20-NJI BAP
Garşylyklara garamazdan «Ýehowanyň sözi gitdigiçe ýaýraýardy»
Apollos bilen Pawlus köp adamlara hoş habary wagyz etdiler
1, 2. a) Efesde Pawlus bilen ýoldaşlaryna näme boldy? b) Şu bapda nämeleri öwreneris?
EFES şäherinde gozgalaň turdy. Adamlar aýagy bişen towuk ýaly köçede ylgaşyp ýördüler. Gahar-gazaba münen märeke näme etjegini bilmeýärdi. Olaryň käbiri Pawlusyň ýanynda gelen iki adamy tutup, süýräp alyp gitdiler. Bazardaky adamlaryň hemmesi olaryň yzyna düşüp gitdi, bazar boşap galdy. Märeke 25 000 adamlyk teatra üýşdi. Ol ýere baran adamlaryň käbiri goh-galmagalyň näme üçin turandygyny hem bilmeýärdi. Ýöne olar biri buthanalaryna hem-de sežde edýän taňrylary Artemida dil ýetirendir öýdýärdiler. Şonuň üçinem sesiniň ýetdiginden: «Efeslileriň Artemidasy beýikdir!» diýip gygyryşýardylar (Res. 19:34).
2 Şeýtan hemişekisi ýaly şol gezegem gahar-gazaba münen märeke arkaly Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habaryň ýaýramagyna päsgel berjek boldy. Ýöne bu onuň ýeke-täk usuly däl, ol başga-da usullary ulanýar. Şeýtan hoş habaryň ýaýramazlygy we I asyrdaky mesihçileriň agzybirligini bozmak üçin her zat etdi. Şu bapda biz onuň nämeleri edendigini bileris. Şeýle-de Şeýtanyň bar eden tagallasynyň puç bolandygy, «Ýehowanyň sözüniň gitdigiçe ýaýrap, barha güýçlenendigi» hakda öwreneris (Res. 19:20). Eýsem I asyrdaky mesihçiler Şeýtanyň duzagyna düşmän hoş habary nädip wagyz etdiler? Elbetde, Ýehowa olara mukaddes ruhy arkaly kömek etdi. Hudaý mukaddes ruhuny bize-de berýär. Biz agzybirligi saklamak üçin I asyrdaky mesihçilerden görelde almaly hem-de Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürmeli. Şonda has gowy wagyz edip bileris. Geliň, ilki bilen, Apollos barada gürrüň edeliň.
«Ol... mukaddes kitaplary gowy bilýärdi» (Resullar 18:24—28)
3, 4. Akila bilen Priskilla nämä üns berdi? Olar Apollosa nädip kömek etdiler?
3 Pawlus üçünji wagyz syýahatynda Efese ýola düşýär. Şol wagt Apollos atly ýehudy hem Efese gelýär. Onuň asly Müsüriň ady belli Aleksandriýa şäherindendi. Onuň gowy häsiýetleri bardy, özem «dilewar adamdy we mukaddes kitaplary gowy bilýärdi». Apollos sinagogadaky ýehudylara «mukaddes ruhuň güýji bilen Isa hakda yhlasly gürrüň berýärdi», hiç kimden çekinmeýärdi (Res. 18:24, 25).
4 Bir gün Akila bilen Priskilla Apollosyň Isa baradaky gürrüňlerini eşidýär. Olar Apollosyň Isa barada köp zatlary bilýändigine haýran galýar. Elbetde, ol dogry zatlary aýdýardy, ýöne bir wajyp zady bilmeýärdi. Apollos «diňe Ýahýanyň suwa çümdürmegi barada bilýärdi». Akila bilen Priskilla-da muňa üns berýär. Olar Apollos ýaly gepe-söze ökde, ýokary bilimli adamlar däldi. Ýöne çadyr tikip ýören sada är-aýal: «Apollosa maslahat berer ýaly biz nire, Apollos nire?» diýip oturmady. Gaýtam olar «ony öz öýüne aldylar we Hudaýyň ýoluny has dogry düşündirdiler» (Res. 18:25, 26). Apollos näme etdi? Ol pesgöwünli bolup maslahaty kabul etdi. Şol häsiýet mesihçileriň ählisine gerek.
5, 6. Apollos nädip ökde wagyzçy boldy? Biz Apollosdan näme öwrenip bileris?
5 Pesgöwünli är-aýalyň maslahatyny kabul edip, Apollos ökde wagyzçylaryň biri bolýar. Şondan soň ol Ahaýýa gidip, Hudaýa iman eden adamlara «köp kömek edýär». Şol ýerdäki ýehudylar Isanyň Mesihdigine ynanmaýardy. Ýöne Apollos «adamlara ýehudylaryň öwredýän zatlarynyň nädogrudygyny, Isanyň Mesihdigini mukaddes kitaplar boýunça açyk aýdýardy, hyjuwly subut edýärdi» (Res. 18:27, 28). Şeýdip, ol ýygnaga uly kömek etdi, «Ýehowanyň sözüniň» gitdigiçe ýaýrap, barha güýçlenmegine goşant goşdy. Biz Apollosdan näme öwrenip bileris?
6 Ýehowanyň halky pesgöwünli bolmaly. Elbetde, her bir adamyň öz ukyp-başarnygy, tejribesi, bilimi bolýar. Ýöne pesgöwünli bolmasak, bularyň bary biderek bolar. Ýehowa gulluk edenimizde-de ukybymyzyň, tejribämiziň, bilimimiziň hiç hili peýdasy bolmaz. Hawa, eger seresap bolmasak, ukyp-başarnygymyza buýsanyp tekepbirligiň duzagyna düşeris (1 Kor. 4:7; Ýak. 4:6). Pesgöwünli bolsak, başgalary özümizden ýokary saýarys (Flp. 2:3). Biri maslahat ýa düzediş berende gaharlanmarys. Guramada berilýän görkezmeler bilen razylaşmak kyn bolsa-da, gulak asarys. Şonda Ýehowa-da, Isa-da köp işleri ynanar (Luka 1:51, 52).
7. Pawlus bilen Apollos pesgöwünlidigini nädip görkezdiler?
7 Eger pesgöwünli bolsak, dogan-uýalara göriplik etmeris. Şeýtan I asyrdaky mesihçileri göripligiň duzagyna düşürip, agzybirligi bozjak boldy. Göz öňüne getiriň, Şeýtan Apollos bilen Pawlus ýaly ýygnakdaky ökde we tejribeli doganlaryň arasyna tow salan bolsa heşelle kakardy. Pawlus bilen Apollos biri-birine göriplik eden bolsa, ýygnakda bölünişik dörärdi, sebäbi Korinfdäki şägirtleriň käbiri «men Pawlusyň şägirdi, men Apollosyň şägirdi» diýýärdiler. Pawlus bilen Apollos duzaga düşüp, olaryň pikirini goldadymy? Ýok. Pawlus pesgöwünli bolup, Apollosy yhlasly wagyz edýändigi üçin öwdi, oňa ýygnakda köp işleri ynandy. Apollos hem Pawlusa hormat goýýardy, tabşyrylan işi ýerine ýetirýärdi (1 Kor. 1:10—12; 3:6, 9; Tit. 3:12, 13). Şeýdip, pesgöwünli doganlar agzybir işleşip, bize gowy görelde galdyrdy.
«Delilleri getirip, Hudaýyň Patyşalygy barada... gürrüň berdi» (Resullar 18:23; 19:1—10)
8. Pawlus Efese nädip bardy we näme üçin?
8 Pawlus Efesdäki dogan-uýalara ýene-de geljekdigini söz beripdi, sözünde-de durýara (Res. 18:20, 21). Pawlus Efes şäherine nädip bardy? Ol Siriýanyň Antakyýa şäherindedi. Efese gitmek üçin Pawlus Selewkiýa baryp gämä münäýmelidi, şeýle etse aňsat düşýärdi. Emma ol Efese «Aziýanyň içi bilen» gidýär. Resullar 18:23 we 19:1-nji aýatlary göz öňünde tutsaň, Pawlusyň 1 600 kilometre golaý ýol geçendigini bilse bolýar. Ol näme üçin şeýle uzak we kyn ýoly saýlaýar? Pawlus ýol ugruna «şägirtleriň imanyny berkitmek» isleýärdi (Res. 18:23). Pawlus birinji we ikinji wagyz syýahatynda görgi baryny görüpdi. Üçünji wagyz syýahatynda-da köp kösendi. Emma ol Ýehowa üçin görgi görenine birjigem ökünmedi. Şu günler etrap gözegçileri Pawlusdan görelde alýarlar. Biz olaryň janaýaman çekýän zähmetine diýseň minnetdar!
9. Käbir şägirtler näme üçin täzeden suwa çümdürilmeli boldular? Olardan näme öwrenýäris?
9 Pawlus Efese gelende suwa çümdürýän Ýahýanyň 12-ä golaý şägirdine duşýar. Olar Ýahýanyň öwredişi ýaly suwa çümdürilipdi. Ýöne Isanyň şägirdi bolmak isleýän adamlar Isanyň öwredişi ýaly suwa çümdürilmelidi. Şeýle-de olaryň käbiri mukaddes ruh barada biraz bilýärdi, käbiri asla bilmeýärdi. Şonda Pawlus olara Isanyň ady bilen suwa çümdürilmegiň wajypdygyny düşündirdi. Olaram Apollos ýaly pesgöwünli bolup, Pawlusa höwes bilen gulak asdylar. Şägirtler Isanyň ady bilen suwa çümdürilensoň, Hudaýdan mukaddes ruhy alyp, dürli dillerde gepläp başladylar. Dogrudanam, Ýehowa guramada berilýän görkezmelere gulak asýan adamlardan berekedini gaýgyrmaýar (Res. 19:1—7).
10. Pawlus näme üçin mekdepde sapak berip başlady? Wagyz edenimizde Pawlusdan näme öwrenip bileris?
10 Soňra näme bolýar? Pawlus üç aýlap sinagogada yhlasly wagyz edýär. Ol «delilleri getirip, Hudaýyň Patyşalygy barada batyrgaý gürrüň berýär». Ýöne käbirleri onuň bilen ylalaşman garşy çykýarlar. Pawlus «Halypamyzyň ýoluna dil ýetirýän» adamlara wagt ýitirmän, sinagogadan gaýdyp mekdepde her gün sapak berip başlaýar (Res. 19:8, 9). Indi Hudaýyň Patyşalygy barada köpräk öwrenmek isleýän adamlar mekdebe barmalydy. Wagyz edenimizde öý eýesi biziňem aýdýan habarymyzy diňlemese ýa-da jedelleşip başlasa, Pawlus ýaly ol ýerden gaýdyp bileris. Biz badymyzy gowşatmasak, hoş habary diňlemek isleýän akýürekli adamlary hökman taparys.
11, 12. a) Pawlus nädip köp adamlara wagyz etdi? b) Ýehowanyň Şaýatlary Pawlusdan nädip görelde alýarlar?
11 Pawlus şol mekdepde takmynan sagat 11-den öýlän 4-e çenli bilim berýärdi (Res. 19:9). Şol wagt howa gyzansoň adamlar işlerini goýup, iýip-içip, dynç alan bolmaly. Eger Pawlus her gün 5 sagat bilim beren bolsa, 2 ýylda 3 000-den hem gowrak sagat wagyz eden bolmalyb. Pawlusyň janaýaman zähmet çekendigi üçin köp adamlar hoş habary eşitdi. Hawa, Pawlus köp wagyz edýärdi. Ol hatda ýaşaýan ýerindäki adamlaryň ýagdaýyny göz öňünde tutup, gün tertibini hem üýtgedýärdi. Şeýdip, ol tabşyrylan işiň kemini goýmady. Onuň yhlasly wagyz edendigi üçin «Aziýada ýaşaýan ähli adamlar, ýehudylaram, greklerem Hudaýyň sözüni eşitdiler» (Res. 19:10).
Biz adamlara amatly wagty, amatly ýerde wagyz edýäris
12 Şu günler hem Ýehowanyň Şaýatlary adamlara kömek etmek üçin elinde baryny edýärler. Olar Pawlus ýaly, gerek bolsa gün tertibini hem üýtgedýärler. Biz adamlara amatly wagty, amatly ýerde wagyz edýäris. Meselem, köçede, bazarda ýa-da köpçülik ýerinde olar bilen gürrüňdeş bolýarys. Gyzyklanan adamlar bilen telefon ýa-da hat arkaly habarlaşyp durýarys. Şeýle-de adamlaryň öýde bolýan wagty baryp wagyz edýäris.
«Ýehowanyň sözüniň... ýaýramagyna» jynlar hem päsgel berip bilmedi (Resullar 19:11—22)
13, 14. a) Ýehowa Pawlusa näme etmäge güýç berdi? b) Skiwanyň ogullary näme etjek boldular? Şu günler millionlarça adamlar Hudaýy nädip razy edip bolýandyr öýdýärler?
13 Hoş habarçy Luka Ýehowanyň kömegi bilen Pawlus resulyň «uly gudratlary görkezendigini», her dürli keselli adamlary sagaldandygyny ýazýar. Pawlusyň ýaglygyny, öňlügini syrkawlara berenlerinde olar sagalýardy, hatda jynlar hem adamlardan çykýardyc (Res. 19:11, 12). Gudratlary gözi bilen gören adamlar nämä haýran galmasa-da, Pawlusyň jynlara güýjüniň ýetýändigine haýran galýardylar. Ýöne Pawlusyň eden ýagşylyklary käbirleriniň göwnüne ýaramady.
14 «Enteşip ýören käbir ýehudylar hem» Pawlusyňky ýaly gudratlary görkezjek boldular. Olaryň käbiri hamala edip bilýän ýaly, Isanyň, Pawlusyň adyny tutup, jynlary çykarjak boldular. Meselem, uly ruhany Skiwanyň ýedi ogly hem şeýle edýär. Şonda zalym ruh olara: «Men Isany, Pawlusy tanaýaryn. Ýöne siz kim?» diýdi. Soňra jynly adam guduzlan ýaly topulyp, olary ýekän-ýekän ýençdi. Olar ýarym-ýalaňaç, endam-jany gök-ala bolup gaçyp gitdiler (Res. 19:13—16). Şeýdip, Ýehowa ýalan dindäki adamlara däl-de, wepaly gullukçysy Pawlusa güýç berendigini görkezdi. Şu günlerem millionlarça adamlar Hudaýy razy etmek üçin Isanyň adyny tutsaň, özüňi hristian hasaplasaň ýeterlikdir öýdýärler. Ýöne Isa diňe Atasynyň islegini berjaý edýän adamlaryň ebedi ýaşaýşa gowuşjakdygyny aýtdy (Mat. 7:21—23).
15. Efesliler näme etdi? Olardan nädip görelde alyp bileris?
15 Skiwanyň ogullarynyň jynlary çykaryp bilmän masgara bolandyklaryny görüp, köp adamlar Isa iman etdiler we jadygöýlik etmegini goýdular. Efeslileriň köpüsi jadygöýlik bilen meşgullanýardy, doga-tumarlary, jadygöýlik bilen bagly kitaplary ulanýardy. Şol ýerdäki täze şägirtler jadygöýlik bilen bagly kitaplaryny getirip, hemmeleriň gözüniň alnynda ýakdylar. Kitaplaryň bahasy gaty gymmatdyd. «Şeýlelikde, Ýehowanyň sözi gitdigiçe ýaýrap, barha güýçlenýärdi» (Res. 19:17—20). Hawa, ýalan dinem, jynlaram Ýehowadan we gullukçylaryndan üstün çykyp bilmedi. Ýehowanyň wepaly gullukçylary bize gowy görelde galdyrdy. Biz jadygöýlikden doly dünýäde ýaşaýarys. Eger bizde jadygöýlik bilen bagly zatlar bar bolsa, efeslilerden görelde alyp, bahasy näçe gymmat bolsa-da, olary derrew ýok etmeli. Geliň, jynlar bilen bagly ýigrenji zatlardan uzakda duralyň.
«Dawa turdy» (Resullar 19:23—41)
«Dostlar, biz edýän işimizden köp girdeji alýarys» (Resullar 19:25)
16, 17. a) Dimitris nädip gozgalaň turuzdy? b) Efesliler nädip akylsyzlyk etdiler?
16 Geliň, Şeýtanyň gahar-gazaba münen märeke arkaly Ýehowanyň sözüniň ýaýramagyna ýene nädip päsgel berjek bolandygyny bileliň. Luka Resullar 19:23-de: «Halypamyzyň ýolundan ýöremek babatda dawa turdy» diýýär. Ol muny ulaldyp aýtmadye. Efesde Dimitris atly bir adam gozgalaň turuzýar. Ol kümüş ussasydy. Ol özi ýaly ussalary ýygnap, olara heýkeljikleri satyp gazanç edýändiklerini, köp girdeji alýandyklaryny aýdýar. Ol: «Mesihçiler ynsan elleri bilen ýasalan butlara sežde etmeýärler. Pawlusam heýkellere sežde etmeli däl diýip ýörse, biz gazançsyz galarys» diýýär. Dimitris adamlaryň şäherine, milletine buýsanýandygyny bilýärdi. Şonuň üçinem adamlar Pawlusy diňlese, buthananyň abraýdan düşjekdigini, Artemida taňrysynyň «şan-şöhratynyň depelenjekdigini» aýdýar (Res. 19:24—27).
17 Dimitrisiň sözlerini eşidip, ussalaryň gany depesine urýar. Olar: «Efeslileriň Artemidasy beýikdir!» diýip gygyryşyp başlaýarlar. Şeýdip, babyň başynda aýdylyşy ýaly, adamlar galagoplyga düşýär, şäherde gozgalaň turýarf. Pawlus batyr adamdy, ol teatra girip märeke bilen gürleşjek bolýar. Emma doganlar onuň janyny howp astyna salmajak bolup goýbermeýärler. Isgender atly bir adam öňe çykyp, halky köşeşdirjek bolýar. Asly ýehudy bolansoň, ol öz milleti bilen Isanyň şägirtleriniň arasyndaky tapawudy düşündirjek bolan bolmaly. Ýöne märeke ony diňlemek hem islemeýär. Adamlar Isgenderiň ýehudydygyny bilende: «Efeslileriň Artemidasy beýikdir!» diýip, iki sagatlap gygyryp durýar. Şu günlerem aňyrsyna-bärsine doly göz ýetirmän, ynanýan zatlaryny dogry hasaplaýan adamlar köp. Olar hem Efesdäki märeke ýaly akylsyzlyk edýärler (Res. 19:28—34).
18, 19. a) Şäher häkimi halky nädip köşeşdirdi? b) Käbir hökümet ýolbaşçylary näme edýärler we näme üçin?
18 Ahyry, şäher häkimi gelip halky köşeşdirýär. Ol düşünjeli adamdy. Ol Pawlus bilen ýoldaşlarynyň buthanany abraýdan gaçyrjak hiç hili erbet iş etmändigini, Artemida taňrysyna dil ýetirmändigini aýdýar. Şeýle-de ol: «Kim Pawlus bilen ýoldaşlaryny günäkär hasaplaýan bolsa, gelsin-de, kazyýete arz etsin» diýýär. Şäher häkiminiň soňky sözleri halky dargadýar. Ol halkyň gozgalaň turzup, Rimiň kanunyny bozýandyklaryny aýdýar. Şondan soň adamlar köşeşip, öýli-öýüne gaýdýar (Res. 19:35—41).
19 Hökümet ýolbaşçylary diňe şol gezek däl, ondan öňem Isanyň şägirtleriniň tarapyny tutýardylar. Şeýle adamlar häzir hem bar. Ýahýa resul soňky günler baradaky görnüşinde ýeriň derýany ýuwudandygyny görýär. Görnüşdäki derýa yzarlamalary, ýer bolsa düşünjeli hökümet ýolbaşçylaryny aňladýar (Ylh. 12:15, 16). Dogrudanam, adalatly hökümet ýolbaşçylary Hudaýa arkaýyn sežde edip, wagyz edip biler ýaly Ýehowanyň Şaýatlarynyň hak-hukuklaryny birnäçe gezek goradylar. Olar Ýehowanyň Şaýatlarynyň beýleki adamlardan tapawutlanýandygyny, özlerini gowy alyp barýandygyny görýärler. Efesdekä Pawlusyň hem ýagşy edim-gylymy şäher häkimleriniň gözüne ilmän galmady. Pawlus olaryň ynamyny gazandy. Şonuň üçin hem olar Pawlusyň bigünä ýere ejir çekmegini islemediler (Res. 19:31). Geliň, dogruçyl hem ýagşy edim-gylymly bolup, adamlaryň ynamyny gazanalyň. Şeýle etsek, köp bereketleriň eýesi bolarys.
20. a) Ýehowanyň sözüniň gitdigiçe ýaýramagy size nähili täsir edýär? b) Hoş habaryň ýaýramagyna siz nädip goşant goşup bilersiňiz?
20 Biz I asyrda «Ýehowanyň sözüniň gitdigiçe ýaýrap, barha güýçlenendigi» barada öwrenip ruhlandyk. Ýehowanyň sözüniň ýaýramagyna şu günler hem hiç zat päsgel bermeýär. Siz hoş habaryň ýaýramagyna goşandyňyzy goşasyňyz gelýärmi? Onda şu bapda öwrenen zatlaryňyz hakda oýlanyň. Hemişe pesgöwünli boluň, gurama bilen deň ýöräp, berilýän görkezmelere gulak asyň, janaýaman zähmet çekiň, jadygöýlikden daşda duruň, ýagşy edim-gylymly bolup, adamlaryň ynamyny gazanyň. Şeýle etseňiz, Ýehowanyň beýik adyny şöhratlandyrarsyňyz.
a «Aziýanyň Efes şäheri» diýen çarçuwa serediň.
b Pawlus Efesdekä korinflilere birinji hatyny ýazýar.
c Bärde başyňa daňylýan ýaglyk göz öňünde tutulýan bolmaly. Pawlus resul işlände maňlaýyndan deri akyp, gözüne girmez ýaly başyna ýaglyk daňan bolmaly. Şeýle-de ol boş wagtlary, belki-de, irdenlerine çadyr tikende öňlük hem geýendir (Res. 20:34, 35).
d Luka efeslileriň ýakan kitaplarynyň 50 000 kümüş pula deň bolandygyny aýtdy. Eger Luka 50 000 kümüş puly dinarda hasaplan bolsa, işçi şol puly gazanmak üçin 50 000 gün işlemelidi. Sebäbi bir dinar bir günlük iş hakydy. Işçi her gün işlände takmynan 137 ýylyň dowamynda şol puly gazanyp bilýärdi.
e Käbirleri Pawlus resul korinflilere «diri galarys hem öýtmedik» diýende şu wakany göz öňünde tutandyr diýip pikir edýärler (2 Kor. 1:8). Ýöne Pawlus şu sözleri aýdanda has howply ýagdaýy göz öňünde tutan bolmaly. 1 Korinfliler 15:32-de ol «Efesde ýyrtyjy haýwanlar bilen göreşendigini» aýdýar. Belki, ol, dogrudanam, üsti açyk teatrda ýyrtyjy haýwanlar bilen göreşendir. Ýa-da päliýaman adamlary göz öňünde tutandyr.
f Şol döwür senetçileriň, zergärleriň sözi ýöreýärdi. Şondan takmynan bir asyr geçensoň, çörekçiler ýygnanyşyp Efesde şeýle gozgalaň turuzýarlar.