Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • od bap 12 sah. 123—129
  • Patyşalyk işini goldamak

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Patyşalyk işini goldamak
  • Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • BÜTIN DÜNÝÄDE ALNYP BARYLÝAN PATYŞALYK IŞINI GOLDAMAK
  • ÝYGNAGA GEREK ZATLARYNY ÝETIRMEK
  • PUL SADAKALARYNYŇ HASABATY
  • ETRABYŇ ÇYKDAJYLARY
  • MÄTÄÇLERE KÖMEK ETMEK
  • EDEBIÝATLARY PAÝLAMAK
  • Patyşalyk işiniň çykdajylary nädip ödelýär?
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
  • Ýygnagyň aladasyny edýän doganlar
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Hudaýa köpräk gulluk etmegiň usullary
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Ähli zadyň Eýesine näme berip bileris?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
od bap 12 sah. 123—129

12-NJI BAP

Patyşalyk işini goldamak

ISA dünýäniň soňy gelmänkä ähli ýerde hoş habaryň wagyz ediljekdigini aýtdy. Şonuň üçin Ýehowanyň Şaýatlary wagtyny, güýjüni gaýgyrman, «hoş habary bütin ýer ýüzünde» wagyz edýärler (Res. 1:8; Mat. 24:14). Olar Ýehowa bil baglap, Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýýarlar (Mat. 6:25—34; 1 Kor. 3:5—9). Ýehowa-da halkynyň edýän tagallasyny bolluk bilen bereketleýär.

BÜTIN DÜNÝÄDE ALNYP BARYLÝAN PATYŞALYK IŞINI GOLDAMAK

2 Käbir adamlar Mukaddes Kitaby, edebiýatlary mugt paýlaýandygymyzy görenlerinde: «Siz bu zatlary nädip edip bilýärsiňiz?» diýip haýran galýarlar. Elbetde, Mukaddes Kitaby, edebiýatlary taýýarlamak we çap etmek üçin pul gerek bolýar. Şeýle-de çaphanada işleýän, wagyz işine gözegçilik edýän we hoş habaryň ýaýramagy üçin başga-da işleri edýän dogan-uýalar üçin Beýtel jaýlaryny gurmaga hem-de abat saklamaga köp çykdajy edilýär. Mundan başga-da, etrap gözegçilerine, missionerlere, ýörite pionerlere we ýörite uzak wagtly gullukçylara biraz pul kömegi berilýär. Görşümiz ýaly, bütin ýer ýüzünde wagyz ediler ýaly köp çykdajy edilýär. Çykdajylar nädip ödelýär?

3 Köp adamlar Ýehowanyň Şaýatlarynyň Mukaddes Kitapdan bilim berýändigine minnetdar bolup, bütindünýä wagyz işi üçin pul sadakalaryny berýärler. Ýöne pul sadakalarynyň köpüsini Ýehowanyň Şaýatlary berýär. Olaryň käbiri pul sadakalaryny filiala ugradýar. Olar gadymy döwürde Ýehowa sežde edilýän ýerleri gurmak üçin jomartlyk bilen sadaka beren adamlaryň göreldesine eýerýärler (2 Mus. 35:20—29; 1 Tar. 29:9). Käbirleri wesýetnama ýazyp, emlägini gurama berýär. Köplenç bolsa etraplaryň we ýygnaklaryň wagyzçylary ýagdaýyna görä pul sadakalaryny berýärler. Şeýlelikde, şu sowgatlar arkaly hoş habar yzygider wagyz edilýär.

Ýehowanyň Şaýatlary puluny, zadyny wagyz işi üçin bermegi hormat saýýarlar

4 Ýehowanyň Şaýatlary puluny, zadyny wagyz işi üçin bermegi hormat saýýarlar. Isa bilen şägirtleriniň hem gerek zatlaryny satyn alar ýaly pully gutusy bardy (Ýah. 13:29). Mukaddes Kitapda käbir aýallaryň Isa bilen şägirtlerine hyzmat edendigi aýdylýar (Mar. 15:40, 41; Luka 8:3). Pawlus resul Patyşalyk işine goşant goşmak we oňa kömek etmek isleýän adamlaryň berýän sowgadyny minnetdarlyk bilen kabul edýärdi (Flp. 4:14—16; 1 Sel. 2:9). Ýehowanyň Şaýatlary hem I asyrdaky mesihçiler ýaly yhlasly we jomart bolmaga jan edýärler. Şeýdip, biz akýürekli adamlara «ýaşaýyş suwuny mugt» hödürläp bilýäris (Ylh. 22:17).

ÝYGNAGA GEREK ZATLARYNY ÝETIRMEK

5 Ýerli ýygnagyň çykdajylary hem pul sadakalary arkaly ödelýär. Ýygnakda hiç hili pul ýygnalmaýar, belli bir möçberde pul talap edilmeýär ýa-da sadaka bermäge mejbur edilmeýär. Ýygnaga gelýän adamlar sadaka bermek üçin goýlan guta «göwnünden çykaran zadyny» atyp bilýär (2 Kor. 9:7).

6 Pul sadakalary Ýygnak jaýynyň çykdajylaryna sarp edilýär. Ýaşulular maslahaty puluň käbir mukdaryny bütindünýä wagyz işi üçin ýerli filiala ugratmaly diýen karara gelýär. Munuň üçin ýygnakda ýörite jarnama kabul edilmeli. Şeýdip, köp ýygnaklar bütindünýä wagyz işi üçin yzygiderli pul sadakalaryny berip biler. Eger ýygnakdakylaryň ählisi wagtal-wagtal ýüze çykýan zerurlyklara ünsli bolsa, pul sadakalary barada ýygy-ýygydan ýatladyp durmak gerek bolmaz.

PUL SADAKALARYNYŇ HASABATY

7 Her duşuşykdan soň, iki dogan guta atylan pullary sanap, hasabyny ýazýar (2 Pat. 12:9, 10; 2 Kor. 8:20). Pullar filiala iberilýänçä ýa-da ýygnagyň zerurlyklary üçin ulanylýança, ýaşulular maslahaty olaryň bir ýerde saklanmagynyň aladasyny edýär. Ýygnagyň pul sadakalarynyň hasabatyny ýöredýän dogan her aý hasabat taýýarlaýar we ol ýygnakda okalýar. Her üç aýdan bolsa ýaşulular maslahatynyň koordinatory hasabatlaryň ählisiniň barlanmagyna gözegçilik edýär.

ETRABYŇ ÇYKDAJYLARY

8 Kongresiň çykdajylary etrapdaky wagyzçylaryň berýän pul sadakalary arkaly ödelýär. Kongreslerde etrap üçin pul sadakalaryny berer ýaly ýörite gutular goýulýar. Mundan başga-da, çykdajylary ödemek üçin dogan-uýalar başga wagtam pul sadakasyny berip bilýär.

9 Etrabyň çykdajylaryny her etrabyň özi ödemeli. Galan pullar bolsa bütindünýä wagyz işi üçin iberilýär. Eger etrabyň hasabynda geçirilýän kongresiň ýa-da indiki boljak kongresiň çykdajylaryny ödemäge, meselem, jaýa tölemäge ýeterlik pul bolmasa, etrap gözegçisi ýygnaklarda pul sadakalary barada ýatladylmagynyň aladasyny eder. Her ýygnagyň ýaşulular maslahaty etrabyň hasabyna näçeräk pul berip biljekdigini maslahatlaşar. Şondan soň ýygnakda dogan-uýalaryň razylygy bilen jarnama kabul ediler.

10 Eger pul bilen bagly meseleler ýüze çyksa, onda etrapdaky ýaşulular etrap kongresi güni duşuşyk geçirerler. Ähli çykdajylary ýaşulular tassyklap, jarnamany kabul etmeli. Emma etrapda yzygider edilýän käbir çykdajylar muňa degişli bolmaýar. Jarnamada anyk pul möçberi görkezilmeli. Etrap üçin çykdajylary her sapar ýaşulular jarnama görnüşinde kabul etmeli.

11 Etrabyň hasabyndaky pullar wagtal-wagtal barlanylýar.

MÄTÄÇLERE KÖMEK ETMEK

12 Isa bilen şägirtleri gutusyndaky puldan garyplara-da berýärdiler (Mar. 14:3—5; Ýah. 13:29). Şu günler bizem garyplara kömek etmeli, sebäbi Isa: «Garyplar hemişe ýanyňyzda bolar» diýdi (Mar. 14:7). Ýehowanyň Şaýatlary mätäçlere nädip kömek edýär?

13 Käwagt Hudaýyň wepaly gullukçylary garrylyk, saglyk ýagdaýy ýa-da başga-da çykgynsyz ýagdaýlar sebäpli kömege mätäç bolýarlar. Şeýle ýagdaýda maşgala agzalary, dogan-garyndaşlary ýa-da başgalar kömek edip biler. Ýahýa resul hem şeýle diýdi: «Kimiň mümkinçiligi bolup-da, mätäç doganyny görüp, rehimi inmese, Hudaýy söýüp bilermi? Balalarym, biz diňe sözde we dilde däl-de, iş ýüzünde hem-de hakykatdan söýmelidiris» (1 Ýah. 3:17, 18; 2 Sel. 3:6—12). Hawa, kömege mätäç wepaly dogan-uýalary goldap, Hudaýa sežde edýäris (Ýak. 1:27; 2:14—17).

14 Pawlus resul Timoteosa ýazan birinji hatynda mätäç dogan-uýalara nädip kömek etmelidigini aýtdy. Şol maslahatlary 1 Timoteos 5:3—21-nji aýatlardan okap bilersiňiz. Elbetde, öý-içerisindäkileriň aladasyny etmek, her mesihçiniň borjy. Garrylyk ýa-da kesel sebäpli kömege mätäçleriň, ilki bilen çagalary, agtyklary hem-de ýakyn dogan-garyndaşlary aladasyny etmeli. Käbir ýurtlarda döwlet tarapyndan hem kömek berilýär. Şeýle ýagdaýda mätäç adamyň dogan-garyndaşlary ýa-da beýlekiler oňa döwlet tarapyndan berilýän kömegi almaga ýardam edip biler. Käwagt bolsa Ýehowa ençeme ýyldan bäri wepaly gulluk edýän mätäç dogan-uýalara ýygnakdakylar kömek etmeli bolýar. Eger şol doganyň ýa-da uýanyň kömek edere hiç kimi bolmasa we döwlet tarapyndanam ýeterlik kömek berilmeýän bolsa, ýygnagyň ýaşulular maslahaty oňa nädip kömek etmelidigi barada maslahatlaşar. Mesihçiler mätäçlik çekýän imandaşlarynyň aladasyny etmegi uly hormat saýýarlar.

15 Dogan-uýalaryň köpüsi yzarlamalar, uruşlar, ýertitremeler, suw joşguny, açlyk we başga-da betbagtçylyklar sebäpli kömege mätäç bolup biler (Mat. 24:7—9). Şeýle ýagdaýda ýygnaklaryň şol dogan-uýalara kömek etmäge ýagdaýy bolmazlygy mümkin. Şonda Ýolbaşçylyk maslahaty başga ýurtdaky dogan-uýalar arkaly kömek edýär. I asyrda Ýahudada açlyk bolanda Kiçi Aziýadaky mesihçiler imandaşlaryna iýer-içer ýaly zat ugratdylar (1 Kor. 16:1—4; 2 Kor. 9:1—5). Bizem olaryň göreldesine eýerip, imandaşlarymyzy söýýändigimizi we Isa Mesihiň hakyky şägirtleridigimizi subut edýäris (Ýah. 13:35).

EDEBIÝATLARY PAÝLAMAK

16 Mukaddes Kitap we edebiýatlar arkaly hoş habar hemme adamlara ýetirilýär. Adatça, ýaşulular maslahaty bir hyzmatçy dogany edebiýatlara jogapkär belleýär. Şol dogan tabşyrylan ýumşa sowuk-sala garamaýar. Ýygnakda edebiýatlaryň hemişe elýeterli bolmagynyň aladasyny edýär we hasabyny ýöredýär.

17 Bize ähli zady, wagty, aň-düşünjäni, hatda ýaşaýşy hem Ýehowa sowgat berdi. Şonuň üçin biz ukyp-başarnygymyz, bar zadymyz bilen Ýehowa Atamyza gulluk etmek isleýäris (Luka 17:10; 1 Kor. 4:7). Biz Ýehowany ýürekden söýýäris, iň gowy zadymyzy berip, ony begendirýäris (Nak. 3:9; Mar. 14:3—9; Luka 21:1—4; Kol. 3:23, 24). Isa: «Mugt aldyňyz, mugt hem beriň» diýdi (Mat. 10:8). Biz Ýehowany begendirsek, özümizem begenýäris (Res. 20:35).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş