Şonuň üçin olar bilen aýlanmaga gitseň, hökman pul sowmaly bolýar».
Elbetde, hemmelerem dostlaryna ýa-da joralaryna ýaranmak isleýär. Emma özüňe şeýle sorag ber: «Men muny pulumyň bardygy üçin satyn alýarynmy ýa-da başgalardan kem galmajak bolýaryn?» Adamlaryň köpüsi dostlarynyň ýa-da gatnaşýan adamlarynyň ýanynda at-abraýyny artdyrmak we özüne hormat goýdurmak üçin pul sowýar. Olar gowy häsiýetleri bilen däl-de, bar zadyna öwnüp, başgalary özüne çekjek bolýar. Şeýle adamlar karzyna pul alyp, kynçylyga uçraýar. Şunuň ýaly ýagdaýa düşmezlik üçin, sen näme edip bilersiň?
Öwren
Bir gezek dynç alanyňda bar puluňy sowmagyň deregine, Ýelenanyňky ýaly hereket etseň gowy bolar. Ol: «Joralarym bilen aýlanmaga gidenimde, näçeräk pul sowjakdygymy öňünden çözýärin we şoňa görä pul alyp gidýärin. Şeýle-de men dükanlara puluny tygşytly sowýan we gözüňe ilen zady däl-de, ilki, aýlanyp bahalatmagy, soň satyn almagy maslahat berýän joralarym bilen gitmegiň paýhaslydygyna göz ýetirdim» diýip gürrüň berýär.
Bir zat satyn almak üçin karzyna pul almak isleseň, aşakdaky maslahatlar kömek edip biler.
● Sen-ä alan puluňy belle, karz berenem beren puluny bellesin. Soňra ýazanlaryňyzyň deň gelýändigini barla.
● Bergiňi, mümkin boldugyndan, çaltrak berip başla we doly üzlüş.
● Nätanyş adamdan karz alanyňda seresap bol.
● Göterimine karz alma. Sebäbi gerekmejek gaýgy-aladany başyňa satyn alarsyň.
● Hiç kime, hatda ýakyn dostuňa-da karz almak bilen bagly dokumentleriňi berme.
Eger puluň köp bolsa, pul bilen bagly kynçylyklaryň öz-özünden çözüler öýdýärmiň? Ýok, çözülmese gerek! Göz öňüne getir, sen maşyn sürüp barýarsyň. Ýöne maşynyň ýangyjy doly bolup-da, ony gowy sürüp bilmeseň ýa-da gözüň daňylgy bolsa barmaly ýeriňe baryp bilersiňmi? Edil şonuň ýaly, puly tygşytly sowmagy öwrenmeseň, näçe gazansaň-da ýagdaýyň gowulanmaz.
Belki, sen: «Men eýýäm tygşytly sowmagy öwrendim» diýýänsiň. Ýöne geçen aý näçe pul sowandygyň we nämä sowandygyň ýadyňa düşýärmi? Ýa-da anyk ýadyňa düşenokmy? Puly tygşytly sowmagy öwrenmeseň, onda puluň guly bolarsyň. Aşakda getirilen maslahatlar puly tygşytly sowmaga kömek eder.
1. Ýazyp goý. Azyndan aýda bir gezek näçesine we näçe puluň düşendigini ýaz. Şeýle-de satyn alan zadyňy we bahasyny ýazyp goý. Aýyň soňunda bolsa, girdejiň bilen çykdajyňy deňeşdirip gör.
2. Hasap ýöret. 163-nji sahypadaky çarçuwa seret. Ilki bilen, «girdeji» diýen sütüne her aý eliňe näçe puluň düşýändigini ýaz. Ikinji sütüne şol puly nämelere we näçeräk sowjakdygyňy ýaz. Ýöne girdejiňden köp pul sowmajak bol. Üçünji sütüne bolsa, haýsy zada näçe puluň çykandygyny ýaz. Mundan başga-da, planlaşdyrmadyk zatlaryňa gidýän pullary hem belle.
3. Özgermäge taýýar bol. Eger sen planlaşdyranyňdan köp pul sowýan bolsaň ýa-da bergi edýän bolsaň, özgerişiklik et. Bergileriňi ber we karz etme!
Puly paýhasly ulansaň, ol saňa peýda getirer. Aslynda, puly gazanmak we tygşytly sowmak durmuşyň wajyp bölegi bolup durýar. Ýöne dogry garaýyşda bolmaly. Metýu atly ýetginjek: «Pul wajyp, ýöne onuň öz ýeri bar. Ol maşgalaňdan we Ýehowadan öňe geçmeli däl» diýýär.
Eger sen garyp maşgaladan bolsaň näme edip bilersiň?
ESASY PIKIRI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR
«Danalygyň saýasy puluň saýasy kimindir. Bilimiň bähbidi budur: danalyk oňa eýe bolanlara ýaşaýyş berýär». Wagyz kitaby 7:12
MASLAHAT
Dükana gitmezden öň, aljak zatlaryňy ýaz. Ýanyň bilen diňe şolara ýeter ýaly pul al we ýazanyňdan başga hiç zat alma.
BILÝÄŇIZMI?
Eger bankdan üç ýyl möhlet bilen 16 göterimine 6 müň manat karz alsaň, muny doly berip bolýançaň, üstüne 1 müň 455 manat 50 teňňe tölemeli bolarsyň. Netijede, 6 müň däl-de, 7 müň 455 manat 50 teňňe bolar.
SEN NÄME ETMEKÇI?
Puly paýhasly sowmak üçin, men ․․․․․
Karz almazdan öň, men ․․․․․
Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․
SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?
● Ene-ataň bilen ýaşaýarkaň puly tygşytly sowmagy öwrenmek näme üçin wajyp?
● Puly tygşytly sowmak näme üçin aňsat däl?
● Puluňy başgalara kömek etmek üçin nädip ulanyp bilersiň?
[162-nji sahypadaky surat]
«Hasap-hesip ýöretsem, pulumy tygşytly sowýaryn we gerekmejek zady satyn almaýaryn» Liýa
[158-nji sahypadaky çarçuwa]
pul we sen
Sen puluňy nämä sowýarsyň? Eger ony başgalara kömek etmek üçin sowýan bolsaň, bu seniň ýagşylyk edýändigiňi we elaçykdygyňy görkezýär (Ýakup 2:14—17). Şeýle-de hakyky seždäni goldamak üçin yzygiderli pul sadakalaryny berýän bolsaň, gymmatly zadyň bilen Ýehowa hormat goýýandygyňy görkezýärsiň (Süleýmanyň tymsallary 3:9). Ýöne ony hemişe özüň üçin sowýan bolsaň, bu nämäni görkezýär?
[163-nji sahypadaky surat]
Bellik depderçäm
Her aýky girdejim we çykdajym
Çap et!
Girdejilerim
ENE-ATAMYŇ BERÝÄNI
ÖZ GAZANÝANYM
BAŞGALAR
Jemi
․․․․․M
Sowjak pullarym
IÝMIT
․․․․․
EŞIK
․․․․․
TELEFON
․․․․․
DYNÇ ALYŞ
․․․․
PUL SADAKASY
․․․․․
SÜÝŞÜRJEGIM
․․․․․
BAŞGALAR
․․․․․
Jemi
․․․․․M
Sowan pullarym
IÝMIT
․․․․․
EŞIK
․․․․․
TELEFON
․․․․․
DYNÇ ALYŞ
․․․․
PUL SADAKASY
․․․․․
SÜÝŞÜRJEGIM
․․․․․
BAŞGALAR
․․․․․
Jemi
․․․․․M
[160-njy sahypadaky surat]
Puly biderek ýere sowmak, gözüňi daňyp maşyn süren ýalydyr