Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • rk sap. 4 sah. 10—11
  • Hudaý kim?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaý kim?
  • Bagtly ýaşamaga kömek edýän hakyky iman
  • Meňzeş maglumat
  • Perişdeler — «hyzmatkär ruhlar»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Perişdeler kim?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Hudaýy gören barmy?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Hudaýyň perişdeleri bize kömek edýär
    Beýik Mugallymdan öwreniň
Bagtly ýaşamaga kömek edýän hakyky iman
rk sap. 4 sah. 10—11

4-NJI BÖLÜM

Hudaý kim?

ADAMLAR ençeme taňrylara sežde edýärler, emma Mukaddes Ýazgylarda Hudaý ýeke-täkdir diýilýär. Ol deňsiz-taýsyz we ebedidir. Ol gökdäki we ýerdäki ähli zatlary ýaratdy, bize ýaşaýyş berdi. Diýmek, biz diňe Alla sežde etmeli.

Musa pygambere berlen Kanun «perişdeler arkaly aýdylan sözdi»

Musa pygambere berlen Kanun «perişdeler arkaly aýdylan sözdi»

Hudaýyň ady hem bar. Onuň ady ÝEHOWA. Mezmurçy şeýle diýýär: «Eý Ýehowa, Rebbimiz! Bütin ýer ýüzünde Seniň adyň nähili dabaraly! Sen şöhratyňy gökleriň üstüne ýazdyň» (Zebur 8:1). Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň Ýehowa ady takmynan 7 000 gezek agzalýar. Ýehowa Hudaý barada Zebur 83:18-de: «Bütin dünýäniň üstünde diňe Sen hemmelerden beýiksiň» diýilýär.

Gadymy Öli (Duz) deňzinden tapylan golýazmada Allanyň ady bar

Gadymy Öli (Duz) deňzinden tapylan golýazmada Allanyň ady bar

Hudaýy hiç kim gören däldir. Allatagala Musa pygambere: «Sen Meniň ýüzümi görmeli dälsiň, çünki Meni gören kişi diri galmaz» diýdi (Müsürden çykyş 33:20). Hudaý gökde ýaşaýar, ony hiç bir ynsan görüp bilmeýär. Şonuň üçin Hudaýyň şekilini ýasap we suratyny çekip, Oňa sežde ýa-da doga etmek nädogrudyr. Ýehowa Hudaý Musa pygamber arkaly şeýle tabşyryk berdi: «Özüň üçin ýokarda gökde, aşakda ýerde ýa-da ýer asty suwlarda ýaşaýan zatlaryň hiç birine meňzeş şekilde but ýasama. Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn» (Müsürden çykyş 20:2—5). Hudaý Işaýa pygamber arkaly: «Men Rebdirin (Ýehowadyryn), bu Meniň adymdyr; şöhratymy başga hiç kese, öwgülerimi butlara bermerin» diýdi (Işaýa 42:8).

Käbir adamlar Alla ynansalar-da, Ony tanap, Onuň bilen dostlaşyp bolmaz öýdýärler. Käbiri bolsa Hudaýy söýmeli däl-de, ondan gorkmaly diýýärler. Siz nähili pikir edýärsiňiz? Alla siziň aladaňyzy edýärmi? Siz Hudaýy tanap, Onuň bilen dostlaşyp bilermisiňiz? Häzir bolsa Mukaddes Ýazgylar arkaly Allanyň häsiýetlerini bileliň.

Siz nähili jogap berersiňiz?

  • Biz näme üçin Hudaýa sežde etmeli?

  • Allanyň ady näme?

  • Hudaýa sežde edende butlary we şekilleri näme üçin ulanmaly däl?

  • Hudaý islegini amala aşyrmak üçin mukaddes ruhuny we perişdelerini nädip ulanýar?

Hudaýyň mukaddes ruhy we perişdeleri

Hudaý niýetini nädip amala aşyrýar? Ol muny mukaddes ruhy arkaly edýär. Allanyň ruhy ne şahsyýet, ne-de perişde, ol göze görünmeýän çäksiz güýçdür. Hudaý mukaddes ruhy, ýagny hereketdäki güýji arkaly islendik niýetini amala aşyrýar. Taňry şol güýjüniň kömegi bilen gökdäki we ýerdäki zatlary ýaratdy. «Sen Ruhuňy iberýärsiň, olar ýaradylýarlar; Sen ýeriň ýüzüni täzeleýärsiň» (Zebur 104:30). Gelip çykyş 1:2-ä laýyklykda, Hudaý suw bilen örtülen ýer ýüzüni adamlaryň ýaşamagy üçin taýýarlaýan wagty «suwuň ýüzünde Hudaýyň ruhy perwaz urýardy». Şonda Alla mukaddes ruhy arkaly ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlary ýaratdy.

Taňry niýetini amala aşyrmak üçin perişdelerini hem ulanýar. Hudaý olary gökde ýaşamak üçin ýaratdy. Perişdeler örän güýçli. Olar Hudaýyň habaryny ýetirip, dürli möhüm ýumuşlary berjaý edýärler. Meselem, Mukaddes Ýazgylarda Musa pygambere berlen Kanun «perişdeler arkaly aýdylan söz» diýilýär. Şeýle-de perişdeler Hudaýyň ýer ýüzündäki gullukçylaryna kömek edýärler. Şol sebäpli Injilde olara «gutulyşy miras aljaklara hyzmat etmek üçin iberilen hyzmatkär ruhlar» diýilýär (Ýewreýler 1:14; 2:2).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş