Ýehowa — biziň çopanymyz
«Reb meniň Çopanymdyr; men hiç bir zada mätäçlik çekmerin» (ZEBUR 23:1).
1—3. Dawudyň Ýehowany çopan bilen deňeşdirmegi näme üçin geň däl?
EGER-DE senden Ýehowanyň öz halky barada alada edişini gürrüň bermegi haýyş etseler, sen näme diýerdiň? Wepaly gullukçylary barada edýän mähirli aladasyny näme bilen deňeşdirerdiň? Takmynan 3 000 ýyl mundan ozal mezmurçy Dawut patyşa ýaşlyk ýyllaryndan bir mysal getirip, Ýehowany owadan sözler bilen suratlandyrdy.
2 Dawut ýaş ýigitkä çopançylyk edýärdi, şonuň üçin goýun bakyp bilýärdi. Goýunlara göz-gulak bolmasaň, ap-aňsat azaşyp, ogrularyň ýa-da ýyrtyjy haýwanlaryň goluna düşjegini-de oňat bilýärdi (1 Patyşalar 17:34—36). Çopan bolmasa, goýunlar örüsini hem-de otluk meýdany tapyp bilmeýärler. Goýunlary bakyp, gorap we otladyp geçiren sagatlaryny Dawut soň-soňlar hem ýatlan bolsa gerek.
3 Şoňa görä-de, Ýehowanyň öz halky barada alada edişi hakda ýazmaly bolanda, Dawudyň ýadyna çopançylygyň düşmegi geň däl. Dawudyň düzen 23-nji mezmury şeýle sözler bilen başlanýar: «Reb meniň Çopanymdyr; men hiç bir zada mätäçlik çekmerin». Geliň, bu deňeşdirmäniň näme üçin ýerliklidigine seredeliň. Soňra bolsa 23-nji mezmuryň kömegi bilen Ýehowanyň öz halky hakda çopanyň goýunlary bakyşy ýaly alada edişine seredip geçeris (1 Petrus 2:25).
Ýerlikli deňeşdirme
4, 5. Mukaddes Ýazgylarda goýunlaryň gylygy barada näme diýilýär?
4 Ýazgylarda Ýehowanyň köp titullary agzalýar, ýöne «Çopan» sözi şolaryň iň mähirlisi (Zebur 80:1). Ýehowa «Çopan» diýilmeginiň näme üçin ýerliklidigine has oňat düşünmek üçin iki zady bilsek gowy bolar: birinjiden, goýunlaryň gylygyny, ikinjiden bolsa, oňat çopanyň borçlaryny we häsiýetlerini bilmeli.
5 Mukaddes Ýazgylarda köplenç goýunlaryň gylygy barada agzalýar. Olar çopanyň mährini derrew duýýan (2 Patyşalar 12:3), ýuwaş (Işaýa 53:7) hem-de ejiz mal (Mika 5:8). Ençeme ýyllap goýun bakan bir ýazyjy şeýle diýdi: «Käbir adamlaryň pikir edişi ýaly, goýunlar öz aladasyny özi edip bilmeýär. Olar mallaryň içinde iň bir köp idege mätäç, şol sebäpli hemişe olara dykgatly bolup, aladasyny edip durmaly». Bu ejiz mal çopansyz oňup bilmeýär (Ezekiýel 34:5).
6. Mukaddes Ýazgylar boýunça bir sözlükde gadym wagtlarda ýaşan çopanlaryň adaty güni barada näme diýilýär?
6 Gadym wagtlarda çopanyň adaty güni nähili geçipdir? Mukaddes Ýazgylar boýunça bir sözlükde şeýle diýilýär: «Ol ir ertirine dowarlary agyldan çykarýar-da, sürüniň başyny çekip, örä äkidýärdi. Şol ýerde olara günuzyn göz-gulak bolup, hiç biri azaşmaz ýaly bakýardy. Eger-de biri gözünden sypyp, sürüden aýrylaýan bolsa, onda ony tapýança, arman-ýadaman gözläp, sürä getirip goşýardy... Agşamyna sürüni agyla gabaýardy, ýöne hiç biri daşarda galmaz ýaly agylyň agzynda yzly-yzyna girýän goýunlary taýagy bilen birin-birin sanardy... Köplenç sürüni gijelerine-de ýyrtyjy haýwanlardan hem-de sümsünip ýören ogrulardan goramaly bolýardy»a.
7. Käwagtlar çopan näme üçin has-da sabyrly hem mähirli bolmaly bolýardy?
7 Käwagtlar bolsa bogaz goýunlar hem-de guzular bilen has-da sabyrly hem mähirli bolmaly bolýar (Barlyk 33:13). Mukaddes Ýazgylar boýunça bir kitapda şeýle diýilýär: «Goýunlar köplenç uzak daglyk ýerlerde guzlaýarlar. Bogaz goýun ejizlik edýän pursatlarynda çopan ony dyngysyz gorap gezýär, guzuny egnine alyp, agyla çenli göterip äkidýär. Doglanyndan birnäçe gün geçip, özbaşdak ýöräp başlaýança, çopan ony elinde ýa-da donunyň eteginde göterip gezýär» (Işaýa 40:10, 11). Hawa, oňat çopan gaýratly hem mähir-muhabbetli bolmaly.
8. Dawut Ýehowa bil baglamak üçin haýsy sebäpleri agzap geçýär?
8 «Reb meniň Çopanymdyr» diýen sözler gökdäki Atamyzy örän ýerlikli suratlandyrýar. 23-nji mezmury öwrendigimizçe, Hudaýyň biz barada çopan ýaly gaýratly hem mähirli alada edýändigini göreris. Dawut 1-nji aýatda Hudaýyň öz goýunlary üçin ähli gerek zatlary berjekdigini hem-de olaryň «mätäçlik çekmejegini» ynamly aýdýar. Ondan soňky aýatlarda Dawut ynamly bolmak üçin üç sany sebäbi agzap geçýär: Ýehowa goýunlaryny rowana edýär, goraýar hem-de iýmitlendirýär. Geliň, bularyň hersine gezekli-gezegine seredip geçeliň.
«Meni... rowana edýär»
9. Dawut nähili rahatlygy beýan edýär hem-de goýunlar şeýle rahatlyga nädip gowuşýarlar?
9 Birinjiden, Ýehowa öz halkyny rowana edýär, ýagny ýol görkezýär. Dawut şeýle diýýär: «Ol meni ýaşyl örülerde ýatyrýar, siňňin akýan suwlaryň boýuna äkidýär. Janymy täzeleýär we Öz adynyň hatyrasyna meni dogrulyk ýodalaryna rowana edýär» (Zebur 23:2, 3). Dawut rahatlygy, dynçlygy hem-de howpsuzlygy otluk meýdanyň ortasynda agyp-dönüp ýatan süri arkaly suratlandyrýar. «Öri» diýip terjime edilen ýewreý sözi «ýakymly ýerler» diýmegi aňladýar. Şoňa görä-de, goýunlaryň özi arkaýyn otlamak üçin oňat örüni tapyp bilmezdiler. Çopan olary yzyna düşürip, şeýle «ýakymly ýerlere» eltmelidi.
10. Hudaý bize bolan ynamyny nädip görkezýär?
10 Şu günler Ýehowa bize nädip ýol görkezýär? Ilki bilen, ol bize görelde görkezýär. Injil «Hudaýdan görelde almagy» ündeýär (Efesliler 5:1). Şol sözleriň aýdylýan ýerinde gamhorluk, geçirimlilik we söýgi hem agzalýar (Efesliler 4:32; 5:2). Elbetde, Ýehowa şeýle mähirli häsiýetleri bildirmekde oňat görelde görkezýär. Eýsem, Hudaýyň özünden görelde almagy haýyş etmegi ýerliklimikä? Elbetde. Aslynda, bu ylhamlanan maslahat Ýehowanyň bize bolan ynamyny görkezýär. Nädip? Biz Hudaýyň suratynda ýasaldyk, ýagny bize ruhy taýdan ösmek üçin ahlak häsiýetler we mümkinçilikler berildi (Barlyk 1:26). Diýmek, Ýehowa kämilsizligimize garamazdan, şol häsiýetleri ösdürip biljekdigimizi bilýär. Oýlanyp gör: söýgüden doly Hudaýymyz biziň özüne meňzäp biljekdigimize ynanýar. Biz onuň göreldesine eýersek, ol bize ýol görkezip, göçme manyda, «ýakymly ýerlere» eltýär. Bu zalym dünýäde ýaşasak-da, biz Hudaýy razy edýändigimizi bilip, rahatlyk taparys hem-de «aman-esen ýaşarys» (Zebur 4:8; 29:11).
11. Goýunlaryny bakanda, Ýehowa nämäni göz öňünde tutýar we bizden näme talap edýär?
11 Bizi nirä äkitse-de, Ýehowa hemişe mähirli hem sabyrly. Çopan goýnuň ýagdaýyny bilip, «dowaryň aýagyna görä» bakýar (Barlyk 33:14). Ýehowa hem goýunlaryň «aýagyna görä» ýol görkezýär. Ol biziň ukybymyzy hem-de ýagdaýymyzy göz öňünde tutýar. Aslynda, Ýehowa hem ýöreýşini düzedip durýar. Bizden başaryp bilmejek zadymyzy talap etmeýär. Ol bizden bütin janyň bilen gulluk etmegi haýyş edýär (Koloseliler 3:23). Belki, sen indi garransyň, şonuň üçin öňki edýäniňi edip bilýän dälsiň. Belki-de, saňa köpräk gulluk etmäge agyr kesel päsgel berýändir. Eger-de sen şeýle ýagdaýda bolsaň, onda bütin janyň bilen gulluk etmek talaby saňa has-da göwünlik berse gerek. Iki adam (jan) hiç haçan doly meňzeş bolmaýar. Hudaýa bütin janyň bilen gulluk etmek diýmek, seniň öz ukybyňy ähli güýjüň hem gaýratyň bilen doly ulanmagy aňladýar. «Aýagymyza» päsgel berýän ejizliklere garamazdan, Ýehowa biziň bütin ýürekden edýän seždämiziň gadyryny bilýär (Markus 12:29, 30).
12. Musanyň Kanunyndan haýsy mysal Ýehowanyň goýunlaryny «aýagyna görä» bakýandygyny suratlandyrýar?
12 Ýehowanyň goýunlaryny «aýagyna görä» bakýandygyna düşünmek üçin, geliň, Musanyň Kanunynda günä üçin hödürlenýän gurban barada aýdylanlara seredeliň. Ýehowa minnetdar ýürekden berilýän oňat gurbanlary kabul edýärdi. Şeýle-de bolsa, berilýän gurbanlar adamyň maddy ýagdaýyna görä topara bölünipdir. Kanunda şeýle diýilýär: «Eger-de... goýun bermäge ýagdaýy bolmasa, onda ol... iki gumry ýa-da iki ýaş kepderi getirsin». Iki kepderi bermäge gurby çatmasa näme? Onda ol biraz «kepeksiz un» getirip bilýän ekeni (Lewililer 5:7, 11). Bu Hudaýyň adamlardan ýagdaýy ýetmeýän zady talap etmeýändigini görkezýär. Şondan bäri Hudaý üýtgemedi. Şonuň üçin onuň hiç haçan ýagdaýymyzdan artyk zady talap etmeýändigini bilip, teselli tapyp bileris. Ol biziň gurbumyz çatýan zady kabul edýär (Malaki 3:6). Bizi şeýle duýgudaşlyk edýän Çopanyň bakmagy, hakykatdan-da, göwnüňi göterýär!
«Men... ýamanlykdan gorkmaýaryn, çünki Sen meniň bilensiň»
13. Zebur 23:4-nji aýatda Dawut nädip has mähirli gürleýär we bu bizi näme üçin haýran galdyrmaýar?
13 Dawut ynamly bolmagyň ikinji sebäbini aýdýar: Ýehowa goýunlaryny goraýar. Biz şeýle sözleri okaýarys: «Men ölüm kölegesi deresinden ýöresem-de ýamanlykdan gorkmaýaryn, çünki Sen meniň bilensiň. Seniň hasaň, Seniň taýagyň maňa göwünlik berýär» (Zebur 23:4). Indi Dawut has mähirli gürleýär, hatda Ýehowa «sen» diýip ýüzlenýär. Bu olaryň dostluk gatnaşyklaryny görkezýär. Bu haýran galdyrmaly däl, sebäbi Dawut agyr ýagdaýlarda Hudaýyň kömek edişi barada gürrüň berýär. Dawut telim sapar howply derelerde ýöremeli boldy, şonda hatda janyna-da howp abanypdy. Ýöne ol özüni gorka basdyrmady. Sebäbi ol Hudaýyň «hasasy» we «taýagy» bilen ýanyndadygyny bilýärdi. Dawut şeýle goragynyň bardygyny bilip, Ýehowa has-da ýakynlaşýardyb.
14. Mukaddes Ýazgylar Ýehowanyň goragy hakda näme aýdýar, ýöne bu näme aňlatmaýar?
14 Şu günler Ýehowa goýunlaryny nähili goraýar? Mukaddes Ýazgylar hiç bir duşmanyň — ne jynlaryň, ne-de adamlaryň — Ýehowanyň goýunlaryny ýer ýüzünden ýok edip bilmejegini aýdýar. Ýehowa muňa hiç haçan ýol bermez (Işaýa 54:17; 2 Petrus 2:9). Emma bu Çopanymyzyň bizi ähli heläkçilikden gorajakdygyny aňlatmaýar. Biz hem beýleki adamlaryň çekýän kynçylaryna uçraýarys. Hakyky mesihçileriň hemmesi garşylyga duş gelýärler (2 Timoteos 3:12; Ýakup 1:2). Käwagtlar biz özümizi hamala «ölüm kölegesi deresinden» ýöreýän ýaly duýýandyrys. Meselem, yzarlamalar sebäpli biz ölüm bilen pete-pet gelendiris ýa-da saglygymyz ýaramazlaşandyr. Belki-de, ýakynlarymyzdan biri ölüm ýassygynda ýatandyr ýa-da ölüm ukusyna gidendir. Şeýle agyr günlerde biziň Çopanymyz ýanymyzda hem-de bizi goraýar. Nädip?
15, 16. a) Ýehowa bize islendik kynçylyga hötde gelmäge nädip kömek edýär? b) Ýehowanyň synaglarda kömek edýändigini görkezýän bir mysal getir.
15 Ýehowa gudrat görkezmegi wada bermeýärc. Ýöne Ýehowanyň bize islendik kynçylyga hötde gelmäge kömek etjekdigine ynanyp bileris. Ol bize «dürli synaglara» hötde gelmek üçin akyldarlyk berip bilýär (Ýakup 1:2—5). Çopan taýagyny diňe bir ýyrtyjylardan goranmak üçin däl-de, eýsem, goýunlary dogry ýola salmak üçinem ulanýar. Ýehowa, belki, imandaşlar arkaly bizi-de «dogry ýola salýandyr». Meselem, ýagdaýymyzy ep-esli düzedip bilýän Mukaddes Ýazgylardaky maslahaty ulanmaga kömek edýär. Şeýle hem Ýehowa bize çydamaga güýç berýär (Filipililer 4:13). Mukaddes ruhy arkaly bize «iň üstün gudraty» berip biler (2 Korintoslylar 4:7). Hudaýyň ruhy bize Şeýtanyň guraýan islendik synagyna hötde gelmäge kömek edýär (1 Korintoslylar 10:13). Eýsem, Ýehowanyň hemişe kömege ýetişýändigi teselli berenokmy?
16 Şeýlelik-de, «howply derede» ýöremeli bolsak-da, biz ýeke däl. Biziň Çopanymyz biz bilen. Onuň edýän kömegi onçakly göze-de ilmeýär. Geliň, bir ýygnak ýaşulysynyň mysalyna seredeliň. Onuň beýnisinde howply çiş bardy. «Gynansak-da, başda Ýehowa maňa gahar edýändir, hatda meni söýýän däldir diýip, köp gaýgy edýärdim. Ýöne men Ýehowadan daşlaşmazlygy ýüregime düwdüm. Gaýtam, men oňa içimi dökdüm. Ýehowa-da maňa kömek etdi, köplenç ruhy dogan-uýalar arkaly göwünlik berdi. Köpüsi agyr kesele hötde gelmäge nämeleriň kömek edendigini gürrüň berdiler. Olaryň paýhasly sözleri meniň adaty kesele uçrandygymy ýatlatdy. Olaryň el kömegi, ýagşylygy we teklipleri Ýehowanyň maňa gahar etmeýändigine ynandyrdy. Elbetde, men keselim bilen hemişe göreşmeli, näme bilen gutarjagyny hem bilemok. Ýöne Ýehowanyň meniň bilendigine, şu synagda maňa hemişe kömek etjekdigine berk ynanýan».
«Sen... maňa saçak ýazdyň»
17. Dawut Ýehowany Zebur 23:5-de nähili suratlandyrýar we bu näme üçin çopanly mysala garşy gelmeýär?
17 Indi Dawut Çopanyna ynamly bolmagyň üçünji sebäbini aýdýar: Ýehowa goýunlaryny iýmitlendirýär, onda-da artygy bilen. Dawut şeýle ýazýar: «Sen duşmanlarymyň gözüniň alnynda maňa saçak ýazýarsyň; başymy ýag bilen mesh edýärsiň. Meniň käsäm pürepür» (Zebur 23:5). Şu aýatda Dawut öz Çopanyny iýer-içeri bol berýän jomart öý eýesi hökmünde suratlandyrýar. Bu iki mysal, ýagny alada edýän çopan hem-de jomart öý eýesi bir-birine garşy gelmeýär, sebäbi süri «hiç bir zatda mätäçlik çekmez» ýaly oňat çopan otluk öriniň we bol suwuň nirededigini bilmeli (Zebur 23:1, 2).
18. Ýehowanyň jomart öý eýesidigini näme görkezýär?
18 Eýsem, biziň Çopanymyza jomart öý eýesi diýse bolarmy? Elbetde! Biziň alýan ruhy iýmitimiziň hili, mukdary hem-de dürli-dürlüdigi barada oýlanyp gör. Sadyk hem akylly hyzmatkär arkaly Ýehowa bize peýdaly edebiýaty hem-de duşuşyklarda we kongreslerde köp-köp öwüt-ündewler berýär. Bularyň hemmesi bizi ruhy taýdan iýmitlendirýär (Matta 24:45—47). Şonuň üçin ruhy iýmite hiç hili ýetmezçilik ýok. «Sadyk hem akylly hyzmatkär» millionlarça Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýaty çap etdi. Häzir şeýle edebiýat 413 dile terjime edilýär. Ýehowa köp dürli ruhy iýmiti berýär—«süýtden», ýagny Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatyndan başlap, tä «agyr damaga», ýagny çuňňur ruhy bilime çenli (Ýewreýler 5:11—14). Şeýlelikde, biz kynçylyga duşanymyzda ýa-da bir karara gelmeli bolanymyzda, biz hemişe gerekli maglumaty tapyp bilýäris. Eýsem, şeýle ruhy iýmit bolmadyk bolsa, bize näme bolardy? Hakykatdan-da, biziň çopanymyz iň jomart ekleýji! (Işaýa 25:6; 65:13).
«Rebbiň öýünde mesgen tutaryn»
19, 20. a) Zebur 23:6-da Dawut nämä bolan ynamyny aýdýar we biz hem nädip şeýle ynamly bolup bileris? b) Indiki makalada nämä serederis?
19 Çopany we Ekleýjisi barada uzak oýa gidip, Dawut şeýle netijä gelýär: «Ömrümiň bütin günlerinde ýagşylyk, merhemet meniň yzyma düşer, ömür baky Rebbiň öýünde mesgen tutaryn» (Zebur 23:6). Dawut minnetdarlykdan we imandan doly ýürek bilen gürleýär. Geçmişi ýatlap, minnetdarlygy artýar, gelejege seredip bolsa, imany berkeýär. Hamala gökdäki Çopanyň öýünde mesgen tutýan ýaly, onuň bilen ýakyn gatnaşykda bolsa, onda Ýehowanyň hemişe söýgi bilen alada etjekdigini bilip, köne çopan Dawut özüni gaty arkaýyn duýýar.
20 Biz Zeburyň 23-nji mezmurynda ýazylan ajaýyp sözler üçin minnetdar bolmaly! Dawut Ýehowanyň goýunlaryna ýol görkezişini, olary goraýşyny we iýmitlendirişini suratlandyrmak üçin has ýerlikli mysal tapmasa gerek. Biz hem Ýehowa öz Çopanymyz hökmünde ynamly göz dikip biler ýaly, Dawudyň mähirli sözleri Mukaddes Ýazgylarda ýazylypdyr. Hawa, Ýehowa ýakynlaşdygymyzça, ol biz barada «ömrümüziň bütin günlerinde», hatda bütin ebedilik mähirli Çopan hökmünde alada eder. Ýöne biz hem goýunlary hökmünde beýik Çopan Ýehowa bilen hökman ýöremeli. Munuň üçin näme etmelidigine indiki makalada serederis.
a Barlyk 29:7; Eýýup 30:1; Ýeremiýa 33:13; Luka 15:4; Ýahýa 10:3, 4-nji aýatlary oka.
b Howply ýagdaýlardan halas edeni üçin Ýehowany şöhratlandyryp, Dawut ençeme mezmur düzdi. Meselem, Zeburyň 18, 34, 56, 57, 59 we 63-nji mezmurlaryň giriş sözlerine seret.
c «Garawul diňi» žurnalynyň 2003-nji ýylyň Garaşsyzlyk (oktýabr) aýynyň 1-ine çykan sanyndaky «Hudaý haýsy ýagdaýlarda goşulýar?» diýen makala seret.
Ýadyňdamy?
• Dawudyň Ýehowany çopan bilen deňeşdirmegi näme üçin ýerlikli?
• Ýehowa nädip bize duýgudaşlyk we düşünje bilen ýol görkezýär?
• Ýehowa synaglarda bize nädip kömek edýär?
• Ýehowanyň jomart öý eýesidigini näme görkezýär?