37-NJI SAPAK
Mukaddes Kitapda iş we pul barada näme diýilýär?
Belki, senem hemme adamlar ýaly iş tapmak, eklenmek barada alada edensiň. Saňa hem işläp pul gazanmak, hem Ýehowa gulluk etmek aňsat däldir. Ýöne Mukaddes Kitapdaky maslahatlar saňa kömek edip biler.
1. Mukaddes Kitapda zähmet çekmek barada näme diýilýär?
Hudaý höwes bilen zähmet çekmegimizi isleýär. Mukaddes Kitapda: «Adam üçin... zähmetiniň hözirini görmekden gowy zat ýokdur» diýilýär (Nesihat 2:24). Ýehowa zähmetsöýer Hudaý, ol agyr zähmet çekýär. Bizem ondan görelde alyp, berlen işi kemini goýman etsek, ol begenýär, özümizem monça bolýarys.
Elbetde, her birimiz zähmet çekmeli. Ýöne iş diýip, Ýehowany ýatdan çykarmaly däl. Ýehowa sežde etmek hemişe birinji ýerde durmaly (Ýahýa 6:27). Şonda Ýehowa zada zar etmez.
2. Mukaddes Kitapda pul barada näme diýilýär?
Mukaddes Kitapda «pul köp ýagdaýlarda gorag bolýar» diýilse-de, adamy diňe puluň bagtly etmeýändigi hem aýdylýar (Nesihat 7:12). Şeýle-de onda puly söýmäň, «bar zadyňyza kaýyl boluň» diýip maslahat berilýär (Ýewreýler 13:5-i oka). Eger barymyza kaýyl bolsak, onda köpräk zadyň ugrunda hars urmarys. Şeýle-de gerekmejek bergi etmeris (Nakyllar 22:7). Baryna kaýyl bolýan adam pully oýunlary oýnap ýa-da tiz baýamagyň küýüne düşüp, özüni kösemez.
3. Biz nädip jomart bolup bileris?
Ýehowa jomart Hudaý. Bizem «jomart bolup we zadymyzy paýlaşyp», Ýehowadan görelde alyp bilýäris (1 Timoteos 6:18). Biz ýygnagyň işleri üçin sadaka berip bileris. Şeýle-de mätäçlere, esasanam, dogan-uýalara kömek edip bileris. Ýehowa näçe berýändigimize däl-de, näme üçin berýändigimize üns berýär. Adamlara ak ýürekden ýagşylyk etsek, bizem, Ýehowa-da begener (Resullar 20:35-i oka).
SÖHBETDEŞLIK
Işe dogry garamagy we baryňyza kaýyl bolmagy öwreniň.
4. Işde Ýehowany şöhratlandyr
Biz işe dogry garaýyşda bolsak, özümizi gowy alyp barsak, Ýehowa bilen dostlugymyz berkär. WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Jeýsonyň işe bolan garaýşynyň we özüni alyp barşynyň nämesini haladyň?
Jeýson hemme zada nädip ýetişýärdi?
Koloslylar 3:23, 24-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Işe näme üçin dogry garaýyşda bolmaly?
Elbetde, işlemeli, ýöne işi Ýehowa sežde etmekden wajyp hasaplamaly däl.
5. Baryňa kaýyl bolmak — uly baýlyk
Häzir köp adamlar köpden-köp gazanmagyň ýoluny gözleýär. Ýöne Mukaddes Kitap has uly baýlyga ýetmäge höweslendirýär. 1 Timoteos 6:6—8-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Mukaddes Kitapda nähili maslahat berilýär?
Ýagdaýymyz pes bolsa-da, bagtly bolup bilýäris. WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Wideodaky maşgalalar garyp ýaşasalar-da, näme üçin bagtly?
Käte adam baryna kaýyl bolman, has köp zat edinmek islemegi mümkin. Isa pygamber munuň howpludygyny mysal arkaly düşündirdi. Luka 12:15—21-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Isanyň gürrüň beren mysalyndan näme öwrendiň? (15-nji aýada serediň).
Nakyllar 10:22 we 1 Timoteos 6:10-njy aýatlary okap, deňeşdiriň. Soňra aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Ýehowa bilen dostlugyň wajypmy ýa-da köp pul gazanmak? Näme üçin?
Puluň ugrunda hars urýan adam nähili belanyň üstünden barýar?
6. Ýehowa aladaňy eder
Pulsuz ýa-da işsiz galanymyzda Ýehowa näçeräk bil baglaýandygymyz belli bolýar. Başgaça aýtsak, Ýehowa imanymyz synalýar. WIDEONY görüp, şeýle ýagdaýda näme etmelidigini biliň. Soňra aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Dogan nähili kyn ýagdaýa düşdi?
Ol nähili hereket etdi?
Matta 6:25—34-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Ýehowa gulluk etmegi birinji ýerde goýsak, ol nämäni söz berýär?
ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Wah, ýygnaga her hepde barasym gelýär, ýöne maşgalamy eklemek üçin uzakly gün işlemeli bolýan-da».
Ýehowa seždäni birinji ýerde goýmaga haýsy aýatlar höweslendirýär?
ESASY PIKIRLER
Ýaşamak üçin işlemelem, pulam gazanmaly. Ýöne olar Ýehowa gulluk etmäge päsgel bermeli däl.
Gaýtalamak
Işe dogry garamaga näme kömek eder?
Baryňa kaýyl bolmak näme üçin uly baýlyk?
Ýehowa näme üçin hökman aladaňy eder?
KÖPRÄK BILIŇ
Mukaddes Kitaba görä, pul erbet zatmy?
Nähili jomartlyk Ýehowa ýaraýar?
«Mukaddes Kitapda ýagşylyk etmek barada näme diýilýär?» (Internet makala)
Pully oýunlary oýnamak günämi?
«Mukaddes Kitapda näme diýilýär? Pully oýunlar» («Oýanyň!» mart, 2015)
Pully oýun oýnaýan jenaýatçy düýbünden başga adam boldy.
«Mukaddes Kitap durmuşyňy üýtgedýär» («Garawul diňi» 1 noýabr, 2011)