Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w09 15/7 sah. 7—11
  • Mesihçi maşgalalar, Isanyň göreldesine eýeriň!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mesihçi maşgalalar, Isanyň göreldesine eýeriň!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Mesihçi ärler aýalyny nähili sylamaly?
  • Aýal ärine nädip uly hormat goýmaly?
  • Isa ata-enelere nähili görelde görkezdi
  • Çagalar, size Isanyň göreldesine eýermäge näme kömek eder?
  • Maşgala bagtynyň syry
  • Maşgalany nädip bagtly etmeli?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Ärler, Isanyň baştutanlygyny kabul ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Doganlar, siz Isanyň baştutanlygyna tabyn bolýarsyňyzmy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Ömürlik nikanyň iki açary
    Maşgala bagtynyň syry
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
w09 15/7 sah. 7—11

Mesihçi maşgalalar, Isanyň göreldesine eýeriň!

«Mesih hem Öz yzyny alyp götermegiňiz üçin... size bir nusga galdyrdy» (1 PET. 2:21).

1. a) Hudaýyň Oglunyň ýaradylyşda nähili ähmiýeti bardy? b) Isa adamlara nähili garaýardy?

HUDAÝ gögi we ýeri ýaradanda, onuň ilkinji Ogly «ussa kimin» Hudaý bilen zähmet çekýärdi. Ýehowa her hili haýwanlary, ösümlikleri we öz keşbine hem suratyna görä adamlary ýaradyp, ýeriň bir bölegini Jennet edende, Hudaýyň Ogly Atasyna kömek edýärdi. Soňra Hudaýyň Ogly Isa ady bilen tanaldy. Isa adamlary örän söýýärdi. Onuň «begenji adam ogullary bilendi» (Sül. tym. 8:27—31; Gel. çyk. 1:26, 27).

2. a) Ýehowa günäli adamlar üçin nämäni göz öňünde tutdy? b) Mukaddes Ýazgylar adamlara haýsy meselede görkezme berýär?

2 Ilkinji ynsan maşgalasy günä edensoň, Ýehowanyň iň wajyp niýeti olary günäden azat etmekdi. Ýehowa adamlary halas etmek üçin Ogluny töleg gurbany hökmünde berdi (Rim. 5:8). Şeýle-de adamlar özlerine miras geçen bikämillik bilen göreşer ýaly, Ýehowa olara Mukaddes Ýazgylary berdi (Zeb. 119:105). Ýehowa Mukaddes Ýazgylar arkaly maşgalanyň bagtly we agzybir bolmagy üçin nesihat berýär. Gelip çykyş kitabynda maşgala barada ynsan «aýaly bilen birleşer we olaryň ikisi bir ten bolar» diýilýär (Gel. çyk. 2:24).

3. a) Isa maşgala durmuşy barada näme öwretdi? b) Biz şu makalada nämä serederis?

3 Isa ýerde gulluk eden wagty nikanyň ömürlik bolmalydygyny belläp geçdi. Maşgalanyň agzalary onuň aýdan prinsiplerine eýerseler, maşgalany bagtsyz edýän garaýyşdan we işlerden gaça durarlar (Mat. 5:27—37; 7:12). Biz şu makalada Isanyň aýdan taglymatlary we görkezen göreldesi är-aýala, ata-enelere, çagalara bagtly bolmaga hem-de durmuşdan kanagat tapmaga nädip kömek edýändigine serederis.

Mesihçi ärler aýalyny nähili sylamaly?

4. Isanyň we mesihçi ärleriň arasynda nähili meňzeşlik bar?

4 Hudaýyň Isany ýygnagyň Başy edip belleýşi ýaly, Ol ärleri hem maşgalanyň başy edip belledi. Pawlus resul şeýle diýdi: «Mesihiň bedeniň Halasgäri bolup, imanlylar ýygnagynyň başy bolşy ýaly, erkek hem aýalyň başydyr. Eý ärler, Mesihiň imanlylar ýygnagyny söýşi ýaly, siz hem aýalyňyzy söýüň» (Efes. 5:23, 25). Isa şägirtlerine nähili garan bolsa, mesihçi ärler hem aýalyna şeýle garaýyşda bolmaly. Geliň, Hudaýyň Isa beren ygtyýaryny onuň nähili ulanandygyna seredeliň.

5. Isa şägirtleriniň üsünden berlen ygtyýary nädip ulandy?

5 Isa «mylaýym hem pes göwünlidi» (Mat. 11:29). Ýöne ol gerek wagtynda aýgytly hereket edýärdi. Ol özüne berlen borçdan hiç haçan boýun gaçyrmandy (Mar. 6:34; Ýahýa 2:14—17). Ol şägirtlerine ýumşaklyk bilen maslahat berdi we gerekli ýerinde, birnäçe gezek gaýtalady (Mat. 20:21—28; Mar. 9:33—37; Luka 22:24—27). Isa hiç haçan olara käýäp, kemsitmezdi. Şol sebäpli olar söýülýändigini duýýardylar, şeýle-de öwrenen zatlarymyzy ýerine ýetirip bilmeris diýip şübhelenmeýärdiler. Isa şägirtlerini öwüp, olary ruhlandyrýardy (Luka 10:17—21). Şeýlelikde, Isa söýgüsi we duýgudaşlygy bilen, şägirtleriniň hormatyna mynasyp boldy!

6. a) Isanyň şägirtlerine bolan garaýşyndan maşgalabaşy näme öwrenip biler? b)  Petrus resul ärlere nähili maslahat berdi?

6 Ärler aýalyna gödeklik bilen agalyk etmeli däl. Olar Isadan görelde alyp, aýalyny sylamaly we bütin jany bilen söýmeli. Petrus resul ärlere «hatyny sylap» ýaşamagy we Isanyň göreldesine eýermegi maslahat berdi (1 Petrus 3:7-ni okaň). Ärler aýalyny sylap, özlerine berlen ygtyýary nädip ulanyp biler?

7. Ärler aýalyny nädip sylap biler? Mysal getiriň.

7 Ärler maşgala degişli meselede belli bir karara gelmezden öň, aýalynyň pikirini we duýgusyny göz öňünde tutsa, ony sylaýandygyny görkezýär. Käte maşgalada: başga ýere göçmek, täze işe geçmek, işden rugsat günleri nirede dynç almak we gerekli harytlaryň bahasy galan döwründe puly tygşytly sowmak ýaly meseleler ýüze çykýar. Bu meseleler maşgalanyň ähli agzalaryna täsir edýär. Şol sebäpli maşgalabaşy bu meselede aýalynyň nähili pikir edýändigini sorasa, oňa paýhasly karara gelmäge kömek eder, aýalyna-da ony goldamak aňsat bolar (Sül. tym. 15:22). Aýalyny sylaýan mesihçi onuň söýgüsine we hormatyna mynasyp bolup, Ýehowanyň merhemetini gazanýar (Efes. 5:28, 29).

Aýal ärine nädip uly hormat goýmaly?

8. Näme üçin How enäniň göreldesine eýermeli däl?

8 Isa mesihçi aýallara tabyn bolmakda ajaýyp görelde görkezdi. Onuň häkimiýete bolan garaýşy ilkinji aýalyňkydan düýbünden tapawutlanýar! How ene aýallar üçin gowy görelde bolmady. Onuň Hudaý tarapyn bellenen maşgalabaşysy bardy. Ýehowa ol arkaly öz niýetini aýdýardy. Emma How ene Hudaýyň düzgünine hormat goýmady. Ol Adam ata arkaly berlen buýruga gulak asmady (Gel. çyk. 2:16, 17; 3:3; 1 Kor. 11:3). Hawa, How ene aldandy. Ýöne ol «Hudaýyň... bilýän» zadyny aýdaryn diýen sese gulak asmalymy ýa-da asmaly däldigini ärinden soramalydy. Emma ol äriniň üstünden hökümdarlyk etdi (Gel. çyk. 3:5, 6; 1 Tim. 2:14).

9. Tabyn bolmakda Isa nähili görelde görkezdi?

9 Isa Baýaryna tabyn bolup, ajaýyp görelde görkezdi. Ol «Hudaýyň häsiýetine eýe bolsa-da, Hudaý bilen deňligi olja hasap etmäýändigini» görkezdi we «gul häsiýetini alyp... Özüni hiç etdi» (Flp. 2:5—7). Şu günler Isa patyşa bolsa-da, özüni şeýle alyp barýar. Ol Atasyna ähli zatda pesgöwünli tabyn bolup, onuň baştutanlygyny goldaýar (Mat. 20:23; Ýahýa 5:30; 1 Kor. 15:28).

10. Aýal äriniň baştutanlygyny nädip goldap biler?

10 Mesihçi aýallar Isanyň göreldesine eýerip, äriniň baştutanlygyny goldamaly (1 Petrus 2:21; 3:1, 2-nji aýatlary okaň). Geliň, muny haýsy ýagdaýlarda edip bolýandygyna seredeliň. Aýdaly, ogly bir zat etmek üçin ejesinden rugsat soraýar. Ata-ene bu mesele barada öň maslahatlaşmadyk bolsa, ejesi oňa: «Sen kakaňdan soradyňmy?» diýse, dogry bolar. Eger ogly soramadyk bolsa, oňa rugsat bermezden öň, ol äri bilen maslahatlaşmaly. Şeýle-de mesihçi aýal äriniň aýdanlaryna çagalarynyň ýanynda garşy bolmaly däl. Eger-de aýaly bir meselede äri bilen razylaşmasa, onda ikiçäk gepleşmeli (Efes. 6:4).

Isa ata-enelere nähili görelde görkezdi

11. Isa ata-enelere nähili görelde görkezdi?

11 Isanyň maşgalasy we çagalary bolmasa-da, ol mesihçi ata-enelere gowy görelde görkezdi. Näme üçin? Ol şägirtlerine mähirli hem sabyrly sapak berýärdi. Şeýle-de Isa olara beren ýumşunyň nähili ýerine ýetirilişini hem görkezdi (Luka 8:1). Isanyň şägirtlerine bolan garaýşyndan, olar biri-birine nähili garamalydygyny öwrendiler (Ýahýa 13:14—17-nji aýatlary okaň).

12, 13. Çagalaryna Hudaýdan gorkmagy öwretmek isleýän ata-enelerden näme talap edilýär?

12 Çagalar ýagşy zatda-da, ýaman zatda-da ata-enesiniň göreldesine eýerýärler. Şol sebäpli, ata-eneler, siz özüňize şeýle soraglar beriň: «Biziň çagalarymyz telegepleşiklere, göwün açmalara näçe wagt sarp edýändigimizi görüp, bizden näme öwrenerler? Olar biziň Mukaddes Ýazgylary okamaga we wagyz etmäge näçe wagt sarp edýändigimizi görüp, bizden näme öwrenerler? Biziň maşgalamyzda birinji orunda näme durýar? Biz durmuşymyzda hakyky seždäni birinji orunda goýup, gowy görelde görkezýärismi? Bu biziň gelýän kararymyzdan görünýärmi? Eger ata-eneler çagalaryna Hudaýdan gorkmagy öwretmek isleseler, onda ilki bilen, Hudaýyň kanuny ata-enäniň ýüreginde bolmaly (Kanun. 6:6).

13 Ata-eneler gündelik durmuşda Hudaýyň prinsiplerine eýerseler, çagalaryň ünsüni özüne çekip bilerler. Ata-eneleriň aýdýan sözleri we öwredýän zatlary çagalaryna täsir eder. Eger çagalar ata-enesiniň ikiýüzlidigini görse, onda olar Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri peýdasyz we wajyp däl diýen netijä gelmekleri mümkin. Şeýlelikde, çagalar zalym dünýäniň täsirine düşüp biler.

14, 15. Ata-eneler çagalaryna nähili gymmatly zatlary öwretmeli we ony nädip edip bilerler?

14 Mesihçi ata-eneler çagalary terbiýelemek diňe bir olary maddy taýdan üpjün etmegi aňlatmaýandygyna düşünýärler. Şol sebäpli çagalara diňe gazanç etmek maksatlary goýmagy öwretmek paýhassyzlykdyr (Wag. 7:12). Isa şägirtlerine ruhy zatlary gymmat saýmagy we olary ileri tutmagy görkezipdi (Mat. 6:33). Şonuň üçin mesihçi ata-eneler Isanyň göreldesine eýerip, çagalaryny ruhy maksatlary goýmaga höweslendirmeli.

15 Meselem, ata-eneler çagalaryna doly wagtly gulluk edýän mesihçiler bilen dostlaşmaga kömek edip biler. Siz ýetginjekleriň pionerler, aýlanýan gözegçi we onuň aýaly bilen tanyşmagyň nähili peýdalydygy barada oýlanyp görüň. Haçanda missionerler, beýtelçiler we halkara gurluşyk işine gatnaşýan mesihçiler size myhmançylyga gelende, olar Ýehowa gulluk etmegiň nähili şatlyklydygyny höwes bilen gürrüň bererler. Elbetde, olarda gürrüň berere zat bardyr. Olaryň jan aýaman gulluk edişi siziň çagalaryňyza paýhasly karara gelmäge, gowy maksatlar goýmaga we doly wagtly gulluk etmek üçin özüni ekläp biler ýaly bilim almaga kömek eder.

Çagalar, size Isanyň göreldesine eýermäge näme kömek eder?

16. Isa ýerdäki ata-enesini we gökdäki Atasyny nädip sylaýardy?

16 Çagalar, Isa size-de ajaýyp görelde görkezdi. Ýusup bilen Merýeme Isany terbiýelemek ynanyldy. Isa olara gulak asdy (Luka 2:51-i okaň). Isa ata-enesiniň bikämildigini bilse-de, Hudaýyň ony terbiýelemekde olary jogapkärli edendigine düşünýärdi. Şol sebäpli olar hormata mynasypdy (Kanun. 5:16; Mat. 15:4). Isa ulalanda hemişe we ähli zatda gökdäki Atasynyň islegini berjaý edýärdi. Şonuň üçin ol synaglara garşy durýardy (Mat. 4:1—10). Çagalar, siziň hem ata-eneňize gulak asmak islemeýän wagtyňyz bolýandyr. Şeýle ýagdaýlarda, size Isanyň göreldesine eýermäge näme kömek eder?

17, 18. a) Ýaşlar mekdepde nähili synaglara duçar bolýar? b) Ýaşlara synaglara döz gelmäge näme kömek eder?

17 Belki-de, siziň synpdaşlaryňyzyň köpüsi Mukaddes Ýazgylaryň kadalary boýunça ýaşaýan däldir. Olar seni nämedir bir şübheli iş etmäge yrjak bolanda, sen olaryň teklibini kabul etmeseň, olar seniň üstüňden ýaňsylap gülýändirler. Belki-de, synpdaşlaryň erbet işlerine goşulmandygyň üçin sögýändirler? Sen şeýle ýagdaýda näme edýärsiň? Sen gorkup, köpçüligiň yzyna eýerseň, ata-eneňi we Ýehowany gynandyrýandygyňy bilýärmiň? Sen synpdaşlaryňa goşulsaň, saňa näme garaşýandygyny bilýärmiň? Ähtimal, siz pioner ýa-da gulluk hyzmatçysy bolmak, wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçmek ýa-da Beýtelde gulluk etmek ýaly belli bir maksatlar goýansyňyz. Sen synpdaşlaryň bilen doslaşsaň, olar saňa goýan maksatlaryňa ýetmäge kömek edermi?

18 Ýaşlar, siziň imanyňyzyň synalýan wagtlary bolýarmy? Siz şonda näme edýärsiňiz? Siz Isanyň görkezen göreldesi barada oýlanyň. Ol synaglara döz gelip, dogry işleri etmegi berk ýüregine düwdi. Şuny ýatda saklasaňyz, siz synpdaşlaryňyza Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine garşy gelýän işleri etmek islemeýändigiňizi mertlik bilen, açyk aýdyp bilersiňiz. Isa ýaly, siz-de Ýehowa şatlykly gulluk edip we oňa gulak asyp, ebedi ýaşap biljekdigiňizi unutmaň (Ýew. 12:2).

Maşgala bagtynyň syry

19. Nähili ýaşaýyş ýoly hakyky bagt getirýär?

19 Ýehowa Hudaý we Isa Mesih adamlara iň gowy zady isleýär. Şu günler biz bikämildigimize garamazdan, bagtly bolup bileris (Iş. 48:17, 18; Mat. 5:3). Isa adamlary bagtly edýän diňe bir dini hakykaty öwretmän, eýsem, iň gowy ýaşaýyş ýoluny görkezdi. Galyberse-de, ol paýhasly ýaşaýşyň we garaýşyň ajaýyp göreldesini görkezdi. Biz maşgalada nähili orun tutsak-da, Isanyň göreldesine eýersek, ählimize peýdaly bolar. Şol sebäpli, ärler we aýallar, ata-eneler hem çagalar, Isanyň göreldesine eýeriň! Maşgalany bagtly etmek üçin, ilki bilen, Isanyň taglymatlaryny özleşdirip, onuň göreldesine eýermeli.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Hudaýyň ärlere beren ygtyýaryny olar nähili ulanmaly?

• Isanyň görkezen göreldesine aýallar nädip eýerip biler?

• Isanyň şägirtlerine bolan garaýşyndan ata-eneler näme öwrenip biler?

• Isanyň görkezen göreldesinden ýaşlar näme öwrenip biler?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş