Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/2 sah. 30—32
  • Ýaşlara Ýaradyjysyny ýatlamaga kömek edýän kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýaşlara Ýaradyjysyny ýatlamaga kömek edýän kitap
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Maşgala okuwy üçin gollanma
  • Pikir alyşmaga kömek edýän kitap
  • Ýüregini biliň!
  • Goşmaça maglumat
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
  • Ata-eneler, çagalaryňyza çopançylyk ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/2 sah. 30—32

Ýaşlara Ýaradyjysyny ýatlamaga kömek edýän kitap

AKYLDAR Süleýman pygamber üç müň ýyl mundan ozal «ýaşlyk günleriňde özüňi ýaradany ýatla» diýip ýazdy (Wag. 12:1). Şu günler ýaş mesihçilere ýaradyjysyny ýatlamaga kömek edýän ýene-de bir esbap bar. Bütin dünýäde Ýehowanyň Güwäçileriniň 2008-nji ýylyň maý aýyndan, 2009-njy ýylyň ýanwar aýy aralygynda geçirilen «Hudaýyň ruhy görkezme berýär» diýen welaýat kongresinde «Ýaşlaryň sowallary. Peýdaly maslahatlar» (rusça) atly kitabyň 2-nji tomy çykandygy bildiriş edildi.

Bu kitabyň daşky sahypasynyň iç ýüzünde Ýolbaşçylyk maslahatynyň ýaşlara ýazan haty bar. Onda şeýle diýilýär: «Şu kitabyň maslahatlary ýaşlaryň duş gelýän kynçylyklaryny ýeňmäge we Hudaýyň islegine görä karara gelmäge saňa kömek etsin diýip, biz ak ýürekden doga edýäris».

Ata-eneler çagalaryna «Rebbiň terbiýe hem öwüdini» dogry bermek isleýär (Efes. 6:4). Çagalaryň köpüsi ýetginjek ýaşyna ýetende, özüne ynamy gaçýar we görkezmä mätäç bolýar. Eger seniň ýetginjek çagaň bolsa, oňa şu kitapdan doly peýda almaga nädip kömek edip bilersiň? Käbir maslahatlara seredeliň.

▪ Bu kitapdan özüňize ediniň we ony gowy öwreniň. Kitaby diňe bir okamak ýeterlikli däl. Onuň nähili äheňde ýazylandygyna üns beriň. Ýaşlar kitapdan diňe bir ýagşynyň we ýamanyň nämedigini öwrenmän, eýsem «saýgarma ukyplaryny» hem ösdürýär (Ýew. 5:14). Şeýle-de onda nädip dogry hereket eder ýaly peýdaly maslahatlar berilýär. Mysal üçin, «Erbet täsirden nädip gaça durmaly?» diýen 15-nji bapda ýaşlara diňe bir «ýok» diýip jogap bermeli däldigi aýdylýar. Ýaşlar ondan Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýerip, nädip kynçylyklary çözüp bolýandygyny we «her kime nähili jogap bermelidigini» öwrenip biler (Kol. 4:6).

▪ Kitabyň käbir bölümlerinde öz pikiriňizi ýazyň. Şol bölümler ýaşlar üçin niýetlenen bolsa-da, siz hem öz kitabyňyzda pikiriňizi ýazsaňyz gowy bolara. 16-njy sahypadaky duşuşyk barada iki sowaly okanyňyzda, çagaňyzyň ýaşynda özüňizi nähili duýandygyňyzy ýada salyň. Belki, siz soraglara jogap berende, şol döwürdäki garaýşyňyzy ýazarsyňyz. Şonda siz özüňize şeýle soraglar berip bilersiňiz: «Wagtyň geçmegi bilen duşuşyk barada garaýşym üýtgedimi? Ýetginjeklik ýaşymdan bäri, düşünjämiň üýtgändigini çagama nädip gowy düşündürip bilerin?

▪ Ýetginjegiň gizlin syryna hormat goýuň. Kitapdaky käbir bölümler çagaňyzyň aýratyn meseleler barada näme pikir edýänini ýazmak üçin niýetlenen. Siziň maksadyňyz onuň kitabyna seretmek däl-de, ýüregini bilmek. «Ata-eneleriň dykgatyna» diýen bölümiň 3-nji sahypasynda şeýle maslahat berilýär: «Çagaňyz ýüregindäki pikirini açyk ýazar ýaly, rugsatsyz onuň kitabyna seretmäň. Wagty gelende, belki, onuň özi size ýüregini açmak islär».

Maşgala okuwy üçin gollanma

«Ýaşlaryň sowallary. Peýdaly maslahatlar» atly kitabyň 2-nji tomy maşgala okuwy üçin gowy gollanmadyr. Bu kitapda her abzas üçin soraglar bolmasa-da, ony nädip geçse bolar? Çagalaryňyza gowy täsir eder ýaly geçiriň.

Mysal üçin, käbir maşgalalar 132, 133-nji sahypalardaky «Erbet täsire nädip garşy duraryn?» diýen bukja seredende, sahnalar gurup biler. Birinji sorag ogluňyza ýa-da gyzyňyza nähili kynçylyga sataşjakdygyny öňünden bilmäge kömek eder. Ikinji sorag munuň nirede boljagyny kesgitlemäge ýardam berer. Bu sowallara çagaňyz jogap berensoň, ondan deň-duşlarynyň erbet täsirini kabul edip, paş edip ýa-da hüjüm edip garşy durjagy barada soraň. Ogluňyza ýa-da gyzyňyza oýlap tapyjy ukybyny ösdürip, jogap bermek üçin taýýarlanmaga kömek ediň, şonda ol özüni arkaýyn we ynamly duýar (Zeb. 119:46).

Pikir alyşmaga kömek edýän kitap

«Ýaşlaryň sowallary. Peýdaly maslahatlar» atly kitabyň 2-nji tomy ýaşlary ata-eneleri bilen pikir alyşmaga höweslendirýär. Mysal üçin, 63, 64-nji sahypalardaky «Jynsy gatnaşyk barada kakam we ejem bilen nädip gepleşip bolar?» we 189-njy sahypadaky «Eneň-ataň bilen gepleş!» diýen bukjalarda kyn meseleler hakynda nädip gürrüň açmalydygy barada peýdaly maslahatlar berilýär. 13 ýaşly gyz şeýle ýazýar: «Bu kitap maňa ene-atama ähli pikirlerimi, hatda eden işlerimi gorkman aýtmaga kömek edýär».

Bu kitapda pikir alyşmagyň başga usullary hem berilýär. Her babyň soňunda «Sen nähili pikir edýärsiň?» diýen bukja bar. Ondaky soraglara diňe bir jogap bermän, eýsem olary maşgala okuwynda ara-alyp maslahatlaşyp bolar. Şeýle-de her bapda «Men näme etmekçi!» diýen bukja ýerleşýär. Bu bukja ýaşlara bapdan öwrenen zatlaryny durmuşynda nädip ulanjakdygyny ýazmaga mümkinçilik berýär. «Men näme etmekçi!» diýen bukjanyň ahyrynda: «Men ejeme we kakama şu soraglary beresim gelýär...» diýen žümle ýaşlara ata-enesinden peýdaly maslahat soramaga kömek eder.

Ýüregini biliň!

Ata-eneleriň maksady çagasynyň ýüregini bilmek. Bu babatda «Ýaşlaryň sowallary. Peýdaly maslahatlar» atly kitabyň 2-nji tomy size kömek eder. Bu kitabyň bir dogana gyzy bilen açyk gürrüňdeşlik etmäge nädip ýardam edýänine seredeliň.

«Biz Rebeka bilen gowy görýän ýerlerimizde gezelenç etmegi we tigir sürmegi halaýarys. Şeýle arassa howada gezelenç etmek, gyzyma ýüregini açmaga kömek edýär.

Ilki başda biz kitapdaky Ýolbaşçylyk maslahatynyň «Ata-eneleriň dykgatyna» diýen hatyna seretdik. Men gyzymyň 3-nji sahypada näme ýazylandygyny bilip, kitabynda duýgusyny çekinmän, arkaýyn ýazmagyny isledim. Men oňa ýazan zatlaryňa seretmerin diýdim.

Men Rebeka halaýan we pikir alyşmak isleýän baplaryny saýlamagy teklip etdim. Ol, ilki bilen, «Men kompýuter oýunlaryny oýnamalymy? diýen baby saýlady. Rebeka şol baby saýlar öýtmedim! Emma munuň sebäbi bar eken. Onuň birnäçe joralary gorkunçly kompýuter oýunlaryny oýnaýardy. Men ol oýunlarda elhenç zalymlyk görkezilýänini we hapa sözler aýdylýanyny bilmeýärdim! Biz bu barada pikir alşyp, 251-nji sahypadaky «Men näme etmekçi!» diýen bukja seretdik. Şu bukja Rebeka kimdir biri kompýuter oýunlaryny oýnatjak bolanda, nähili jogap bermelidigine taýýarlanmaga kömek etdi.

Ine, şu pursatda, Rebeka saklanyp bilmän, kitabynda ýazan zatlaryny gürrüň berdi. Biz kitaby okanda, köp söhbetdeşlik edýäris. Biz ony gezekme-gezek okap, köp zatlar, şol sanda suratlar we bukjalar barada pikir alyşýarys. Bu maňa ýaşlygym barada, Rebeka bolsa, şu günki ýaşlaryň durmuşy hakynda gürrüň bermäge mümkinçilik döredýär. Rebeka ähli zady gürrüň beresi gelýär!»

Ata-eneler, siz bu kitap çykanda elbetde örän begenensiňiz. Indi sizde ony gowy peýdalanar ýaly mümkinçiligiňiz bar. Ýolbaşçylyk maslahaty «Ýaşlaryň sowallary. Peýdaly maslahatlar» atly kitabyň 2-nji tomy maşgalaňyz üçin uly bereket berer diýip, umyt edýär. Bu kitap ähliňize, esasanam, eziz ýaş dogan-uýalarymyza «ruhda gezmäge» kömek eder (Gal. 5:16).

a Kitabyň käbir bölümlerinde ähli ýaşdaky adamlar pikirini ýazyp bilýär. Mysal üçin, 221-nji sahypadaky «Gaharyňy ýatyr» diýen bukja size, gyzyňyza we ogluňyza kömek edip biler. Şeýle-de 132, 133-nji sahypalardaky «Erbet täsire nädip garşy duraryn?» 163-nji sahypadaky «Bir aýlyk çykdajym we girdejim» we 314-nji sahypadaky «Meniň maksatlarym» diýen bukjalar hem kömek eder.

[30-njy sahypadaky çarçuwa]

Käbir ýaşlaryň kitaba beren bahasy

«Bu şeýle gowy kitap welin, ony eliňe galam alyp, oýlanyp okamaly. Ol gündelik hökmünde durmuşda iň gowy ýoly saýlar ýaly oýlanmaga ýardam edýär» (Nikola).

«Men hemişe hatda gowy niýet bilen aýdýan adamlardan «sen kimdir biri bilen duşuşmaly» diýen sözleri eşidýän. Bu kitabyň birinji bölümini okap, adamlaryň näme diýýändigine garamazdan, men duşuşmaga taýyn däldigime düşündim» (Katrina).

«Sen suwda çokundyrylmak barada oýlanýarmyň?» diýen bukja maňa suwda çokundyrylmagyma has çynlakaý garamaga kömek etdi. Şeýle-de, maňa şahsy okuw geçmek we doga etmek endigine täzeden seretmäge ýardam berdi» (Eşli).

«Maňa çagalykdan mesihçi ata-enem terbiýe beren bolsa-da, bu kitap durmuşymda ädimler ätmäge kömek etdi. Şeýle-de men ata-eneme ýüregimi açyp bildim» (Zamira).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş