Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • hf böl. 4 sah. 12—14
  • Puly nädip sowmaly?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Puly nädip sowmaly?
  • Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • 1 ÖŇÜNDEN MASLAHATLAŞYŇ
  • 2 DOGRUÇYL BOLUŇ
  • Pul bar belanyň körügimi?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Puly nädip tygşytly sowmaly?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • Pul
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler
hf böl. 4 sah. 12—14
Är-aýal puluny nädip sowmalydygy barada öňünden maslahatlaşmaly

4-NJI BÖLÜM

Puly nädip sowmaly?

«Maksatlar maslahat bilen berkarar bolýandyr» (Süleýmanyň tymsallary 20:18).

Biziň ählimize-de maşgalamyzy eklemek üçin pul gerek (Süleýmanyň tymsallary 30:8). Onsoňam, «pul gorag» berýär (Wagyz kitaby 7:12). Är-aýala pul barada gürrüň etmek kyn bolmagy mümkin, ýöne pul sebäpli maşgalaňyzda kynçylygyň döremegine ýol bermäň (Efesliler 4:32). Är-aýal bir-birine ynanmaly we puly nädip sowmalydygyny bile çözmeli.

1 ÖŇÜNDEN MASLAHATLAŞYŇ

MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: «Adam jaý salmak islese, öňürti oturyp, puluny hasaplamazmy?» (Luka 14:28, TD). Şol sebäpli puluňyzy nädip sowmalydygy barada bile oturyp maslahatlaşmak wajyp (Amos 3:3). Siz näme satyn aljakdygyňyzy we näçeräk pul gerekdigini anyklaň (Süleýmanyň tymsallary 31:16). Bir zady satyn almaga puluňyz bolsa-da, şol zady hökman almalydygyňyzy aňlatmaýar. Bergi etmekden gaça duruň. Diňe özüňizde bar bolan puly sowjak boluň (Süleýmanyň tymsallary 21:5; 22:7).

MASLAHAT

  • Eger aýyň ahyrynda artykmaç puluňyz galsa, ony nämä sowmalydyňyzy bile çözüň

  • Eger puluňyz ýetmezçilik etse, çykdajylaryňyzy azaldyň. Meselem, taýýar nahar satyn almagyň deregine, özüňiz bişiriň

Är-aýal çykdajylaryny hasaplaýar

2 DOGRUÇYL BOLUŇ

MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: «Ýalany egniňizden çykaryp, her biriňiz öz ýakynyňyza hakykaty aýdyň» (Efesliler 4:25). Näçe pul gazanýandygyňyzy we sowýandygyňyzy ýanýoldaşyňyzdan gizlemäň.

Pul bilen bagly wajyp karara geleniňizde, hemişe ýanýoldaşyňyz bilen maslahatlaşyň (Süleýmanyň tymsallary 13:10). Puly nädip sowmalydygy barada maslahatlaşsaňyz, maşgalaňyz agzybir bolar. Gazanýan puluňyza diňe özüňiziňki ýaly däl-de, maşgalaňyzyň puly hökmünde garaň (1 Timoteos 5:8).

Är-aýal bile zat satyn alanda spisok boýunça barlaýar

MASLAHAT

  • Bir zat satyn almazdan öň, ýanýoldaşyňyz bilen maslahatlaşyň

  • Pul barada kynçylyk ýüze çykmanka, gepleşiň

PULA DOGRY GARAŇ

Pul wajyp bolsa-da, onuň maşgalaňyza zyýan ýetirmegine we gerekmejek kynçylyklary döretmegine ýol bermäň (Matta 6:25—34). Durmuşdan lezzet alyp ýaşamak üçin puluň köp bolmagy hökman däl. Mukaddes Ýazgylarda: «Özüňizi her hili betnebislikden goraň» diýilýär (Luka 12:15). Maşgala gatnaşyklary pula satyn alyp bolýan islendik zatdan has gymmatlydyr. Şol sebäpli bar zadyňyza kaýyl bolup, Hudaý bilen dostlugyňyzyň gadyryny biliň. Eger şeýtseňiz, maşgalaňyz bagtly bolar we Ýehowany begendirersiňiz (Ýewreýler 13:5).

ÖZÜŇIZE ŞEÝLE SORAGLARY BERIŇ:

  • Biziň maşgalamyz bergi etmez ýaly näme edip biler?

  • Men ýanýoldaşym bilen haçan soňky gezek pul meselesi barada açyk gürleşdim?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş