Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • yp2 bap 18 sah. 150—155
  • Nädip gazanç etmeli?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Nädip gazanç etmeli?
  • Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Nädip iş tapmaly?
  • Deňagramlylygy sakla
  • Puly nädip tygşytly sowmaly?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • Puly nädip sowmaly?
    Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler
  • Pul bar belanyň körügimi?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Men enem-atamdan aýry ýaşamaga taýynmy?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
Başgalary
Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
yp2 bap 18 sah. 150—155

18-NJI BAP

Nädip gazanç etmeli?

«Maşyn almak üçin pul ýygnasym gelýär». Seržo

«Dükanlara aýlanyp, zat satyn almagy gowy görýärin». Lori-En

«Satyn alasym gelýän zat köp, ýöne ene-atamyň olary alyp bermäge ýagdaýy ýok». Maýk

BELKI, senem bir zatlar almak ýa-da maşgalaňa kömek etmek üçin pul gazanmak isleýänsiň. Maşgaladaky çykdajylary töleşmäge güýjüň ýetmese-de, eşigiňi ýa-da gerekli zatlaryňy özüň alsaň, ene-ataňa kömek bolar.

Nähili bolaýanda-da, özüňe ýa-da maşgala agzalaryňa bir zat almaly bolsa pul gerek bolýar. Isa Patyşalygy birinji ýerde goýýanlara Hudaýyň kömek etjekdigini aýtsa-da, mesihçiler «alma biş, agzyma düş» diýip oturmaly däl (Matta 6:33; Resullaryň işleri 18:1—3; 2 Selanikliler 3:10). Onda nädip gazanç etmeli? Pul gazanjak bolup, Hudaýa gulluk etmegi soňa goýmaz ýaly näme etmeli?

Nädip iş tapmaly?

Eger gerek zadyňy alyp bermäge ene-ataň ýagdaýy ýetmese, ony özüň satyn alar ýaly iş gözleseň näme? Ilki, bu barada ene-ataň bilen gepleş. Belki, olar seniň işlemek isleýändigiňe begener. Aýdaly, muňa ene-ataň razy we kanun boýunça-da işlemäge ýaşyň ýetýär. Ýöne nädip iş tapmaly? Gel, munuň dört usulyny bileli.

Hemmelere aýt. Goňşularyňa, mugallymlaryňa we dogan-garyndaşlaryňa iş gözleýändigiňi aýt. Eger göni aýtmaga utanýan bolsaň, olardan seniň ýaşyňdaka nädip pul gazanandygyny sora. Iş gözleýändigiňi näçe köp adam bilse, şonça-da iş tapmak aňsat bolar.

Mümkinçilikden peýdalan. Gazetlerdäki, Internetdäki, mekdebiňdäki we köpçülik ýerlerindäki bildirişlere göz aýla. Deýw atly ýetginjek: «Men şeýdip iş tapdym. Gazetde bir bildirişi görüp, oňa özüm baradaky maglumaty ugratdym, soňra jaňam etdim» diýýär. Eger sen şeýle usul bilen iş tapmasaň, onda haýsy ýerde işlemek isleýän bolsaň, şol ýeriň başlygynyň ýanyna baryp, başarýan zatlaryň barada aýt. Belki, şonda saňa iş tapylar.

Özüň baradaky maglumaty ýaz we paýla. Bir kagyza adyňy, öý salgyňy we telefon belgiňi ýaz. Şeýle-de nämäni başarýandygyňy we ony näçe wagt edip görendigiňi ýazmagy ýatdan çykarma. Ýöne sen başarýan zadym ýok diýýän bolmagyň mümkin. Gowuja pikirlen! Ene-ataň bir ýere giden wagty jigiňi alyp galypdyňmy? Ýa-da başga biriniň çagasyna seredip gördüňmi? Eger seredip gören bolsaň, saňa jogapkärçilik ynansa bolýar. Ýa-da sen kakaňa maşynyny bejermäge kömek eden bolsaň, ondan biraz başyň çykýandyr. Sen kompýuterde işläp bilýärmiň? Belki, ýazyp bilýänsiň?! Ýa bolmasa sen mekdepde bir zady gowy başarýandygyň üçin hormat hatyny alansyň?! Şeýle başarnyklaryň seni işe almaklaryna uly kömek eder. Bu zatlary özüň baradaky maglumatyňda hem ýazyp, edaralara, kärhanalara, dostlaryňa we dogan-garyndaşlaryňa paýla. Mümkin, bu işgär gözläp ýören adamyň eline düşer.

Başarýan işiň bilen meşgullan. Belki, goňşy-golamlaryňa ýa-da tanyşlaryňa işini puluna etdirmäge adam tapdyrýan däldir. Mysal üçin, olaryň mallaryna seredip bilersiň. Ýa-da mallary üçin iým getirip bilersiň. Eger saz gurallarynyň birini çalyp bilýän bolsaň, onda başgalara öwredip bilersiň. Ýa bolmasa, başgalaryň etmeýän işlerini, ýagny aýna ýuwup ýa-da öý arassalap bilersiň. Mesihçiler bu zatlary etmegi özüne kiçilik bilmeýär (Efesliler 4:28). Elbetde, şeýle işleri etmek üçin isleg, ugurtapyjylyk gerek hem-de işiňe ýürekden ýapyşmaly.

Başarýan işiňi tapyp, işläp başlamazdan öň, bolup biljek ýagdaýy anyklamagy we çykdajylary hasaplamagy ýatdan çykarma (Luka 14:28—30). Ilki bilen, bu barada ene-ataňdan sora. Mundan başga-da, şeýle işde işleýänler bilen maslahatlaş. Munuň üçin salgyt tölemeli bolarsyňmy? Ygtyýarnama (lisenziýa) almak ýa-da patent açmak gerek bolarmy? Saňa bu barada maglumat berip biljek edaradan sora (Rimliler 13:1).

Deňagramlylygy sakla

Aýdaly, sen welosiped sürüp barýarsyň, eliňde bolsa birgiden zat bar: mekdep sumkaň, top we şuňa meňzeş zatlar. Eliňde näçe köp zat bolsa, şonça-da deňagramlylygy saklamak kyn bolar. Gaty köp işlemeklik hem edil şu mysaldaky ýaly bolýar. Okuwdan soň köp wagtyňy, güýjüňi we ünsüňi işe berseň, saglyk ýagdaýyňa zyýan ýeter hem-de sapaklaryňa ýetişmersiň. Esasanam, agyr ýa-da köp işleseň yzygiderli ýygnaga barmaga, Mukaddes Ýazgylary okamaga we wagza gitmäge güýjüň galmaz. Mişel atly ýetginjek: «Men mekdepden soň işleýändigim üçin ýadap, ýygnaga barmaýardym» diýýär.

Şol sebäpli pul gazanmak meselesinde paýhasly bol. Isa «Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünýän adamlaryň», hakykatdan-da, bagtlydygyny belläp geçdi (Matta 5:3). Şeýle-de ol: «Adamyň emlägi köp bolsa-da, onuň ýaşaýşy bu zatlara bagly däldir» diýdi (Luka 12:15). Ýehowanyň Şaýady bolan Marina atly ýetginjek bu berlen duýduryşlara çynlakaý garaýandygy barada şeýle diýýär: «Men maddy zatlaryň durmuşymda birinji ýerde durmagyny islemeýärin. Sebäbi bar ünsümi maddy zatlara bersem, ruhy saglygyma zyýan ýetirerin».

Käbir döwletler ykdysady taýdan pes bolandygy sebäpli, ýaşlar maşgalasyna kömek etmek üçin uzakly gün işlemeli bolýar. Eger sen şeýle ýurtda ýaşamaýan bolsaň, köp wagtyňy işe bermek paýhasly bolarmy? Köp alymlaryň aýtmagyna görä, mekdepde okaýan ýaşlaryň hepdede 20 sagatdan köp işlemegi, olar üçin gaty agyr bolup bilýär. Munuň peýdasyndan zyýany köp. Şol sebäpli olar hepdede 8—10 sagat işlemegi maslahat berýärler. Akyldar Süleýman patyşa: «Bir owuç asudalyk iki owuç zähmetden we salgyma çapmakdan gowudyr» diýýär (Wagyz kitaby 4:6).

«Baýlygyň yşkyna düşmekligiň» ruhy zatlary bogýandygyny ýatdan çykarma (Markus 4:19). Şonuň üçin mekdepden soň işlemekçi bolsaň, gündelik etjek işleriňi öňürti ruhy zatlary edip biler ýaly planlaşdyr. Bu barada Ýehowa doga et. Ol saňa kyn ýagdaýdan baş alyp çykmaga güýç berer we paýhasly karara gelip, özi bilen dostlugyňy berkitmäge kömek eder.

ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN I TOMUŇ 21-NJI BABYNA SERET

INDIKI BAPDA

Sen puluň hojaýynymy ýa-da guly? Nädip onuň hojaýyny bolup bilersiň?

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Ýaltanyň jany arzuw çekýändir; ýöne hiç bir zat alýan däldir; işeňňirleriň jany bolsa doýar». Süleýmanyň tymsallary 13:4

MASLAHAT

Boş iş orunlarynyň bardygyny bildiriş etmedik edaralara-da, kärhanalara-da özüň baradaky maglumaty ugrat.

BILÝÄŇIZMI?

Käbir ýurtlarda boş iş orunlarynyň bardygynyň 85 göterimi aýdylmaýar.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Çaltrak iş tapmak üçin, men ․․․․․

Men her hepde sagatdan köp işlemerin. ․․․․․

Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?

● Sen näme üçin gazanç etjek bolýarsyň?

● Işläp başlasaň nähili kynçylyklara duş gelip bilersiň?

● Pul meselesinde nädip paýhasly bolmaly?

[153-nji sahypadaky sitata]

«Eger şatlygyň alýan zatlaryňa bagly bolsa, hiç haçan bagtly bolup bilmersiň. Sebäbi ýene bir zat alasyň geler. Şol sebäpli bar zadyňa kaýyl bolup, ondan şatlyk tapmagy öwrenmeli» Ýonatan

[155-nji sahypadaky surat]Puly söýme-de, gerekdigine düşün!

Ökde aşpeziň ýiti pyçagy oňa peýda berýär. Ýöne şol pyçagy tejribesiz we ukypsyz adam ulansa, özüne zyýan ýetirip biler. Pul hem edil pyçak ýaly. Eger ony paýhasly ulansaň, peýda berip bilýär. Ýöne ünsli bolmasaň, özüňe zyýan ýetirersiň. Mysal üçin, Pawlus resul puly söýmezlik barada duýduryş berdi. Käbirleri puluň yzyndan ylgap, dostlaryndan, maşgalasyndan, hatda Hudaý bilen dostlukly gatnaşygyndan hem mahrum boldy. Netijede bolsa, olar «ençeme horluklara sezewar boldular» (1 Timoteos 6:9, 10). Biz mundan puly paýhasly ulanmalydygyny öwrenip bileris. Ony söýmeli däl-de, gerekdigine düşünmeli!

[153-nji sahypadaky surat]

Üstüňe köp ýük alsaň deňagramlylygy saklamak kyn bolar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş