Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 1 sah. 10—sah. 11 abz. 8
  • Hudaýdan gelen iki habar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýdan gelen iki habar
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Elizabetiň ogly bolýar
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ýol taýýarlajak adam dünýä inýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Perişde Merýemiň ýanyna gelýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Isa pygamber dogulmanka, oňa hormat goýulýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Başgalary
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 1 sah. 10—sah. 11 abz. 8
Jebraýyl perişde Zekeriýa Elizabetiň göwreli boljakdygyny aýtdy

1-NJI BAP

Hudaýdan gelen iki habar

LUKA 1:5—33

  • JEBRAÝYL PERIŞDE SUWA ÇÜMDÜRÝÄN ÝAHÝANYŇ DOGULJAKDYGYNY PYGAMBERLIK EDÝÄR

  • JEBRAÝYL PERIŞDE MERÝEME ISANYŇ DÜNÝÄ INJEKDIGINI AÝDÝAR

Mukaddes Ýazgylarda Hudaýdan gelen habar aýdylýar. Gökdäki Atamyz bu kitaby bize görkezme hökmünde berdi. Geliň, iki müň ýyl mundan öň aýdylan iki sany täsin pygamberlige seredeliň. Bu habarlary «Hudaýyň huzurynda durýan Jebraýyl» perişde aýdýar (Luka 1:19). Perişde şol wajyp habarlary haýsy ýagdaýlarda ýetirýär?

Bu wakalar takmynan b. e. öň 3-nji ýylda bolupdy. Jebraýyl perişde birinji habary nirede aýdýar? Iýerusalimiň golaýyndaky Ýahudanyň daglyk ýerinde Zekeriýa atly Ýehowanyň ruhanysy ýaşaýardy. Zekeriýa bilen aýaly Elizabetiň ýaşy bir çene ýetipdi we olaryň çagasy ýokdy. Zekeriýanyň Iýerusalimdäki ybadathanada ruhanylyk borjuny berjaý etmeli gezegi gelipdi. Ol ybadathanada gurbanlyk sypasynyň golaýynda durka, Jebraýyl perişde peýda bolýar.

Elbetde, Zekeriýa gorkandyr. Emma perişde ony köşeşdirip: «Gorkma, Zekeriýa, Hudaý seniň dogalaryňy eşitdi. Aýalyň Elizabet saňa bir ogul dograr, sen onuň adyna Ýahýa dakarsyň» diýýär. Mundan başga-da Jebraýyl Ýahýa barada: «Ol Ýehowanyň öňünde beýik adam bolar... halky Ýehowa üçin taýýarlar» diýýär (Luka 1:13—17).

Zekeriýa elleri bilen yşarat edýär

Perişdäniň aýdan zatlary Zekeriýa üçin akyla sygmajak ýalydy. Näme üçin? Sebäbi Zekeriýa bilen Elizabet gartaşypdy. Şol sebäpli Jebraýyl perişde oňa: «Ine, şu zatlar berjaý bolýança, diliň tutular we sen gepläp bilmersiň, sebäbi sen meniň aýdanlaryma ynanmadyň» diýýär (Luka 1:20).

Şol wagt howluda garaşyp duran adamlar Zekeriýanyň eglenendigine geň galýarlar. Ahyry, ol daşary çykýar, emma gepläp bilmeýär. Ol diňe elleri bilen yşarat edýärdi. Adamlar onuň ybadathanada gudrat görendigini aňýarlar.

Zekeriýa ybadathanadaky gullugyny berjaý edip, öýüne gaýdýar. Şondan soň Elizabet göwreli bolýar. Ol çagasy bolýança, adamlara görünmejek bolup, bäş aýlap öýünden çykmaýar.

Jebraýyl Merýeme görünýär

Jebraýyl perişde ikinji gezek kime görünýäkä? Durmuşa çykmadyk Merýem atly gyza göründi. Ol Jeliläniň demirgazygyndaky Nazaret şäherinde ýaşaýar. Perişde oňa nähili habary aýdýar? Ol: «Hudaý senden köp razydyr» diýýär. Soňra sözüni dowam edip: «Ine, sen göwreli bolup, bir ogul dograrsyň we onuň adyna Isa dakarsyň. Ol beýik bolar, oňa Beýik Biribaryň Ogly diýler... Ol Ýakubyň nesline ebedi patyşalyk eder, Patyşalygynyň soňy bolmaz» diýýär (Luka 1:30—33).

Jebraýyl perişde üçin şu habarlary aýtmak nähili hormat bolandyr! Geliň, bu iki habaryň wajypdygyna has gowy düşünmek üçin, Ýahýa we Isa barada has köpräk biljek bolalyň.

  • Hudaýdan gelen iki wajyp habary kim aýdýar?

  • Iki habar kimlere aýdyldy?

  • Siziň pikiriňizçe, Hudaýdan gelen iki habara ynanmak näme üçin kyn bolandyr?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş