Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwbq bap 166
  • Pul bar belanyň körügimi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Pul bar belanyň körügimi?
  • Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Mukaddes Kitabyň jogaby
  • Mukaddes Kitapda pul barada näme diýilýär?
  • Mukaddes Kitapda näme üçin puly söýmäň diýilýär?
  • Pul baradaky maslahatlar bize nädip kömek edip biler?
  • Puly nädip sowmaly?
    Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler
  • Mukaddes Kitapda iş we pul barada näme diýilýär?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
ijwbq bap 166
Baý adam.

Pul bar belanyň körügimi?

Mukaddes Kitabyň jogaby

Mukaddes Kitapda puluň erbet zatdygy ýa-da başyňa bela getirýändigini aýdylmaýar. Käbir adamlar köp kynçylyklar pul sebäpli döreýär diýip pikir edýärler. Ýöne Mukaddes Kitapda: «Bar belanyň körügi pul söýgüsidir»a diýilýär (1 Timoteos 6:10).

  • Mukaddes Kitapda pul barada näme diýilýär?

  • Mukaddes Kitapda näme üçin puly söýmäň diýilýär?

  • Pul baradaky maslahatlar bize nädip kömek edip biler?

  • Mukaddes Kitapdaky pul baradaky aýatlar

Mukaddes Kitapda pul barada näme diýilýär?

Mukaddes Kitapda puly paýhasly ulansaň köp peýda berýändigi, hatda «gorag bolýandygy» aýdylýar (Nesihat 7:12). Şeýle-de mätäçlere pul kömegini berýänlere ýagşy adam diýilýär (Nakyllar 11:25).

Mukaddes Kitapda «durmuşyňyzda pul söýgüsine orun bermäň, bar zadyňyza kaýyl boluň» diýip, puluň yzynda hars urmaly däldigi maslahat berilýär (Ýewreýler 13:5). Diýmek, puly ýerlikli sowmaly, baýlyga kowalaşmaly däl. Iýjek çöregimiz, egin-eşigimiz, ýaşar ýaly ýerimiz bar bolsa, barymyza kanagat etmeli (1 Timoteos 6:8).

Mukaddes Kitapda näme üçin puly söýmäň diýilýär?

Mukaddes Kitapda açgöz adamlaryň ebedi ýaşaýşy miras almajakdygy aýdylýar (Efesliler 5:5). Açgözlük butparazlyk hasaplanýar (Koloslylar 3:5). Şeýle-de açgöz adam hiç zatdan gaýtmaýar, hatda erbet işlere-de baş goşýar. Nakyllar 28:20-de: «Baýlygyň yzynda hars urýan günäsiz galmaz» diýilýär. Olar adamy gorkuzyp, aldap, urup puluny alýar, haram gazanç edýär, adam ogurlap satýar ýa-da bigünä gan döküp, jenaýat işlerine baş goşýar.

Puly söýýän adam şeýle agyr günäleri etmese-de, köp kynçylyklara uçrap biler. Mukaddes Kitapda: «Baýajak bolýanlar bolsa synaga, duzaga, akylsyz we erbet höwesleriň toruna düşýändir» diýilýär (1 Timoteos 6:9).

Pul baradaky maslahatlar bize nädip kömek edip biler?

Pul üçin erbet işlere baş goşman gaýtam Hudaýy begendirip ýaşasak, adamlaryň öňünde mertebämiz artar, Hudaýy hem razy ederis. Allatagala özüne bil baglaýan adamlara: «Men seni terk etmerin, hiç wagt taşlamaryn» diýip söz berýär (Ýewreýler 13:5, 6). Şeýle-de ol: «Wepaly adam bereket tapar» diýýär (Nakyllar 28:20).

Mukaddes Kitapdaky pul baradaky aýatlar

Nesihat 7:12: «Pul köp ýagdaýlarda gorag bolýar».

Aýadyň manysy: puly paýhasly ulansak, köp peýda berýär, hatda käbir ýagdaýlarda gorag bolýar.

Luka 12:15: «Adamyň baýlygy ömrüni uzaltmaýar».

Aýadyň manysy: durmuşda hemme zady pul bilen çözüp bolmaýar, pul adamyň janyny halas etmeýär.

1 Timoteos 6:10: «Bar belanyň körügi pul söýgüsidir. Käbirleri puluň yşkyna düşüp, imanyny gowşatdylar we köp görgi gördüler».

Aýadyň manysy: pul erbet zat däl. Ýöne puly söýýän, ýagny puluň yzynda hars urýan adam köp kynçylyklara uçraýar, maşgalasy dargaýar ýa-da saglygyna zyýan ýetýär.

Ýewreýler 13:5: «Durmuşyňyzda pul söýgüsine orun bermäň, bar zadyňyza kaýyl boluň».

Aýadyň manysy: pul üçin hemme zatdan geçmeli däl-de, baryňa kaýyl bolup ýaşamaly.

Matta 19:24: «Düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi baý adamyň Hudaýyň Patyşalygyna girmeginden aňsatdyr».

Aýadyň manysy: Isa baý ýaş ýigide: «Şägirdim bol» diýýär. Ýöne ol baýlygyndan, mal-mülkünden geçip bilmeýär. Şonuň üçin Isa pygamber baýlyga kowalaşýan adamyň ebedi ýaşaýşy miras alyp bilmejegini aýdýar.

a Käbir terjimelerde şeýle diýilýär: «Ähli erbet zatlaryň köki pul söýgüsidir».

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş