GOŞMAÇA MAGLUMAT
Ene-atalaryň sowallary
«Çagam meniň bilen gürleşer ýaly näme etmeli?»
«Men çagamdan öýe wagtynda gelmegi talap etmelimi?»
«Gyzym berhiz tutmaklyga çendenaşa köp üns bermez ýaly, oňa nädip kömek edip bilerin?»
Bu soraglara şu goşmaça maglumatda jogap berilýär. Biz şeýle soraglaryň jemi 17 sanysyna serederis. Bu goşmaça maglumat 6 bölümden ybarat bolup, onda şu kitabyň I we II tomlarynyň käbir baplaryna salgy berilýär.
Bu maglumaty okap, mümkin bolsa, ýanýoldaşyňyz bilen ara alyp maslahatlaşyň. Soňra berilýän maslahatlary çagalaryňyza kömek etmek üçin ulanjak boluň. Siz öz soraglaryňyza ynandyryjy jogap alarsyňyz. Sebäbi olar ygtybarsyz ynsan düşünjesine däl-de, Hudaýyň Sözi bolan Mukaddes Ýazgylara esaslanýar (2 Timoteos 3:16, 17).
290 Gürrüňdeşlik
297 Tertip-düzgün
302 Erkinlik
307 Jynsy gatnaşyk we duşuşmak
311 Ýaramaz duýgular
GÜRRÜŇDEŞLIK
Ýanýoldaşyň ýa-da çagalaryň bilen dawalaşmak şeýle zyýanlymy?
Maşgalada isleseň-islemeseň düşünişmezlik döräp bilýär. Emma ony nädip çözýändigiňiz siziň özüňize bagly bolýar. Ene-atalaryň arasyndaky dawa-jenjel çagalara güýçli täsir edýär. Muňa gaty çynlakaý garamaly. Sebäbi olaram öz maşgala durmuşynda siziň göreldäňize eýerer. Şonuň üçin ýanýoldaşyňyz bilen araňyzda düşünişmezlik dörese, ony asudalykda çözüp bolýandygyny çagalaryňyza görkezseňiz paýhasly bolmazmy? Bu babatda size aşakda berilýän maslahatlar gowy kömek eder.
Ünsli diňläň. Mukaddes Ýazgylarda biziň «diňlemäge taýyn, geplemäge howlukmaýan, çalt gaharlanmaýan bolmalydygymyz» aýdylýar (Ýakup 1:19). Şonuň üçin «ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy berip», ýagdaýy öňküdenem beterleşdirmäň (Rimliler 12:17). Ýanýoldaşyňyz sizi diňlemeýän bolsa, onda özüňiz ony diňläň.
Tankytlaman, sypaýyçylyk bilen düşündiriň. Ýanýoldaşyňyzyň edýän hereketiniň size nähili täsir edýändigini oňa ýumşaklyk bilen aýdyň. Mysal üçin, siz oňa: «Sen şeýle edeniňde, men özümi erbet duýýaryn» diýip bilersiňiz. Ýöne ony tankytlamakdan we ýazgarmakdan gaça durjak boluň. «Seniň asla meniň bilen işiňem ýok!», «Sen hiç wagt meni diňlemeýärsiň» diýen ýaly göwne degiji sözleri aýtmaň.
Gaharyňyz biraz ýatyşýança garaşyň. Käwagt gürrüňi soňa goýup, biraz köşeşeniňizden soň gürleşseňiz gowy bolar. Mukaddes Ýazgylarda: «Dawanyň başlanyşy suwuň goýberilişi kimindir; şonuň üçin dawa turmazyndan öň jedeli taşla» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 17:14).
Ýanýoldaşyňyzdan, gerek bolsa, çagalaryňyzdanam ötünç soraň. 14 ýaşly Briýana şeýle diýýär: «Käwagt ejem bilen kakam biraz sene-mene etseler, soňra olar oglan doganym ikimizdenem ötünç soraýarlar. Sebäbi olar maşgaladaky agzalalygyň bize-de erbet täsir edýändigine düşünýärler». Eger siz kiçigöwünlilik bilen ötünç sorasaňyz, çagalaryňyzam şeýle etmegi öwrener.
Ýöne size çagaňyz bilen düşünişmek kyn bolýan bolsa näme? Bilgeşleýin etmeseňiz-de, käwagt maşgalada özüňizem dawa turuzýan bolmagyňyz mümkin. Şu kitabyň 2-nji babynyň başynda getirilýän mysala seredip, Reýçeliň ejesiniň haýsy hereketleriniň dawanyň turmagyna sebäp bolandygyny anyklajak boluň. Siz öz çagaňyz bilen dawalaşmaz ýaly näme edip bilersiňiz? Munuň üçin:
● «Sen hemişe...» ýa-da «Sen hiç wagt...» diýen ýaly tankytlaýjy sözleri aýtmaň. Sebäbi çagaňyzam özüni aklajak bolup, size gaýtargy berip başlar. Onsoňam, ol siziň bu zatlary has ulaldyp aýdýandygyňyzy biler. Şeýle-de ol özüniň nädogry hereketi barada pikirlenmän, siziň gaharlanýandygyňyza üns berer.
● Çagaňyz bilen gepleşeniňizde, göni ony günäkärläp başlaman, gaýtam, onuň özüni alyp barşynyň sizi gynandyrýandygyny düşündirjek boluň. Siz oňa: «Sen şeýle edeniňde, maňa agyr degýär» diýip bilersiňiz. Aslynda, çagaňyz siziň duýgularyňyza biperwaý garamaýar. Belki, muňa ynanmak size aňsadam bolýan däldir. Ýöne çagaňyza öz ýagdaýyňyzy düşündirseňiz, olam siziň bilen ylalaşjak bolara.
● Kyn bolsa-da, gaharyňyz ýatyşýança, çagaňyza hiç zat diýmeseňiz gowy bolar (Süleýmanyň tymsallary 29:22). Eger çagaňyzyň öýdäki işleri etmeýändigi üçin dawalaşýan bolsaňyz, bu barada onuň bilen açyk gürleşiň. Onuň etmeli işlerini jikme-jik düşündirip, tabşyrylan ýumuşlary ýerine ýetirmese nähili çäre görjekdigiňizi aýdyň. Çagaňyz ýalňyşýanam bolsa, ony ünsli diňläň. Sebäbi ýetginjekleriň köpüsine takal okaman, ünsli diňleseň, düzelip başlaýarlar.
● Çagaňyz hemme zady siziň içiňizi ýakjak bolup, bilgeşleýin edýändir öýtmäň. Gaýtam, onuň heniz ösüp barýan çagadygyna düşünjek boluň. Aslynda, ol özüniň uly adam bolandygyny görkezmek üçinem dawalaşýandyr. Şonuň üçin onuň bilen jedelleşmejek boluň. Gaharyňyz gelse-de, ony basmagy başarsaňyz, çagaňyza gowy görelde görkezersiňiz. Siz sabyrly we çydamly bolsaňyz, çagalaryňyzam şeýle etmegi öwrener (Galatýalylar 5:22, 23).
I TOMUŇ 2-NJI BABYNA WE II TOMUŇ 24-NJI BABYNA SEREDIŇ
Çagalaryma geçmişim barada hemme zady gürrüň bermelimi?
Aýdaly, siz maşgala bolup, dost-ýarlaryňyz bilen saçak başynda otyrsyňyz. Gürrüňiň arasynda dost oglanlaryňyzyň biri siziň öň bir gyz bilen halaşandygyňyzy agzyndan sypdyrýar. Şonda siziň ogluňyz ör-gökden gelip: «Bäh, kaka, sen öňem biri bilen halaşdyň-maý?» diýip soraýar. Siz öň bu barada oňa hiç zat gürrüň bermändiňiz. Şonuň üçinem onuň indi hemme zady bilesi gelýär. Şeýle ýagdaýda siz näme ederdiňiz?
Köplenç çaganyň berýän soragyna açyk jogap berseň gowy bolýar. Onsoňam, ol size sorag berip, aýdýan zatlaryňyzy ünsli diňlemäge taýyn bolsa, bu onuň bilen gürrüňdeş bolmaga gowy mümkinçilik dälmi näme?!
Onda çagaňa öz geçmişiň barada hemme zady gürrüň bermelimi? Elbetde, siziň käbir zatlary aýtmaga çekinmegiňiz mümkin. Ýöne, ýeri gelende, ýaşlyk döwrüňizde duş gelen kynçylyklaryňyzy gürrüň berseňiz, çagalaryňyza köp peýda getirip biler. Nädip?
Geliň, bir mysala seredeliň. Pawlus resul: «Dogry zat edesim gelende, erbetlik peýda bolýar... Ne biçäre adam men!» diýip boýun aldy (Rimliler 7:21—24). Ýehowa Hudaý bu sözleriň Mukaddes Ýazgylarda ýazylmagynyň we biziň günlerimize gelip ýetmeginiň aladasyny etdi. Sebäbi ol munuň bize peýdaly boljakdygyny bilýärdi. Sizem Pawlusyň sözleri bilen ylalaşýan bolsaňyz gerek.
Çagalaryňyza durmuşda gelen dogry kararlaryňyz we goýberen ýalňyşlyklaryňyz barada gürrüň berseňiz, olar size has gowy düşünip başlar. Dogry, siz ýaşkaňyz döwür düýbünden başgaça bolandyr. Ýöne zamana üýtgese-de, adamlaryň zerurlyklary we Mukaddes Ýazgylardaky prinsipler üýtgemeýär (Zebur 119:144). Şonuň üçin durmuşda duş gelen kynçylyklaryňyzy we olara nädip döz gelendigiňizi çagalaryňyza gürrüň berseňiz, bu olara-da kynçylyklarynyň hötdesinden gelmäge kömek eder. Kemiron atly oglan şeýle diýýär: «Eneň-ataňam şeýle kynçylyklara duş gelendigini bileniňde, olaryň hem özüň ýaly adamdygyna göz ýetirýärsiň. Soňam durmuşda bir kynçylyk dörese, ejem bilen kakamam şeýle ýagdaýy başdan geçirdimikä diýip oýlanýarsyň».
Duýduryş: Çagaňyza her gürrüňdeşligiň ahyrynda maslahat berjek bolmaň. Dogry, siz bu gürrüňden çagaňyz nädogry netije çykarar ýa-da siziňki ýaly ýalňyşlygy goýberip, soň özüni aklar öýdýänsiňiz. Emma şeýle gürrüňleri etmek bilen çagaňyza nämäni düşündirjek bolýandygyňyzy göni aýdyp: «Şonuň üçin sen bir hiç haçan beýle etmegin» diýmäň. Gaýtam, şol goýberen ýalňyşyňyzyň özüňize nähili täsir edendigini aýdyp: «Wah, wagty yzyna dolap bolýan bolsady, men şol zatlary etmezdim» diýiň. Şonda çagalaryňyz özüne takal okalýan ýaly duýmaz. Olar siziň tejribäňizden wajyp sapak ediner (Efesliler 6:4).
I TOMUŇ 1-NJI BABYNA SEREDIŇ
Çagam meniň bilen gürleşer ýaly näme etmeli?
Çagalaryňyz kiçijikkä, size ähli zady jikme-jik gürrüň berendir. Sorag berseňizem, derrew jogap berendirler. Köplenj-ä olara sorag bermegem gerek bolan däldir. Olar çagaka hemme zady joşup gürrüň beren bolsa, indi olaryň agzyndan bir zady çekip-çekip almalydyr. Belki, siz: «Dostlary bilen gürleşmeli bolsa-ha, agzyna jaň kakylan ýaly... ol meniň bilen näme üçin gepleşmeýärkä?» diýip oýlanýansyňyz.
Çagaňyz siziň bilen açyk gepleşmeýän bolsa: «Ol bizi ene-ata hasabynda görenok, äsgermezçilik edýär» diýip pikir etmäň. Sebäbi häzir olar siziň goldawyňyza hasam mätäç. Onsoňam, geçirilen barlaglara görä, ýetginjekleriň köpüsi ene-atasynyň berýän öwüt-ündewini deň-duşlarynyň ýa-da başga adamlaryň maslahatyndan has gymmat saýýar.
Onda olar näme üçin size ýüregini açasy gelmeýärkä? Geliň, käbir ýaşlaryň aýdan sözlerine seredip, olaryň ene-atasy bilen gepleşmäge näme üçin ýaýdanýandygyny bileliň. Soňra siz olaryň hersiniň aşagynda getirilen soraglar barada oýlanyp, aýatlary açyp okap bilersiňiz.
«Kakamyň şeýle-de derdi başyndan agdyk bolansoň, men-ä onuň ýanyna bir gürrüňim bar diýip barmaga-da ýaýdanýaryn. Onuň işindäki we ýygnakdaky aladalaram özüne ýetik. Şonuň üçin onuň bilen gürleşmäge hiç maý tapyp bolanok» (Andre).
«Menem bilgeşleýin etmesem-de, çagalarym bilen gürleşmäge-de wagtym ýok ýaly hemişe başagaý bolup geçýärmikäm? Onda olar meniň ýanyma arkaýyn gelip biler ýaly näme etse bolar? Olar bilen haçan gürleşsem gowy bolarka?» (Kanun taglymaty 6:7).
«Bir gün men aglap, ejeme mekdepde biri bilen dawalaşandygymy gürrüň berdim. Ejem maňa teselli berer öýtdüm, ýöne ol meniň özüme käýedi. Şondan soň men oňa gaýdyp hiç zat gürrüň bermedim» (Kenji).
«Çagam maňa kynçylygyny gürrüň berende, özümi nähili alyp barýaryn? Oňa düzediş bermeli bolsa-da, ilki, ony ünsli diňläp, ýagdaýyna düşünjek bolýarynmy?» (Ýakup 1:19).
«Her gezek gürleşenimizde, ejem bilen kakam gaharlanmajakdygyny aýdýarlar-da, soňam gaşyny çytyp başlaýarlar. Şonda men özümi aldanan ýaly duýýaryn» (Reýçel).
«Çagamyň aýdýan zady göwnüme ýaramasa-da, gaharymy nädip basyp bilerin?» (Süleýmanyň tymsallary 10:19).
«Men her gezek ejeme içimi döküp, syrymy paýlaşanymda, ol muny bar joralaryna jar edip çykýardy. Şonuň üçinem oňa köp wagtlap ynanyp bilmedim» (Şantela).
«Çagamyň maňa ynanyp gürrüň beren zatlaryny başgalara ýaýratman, onuň duýgusyny göz öňünde tutýandygymy görkezýärinmi?» (Süleýmanyň tymsallary 25:9).
«Men ejem bilen kakama köp zatlary gürrüň beresim gelýär. Gürrüňe başlanymda, olar „hä-hawasyny“ ýetirse bolýar» (Kortni).
«Men çagam bilen gepleşmek üçin, ilki özüm söz açýarynmy? Biz haçan gürleşsek has amatly bolar?» (Wagyz kitaby 3:7).
Siz ýanýoldaşyňyz bilenem, çagaňyz bilenem araňyzy sazlap bilersiňiz. Geliň, Ýaponiýada ýaşaýan 17 ýaşly Ýunko atly gyzyň mysalyna seredeliň. Ol şeýle gürrüň berýär: «Bir gezek men ejeme dogan-uýalaryň arasynda däl-de, klasdaşlarymyň ýanynda özümi arkaýyn duýýandygymy aýtdym. Şol günüň ertesi ejem meniň stolumyň üstünde hat goýupdyr. Ol hatynda özüniňem öňler dogan-uýalaryň arasynda jora tapynyp bilmän gezendigini ýazypdyr. Şeýle-de ol hiç kimiň goldawy bolmasa-da, Hudaýa wepaly gulluk eden Mukaddes Ýazgylarda agzalýan adamlary ýatladypdyr. Onsoňam, ol meniň gowy dostlary tapynmak üçin köp tagalla edendigimi aýdyp öwüpdir. Ejemiňem meniňki ýaly kynçylyga duş gelendigini bilenimde, gaty haýran galyp, gözüme ýaş aýlandy. Ejemiň aýdan zatlary meni gaty ruhlandyrdy. Şonda men dogry ýoldan sowulmazlygy berk ýüregime düwdüm».
Ýunkonyň mysalyndan görnüşi ýaly, ýetginjekler ene-atalarynyň olary tankytlamajakdygyny we ýazgarmajakdygyny anyk bilseler, ýüregini dökmäge ýaýdanyp durmaýarlar. Ýöne çagaňyz siziň bilen göwünli-göwünsiz ýa-da gaharly gürleşse näme? Şeýle ýagdaýda sizem onuň ýüzüni alyp, gaharly geplemäň (Rimliler 12:21; 1 Petrus 2:23). Gaýtam, gepleýşiňiz we özüňizi alyp barşyňyz bilen çagaňyza gowy görelde görkezjek boluň.
Ýetginjeklik döwri çaganyň akylynyň goýalyşyp başlaýandygyny unutmaň. Psihologlar şol döwürde ýetginjekleriň özüni alyp barşynyň üýtgäp durýandygyny aýdýarlar. Olar bir görseň-ä edil çaga ýaly, bir görseňem, uly adam ýaly hereket edýärler. Eger siziňem ogluňyz ýa gyzyňyz käte özüni çaga ýaly alyp barýan bolsa näme edip bilersiňiz?
Ony derrew tankytlap başlamaň ýa-da özüňizem çaga ýaly dawalaşyp durmaň. Gaýtam, ýetginjek çagaňyza uly adam ýaly garajak boluň (1 Korinfliler 13:11). Meselem, ol käwagt ýaşlyk edip: «Siz maňa hemişe iňirdäp ýörsüňiz» diýse, oňa gaharyňyz gelmegi mümkin. Ýöne gaharyňyzy basmasaňyz, çagaňyz bilen asuda gürleşip bilmersiňiz, netijede, dawalaşyp başlamagyňyzam mümkin. Şonuň üçin siz oňa: «Häzir sen gaharly, gel, biraz köşeşeňsoň gürleşeli» diýip bilersiňiz. Şeýle etseňiz, siz öz gaharyňyzam saklarsyňyz we araňyzda dawa däl-de, gowy gürrüňdeşlik bolar.
I TOMUŇ 1, 2-NJI BAPLARYNA SEREDIŇ
TERTIP-DÜZGÜN
Men çagamdan öýe wagtynda gelmegi talap etmelimi?
Bu soraga jogap bermek aňsat bolar ýaly, geliň, bir ýagdaýy göz öňüne getireliň. Aýdaly, siziň ogluňyzyň öýe gelmeli wagtyndan eýýäm ýarym sagat geçdi. Birdenem gapy ýuwaşlyk bilen açylýar. Şonda siz: «Hä, bujagaz oglan biz eýýäm ýatandyrys öýdýändir» diýip, içiňizi gepledýärsiňiz. Ýöne bu wagt siziň gözüňize uky gelenok. Onuň geler wagty golaýlanyndan, siz gapyň agzyna geçip, gözüňizi ýola dikip otyrsyňyz. Gapy doly açylyp, ogluňyz öýe girende, onuň size gözi düşýär. Indi siz oňa näme diýersiňiz? Özüňizi nähili alyp bararsyňyz?
Şeýle ýagdaýda siz: «Aý, erkek oglandyr-da» diýip, onuň bu hereketine kän bir üns bermänem bilersiňiz. Ýa-da has gaharlanyp: «Sen gaýdyp öýden hiç ýere çykmarsyň» diýip, oňa berk käýinjem berip bilersiňiz. Ýöne göni gahar-gazaba atlanmaň-da, ilki, çagaňyzy diňläp görüň, belki, onuň gijä galmagynyň degerli sebäbi bardyr. Soňra siz oňa bu ýagdaýdan wajyp sapak edinmäge kömek edip bilersiňiz. Nädip?
Maslahat: Oňa bu mesele barada ertir gürleşjekdigiňizi aýdyň. Ertesi bolsa amatly wagt tapyň-da, onuň bilen oturyp, açyk gepleşiň. Käbir ene-atalar, ine, şeýle usuly ulanýar: eger çaga ýene bir gezek öýe gijä galyp gelse, onuň öýe gelmeli wagtyny öňküdenem ýarym sagat bärik süýşürýärler. Ýöne ol öýe wagtynda gelip, özüniň ynamdardygyny görkezse, ene-atalar oňa has köpräk erkinlik berip, käwagt öýe biraz gijiräk gelmäge-de rugsat berýärler. Emma çagaňyz özüniň öýe näçede gelmelidigini anyk bilmeli. Eger ol bu goýlan düzgüne eýermese, oňa nähili çäre görjekdigiňizi açyk düşündiriň we aýdyşyňyz ýaly hem ediň.
Emma ýadyňyza düşýän bolsa, Mukaddes Ýazgylarda: «Goý, siziň paýhaslylygyňyz hemmelere görünsin» diýip maslahat berilýär (Filipililer 4:5). Şonuň üçin çagaňyzyň öýe näçede gelmelidigini kesgitlemezden öň, bu babatda onuň özi bilenem maslahatlaşyp, pikirini biliň. Onuň aýdan zatlary barada oýlanyň. Eger ol özüniň ynama mynasypdygyny görkezýän bolsa, onuňam islegini göz öňünde tutjak boluň.
Hawa, durmuşda ähli zady öz wagtynda etmeli. Sizem çagaňyzyň öýe belli bir wagtda gelmegini talap etmek bilen, ony diňe bir abanýan howplardan goraman, eýsem, uly adam bolup ýetişende has gerek boljak häsiýetleri hem ösdürmäge kömek edýärsiňiz (Süleýmanyň tymsallary 22:6).
I TOMUŇ 3-NJI BABYNA WE II TOMUŇ 22-NJI BABYNA SEREDIŇ
Çagamyň geýnişi göwnüme ýaramaýan bolsa näme etmeli?
Şu kitabyň 77-nji sahypasyndaky mysaly okap görüň. Aýdaly, Helen siziň gyzyňyz. Siz onuň geýen eşigini görüp, ör-gökden gelýärsiňiz-de: «Häziriň özünde git-de, eşigiňi çalyş. Ýogsam, gapydan aýagyňam sekmersiň!» diýýärsiňiz. Siz şeýdip, oňa öz diýeniňizem etdirip bilersiňiz. Onsoňam, gygyryp dursaňyz, gyzyňyz nalaç eşigini çalyşmaly bolar. Ýöne munuň bilen onuň garaýşy üýtgärmikä? Eýsem, onuň ýüregine nädip täsir edip bolar?
● Birinjiden, gyzyňyzyň özüniň hem gelşiksiz egin-eşikleri geýip, adamlaryň gepine galmak islemeýändigini unutmaň. Aslynda, olam özüne ýeňilkelle diýdiresi gelmeýär ýa-da başgalaryň ünsüni çekjek bolmaýar. Şol sebäpli siz onuň bilen ýumşak hem-de sabyrly gürleşip, göze ilginç zatlary geýmegiň gelşiksizdigini düşündiriňb. Şeýle-de nähili egin-eşikleri geýse gowy boljakdygyny maslahat beriň.
● Ikinjiden, paýhasly boluň. Özüňize: «Aslynda, bu egin-eşik Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere garşy gelýärmi ýa-da muny diňe meniň özüm halamaýarynmy?» diýen soragy berip, oýlanyp görüň (2 Korinfliler 1:24; 1 Timoteos 2:9, 10). Eger çagaňyzyň geýýän zady ýöne bir siziň göwnüňize ýaramaýan bolsa, onda biraz eglişik etseňiz gowy bolmazmy?
● Üçünjiden, çagaňyza diňe bir geýýän zadynyň gowy däldigini aýtmak bilen çäklenmäň. Oňa gelşikli we salykatly egin-eşikleri saýlamaga kömek ediň. Siz onuň bilen şu kitabyň 82, 83-nji sahypalaryndaky çarçuwa hem seredip bilersiňiz. Ene-atalar, siziň edýän tagallalaryňyz hökman ýerine düşer!
I TOMUŇ 11-NJI BABYNA SEREDIŇ
Çagama kompýuter oýunlaryny oýnamaga rugsat bermelimi?
Siziň ýaşlyk döwrüňizden bäri bu oýunlar babatda gaty köp zat üýtgedi. Siz öz çagaňyza käbir howplary görmäge we olardan gaça durmaga nädip kömek edip bilersiňiz?
Siz oňa täze çykan oýunlary oýnamagy düýbünden gadagan etseňiz ýa-da şol oýunlaryň hemmesiniň wagtyňy alýan biderek zatdygyny aýtsaňyz, bu hiç hili gowy netije bermez. Onsoňam, oýunlaryň ählisine erbet diýip bolmaz. Ýöne olar adamy gaty özüne çekip bilýär. Şonuň üçin sizem çagaňyzyň şol oýunlara näçe wagt sarp edýändigini we nähili oýna gyzykýandygyny anyklajak boluň. Siz oňa şeýle soraglary hem berip bilersiňiz:
● Klasdaşlaryň köplenç haýsy oýny oýnaýar?
● Ony nädip oýnamaly?
● Bu oýny näme üçin hemmeler gowy görýärkä?
Belki, çagaňyz kompýuter oýunlary barada siziň pikir edişiňizdenem köp zatlary bilýändir. Ol hatda siziň erbet hasaplaýan oýunlaryňyzy hem oýnaýan bolmagy mümkin. Eger şeýle bolsa, onda oňa derrew käýäp başlamaň. Gaýtam, mümkinçilikden peýdalanyp, oňa ýagşyny we ýamany saýgarmagy öwretjek boluň (Ýewreýler 5:14).
Çagaňyza erbet zatlaryň näme üçin gaty özüne çekiji bolýandygyny düşündirmek üçin, käbir soraglary beriň. Mysal üçin, siz oňa şeýle diýip bilersiňiz:
● Saňa bir oýny oýnamaga rugsat berilmese, gaharyň gelýärmi?
Ýaşlaryň käbiri belli bir oýny deň-duşlarynyň ýanynda gürrüň edere zady bolar ýaly oýnaýar. Eger siziňem çagaňyz diňe şol zatlar üçin oýnaýan bolsa, onda: «Näme-de bolsa, bu zalymlygy ýa ahlaksyzlygy görjek bolub-a oýnanok» diýip, oňa öte gaharlanmarsyňyz (Koloslylar 4:6).
Ýöne çagaňyz, dogrudanam, şol oýundaky erbet zatlara gyzygýan bolsa näme? Ýetginjekleriň köpüsi oýundaky gan döküşikligiň olara kän bir täsir etmeýändigini aýdyp, özlerini aklaýarlar. Olar: «Bu bir ýöne oýun ahyry. Men adamy hakykatdan öldüremog-a!» diýýärler. Eger siziňem çagaňyz şeýle pikir edýän bolsa, oňa Zebur 11:5-i okap berip, Hudaýyň diňe bir erbet adamy däl, eýsem, zorlugy söýýäni hem ýigrenýändigini düşündiriň. Mukaddes Ýazgylarda ýazgarylýan ahlaksyzlyk ýaly başga erbet işler barada hem şeýle diýse bolar (Zebur 97:10).
Çagaňyz kompýuter oýunlaryna özüni aldyran bolsa, şu maslahatlara eýerjek boluň:
● Oňa bir otagda gapyny ýapyp, oýun oýnamaga rugsat bermäň.
● Belli bir düzgünleri goýuň. Mysal üçin, öý işlerini doly gutarman, nahar iýmän ýa-da başga-da wajyp işleri etmän, oýun oýnamaly däldigini aýdyň.
● Kompýuter oýunlaryna garanyňda, bedeniňi herekete getirýän oýunlaryň peýdalydygyny nygtap geçiň.
● Çagalaryňyzyň oýnaýan oýnuny görüň, has gowusy, käwagt olar bilen özüňizem oýnaň.
Elbetde, çagaňyza nähili dynç almalydygyny öwretmek üçin, siziň özüňizem gowy görelde görkezmeli. Şonuň üçin: «Men nähili telegepleşikleri we kinolary görýärin?» diýip oýlanyp görüň. Eger siz ikiýüzli durmuş alyp barýan bolsaňyz, çagalaryňyz muny derrew biler.
II TOMUŇ 30-NJY BABYNA SEREDIŇ
Çagamy kompýuteriň başyndan, telefondan ýa-da başga elektron enjamdan aýryp bolmaýan bolsa näme etmeli?
Siziň çagaňyz Internete, SMS ýazyşmaga çendenaşa köp wagt sarp edýärmi? Ýa-da hemişe aýdym diňläp ýörýärmi? Eger şeýle bolsa, onda siz näme edip bilersiňiz?
Siz onuň telefonyny ýa-da şoňa meňzeş zatlaryny elinden alyp hem bilersiňiz. Ýöne elektron enjamlarynyň hemmesine erbet diýip bolmaz. Onsoňam, siziň özüňizem ene-atalaryňyzyň ulanmadyk enjamlaryndan peýdalanýansyňyz. Şonuň üçin degerli bir sebäp bolmasa, çagaňyzyň elinden zadyny almaň, gaýtam, ony paýhasly ulanmagy öwretjek boluň. Ýöne muny nädip etmeli?
Çagaňyz bilen oturyp, açyk gürleşiň. Ilki bilen, özüňiziň näme üçin biynjalyklanýandygyňyzy aýdyň. Onuň aýdýan zatlaryny hem ünsli diňläň (Süleýmanyň tymsallary 18:13). Soňra bu meseläni nädip çözjekdigiňiz barada maslahatlaşyň. Çagaňyza belli bir çäkleri goýmaga ýaýdanmaň, ýöne paýhasly boluň. Elina atly bir gyz şeýle diýýär: «Men köp wagtymy SMS ýazyşyp geçirýärdim. Şonda ejem bilen kakam meniň telefonymy elimden almadylar-da, ýumşaklyk bilen düşündirdiler. Bu maňa SMS ýazyşmaga çendenaşa köp üns bermezlige kömek etdi. Indi men ejem bilen kakamyň ýanymda ýok wagty hem paýhasly hereket edip bilýärin».
Ýöne çagaňyz özüni aklap başlasa näme? Siziň beren maslahatlaryňyz onuň bir gulagyndan girip, beýlekisinden çykandyr öýtmäň. Sabyrly bolup, oňa siziň aýdan zatlaryňyz barada oýlanmaga wagt beriň. Belki, ol siziň bilen eýýäm ylalaşýandyram, wagt geçse, düzelibem başlar. Heýli atly bir gyz şeýle diýýär: «Ejem bilen kakam kompýuteri çendenaşa köp ulanýandygymy aýdanda, başda gaty gördüm. Ýöne soň bu zatlar barada köp oýlanyp, olaryň aýdýanynyň janynyň bardygyna düşündim». Ýaşlaryň köpüsi ene-atasynyň berýän maslahatynyň peýdalydygyna göz ýetirýär.
I TOMUŇ 36-NJY BABYNA SEREDIŇ
ERKINLIK
Çagama näçeräk erkinlik bermeli?
Çaganyň özbaşdaklygy barada gürrüň edilende, belli bir zat aýtmak kyn bolýandyr. Mysal üçin, siziň ogluňyz ýeke özi gapysyny ýapyp otyrka, onuň otagyna göni girseňiz dogry bolarmy? Ýa-da gyzyňyz mekdebe ýetişjek bolup, öýde telefonyny galdyryp giden bolsa, siz onuň SMS-lerini okamalymy?
Elbetde, bu soraglara jogap bermek aňsat däl. Ene-ata bolanyňyz üçin, çagaňyzyň durmuşynda bolup geçýän zatlary bilmäge siziň hakyňyz bar. Şeýle-de siz olary abanýan howplardan goramaly. Emma siz çagaňyzyň her äden ädimini yzarlap, gözegçilik edip bilmeýärsiňiz. Onda nädip paýhasly hereket etse bolar?
Birinjiden, şu wajyp zada düşünjek boluň: çagaňyz biraz özbaşdak bolmak isleýän bolsa, bu onuň hökman erbetlik etjekdigini aňlatmaýar. Aslynda, özbaşdak bolmak islegi ösüp barýan çaga mahsus häsiýet bolýar. Çagalaryň ähli zady özleri edip göresi gelýär. Olar dostlarynam özleri saýlamak isleýärler, «pikirlenmek ukybyny ulanyp», kynçylyklarynam özleri çözjek bolýarlar (Rimliler 12:1, 2). Hawa, biraz özbaşdak hereket etmek ýetginjeklere aň-düşünjesini artdyryp, jogapkärli adam bolup ýetişmäge kömek edýär. Käwagt bolsa olar wajyp zatlar barada oýlanyp, belli bir karara gelmek üçin ýeke galmak isleýärler (Süleýmanyň tymsallary 15:28).
Ikinjiden, ýetginjek çagaňyzyň her äden ädimini yzarlap ýörseňiz, onuň göwnüne degersiňiz we ol soňabaka size asla gulak asman başlar (Efesliler 6:4; Koloslylar 3:21). Onda çagany başyna goýberäýmelimi? Elbetde, ýok. Sebäbi nähili bolaýanda-da, siz onuň ene-atasy bolup galýarsyňyz. Siziň esasy maksadyňyz çagaňyza ynsabyny terbiýelemäge kömek etmekdir (Kanun taglymaty 6:6, 7; Süleýmanyň tymsallary 22:6). Ýöne onuň her äden ädimini barlap, ýüregine düşüp ýörmän, ýumşaklyk bilen görkezme berseňiz gowy bolar.
Üçünjiden, çagaňyz bilen açyk gepleşiň. Onuň gaýgy-aladasyny ünsli diňläň. Siz oňa käte eglişik edip bilermisiňiz? Çagaňyz ynamyňyzy ödese, oňa biraz erkinlik berjekdigiňizi aýdyň. Şeýle-de gulak asmasa, nähili çäre görjekdigiňizi düşündiriň we aýdyşyňyz ýaly hem ediň. Elbetde, siz çagaňyzyň aladasyny edýänsiňiz. Ýöne oňa az-kem erkinlik hem berip bilersiňiz.
I TOMUŇ 3, 15-NJI BAPLARYNA SEREDIŇ
Çagamyň mekdepde okasy gelmeýän bolsa näme etmeli?
Ýaşlaryň käbiri: «Mugallymlar şeýle bir ýüregedüşgünç! Olar öý işi gaty köp berýärler. Gowy baha aljak bolsaňam garagörgi, aslynda, şeýdip kelläňi agyrdyp okamak nämä gerek?!» diýýärler. Olar durmuşyny dolandyrmak üçin gerekli zatlary doly öwrenmäkäler, okuwyny taşlajak bolýarlar. Eger siziňem çagaňyz mekdebi taşlajak bolýan bolsa näme edip bilersiňiz? Aşakdaky maslahatlara eýerjek boluň:
● Özüňiziň okuwa nähili garandygyňyz barada oýlanyp görüň. Siz oňa ýöne bir wagtyňy alýan zat ýaly seredýärdiňizmi? Özüňizi belli bir möhlete çenli türmä salnan ýaly duýýardyňyzmy? Belki, siz: «Şu zatlardan sag-aman dynsam, öz isleýşimçe ýaşaryn» diýip pikir edensiňiz. Häzir çagaňyzam okuwa şeýle garaýan bolmagy mümkin. Emma ol mekdebi taşlaman, doly bilim alsa, sagdyn düşünjeli we paýhasly bolup, durmuşda goýan maksatlaryna ýetip biler (Süleýmanyň tymsallary 3:21).
● Çagaňyza okamak üçin amatly şertleri dörediň. Çagalaryň arasynda gowy okajaklary hem bar, ýöne olar, aslynda, okamagyň nämedigine-de düşünmeýärler ýa-da olara amatly şert döredilip berilmeýär. Çaga gowy okar ýaly, oňa hat ýazylýan stol, gözleg geçirilýän esbaplary bermeli we jaýyň içi ýagty bolmaly. Çagaňyz arkaýyn oýlanyp, öwrenýän zadyny çuňňur özleşdirip biler ýaly amatly şertleri döretseňiz, onuň mekdepde-de gowy okamagyna, ruhy taýdanam ösmegine kömek edersiňiz (1 Timoteos 4:15-i deňeşdiriň).
● Çagaňyzyň durmuşy bilen ýürekden gyzyklanyň. Mugallymlaryň size hiç hili ýamanlygynyň ýokdugyna düşünip, olara dost ýaly garajak boluň. Olaryň hersiniň adyny biliň, wagtal-wagtal görşüp, gepleşip duruň. Olara çagalaryňyzyň nähili maksatlarynyň we kynçylyklarynyň bardygyny gürrüň beriň. Eger çagaňyzyň ýetişigi pes bolsa, munuň sebäbini anyklajak boluň. Mysal üçin, ol gowy okap başlasa, klasdaşlary onuň üstünden düşüp, ýaňsylar öýdýärmi? Ýa-da ol mugallymy bilen düşünişip bilenokmy? Mekdepde geçilýän sapaklar oňa agyr düşýärmi? Belki, gözüniň gowy görmeýändigi ýa-da akyl ýetiriş ukybynyň pesdigi üçin, oňa okamak kynrak bolýandyr.
Çagaňyzyň okuwy bilen içgin gyzyklanyp, oňa näçe köp kömek etseňiz, ol şonça-da gowy okar, ruhy taýdanam çalt öser (Zebur 127:4, 5).
I TOMUŇ 19-NJY BABYNA SEREDIŇ
Çagamyň özbaşdak ýaşap başlamaga taýyndygyny nädip bilmeli?
Şu kitabyň 7-nji babynda agzalan Serena ene-atasyndan aýry ýaşamaga ýaýdanýar. Ol muny şeýle düşündirýär: «Men öz gazanan puluma bir satyn aljak bolsamam, kakam maňa rugsat bermeýär. Ol näme alyp, näme goýmalydygyny özüniň çözýändigini aýdýar. Şonuň üçinem öýden gitsem, öz günümi özüm dolap bilmerin öýdüp gorkýaryn». Elbetde, Serenanyň kakasynyň ýagşy niýeti bardyr. Ýöne ol şeýle etmek bilen, gyzynyň gelejekde gowy öý hojalykçy aýal bolmagyna kömek edýärmikä? (Süleýmanyň tymsallary 31:10, 18, 27).
Sizem çagalaryňyzy hemişe goraglap gezýän bolsaňyz, olar öz gününi özi görmegi öwrenip bilmez. Şol sebäpli aşakdaky 4 bölüme seredip, çagalaryňyz barada oýlanyp görüň. Bu bölümler 7-nji bapdaky «Men öýden gitmäge taýynmy?» diýen sözbaşynyň aşagynda hem getirilipdi.
Puly tygşytly sowmak. Siziň uly çagalaryňyz hökümete jaý, tok ýa-da gaz üçin nädip pul tölemelidigini bilýärmi? (Rimliler 13:7). Olar bankdan karz pul almagyň jogapkärçiligi talap edýändigine düşünýärmi? (Süleýmanyň tymsallary 22:7). Girdejilerini hasaplap, gazanan puluna görä ýaşap bilýärmi? (Luka 14:28—30). Olar gara zähmeti bilen gazanan zatlarynyň hözirini görüp begenýärmi? Esasanam, başgalara kömek etmek üçin, wagtyny we serişdesini sarp etmekden şatlyk tapýarmy? (Resullaryň işleri 20:35).
Öýüň işlerini etmek. Siziň gyzyňyzam, ogluňyzam nahar bişirip bilýärmi? Olar eşiklerini ýuwmagy we ütüklemegi başarýarmy? Eger maşyn sürýän bolsalar, ýagyny hem-de tekerini çalyşmak ýaly ownuk-uşak işlerini özi edip bilýärmi?
Adamlar bilen oňşukly ýaşamak. Uly ýaşly çagalaryňyz öz aralarynda sene-mene etseler, her gezek olaryň dawasyny özüňiz çözüp berýärsiňizmi? Ýa-da olara düşünişmezligi asudalykda çözmegi öwredip, soňra munuň nähili netije berendigini size gelip gürrüň bermäge höweslendirýärsiňizmi? (Matta 5:23—25).
Mukaddes Ýazgylary öwrenmek we Hudaýa sežde etmek. Siz çagalaryňyza nämä ynanmalydygyny göni aýdýarsyňyzmy ýa-da olary bu ýoluň hakykatdygyna ynandyrjak bolýarsyňyzmy? (2 Timoteos 3:14, 15). Olaryň dine ýa ahlak kadalaryna degişli soraglaryna hemişe özüňiz jogap berip oturman, «düşünjeli» bolmaga kömek etjek bolýarsyňyzmy? (Süleýmanyň tymsallary 1:4). Mukaddes Ýazgylary öwrenip, şahsy okuw geçirmek babatda çagalaryňyzyň sizden görelde almagyny isleýärsiňizmi? Ýa-da siziň özüňizem bu zatlara sowuk-sala garaýarsyňyzmy?c
Elbetde, ýokarda agzalan zatlary göz öňünde tutup, çagalara terbiýe bermek üçin güýç hem-de wagt sarp etmeli bolar. Emma bu siziň eden tagallaňyza deger. Çagalaryňyz öýli-işikli bolup, aýry ýaşap başlanda, siziň beren edep-terbiýäňize ýürekden minnetdar bolar.
I TOMUŇ 7-NJI BABYNA SEREDIŇ
JYNSY GATNAŞYK WE DUŞUŞMAK
Men çagam bilen jynsy gatnaşyk barada gürrüň etmelimi?
Çagalar jynsy gatnaşyklar barada gaty ýaşlygyndan eşidýärler. Mukaddes Ýazgylarda biziň günlerimiziň «juda kyn» boljakdygy we adamlaryň «özüne erk edip» bilmejekdigi hem-de «Hudaýy däl-de, lezzeti söýjekdigi» öňünden aýdylypdy (2 Timoteos 3:1, 3, 4). Şu günler islän adamyň bilen jynsy gatnaşyk etmekligiň giňden ýaýrandygy bu pygamberligiň ýerine ýetýändigini subut edýär.
Häzirki döwür siziň ýaş wagtyňyzdakydan gaty tapawutlanýanam bolsa, käbir zatlar öňküligine galdy. Şol sebäpli çagalaryňyza daş-töwerekdäki adamlar erbet täsir eder diýip, çendenaşa biynjalyklanmaň. Gaýtam, Pawlus resuldan görelde alyp, çagalaryňyza kömek etjek boluň. Pawlus resul 2 müň ýyl mundan öň mesihçilere: «Iblisiň hilelerine garşy durup biler ýaly, Hudaýyň söweş üçin berýän ähli ýaraglaryny dakynyň» diýip ündedi (Efesliler 6:11). Aslynda, ýaş mesihçileriň köpüsi daş-töwerekdäki adamlaryň erbet täsirine garşy durup, dogry ýoldan ýöremek üçin jan edýärler. Olaryň edýän bu tagallalary öwgä mynasypdyr! Siz hem öz çagalaryňyza erbetlikden gaça durmaga nädip kömek edip bilersiňiz?
Munuň üçin, şu kitabyň 4-nji bölüminde getirilen baplary we II tomuň (rusça) 1, 7-nji bölümlerini çagalaryňyz bilen ara alyp maslahatlaşsaňyz gowy bolar. Bu baplarda oýlandyryjy aýatlar getirilýär. Olaryň käbirinde dogry karara gelip, köp bereket alan we Hudaýyň kada-kanunlaryny äsgermezlik edip, munuň ajy miwesini dadan adamlaryň mysallary beýan edilýär. Käbir aýatlardaky prinsipler bolsa çagalaryňyza Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşamagyň olaryň özlerine-de, size-de nähili peýda getirýändigine düşünmäge kömek eder. Şonuň üçin olary çagalaryňyz bilen okasaňyz peýdaly bolar.
I TOMUŇ 23, 25, 32-NJI BAPLARYNA WE II TOMUŇ 4—6, 28, 29-NJY BAPLARYNA SEREDIŇ
Men çagama duşuşyp başlamaga rugsat bermelimi?
Çagaňyza iru-giç kimdir biri duşuşmagy teklip eder. Filip atly oglan şeýle diýýär: «Özüň hiç zat diýmeseňem, gyzlar saňa duşuşmagy teklip edýär. Şonda „Men näme etsemkäm?“ diýip pikirlenip başlaýaryn. Gyzlaryň käbiri gaty owadan bolansoň, olara „ýok“ diýmäge-de diliň barmaýar».
Şol sebäpli duşuşmak barada çagaňyz bilen açyk gürleşseňiz gowy bolar. Siz II tomuň 1-nji babyny hem ulanyp bilersiňiz. Ogluňyzyň ýa-da gyzyňyzyň mekdepde we ýygnakda nähili kynçylyklara duş gelýändigini biljek boluň. Çagaňyz bilen ýöne wagtam maý tapyp, «öýde-de, ýolda-da» gürleşjek boluň (Kanun taglymaty 6:6, 7). Nähili bolaýanda-da, «diňlemäge taýyn» bolup, «geplemäge howlukmaň» (Ýakup 1:19).
Ogluňyz ýa gyzyňyz birini halaýandygyny aýtsa, gaharlanmaň. Bir ýetginjek gyz şeýle gürrüň berýär: «Kakam meniň bir oglan bilen duşuşýandygymy eşidende, gaty gahary geldi. Ol meni gorkuzjak bolup: „Sen şu wagt durmuşa çykmaga taýynmy näme?“ diýip, sorag baryny ýagdyryp başlady. Emma şeýle ýagdaýda duşuşmagyňy dowam edip, eneň-ataň sözüni ýalana çykarasyň gelýär».
Öýüňizde çagaňyz bilen duşuşmak meselesi boýunça asla gürrüň etmeýän bolsaňyz, ol sizden çekinip, gizlin duşuşyp başlamagy mümkin. Bir gyz şeýle diýýär: «Ene-atalar çagalarynyň kimdir biri bilen duşuşýanyny bilip, gaty gaharlansa, çagalar duşuşmagyny bes etmeýärler-de, ony ýaşyrjak bolýarlar. Şeýdibem, olar gizlinlikde duşuşyp başlaýarlar».
Emma çagaňyz bilen açyk gürrüňdeş bolsaňyz köp peýda berer. 20 ýaşly Britani şeýle diýýär: «Enem-atam duşuşmak barada meniň bilen hemişe açyk gürleşýärdiler. Olar meniň kimi halaýandygymy bilesleri gelýärdi. Meniň pikirimçe, bolmalysy hem şeýlemikä diýýärin. Kakam meniň göwnüme ýaraýan adam bilen gürleşip görüp, onuň haýsy häsiýetlerini halamadyk bolsa, soň maňa gürrüň berýärdi. Şonuň üçinem başda birini halan bolsamam, onuň bilen duşuşyp başlamankam, biri-birimize mynasyp däldigimize göz ýetirýärin».
II tomuň 2-nji babyny okap, siz: «Meniňem gyzym ýa oglum gizlinlikde duşuşýarmyka?» diýip oýlanyp başlamagyňyz mümkin. Geliň, käbir ýaşlaryň näme üçin gizlinlikde duşuşýandygy barada aýdan sözlerine seredeliň. Soňra aşakdaky soraglar barada hem oýlanyp bilersiňiz.
«Käbir çagalara öýünde söýgi-mähir siňdirilmänsoň, olar kimdir biri bilen duşuşyp başlajak bolýarlar» (Wendi).
Siz ene-ata hökmünde çagalaryňyzyň duýgusy barada ýeterlik derejede alada edýärsiňizmi? Siz bu babatda nähili özgerişlikleri etmeli?
«Men 14 ýaşymdakam, mekdebimizde bir oglan maňa duşuşmagy teklip etdi. Menem oňa bolýar diýdim. Sebäbi halaşýan oglanyň bilen el tutuşyp gezmek gowumyka öýdýärdim» (Diýana).
Eger Diýana siziň gyzyňyz bolan bolsa, onuň bu sözlerine nähili garardyňyz?
«El telefonlar gizlinlikde duşuşmaga gaty gowy kömek edýär. Eneň-ataň hiç zatdan habaram bolmaýar» (Anita).
Çagaňyz el telefonyny göterýän bolsa, siz oňa nähili çäk goýup bilersiňiz?
«Eger ene-atalar çagalarynyň näme edýändigine we kim bilen tirkeşýändigine üns bermeseler, olar gizlinlikde kimdir biri bilen duşuşyp başlaýarlar» (Tomas).
Käbir ýagdaýlarda çagaňyza erkinlik berseňizem, ony has başyna goýbermez ýaly näme edip bilersiňiz?
«Köplenç ene-atalar öýünde çagalarynyň ýanynda bolmaýarlar. Ýa-da olar çagalaryny çem gelen adam bilen gezelenje goýberýärler» (Nikolas).
Siz çagalaryňyzyň ýakyn dostdur joralaryny tanaýarsyňyzmy? Dost-ýarlary bilen dynç alanda, çagaňyzyň näme bilen meşgullanýandygyndan habaryňyz barmy?
«Ene-atalar çagalaryny has berk tutsa, olar gizlinlikde duşuşyp başlaýar» (Paul).
Siz Mukaddes Ýazgylardaky kanunlary we prinsipleri bozman, çagalaryňyza nädip eglişik edip bilersiňiz? (Filipililer 4:5).
«Ýetginjek döwrüm özüme kän bir ynamym ýokdy. Şol sebäpli özüme has köp üns bermeklerini isleýärdim. Men başga bir ýygnakdaky oglan bilen Internetde hat ýazyşyp başladym we oňa göwün berdim. Men onuň ýanynda özümi gerekli duýýardym» (Linda).
Siziň pikiriňizçe, Linda özüni gerekli duýar ýaly, maşgala agzalary oňa nädip kömek edip bilerdi?
Ogluňyz ýa-da gyzyňyz bilen şu goşmaça maglumaty we II tomuň 2-nji babyny okap, ara alyp maslahatlaşsaňyz gowy bolmazmy? Çagaňyz bilen ýürekden gyzyklanyp, açyk gürleşseňiz, ol sizden hiç zady ýaşyrmaz (Süleýmanyň tymsallary 20:5).
II TOMUŇ 1—3-NJI BAPLARYNA SEREDIŇ
ÝARAMAZ DUÝGULAR
Çagam öz janyna kast etmek barada gürrüň edýän bolsa näme etmeli?
Käbir ýurtlarda öz janyna kast edýän ýaşlaryň sany gitdigiçe köpelýär. Mysal üçin, ABŞ-da 15—25 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň üçden biri öz janyna kast edip ölýär. Soňky 20 ýylyň içinde bolsa 10—14 ýaşly ýetginjekleriň arasynda öz janyna kast edýänleriň sany öňküden 2 esse artdy. Ýaşlaryň köpüsi, esasanam, akyl taýdan näsazlygy bolandygy ýa-da dogan-garyndaşlarynyň biri janyna kast edendigi üçin özüni öldürmek barada pikir edýär. Olaryň arasynda öň öz janyna kast etmäge synanyşanlary hem bar. Aşakda agzalýan zatlardan ýetginjegiň öz janyna kast etmek barada pikirlenýändigini bilse bolýar.
● Özüni maşgala agzalaryndan we dost-ýarlaryndan çetde tutýar
● Işdäsi kesilýär, ukusy bozulýar
● Öňki halaýan işlerine höwesi gaçýar
● Özüni alyp barşy üýtgeýär
● Spirtli içgileri köp içýär ýa-da neşe çekýär
● Gowy görýän zatlaryny başgalara paýlaýar
● Ölüm ýa-da şonuň bilen bagly zatlar barada köp gürrüň edýär
Ene-atalar bu zatlara sowuk-sala garasa, gaty uly ýalňyşlyk goýberdigi bolardy. Şonuň üçin çaganyň özüni alyp barşyna gaty ünsli bolup, bulara ýöne bir ýetginjeklik döwründe bolýan zat ýaly garamaň.
Şeýle-de çagaňyz agyr göwnüçökgünlige düşen bolsa ýa-da onuň akyl taýdan näsazlygy bar bolsa, lukmana ýüz tutmaga çekinmäň. Çagaňyzyň öz janyna kast etmek barada pikirlenýändigini aňsaňyz, bu barada onuň özündenem soraň. Emma çagaňyz bilen açyk gürleşseňiz, onuň öz janyna kast etmek islegi hasam güýjär diýip pikir etmäň. Sebäbi ene-atalar şeýle gürrüňi gozgasa, ýaşlaryň köpüsi ýüregini döküp başlaýar. Eger siziňem çagaňyz öz janyna kast etmek pikiriniň bardygyny boýun alsa, munuň üçin eýýäm nämeleri edendigini soraň. Bu size onuň ýagdaýyna doly düşünip, aýgytly hereket etmäge kömek eder.
Göwnüçökgünlik öz-özünden aýrylar öýtmäň. Ol biraz aýrylan ýaly bolsa-da, kynçylyk doly çözüldi diýip pikir etmäň. Sebäbi göwnüçökgünligiň biraz aýrylmagy hasam howply bolup biler. Näme üçin? Sebäbi göwnüçökgünlige düşüp ýörkä, çagaňyzyň öz janyna kast etmek pikiri bolsa-da, muny etmäge güýç-gaýraty bolmaz. Emma göwnüçökgünligi aýrylansoň, onuň öz pikirini amala aşyrmaga gurby çatar.
Elbetde, käbir ýaşlaryň dünýäden doýup, janyna kast etmek barada pikirlenmegi gaty gynandyrýar. Emma ene-atalar we başga-da hossarlary çaganyň özüni alyp barşyna ünsli bolup, göwnüçökgünlige düşende, oňa «teselli berseler», gerekli goldawy berip bilerler (1 Selanikliler 5:14).
I TOMUŇ 13, 14-NJI BAPLARYNA WE II TOMUŇ 26-NJY BABYNA SEREDIŇ
Çekýän hasratymy çagama bildirmän gezmelimi?
Ýanýoldaşyň aradan çykmagy gaty agyr degýär. Ýöne şeýle ýagdaýda ýetginjek çagaňyza-da kömek gerek bolýar. Siz nädip hem öz gaýgy-hasratyňyza döz gelip, hem çagaňyza kömek edip bilersiňiz? Munuň üçin:
● Çekýän hasratyňyzy gizlemäň. Çagaňyz size seredip, köp zatlary öwrenýär. Gaýgy-hasrata döz gelmek barada hem şeýle diýse bolar. Şonuň üçin çagaňyza özüňizi has mert görkezjek bolup, çekýän hasratyňyzy gizlemelidir öýtmäň. Sebäbi olam sizden görelde alyp, duýgularyny gizläp başlar. Emma siz ýürek derdiňizi paýlaşsaňyz, olam duýgularyňy gizläp ýörmän, hemme zady açyk aýtsaň gowy bolýandygyna göz ýetirer. Şeýle-de ol gynanmagyň, gam-gussa batmagyň, hatda gaharlanmagyňam her bir adamda bolýan zatdygyna düşüner.
● Çagaňyzy ýüregini dökmäge höweslendiriň. Çagaňyzy ýüregindäkini açyk aýtmaga höweslendirseňiz-de, ony gürrüňdeş bolmaga mejbur etmäň. Eger ol göwünli-göwünsiz gepleşse, onuň bilen şu kitabyň 16-njy babyny ara alyp maslahatlaşyň. Şeýle-de aradan çykan ýanýoldaşyňyz bilen geçiren şatlykly günleriňizi ýatlap, gürrüňdeş boluň. Onuň ölüminiň size-de agyr degýändigini aýdyň. Ýüregiňizdäki gaýgy-hasraty çagaňyz bilen paýlaşsaňyz, olam şeýle etmegi öwrener.
● Mümkinçiligiňiziň çäklidigine düşüniň. Elbetde, siz çagaňyzy ýetginjeklik döwründe hasam goldasyňyz gelýändir. Emma ýanýoldaşyňyzyň aradan çykmagynyň size-de gaty erbet täsir edendigini unutmaň. Siz duýgy taýdan ejir çekip, tapdan düşensiňiz we hiç hili güýç-gurbatyňyz galan däldir (Süleýmanyň tymsallary 24:10). Şol sebäpli hossarlaryňyzdan we dost-ýarlaryňyzdan kömek sorasaňyz gowy bolar. Aslynda, kömek soraýan adam ruhy taýdan ýetişendigini görkezýär. Süleýmanyň tymsallary 11:2-de: «Akyldarlyk... pesgöwünliler bilendir» diýilýär.
Size, esasanam, Ýehowa Hudaý gowy goldaw berer. Sebäbi ol öz gullukçylaryna şeýle wada berýär: «Hudaýyňyz Men — Reb sag eliňizden tutaryn, size: „Gorkmaň, ýardam ederin“ diýýän Mendirin» (Işaýa 41:13).
I TOMUŇ 16-NJY BABYNA SEREDIŇ
Gyzym berhiz tutmaklyga çendenaşa köp üns bermez ýaly, oňa nädip kömek edip bilerin?
Eger siziň gyzyňyz berhiz saklap, wagtynda iýip-içmeýän bolsa näme edip bilersiňiz? Birinjiden, onuň näme üçin berhiz tutýandygyna düşünjek boluň.
Berhiz saklaýanlaryň köpüsiniň özüne kän bir göwni ýetmeýändigi we hemmetaraplaýyn gowy boljak bolup, özünden has köp zada garaşýandygy anyklandy. Sizem çagaňyzda şeýle pikirleriň döremegine sebäp bolman, gaýtam, onuň göwnüni götermäge çalşyň (1 Selanikliler 5:11).
Şeýle-de iýip-içmeklige we horlanmaklyga özüňiziň nähili garaýandygyňyzy barlap görüň. Siz bilgeşleýin etmeseňizem, şol zatlara çendenaşa köp üns berýärsiňizmi? Ýaşlar daş keşbi barada gaty biynjalyklanýar. Çagaňyza «Pökgüje» ýa-da «Boýuňam-a gidip barýar» diýen ýaly sözleri aýtsaňyz, olar muny göwnüne alyp, öz daş keşbi barada nädogry pikir edip başlar.
Gyzyňyzyň bu kynçylygy barada doga edip, oýlanyp görüň. Soňra onuň özi bilenem ýürekden gürrüňdeş boluň. Munuň üçin şu maslahatlara eýerip bilersiňiz:
● Onuň bilen haçan gürleşjekdigiňiz we näme diýjekdigiňiz barada gowy oýlanyň.
● Özüňiziň näme üçin biynjalyklanýandygyňyzy açyk düşündirip, oňa kömek etmek isleýändigiňizi aýdyň.
● Ol özüni aklap başlasa, gaharlanmaň.
● Sabyrly bolup, ünsli diňläň.
Siziň esasy maksadyňyz gyzyňyza kömek etmek bolmaly. Şonuň üçin ony bütin maşgalaňyz bilen goldaň!
I TOMUŇ 10-NJY BABYNA WE II TOMUŇ 7-NJI BABYNA SEREDIŇ
HUDAÝA GULLUK ETMEK
Ýetginjek çagama Mukaddes Ýazgylardaky hakykatlary nädip öwredip bilerin?
Mukaddes Ýazgylarda Timoteosa «bäbekliginden» başlap, Hudaýyň Sözündäki hakykatlaryň öwredilendigi aýdylýar (2 Timoteos 3:15). Sizem öz çagalaryňyza şeýle bilim bermäge jan edýänsiňiz. Emma çagalaryňyz ýetginjek ýaşyna ýetende, siz olaryň ýagdaýyna görä hereket edip, terbiýe berişiňizi biraz üýtgetmeli bolarsyňyz. Sebäbi olar çagaka käbir zatlara doly akyl ýetirip bilmedik bolsa-da, ulaldygy saýyn, has çylşyrymly meselelere-de gowy düşünip başlaýarlar. Şonuň üçin siz olara «pikirlenmek ukybyny ulanmaga» kömek etmeli (Rimliler 12:1).
Pawlus resul Timoteosa ýazan hatynda onuň «öwrenen we iman eden zatlaryna eýermegini dowam etmelidigini» aýtdy (2 Timoteos 3:14). Siziňem ýetginjek çagaňyz Mukaddes Ýazgylary kiçiliginden bäri bilýän bolsa-da, öwrenen zatlarynyň hakykatdygyna doly göz ýetirmeli. Hakykaty çagalaryňyzyň ýüregine ýetirmek üçin, olara näme etmelidigini ýa-da nämä ynanmalydygyny aýtmak ýeterlikli däl. Sebäbi dogry ýoly olaryň özleri saýlamaly. Onda siz olara nädip kömek edip bilersiňiz? Ilki bilen, çagalaryňyza aşakdaky soraglar barada oýlanmaga kömek ediň.
● Men Hudaýyň bardygyna näme üçin ynanýaryn? (Rimliler 1:20).
● Ejem bilen kakam maňa, dogrudanam, hakykaty öwredýärmikä? (Resullaryň işleri 17:11).
● Mukaddes Ýazgylardaky kada-kanunlaryň maňa peýda berýändigini nireden bilýärin? (Işaýa 48:17, 18).
● Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikleriň ýerine ýetjekdigine näme üçin ynanýaryn? (Ýeşuwa 23:14).
● Dünýäde hiç bir zadyň «Mesih Isa babatdaky gymmatly bilime» taý gelip bilmejekdigine meni näme ynandyrýar? (Filipililer 3:8).
● Isanyň töleg gurbanynyň maňa nähili peýdasy bar? (2 Korinfliler 5:14, 15; Galatýalylar 2:20).
Belki-de, çagalaryňyz anyk jogap berip bilmez öýdüp, siz olara şeýle soraglary bermäge ýaýdanýansyňyz. Ýöne oýlanyp görüň, ulagyň ýangyjy gutaryp barýan bolsa, siz onuň görkezijisine seretmäge-de gorkýansyňyz. Emma nämedir bir zat edip biler ýaly, ýangyjyň gutaryp barýanyny öňünden bileniň gowy dälmi näme?! Şonuň ýaly-da, ýetginjek çagalaryňyz heniz siziň bilen ýaşaýarka, olara ynanýan zatlarynyň hakykatdygyna doly göz ýetirip, imanyny berkitmäge kömek etseňiz gowy bolard.
Çagaňyz özüne: «Men bu zatlara näme üçin ynanýaryn?» diýen soragy berip, oýlanýan bolsa, munuň hiç hili erbetligi ýok. 22 ýaşly Diýana hem ýetginjeklik döwri bu zatlar barada çynlakaý oýlanandygyny aýdýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men ynanýan zatlarymyň hakykatdygyna doly göz ýetirmek isleýärdim. Özümde döreýän soraglara anyk we düşnükli jogap tapanymdan soň, Ýehowanyň Şaýady bolmagy ýürekden gymmat saýyp başladym. Indi menden bir zady näme üçin etmeýändigimi sorasalar, olara: „Bu meniň dinime garşy gelýär“ diýemok-da, „Men muny nädogry hasaplaýaryn“ diýýärin. Başgaça aýdanyňda, men Mukaddes Ýazgylardaky aýdylýan zatlary bütin ýüregim bilen kabul etdim».
Maslahat: Ýetginjek çagaňyza Mukaddes Ýazgylardaky kada-kanunlara düşünmäge kömek etmek üçin, bir kynçylyk ýüze çykanda, oňa özüni siziň ýeriňize goýup görmegi teklip ediň. Mysal üçin, gyzyňyz sizden bir oturylyşyga gitmäge rugsat sorasa, sizem ol ýerde hiç hili gowulygyň bolmajakdygyny bilýän bolsaňyz (belki, muny gyzyňyzyň özem bilýändir), ony goýberesiňiz gelýän däldir. Ýöne siz oňa: «Ýok, gitmersiň» diýip, göni jogap bermän, şeýle diýseňiz gowy bolar: «Özüňi meniň ýerime goýup gör. Sen gitjek bolýan oturylyşygyň barada oýlanyp, edebiýatlarymyzdan, meselem, şu kitabyň 37-nji babyna we II tomuň 32-nji babyna seredip, gowy gözleg geçir. Ikimiz bu hakda ertir arkaýyn gepleşeris. Şonda ýerlerimizi çalşyp göreris, sen-ä meniň ejem bolarsyň, menem seniň gyzyň bolaryn. Sen maňa eje hökmünde şol oturylyşyga gitmegiň dogrudygyny ýa-da nädogrudygyny düşündirip bilersiň».
I TOMUŇ 38-NJI BABYNA WE II TOMUŇ 34—36-NJY BAPLARYNA SEREDIŇ
Ýetginjek çagamyz hakykat bilen öňküsi ýaly gyzyklanmaýan bolsa, oňa nädip kömek edip bileris?
Ilki bilen, çagaňyz hakykaty doly taşlaýar diýip pikir etmäň. Belki-de, onuň özüni şeýle alyp barmagynyň bir sebäbi bardyr. Mysal üçin, ol...
● deň-duşlarynyň täsirine düşýändir we Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlary boýunça ýaşap, beýlekilerden tapawutlanmaga çekinýändir.
● mesihçi ýaşlaryň hem-de öz dogandyr jigileriniň ruhy taýdan gitdigiçe ösýändigini görüp: «Men olar ýaly bolup bilmerin» diýip pikir edýändir.
● özüne dost tapynasy gelýändir, ýöne dogan-uýalaryň arasynda özüni arkaýyn duýup bilmän, ýekesireýändir.
● «Hudaýa gulluk edýän» diýip ýören ýaşlaryň käbiriniň ikiýüzli durmuş alyp barýandygyny görýändir.
● biraz akyly goýalyşyp başlansoň, siziň dogry saýýan zatlaryňyza şübhelenýändir.
● klasdaşlarynyň erbet işleri edýändigini görüp, öz ýanyndan: «Olara hiç zat bolanog-a» diýip pikir edýändir.
● Ýehowa iman etmeýän kakasynyň (ýa-da ejesiniň) göwnünden turjak bolýandyr.
Üns beren bolsaňyz, bu zatlaryň Mukaddes Ýazgylardaky kada-kanunlar bilen kän bir baglanyşygy ýok. Ýöne şol zatlar çagaňyza hakykat ýolundan ýöremäge päsgel berýändir. Onda siz onuň Hudaýa gulluk etmäge islegini nädip artdyryp bilersiňiz?
Eglişik ediň, ýöne başyna goýbermäň. Çagaňyzyň höwesiniň gaçmagyna nämäniň sebäp bolandygyny anyklap, ruhy taýdan öser ýaly, oňa hemmetaraplaýyn kömek etjek boluň (Süleýmanyň tymsallary 16:20). Mysal üçin, II tomuň 132, 133-nji sahypalaryndaky «Erbet täsirden gaça durmak üçin şulary etmekçi» diýen bölüm çagaňyza gorkusyny ýeňip, özüni biraz ynamly duýmaga hem-de klasdaşlarynyň täsirine garşy durmaga kömek eder. Eger ol ýekesireýän bolsa, oňa gowy dostlary tapmaga kömek etjek boluň.
Ruhy taýdan ýetişen mesihçiden kömek soraň. Käwagt ýaşlara başga dogan-uýalaryň göreldesi has gowy täsir edýär. Sizem çagaňyzyň ruhy taýdan ösmegine kömek edip biljek yhlasly dogan-uýalary tanaýarsyňyzmy? Çagalaryňyz olar bilen gürrüňdeş bolup biler ýaly mümkinçilik döretseňiz gowy bolmazmy? Elbetde, siz öz jogapkärçiligiňizi başga biriniň üstüne atjak bolýan dälsiňiz. Ýöne Timoteos barada oýlanyp görüň. Ol Pawlus resulyň göreldesinden köp zatlary öwrendi. Pawlus hem onuň bilen eginme-egin işleşip, köp peýda aldy (Filipililer 2:20, 22).
Çagaňyz heniz siziň bilen ýaşaýarka, ondan ruhy işlere gatnaşmagy talap etmäge hakyňyz bar. Emma çagaňyz bu zatlary ýöne bir siziň zoruňyza çydaman etmez ýaly, onuň ýüreginde Hudaýa bolan söýgini ösdürjek boluň. Çagaňyz hakykata ýürekden ýapyşar ýaly, özüňizem gowy görelde görkeziň. Paýhasly bolup, ondan köp zada garaşmaň. Şeýle-de oňa ruhy taýdan ösmäge kömek edip biljek yhlasly dogan-uýalar bilen gatnaşmaga ýardam ediň. Şonda «Reb meniň gaýam, galam we halasgärimdir» diýen mezmurçy ýaly, siziňem ýetginjek çagaňyz Ýehowany öz Hudaýy hasaplar (Zebur 18:2).
I TOMUŇ 39-NJY BABYNA WE II TOMUŇ 37, 38-NJI BAPLARYNA SEREDIŇ
[Çykgytlar]
a Emma çagaňyzy biraz tijendirjek bolup, onuň goýberen ýalňyşyny ýüzüne basmaň.
b Ýetginjekleriň köpüsi daş keşbine at dakylsa, derrew göwnüne alýar. Şonuň üçin çagaňyzyň boý-syratyna degişli zatlary aýtmajak boluň.
c 315—318-nji sahypalara serediň.
d II tomuň 36-njy babynda berilýän maslahatlar ýetginjeklere gowy oýlanyp, Hudaýyň bardygyna doly göz ýetirmäge kömek edip biler.