2-NJI BÖLÜM
Ynsan Jennetden kowulýar
Adam ata bilen How ene pitneçi perişdäniň täsirine düşüp, Hudaýyň hökümdarlygyna garşy çykýar. Netijede, günä we ölüm ähli adamlara geçýär
HUDAÝ adamlary ýaratmazyndan ençeme ýyl öň, perişdeleri ýaratdy. Şeýtan Iblis diýilýän pitneçi perişde How enäni mekirlik bilen aldaýar. Ol oňa Hudaýyň Erem bagynda iýme diýen agajynyň miwesinden iýdirýär.
Şeýtan Adam ata we How ene bilen gepleşmek üçin ýylany ulanýar. Şeýtan Hudaýyň olardan bir gowy zady gizleýändigini aýdýar. Ol How enä: «Eger siz gadagan edilen miweden iýseňiz ölmersiňiz» diýýär. Şeýdip, ol Hudaýy günäkärläp, ynsan balalaryny aldaýar. Şeýtanyň aýtmagyna görä, olar Hudaýa gulak asmasalar, gözleri açylyp, erkin bolardylar. Emma munuň bary ýalandy — ýer ýüzünde ilkinji aýdylan ýalan sözdi. Şeýlelikde, Hudaýyň höküm sürmäge haklydygy we öz ýaradanlarynyň bähbidi üçin adalatly höküm sürüp biljekdigi barada jedelli mesele orta atyldy.
How ene Şeýtanyň ýalan sözüne ynandy. Agajyň miwesi onuň gözüne has-da ýakymly bolup göründi. Ol ony iýdi we ärine-de berdi. Şeýdip, olar günä etdi. Bu ýönekeý hereket ýaly bolup görünse-de, pitne hasaplanýar. Sebäbi Adam ata bilen How ene Hudaýyň tabşyryklaryna bilgeşleýin bozdular. Olar ähli zady, şol sanda kämil ýaşaýşy beren Ýaradyjynyň hökümdarlygyndan ýüz öwürdiler.
Nesil, ýagny tohum «seniň kelläňi owradar, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» (Gelip çykyş 3:15)
Hudaý pitneçileriň üstünden höküm çykardy. Hudaý ýylany, ýagny Şeýtany ýok etjek Nesliň ýa-da Halasgäriň geljekdigini wada berýär. Hudaý Adam ata bilen How enä beren ölüm jezasyny derrew ýerine ýetirmeýär, sebäbi olaryň geljekki nesline rehimdarlyk edýär. Olaryň çagalarynda berk umyt bolmalydy, çünki Hudaýyň iberjek Halasgäri Erem bagynda turan elhenç pitnäniň ýetiren zyýanyny düzetmelidi. Hudaýyň geljekki Halasgär babatdaky niýetiniň ýerine ýetişi we Halasgäriň kimdigi Mukaddes Ýazgylarda kem-kemden aýan edilýär.
Hudaý Adam ata bilen How enäni Jennetden kowdy. Indi olar Erem bagynyň çäginden daşda der döküp we agyr zähmet çekip ýaşamalydylar. Soňra How ene göwreli bolup, Kabyly dogurýar. Ol Adam ata bilen How enäniň ilkinji perzendidi. Soňra olaryň başga-da ogullary hem gyzlary boldy. Meselem: Habyl we Nuhuň ata-babasy Şis.
Gelip çykyş kitabynyň 3—5-nji baplaryna we Ylham 12:9-a esaslanýar.