Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 68 sah. 162—sah. 163 abz. 2
  • Elizabetiň ogly bolýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Elizabetiň ogly bolýar
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Ýol taýýarlajak adam dünýä inýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Hudaýdan gelen iki habar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Isa pygamber dogulmanka, oňa hormat goýulýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 68 sah. 162—sah. 163 abz. 2
Zekerýa dostlaryna we dogan-garyndaşlaryna oglunyň adyna Ýahýa dakjagyny aýdýar

68-NJI SAPAK

Elizabetiň ogly bolýar

Iýerusalimiň diwarlarynyň gurlanyna 400 ýyldanam köp wagt geçdi. Şäheriň golaýynda Zekerýa atly adam ýaşaýardy. Ol ruhanydy. Onuň Elizabet atly aýaly bardy. Olaryň köp ýyldan bäri çagasy bolmaýardy. Bir gün Zekerýa ybadathana barýar. Ol ýerde tütetgi ýakýar. Şonda oňa Jebraýyl atly perişde görünýär. Zekerýanyň gorkup, ýüregi ýarylýar. Jebraýyl oňa şeýle diýýär: «Zekerýa, gorkma. Siziň ogluňyz bolar. Adyna Ýahýa dakarsyňyz. Ýehowa ony saýlady. Oňa bir ýumuş tabşyrar». Zekerýa bolsa: «Beýle bolup bilmez. Menem, aýalymam garry. Nädip çagamyz bolsun?!» diýýär. Perişde: «Meni Hudaý iberdi. Sen bolsa maňa ynanmadyň. Şonuň üçin ogluň bolýança gepläp bilmersiň» diýýär.

Zekerýa ybadathanada köp eglenýär. Adamlar oňa daşarda garaşyp durdy. Zekerýa ahyry ybadathanadan çykýar. Adamlar ondan näme bolandygyny soraýar. Ýöne Zekerýa gepläp bilmeýärdi. Ol aýtjak zadyny eli bilen düşündirýär. Şonda adamlar onuň Hudaýyň perişdesi bilen gepleşendigine düşünýär.

Biraz wagtdan Elizabet göwreli bolýar. Perişdäniň aýdyşy ýaly, olaryň ogly bolýar. Goňşulary we dogan-garyndaşlary bäbegi görmäge gelýär. Elizabetiň oglunyň bolanyna hemmeler begenýär. Elizabet: «Oglumyň adyna Ýahýa dakjak» diýýär. Olar geň galyp: «Dogan-garyndaşlaryňyzyň içinde hiç kime Ýahýa diýen at dakylmady. Oňa kakasy Zekerýanyň adyny dakyň» diýdiler. Ýöne Zekerýa: «Ýahýa dakjak» diýip ýazyp görkezýär. Şol wagt Zekerýa ýene gepläp başlaýar. Ýahuda-da ähli adamlar Ýahýa barada gürrüň edýärdi. Olar: «Oglanjyk nähili bolup ýetişerkä?!» diýýärdiler.

Hudaý Zekerýa mukaddes ruhuny berýär. Ol şeýle pygamberlik edýär: «Ýehowa alkyş bolsun! Ol Ybraýyma söz beripdi. Bizi halas etmek üçin Mesihi iberjekdigini aýdypdy. Ýahýa pygamber bolar. Ol Mesihiň ýörejek ýoluny taýýarlar».

Elizabetiň garyndaşy bardy. Onuň ady Merýemdi. Merýem bilen hem üýtgeşik waka bolýar. Ol hakda indiki sapakdan bileris.

«Adamlar muny başarmaz, ýöne Hudaý ähli zady başarýar» (Matta 19:26).

Soraglar: Perişde Zekerýa näme diýdi? Ýahýa ulalanda näme etmeli?

Matta 11:7—14; Luka 1:5—25, 57—79; Işaýa 40:3; Melek 3:1

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş