123-nji aýdym
Sowgat hökmündäki adamlar
1. Ýehowa berdi çopanlary,
Kömek bolar ýaly.
Olaryň synmaz berk imany,
Salgy berýär ýoly.
(GAÝTALAMAK)
Ýehowanyň beren sowgady,
Ak ýürekli çopanlar.
Ýolumyza salýarlar ýagty,
Aladaçyl doganlar.
2. Berer maslahat söýgi bilen,
Olar dertdeş bize.
Ýagşy sözleri jana melhem,
Agyr derdimize.
(GAÝTALAMAK)
Ýehowanyň beren sowgady,
Ak ýürekli çopanlar.
Ýolumyza salýarlar ýagty,
Aladaçyl doganlar.
3. Diri olaryň ellerinde,
Ýehowanyň Sözi.
Täsirli sözler dillerinde,
Gorar ýüregmizi.
(GAÝTALAMAK)
Ýehowanyň beren sowgady,
Ak ýürekli çopanlar.
Ýolumyza salýarlar ýagty,
Aladaçyl doganlar.
(Şeýle-de Iş. 32:1, 2; Ýer. 3:15; Ýah. 21:15—17; Res. iş. 20:28 serediň.)