Ýehowanyň gününe çydamlylyk bilen garaşyň
«Imanyňyzy... sabyrda (çydamlylykda, TD)... köpeldiň» (2 PETRUS 1:5—7)
1, 2. Çydamlylyk näme we näme üçin mesihçilere çydamlylyk gerek?
ÝEHOWANYŇ beýik güni örän ýakyndyr (Ýowel 1:15; Sefanýa 1:14). Biz mesihçi hökmünde Hudaýa wepaly bolup, Ýehowanyň hökümdarlygyny aklajak wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Häzirlikçe bolsa, iman edýändigimiz üçin ýigrenje, masgaralama, yzarlama we ölüme duçar bolýarys (Matta 5:10—12; 10:22; Ylham 2:10). Çydamlylyk — kynçylyga we betbagtçylyga döz gelmekdir. Petrus resul: «Imanyňyzy... sabyrda (çydamlylykda, TD)... köpeldiň» diýdi (2 Petrus 1:5—7). Bize çydamlylyk gerek, çünki Isa: «Soňa çenli çydan halas bolar» diýdi (Matta 24:13).
2 Şeýle-de biz kesele, aýralyga we başga synaglara duçar bolýarys. Eger biz imanymyzy gowşatsak, Şeýtan nähili begener! (Luka 22:31, 32). Emma Ýehowanyň kömegi bilen dürli synaglara döz geleris (1 Petrus 5:6—11). Çydamlylyk bilen, imanymyzy gowşatman, Ýehowanyň gününe garaşyp biljekdigimizi görkezýän durmuşda bolan käbir wakalara seredeliň.
Kesellidigine garamazdan Hudaýa gulluk edýärler
3, 4. Kesellidigimize garamazdan, Ýehowa wepaly gulluk edip bolýandygyny görkezýän mysal getiriň.
3 Şu günler Hudaý gudrat bilen keseli bejermeýär, emma oňa çydamaga bize güýç berýär (Zebur 41:1—3). Şaron şeýle gürrüň berýär: «Özümi bilelim bäri, maýyp arabasy meniň kömekçimdi. Eneden doglalymbäri, beýni ysmaz keseli meni çagalyk şatlygyndan mahrum etdi». Ýehowa hakynda we onuň kämil saglygy wada edendigini bilenden soň, Şaronda umyt döreýär. Oňa geplemek we ýöremek kyn bolsa-da, Ýehowa gulluk edip şatlyk tapýar. Ol takmynan on bäş ýyl mundan öň, şeýle diýdi: «Saglygym gowşap biler, emma men Hudaýa bil baglaýaryn, onuň bilen gatnaşyk meniň üçin örän wajyp. Men Hudaýyň halkynyň arasyndadygyma we Ýehowanyň kömek edýändigine örän begenýärin!»
4 Pawlus resul selanikli mesihçileri: «Göwnüçökgünlere göwünlik beriň» diýip ündedi (1 Selanikliler 5:14). Lapykeçlik ýaly ýagdaýlar adamy göwnüçökgünlige düşürip biler. 1993-nji ýylda Şaron şeýle ýazýar: «Men hiç zada ýaramaýandygymy duýup... üç ýyllap agyr göwnüçökgünlüge düşdüm... Maňa ýaşulular teselli we maslahat berdiler... Ýehowa «Garawul diňi» žurnaly arkaly agyr göwnüçökgünligiň nämedigini mähir bilen düşündirdi. Hawa, ol halkynyň aladasyny edýär we duýgymyza düşünýär» (1 Petrus 5:6, 7). Şaron şu günlerem Hudaýa wepaly gulluk edip, Ýehowanyň beýik gününe garaşýar.
5. Mesihçileriň biynjalygyň hötdesinden gelip bilýändigi nämeden görünýär?
5 Käbir mesihçiler durmuşda çeken horluklary ýatlap, biynjalyk bolýarlar. Meselem, Ikinji Jahan urşunyň elhenç söweşleri Harlide ýatdan çykmajak yz galdyrdy. Ony gijelerine garabasýardy. Ol düýşünde: «Seresap bol! Goran!» diýip, gaty gygyryp, gorkudan ýaňa der basyp oýanýardy. Muňa garamazdan, ol Hudaýa ýaramly ýaşamagy başardy; wagtyň geçmegi bilen şeýle düýşleri görmegi we biynjalygy azaldy.
6. Bir mesihçi duýgy taýdan nähili synaglara duçar boldy?
6 Bipolýar näsazlygy (bipolýarnoýe rasstroýstwo) sebäpli, bir mesihçä hoş habary öýden-öýe wagyz etmek juda kyn bolýar. Emma ol erjellik bilen yhlasly wagyz edýär, çünki gullugyň özüne we gulak asýanlar üçin wajypdygyna düşünýärdi (1 Timoteos 4:16). Oňa kämahal gapynyň jaňyny-da basmak kyn bolýardy. Emma ol şeýle diýýär: «Men duýgularyma erk edip, indiki gapa baryp, ýene-de synanyşýardym. Wagyz gullugyna yzygiderli gatnaşyp, men ruhy taýdan berkedim». Oňa ýygnak duşuşygyna gatnaşmak hem kyn düşýärdi, emma ruhy taýdan gürrüňdeşligiň wajypdygyna düşünýärdi. Şol sebäpli ol ýygnak duşuşyklaryna barmak üçin tagalla edýärdi (Ýewreýler 10:24, 25).
7. Käbir mesihçilere köpçüligiň öňünde çykyş etmek we ýygnaga gatnaşmak kyn bolsa-da, nädip çydamlylyk görkezýärler?
7 Mesihçileriň birnäçesi käbir ýagdaýdan we zatlardan örän gorkýarlar. Mysal üçin, olar köpçüligiň öňünde çykyş etmekden we ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmakdan gorkýarlar. Ýygnak duşuşygynda jogap bermek we Teokratik gulluk mekdebinde çykyş etmegiň olara nähili kyndygyny, göz öňüne getiriň! Ýöne olar çydamlylyk görkezýär, biz olaryň ýygnaga gelmeginiň we gatnaşmagynyň gadyr-gymmatyny bilýäris.
8. Duýgy taýdan kynçylyk çekýän adama, esasanam, näme kömek eder?
8 Duýgy taýdan kynçylyk çekýän adamlara kadaly dynç we gowy ukyny almak kömek eder. Medisina taýdan bejergi almak peýdaly bolup biler. Esasanam, Hudaýa doga edip, bil baglamaly. Zebur 55:22-de: «Ýüküňi Rebbiň üstüne taşla, Ol seni saklar; Ol dogry adamy asla sarsdyrmaz» diýilýär (Zebur 55:22). Şol sebäpli «Rebbe bütin ýüregiň bilen bil bagla» (Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6).
Aýralyga çydamak
9—11. a) Dogan-garyndaşlarymyzy ýitirende, gam-gussany çekmäge näme kömek eder? b) Bize Annanyň mysaly aýralyga döz gelmäge nädip kömek edýär?
9 Dogan-garyndaşlaryň ölümi uly ýitgi bolup, adamy örän gaýga batyrýar. Ybraýym söýgüli aýaly Sara aýrylanda aglap, gam-gussa batdy (Barlyk 23:2). Hatda Isa kämil bolsa-da, dosty Lazar ölende «aglady» (Ýahýa 11:35). Söýýän adamlaryňdan biri ölse, oňa gynanmak adaty zat. Ýöne mesihçiler ölen adamlaryň direljekdigini bilýärler (Resullaryň işleri 24:15). Şol sebäpli olar «beýleki umytsyzlar ýaly gaýgy çekmeýärler» (1 Selanikliler 4:13).
10 Aýralyga döz gelmäge näme kömek edip biler? Bu barada bir mysala seredeliň. Siziň dostuňyz birnäçe günlük syýahata gidende, gaty gynanmarsyňyz, sebäbi ony ýene-de görjekdigiňizi bilýärsiňiz. Wepaly mesihçileriň ölümine şeýle garap, biz derdimizi ýeňledýäris, çünki olaryň direljekdigini bilýäris (Wagyzçy 7:1).
11 «Bütin teselliler Hudaýyna» doly bil baglasak, aýralyga döz gelmäge kömek eder (2 Korintoslylar 1:3, 4). Şeýle-de bize I asyrda ýaşan dul hatyn Annanyň mysaly barada oýlanmaklyk kömek eder. Onuň durmuşa çykanyna bary-ýogy ýedi ýyl bolanda, äri ýogalýar. Ol segsen dört ýaşasa-da, Ýehowanyň ybadathanasynda mukaddes gulluk edýär (Luka 2:36—38). Hudaýa gulluk edýändigi oňa hasraty we hossarsyzlygy ýeňmäge kömek etdi. Bizem yzygiderli Hudaýa gulluk etsek hem-de wagyz işine gatnaşsak aýralyk bilen bagly kynçylyklara döz gelmäge kömek eder.
Dürli synaglara döz gelmek
12. Mesihçileriň käbiri maşgalada nähili synaglara duçar bolýar?
12 Mesihçileriň käbiri maşgalasynda synaglara duçar bolýar. Meselem, är-aýaldan biri zyna etse, onuň ýanýoldaşyna nähili agyr deger! Ýazyksyz ýanýoldaşa bu uly urgy bolup, ony gam-gussa batyrar. Ol ukusyny ýitirip, dynman aglamagy mümkin. Şeýle duýga batan adama ýönekeý işleri-de ýerine ýetirmek kyn bolar ýa-da ýalňyşlyk goýberip, betbagtçylyga uçrap biler. Ýazyksyz ýanýoldaşyň işdäsi kesilmegi, horlanmagy we biynjalyklanmagy mümkin. Oňa wagyz işine gatnaşmak hem kyn bolup biler. Çagalarynyň bolsa, has-da horluk çekmegi mümkin!
13, 14. a) Ybadathananyň dabaraly açylşynda, Süleýmanyň eden dogasy bizi nähili ruhlandyrýar? b) Näme üçin mukaddes ruhy dilemeli?
13 Biz şeýle synaglara uçranymyzda, Ýehowa gerekli kömegi berýär (Zebur 94:19). Hudaý gullukçylarynyň dogasyny eşidýändigi, Ýehowanyň ybadathanasynyň dabaraly açylşynda, Süleýman patyşanyň eden dogasyndan görünýär. Ol Hudaýa şeýle doga etdi: «Seniň halkyň bolan ysraýyllylardan kimdir-biri ýüreginde hasrat çekip, seniň ybadathanaňa tarap elini uzadyp, doga we dileg edende, gökde mesgen tutýan ýeriňden rehim et; olaryň ýüregini görüp, her kime ýöreýän ýoluna görä temmi ber, çünki ynsan ýüregini diňe sen bilýärsiň. Olar seniň ata-babalarymyza beren ýeriňde ýaşaýarkalar, bütin ömrüne senden gorksunlar» (3 Patyşalar 8:38—40).
14 Şeýle-de dogada mukaddes ruhy dilesek, ol aýratyn kömek eder (Matta 7:7—11). Mukaddes ruhuň miwesine şatlyk we parahatlyk ýaly häsiýetler girýär (Galatýalylar 5:22, 23). Gökdäki Atamyzyň dogalarymyza jogap berýändigi, bize nähili ýeňillik berýär! Şonda hasrat şatlyga, gaýgy bolsa parahatlyga öwrülýär.
15. Mukaddes Ýazgylardaky haýsy aýatlar çendenaşa biynjalyk bolmazlyga kömek eder?
15 Agyr synaglara uçranymyzda, gaýgydan gaça durup bilmeris. Ýöne Isanyň sözlerini ýada salsak, biraz rahatlanyp bileris. Ol şeýle diýdi: «Näme iýip, näme içerin diýip, janyňyzy, näme geýerin diýip, teniňizi gaýgy etmäň... Siz öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler» (Matta 6:25, 33, 34). Petrus resul bize: «Ähli gam-gussaňyzy Onuň üstüne atyň; sebäbi Ol siziň gamhoryňyzdyr» diýýär (1 Petrus 5:6, 7). Hawa, kynçylygy çözmek üçin tagalla etmek dogrudyr. Ýöne elimizden gelenini edensoň köp aladalanman, Ýehowa doga etmeli. Mezmurçy şeýle diýýär: «Ýoluňy Rebbe tabşyr, Oňa bil bagla; Ol dilegiňi ýerine ýetirer» (Zebur 37:5).
16, 17. a) Biz näme üçin hiç hili aladalanman ýaşap bilmeris? b) Filipililer 4:6, 7-nji aýatlara eýersek, nämäni duýarys?
16 Pawlus resul şeýle ýazdy: «Hiç zadyň aladasyny etmän, her zatda dilegleriňizi doga we ýalbarma arkaly şükür bilen Hudaýa bildiriň. Her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygy Mesih Isada siziň ýüregiňizi, pikirleriňizi gorar» (Filipililer 4:6, 7). Adam atanyň bikämil nesilleri hiç hili aladasyz ýaşap bilmez (Rimliler 5:12). Esawyň hitti aýallary onuň hudaýhon ata-enesine, Yshak we Rebeka üçin «ýürek ody boldular» (Barlyk 26:34, 35). Timoteos bilen Trofimus ýaly mesihçileri keselçilik biynjalyk edýärdi (1 Timoteos 5:23; 2 Timoteos 4:20). Pawlus resul imandaşlarynyň aladasyny edýärdi (2 Korintoslylar 11:28). «Dogalary eşidýän» Ýehowa söýýänlerini diňlemäge hemişe taýýar (Zebur 65:2).
17 Biz Ýehowanyň gününe garaşyp, «parahatlyk berýän Hudaýyň» kömegini we tesellisini alýarys (Filipililer 4:9). Ýehowa «rehimdar we ýagşy», «gowy we geçirimli» hem-de biziň «toprakdandygymyz onuň ýadyndadyr» (Çykyş 34:6; Zebur 86:5; 103:13, 14). Geliň, «parahatlyk berýän Hudaýa» dileglerimizi bildireliň, şonda ol adamyň düşünjesinden ýokary bolan rahatlygy berer.
18. Eýýup 42:5-e görä, Hudaýy haýsy manyda «görüp» bolýar?
18 Hudaý dogamyza jogap berende, onuň biz bilendigini bilýäris. Eýýup synaglary başdan geçirenden soň, şeýle diýdi: «Men Ýehowa barada gulagym bilen eşidýärdim, indi bolsa seni gözüm bilen gördüm» (Eýýup 42:5). Ýehowanyň biziň üçin edýän işleri barada oýlansak, minnetdar bolmagy ýadymyzdan çykarmasak, ony iman gözi bilen öňküdenem gowy «göreris». Şeýle ýakyn gatnaşyk ýüregimize we pikirimize rahatlyk berýär!
19. «Ähli gam-gussamyzy onuň [Ýehowanyň] üstüne atsak», näme duýarys?
19 «Ähli gam-gussamyzy onuň üstüne atsak», ýüregimizi we pikirimizi goraýan rahatlygy duýup, synaglara döz gelip bileris. Şonda kalbymyzda biynjalyk, gorky we rahatsyzlyk duýmarys. Aljyraňňylykdan we aladadan ýaňa pikirimizde biynjalyk bolmaz.
20, 21. a) Stefanusyň mysalyndan yzarlamalarda rahatlyk duýulýandygy nädip görünýär? b) Synaglarda rahatlyk duýulýandygy barada häzirki mesihçileriň mysalyny getiriň.
20 Stefanus şägirdiň imany güýçli synalanda, ol özüni rahat duýdy. Ol soňky sapar güwälik bermezinden öň, mejlisiň öňünde oturanlaryň bary «onuň ýüzüniň bir perişdäniň ýüzüne meňzeýänligini gördüler» (Resullaryň işleri 6:15). Onuň ýüzünde Hudaýyň iberýän perişdesiniňki ýaly rahatlyk bardy. Soňra Stefanus Isanyň ölümüne kazylaryň sebäp bolandygyny aýdanda, olar «gahar-gazaba münüp, Stefanusa dişlerini gyjadylar. Mukaddes Ruh bilen doly bolan Stefanus göge seredip, Hudaýyň şöhratyny, Hudaýyň sagynda duran Isany gördi». Stefanus görnüş arkaly güýçlenip, iň soňky demine çenli wepaly galdy (Resullaryň işleri 7:52—60). Biz görnüş görmesek-de, yzarlamalarda Hudaýyň berýän rahatlygyny duýup bileris.
21 Ikinji Jahan urşunda faşistler tarapyndan käbir mesihçilere ölüm jezasy berlende, olaryň nähili duýguda bolandygyna seredeliň. Olaryň biri kazyýetde bolan wakalary şeýle gürrüň berýär: «Maňa ölüm jezasy berildi. Men berlen jezany diňläp, Isanyň: «Ölýänçäň sadyk gal» diýen we ýene-de birnäçe sözlerini aýtdym. Şeýdip, ähli synag tamamlandy... Ýöne gaýgy etmäň. Men kalbymda şeýle parahatlyk we rahatlyk duýýan welin, siz muny göz öňüne getirip bilmersiňiz!» Başy kesilmeli bir ýaş mesihçi ene-atasyna şeýle ýazdy: «Eýýäm gijäniň ýary. Entek pikirimi üýtgetmäge wagtym bar. Ýöne Rebbimizi inkär etsem, bu dünýäde rahat ýaşap bilerinmi? Elbetde, ýaşap bilmerin! Emma meniň bu dünýäni bagtly we kalbymda rahatlyk bilen terk edýändigime ynanyň». Ýehowanyň wepaly gullukçylaryny goldaýandygyna hiç hili şübhe ýok.
Siz hötde gelip bilersiňiz!
22, 23. Siz Ýehowanyň gününe çydamlylyk bilen garaşyp, nämä ynanyp bilersiňiz?
22 Siz şu seredilen synaglara duçar bolýanam dälsiňiz. Ýöne Hudaýdan gorkýan Eýýubyň: «Aýaldan doglan ynsanyň ömri gysga we gam-gussadan doly» diýen sözleri bilen ylalaşýansyňyz (Eýýup 14:1). Siz, ata-eneler, çagalaryňyza ruhy taýdan terbiýe bermek üçin tagalla edýänsiňiz. Olar mekdepde synaglara çydamaly bolýar. Çagalaryňyz Ýehowanyň tarapynda duranda we onuň dogry prinsiplerine eýerende, siz örän begenýänsiňiz! Siz hem işde kynçylyklara we synaglara duçar bolýansyňyz. Şunuň ýaly we başga synaglara-da, siz çydap bilersiňiz, sebäbi «Hudaý her gün ýükümizi göterýär» (Zebur 68:19).
23 Siz özüňizi ýönekeýje adam duýmagyňyz mümkin. Emma siziň edýän işiňizi, Ýehowanyň mukaddes adyna görkezen söýgiňizi, Onuň hiç haçan unutmaýandygyny ýadyňyzdan çykarmaň (Ýewreýler 6:10). Imanyňyz synalanda, onuň kömegi bilen sabyr edip bilersiňiz. Hudaýyň islegini berjaý etmegiň wajypdygyny dogaňyzda we etjek işleriňizde görkezmeli. Şonda Ýehowanyň gününe çydamlylyk bilen garaşyp, onuň bereket berjekdigine we goldajakdygyna ynanyp bilersiňiz.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Mesihçilere näme üçin çydamlylyk gerek?
• Bize keselçilige we aýralyga döz gelmäge näme kömek eder?
• Synaglara hötde gelmäge doga nädip kömek edýär?
• Ýehowanyň gününe näme üçin çydamlylyk bilen garaşyp bolýar?