Hudaýyň sowgady — nika hormat goýuň
«Erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birleşýär we olaryň ikisi bir ten bolýar» (GEL. ÇYK. 2:24).
1. Näme üçin Ýehowa hormata mynasyp?
NIKANY Ýehowa Hudaý döredeni üçin, oňa hormat goýmaly. Gökdäki Atamyz Ýehowa Ýaradyjy, älem-jahanyň Hökümdary bolany sebäpli «ähli oňat, kämil sowgady» ol berýär (Ýakup 1:17; Ylh. 4:11). Şeýdip, ol bize çuňňur söýgüsini görkezýär (1 Ýahýa 4:8). Ýehowa bize näme öwretse-de, berse-de ýa-da bizden näme haýyş etse-de, bähbidimiz we peýdamyz üçin edýär (Iş. 48:17).
2. Ýehowa ilkinji maşgala nähili nesihat berdi?
2 Mukaddes Ýazgylarda nika Hudaýyň gowy «sowgady» diýilýär (Rut 1:9; 2:12). Ýehowa Adam ata bilen How enäni ýaradanda, niýetini amala aşyrmak üçin olara aýratyn nesihat berdi (Matta 19:4—6-njy aýatlary okaň). Olar Ýehowanyň görkezmesine eýeren bolsa, bagtly bolardy. Emma olar Hudaýyň tybşyrygyny akmaklyk bilen äsgermezlik edip, betbagtçylyga uçradylar (Gel. çyk. 3:6—13, 16—19, 23).
3, 4. a) Şu günler adamlaryň köpüsi nika we Ýehowa Hudaýa nädip hormat goýmaýarlar? b) Şu makalada nähili mysallara serederis?
3 Şu günlerem adamlaryň köpüsi Adam ata we How ene ýaly Ýehowanyň görkezmesine eýermeýärler. Käbirleri birnäçe adam bilen ýaşaşyp, nikasyny resmileşdirmeýär, käbiri bolsa öz jynsyndaky adamlar bilen nikalaşýar (Rim. 1:24—32; 2 Tim. 3:1—5).Olar Hudaýyň sowgady nika hormat goýman, ony beren Ýehowa Hudaýa hem hormat goýmaýar.
4 Käte Hudaýyň gullukçylarynyň käbiri hem Ýehowanyň nika bolan garaýşyny ýatdan çykarýarlar. Käbir mesihçi är-aýal aýra ýaşaýar ýa-da Mukaddes Ýazgylara esaslanman aýrylyşýar. Mundan nädip gaça durup bolar? Gelip çykyş 2:24-de Hudaýyň beren görkezmesi maşgalaly mesihçilere nika gatnaşygyny berkitmäge nädip kömek eder? Maşgala gurmakçy bolýanlar bu görkezmä nähili garamaly? Geliň, maşgalany agzybir etmek üçin, Ýehowa hormat goýmagyň wajypdygyny görkezýän, Mukaddes Ýazgylardan üç bagtly maşgalanyň mysalyna seredeliň.
Wepaly boluň
5, 6. Zakarýa bilen Elizabet nähili synaga uçrady we olar wepadarlygy üçin nädip sylaglandy?
5 Zakarýa bilen Elizabet Hudaýyň öňünde dogry adam bolup, Ýehowa we biri-birine wepalydy. Zakarýa ruhanylyk borjuny birkemsiz ýerine ýetirýärdi we olaryň ikisi-de Hudaýyň kanunyny doly berjaý edýärdi. Munuň üçin olar Ýehowa şükür edýärdi. Emma şol döwürde olaryň öýüne baran bolsaňyz, bir zadyň ýetmeýändigini görerdiňiz. Olaryň perzendi ýokdy, çünki Elizabet önelgesizdi we ikisi-de gartaşan ýaşyndady (Luka 1:5—7).
6 Gadymy döwürde Ysraýylda çaganyň dogulmagy uly hormat hasaplanýardy, şol sebäpli maşgalalar uly bolýardy (1 Sam. 1:2, 6, 10; Zeb. 128:3, 4). Şol döwürde ysraýyllylar aýalynyň çaga dogurmaýandygy üçin, haýynlyk bilen aýrylyşýardy. Zakarýa bolsa Elizabete wepalydy. Ol nikasyna çynlakaý garap, aýalyna ikilik etmeýärdi. Olar çagasynyň bolmaýandygyna gynansa-da, Hudaýa wepaly gulluk edýärdi. Ýehowa olara gartaşan ýaşynda ogul berip, gudrat bilen sylaglady (Luka 1:8—14).
7. Elizabet ýene-de nädip ärine wepalydygyny görkezdi?
7 Elizabet ýene-de nädip ärine wepalydygyny görkezdi? Ýahýa ogly doglanda, Zakarýa gepläp bilmeýärdi, çünki perişdäniň aýdan sözlerine şübhelenendigi üçin dili tutulypdy. Zakarýa aýalyna oglunyň adyna Ýahýa dakmalydygyny perişdäniň aýdandygyny bir usul bilen habar beren bolmaly. Goňşulary we garyndaşlary ogluna kakasynyň adyny dakjak bolanda, Elizabet äriniň sözünden çykmady. Ol: «Ýok, onuň ady Ýahýa bolmalydyr» diýdi (Luka 1:59—63).
8, 9. a) Wepadarlyk maşgalany nädip agzybir edýär? b) Är-aýal biri-birine wepadarlygyny nädip görkezip bilýär?
8 Zakarýa bilen Elizabet ýaly şu günlerem är-aýallar lapykeçlige we başga-da kynçylyklara uçraýar. Ýanýoldaşyňa biwepalyk edilse, nika uzaga çekmez. Näz-kereşme, zyna we pornografiýa ýanýoldaşyň ynamyny gaçyryp biler. Birek-birege ynamyň gaçanda bolsa, söýgi sowaşýar. Wepadarlyk öýüň daşyndaky haýat ýaly, maşgalany çagyrylmadyk myhmanlardan we howplardan goraýar. Är-aýal wepadar bolsa agzybir ýaşaýar, biri-birine ýüregini açýar, şeýdip olaryň söýgüsi artýar. Hawa, wepaly bolmak wajyp.
9 Ýehowa Adam ata: «Erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birleşýär» diýdi (Gel. çyk. 2:24). Bu nämäni aňladýar? Maşgala gurandan soň dostlaryň we dogan-garyndaşlaryň bilen gatnaşygyň üýtgemeli. Indi är-aýal, ilki bilen, biri-birine wagt sarp etmeli we aladasyny etmeli. Olar dostlary we dogan-garyndaşlary bilen köp wagt geçirip, ýaňy gurlan maşgalasyna zyýan ýetirmeýärler. Olar maşgalasynda gelýän kararlaryna we bolýan agzalalyga ene-atasyny goşmaly däl. Indi är-aýal biri-biri bilen birleşmeli. Muny Hudaý talap edýär.
10. Är-aýala wepaly bolmaga näme kömek edýär?
10 Hatda ýanýoldaşyň Ýehowa iman etmese-de, wepadarlyk bagtly edýär. Iman etmeýän ýanýoldaşy bolan bir uýa şeýle diýýär: «Ärime tabyn bolmagy we hormat goýmagy Ýehowanyň maňa öwredýändigine minnetdar. Wepadarlyk bize 47 ýyl bäri söýüp we hormat goýup bile ýaşamaga ýardam edýär» (1 Kor. 7:10, 11; 1 Pet. 3:1, 2). Ýanýoldaşyňyz siziň ynamdar adamdygyňyzy biler ýaly tagalla ediň. Aýdýan sözleriňiz we edýän işleriňiz bilen ýanýoldaşyňyzyň dünýäde siziň üçin iň gadyrdan adamdygyny görkeziň. Ýanýoldaşyňyz bilen araňyza hiç kim we hiç zat düşmez ýaly eliňizde baryny ediň (Süleýmanyň tymsallary 5:15—20-nji aýatlary okaň). 35 ýyl bagtly ýaşaýan Ron we Jannet: «Biz Hudaýyň talabyny berjaý edip, oňa wepaly bolanymyz üçin, bagtly hem agzybir ýaşaýarys» diýýär.
Agzybirlik maşgalany berkidýär
11, 12. Akila we Priskila: a) öýünde; b) dünýewi işde; ç) wagyzda nädip işleşýärdi?
11 Pawlus resul ýakyn dostlary Akila we Priskilany ýatlanda, olaryň ikisiniň hem adyny tutýardy. Bu agzybir maşgala Hudaýyň är-aýala «bir ten» bolmaly diýen sözleriniň näme aňladýandygy babatda gowy görelde görkezdi (Gel. çyk. 2:24). Olar hemişe öýünde, dünýewi işde we wagyzda bile işleşýärdi. Meselem, Pawlus resul Korintosa birinji gezek baranda, Akila bilen Priskila ony myhman aldylar. Şondan soň hem Pawlus resul missioner gullugynda köplenç olaryň öýünde düşleýärdi. Şeýle-de olar Efesosdaky öýünde ýygnak duşuşyklaryny geçirýärdi we Apolos ýaly täze mesihçilere ruhy taýdan ösmäge kömek edýärdi (Res. iş. 18:2, 18—26). Bu yhlasly är-aýal Rime göçende, olaryň öýüniň gapysy ýygnak duşuşyklary üçin öňküsi ýaly açykdy. Soňra olar ýene-de Efesosa baryp, doganlary ruhlandyrýardy.
12 Akila we Priskilanyň Pawlus resul bilen kärleri bir bolansoň, käwagt bile çadyr tikýärdi. Biz ýene-de bu är-aýalyň bäsleşmän, dawasyz işleşýänini görýäris (Res. iş. 18:3). Olar Ýehowa bile gulluk etmegi wajyp hasaplandygy üçin maşgalasy agzybir hem bagtlydy. Akila we Priskila Korintosda, Efesosda we Rimde «Mesih Isanyň ýolunda işdeşler» hökmünde tanalýardy (Rim. 16:3). Olar Hudaýyň Patyşalygyny nirede wagyz etseler-de, arkalaşyp gulluk edýärdi.
13, 14. a) Maşgalanyň agzybirligini nämeler bozýar? b) Är-aýal «bir ten» kimin agzybir bolar ýaly näme edip biler?
13 Birmeňzeş maksatlar we edilýän işler nika gatnaşygyny berkidýär (Wag. 4:9, 10). Gynansak-da, şu günler är-aýallaryň köpüsi wagtyny bile kän geçirmeýärler. Olar köp wagtyny dünýewi işe sarp edýär. Käbirleri işlemek üçin uzak ýere ýa-da daşary ýurda gidip, öýüne pul iberýärler. Hatda är-aýallaryň käbiri öýde bile bolsalar-da, biri-birinden aýra wagtyny telewizora, gowy görýän zadyna, wideooýunlara we Internede sarp edýärler. Siziň maşgalaňyzda hem şeýle bolýarmy? Wagtyňyzy bile geçirer ýaly ýagdaýyňyzy üýtgedip bilersiňizmi? Eger siz bile nahar taýýarlasaňyz, gap-çanak ýuwsaňyz we howluda işleseňiz näme? Siz bile çagalaryňyza seretseňiz ýa-da gartaşan ata-eneňize kömek etseňiz gowy bolmazmy?
14 Esasasanam, Ýehowa bile sežde etmek wajyp. Günde berilýän aýady bile okap, pikir alyşsaňyz we maşgala okuwyny geçirseňiz hem-de wagyz etseňiz, maşgalaňyz agzybir bolar. Ýagdaýyňyza görä, başardygyňyzdan bir aý ýa-da bir ýyl bile pioner bolup gulluk etmäge tagalla ediň (1 Korintoslylar 15:58-i okaň). Äri bilen pioner bolup gulluk eden bir uýa şeýle diýýär: «Biz bile wagyz edip, gowy gürrüňler edýärdik. Sebäbi ikimiziň hem maksadymyz adamlara ruhy taýdan kömek etmekdi. Biz bir komanda ýalydyk. Men ärim bilen ysnyşyp, ýakyndan dostlaşdym». Siz bile maksat goýsaňyz, gyzyklanýan, ileri tutýan zatlaryňyz we endikleriňiz kem-kemden agzybir är-aýal Akila bilen Priskilanyňky ýaly bolup, pikirde, duýguda hem hereketde «bir ten» bolarsyňyz.
Maşgalada Hudaýy birinji orunda goýuň
15. Maşgala bagtly bolar ýaly näme wajyp? Düşündiriň.
15 Isa maşgalada Hudaýy birinji orunda goýmagyň wajyplygyny bilýärdi. Ol Ýehowanyň ilkinji maşgalany döredenini gördi. Ol Adam ata bilen How enäniň Hudaýyň görkezmesine eýerende nähili bagtly bolanyny we oňa gulak asmanda bolsa, betbagtçylyga uçranyny hem görüpdi. Şol sebäpli Isa adamlara öwredende, Atasynyň Gelip çykyş 2:24-de beren görkezmesini gaýtalady. Şeýle-de ol: «Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn» diýdi (Mat. 19:6). Şol sebäpli maşgalany bagtly we agzybir etmek üçin Ýehowa çuňňur hormat goýmak örän wajyp. Bu babatda Isanyň ýerdäki ata-enesi Ýusup bilen Merýem gowy görelde görkezdi.
16. Ýusup bilen Merýem maşgalasynda Hudaýy nädip birinji orunda goýýardy?
16 Ýusup Merýemi gowy görýärdi we sylaýardy. Hatda Hudaýyň perişdesi Merýeme näme bolanyny Ýusuba düşündirmezden öň, ol onuň göwrelidigini bilip, oňa rehimi geldi (Mat. 1:18—20). Ýusup bilen Merýem kaýsaryň buýrugyna boýun bolşy ýaly, Musanyň kanunyny hem berjaý edýärdi (Luka 2:1—5, 21, 22). Iýerusalimde geçirilýän uly baýramçylyklara diňe erkek adamlar barmaly bolsa-da, Ýusup we Merýem çagalary bilen her ýyl baýramçylyga giderdi (Kan. tag. 16:16; Luka 2:41). Şeýdip, bu hudaýhon är-aýal Ýehowa ýaranmak üçin tagalla edýärdi we Hudaýyň baýramçylyklaryna sarpa goýýardy. Şol sebäpli Ýehowa olara Oglunyň çagalykda aladasyny etmegi ynandy.
17, 18. a) Är-aýal maşgalasynda Hudaýy nädip birinji orunda goýup biler? b) Munuň näme peýdasy bar?
17 Siz maşgalaňyzda Hudaýy nädip birinji orunda goýup bilersiňiz? Mysal üçin, wajyp meseleleri çözeniňizde, ilki bilen, özüňiz Mukaddes Ýazgylaryň prinsipini gözläp, şol barada doga edip, soňra ruhy taýdan ýetişen mesihçilere maslahat salýarsyňyzmy? Ýa-da meseläni öz garaýşyňyz, ýakynlaryňyzyň ýa-da dostlaryňyzyň garaýşy boýunça çözýärsiňizmi? Nika we maşgala barada sadyk hyzmatkäriň berýän peýdaly maslahatlaryna eýermek üçin tagalla edýärsiňizmi? Ýa-da siz ýaşaýan ýeriňizdäki däplere we dünýewi adamlaryň maslahatyna eýerýärsiňizmi? Siz yzygiderli bile doga edýärsiňizmi, Mukaddes Ýazgylary öwrenýärsiňizmi we maşgalaňyzda nämäni birinji orunda goýmalydygy hakynda gürleşýärsiňizmi?
18 Aýaly bilen 50 ýyl bagtly ýaşaýan Reý atly dogan şeýle diýýär: «Ýehowa biziň «üçünji ýüpümiz» bolany sebäpli, biz ähli kynçylyklary çözüp bilýäris» (Wagyzçy 4:12-ni okaň)a. Dan bilen Trina hem şeýle diýýär: «Biz Ýehowa bile gulluk edýänimiz üçin, nika gatnaşygymyz berkedi». Olar 34 ýyldan gowrak bagtly ýaşaýar. Siz maşgalaňyzda Hudaýy birinji orunda goýsaňyz, Ýehowa bagtly bolmaga kömek eder we bol bereketler alarsyňyz (Zeb. 127:1).
Hudaýyň sowgadynyň gadyryny biliň
19. Hudaý nikany näme üçin sowgat berdi?
19 Şu günler adamlaryň köpüsi diňe özüniň bagtly bolmagyny isleýär. Ýöne Ýehowanyň gullukçysy başgaça garaýyşda bolýar. Ol Ýehowanyň niýetini amala aşyrmak üçin nikany sowgat hökmünde berendigini bilýär (Gel. çyk. 1:26—28). Adam ata bilen How ene bu sowgadyň gadyryny bilen bolsa, bütin ýer ýüzi Jennet bolup, onda Hudaýyň bagtly we dogry gullukçylary ýaşardy.
20, 21. a) Näme üçin biz nikany mukaddes saýmaly? b) Indiki hepde biz haýsy sowgat barada bileris?
20 Hudaýyň gullukçylary, esasanam, Ýehowany şöhratlandyrmak üçin maşgala gurýar (1 Korintoslylar 10:31-i okaň). Biz maşgalada wepaly, agzybir bolsak we Hudaýy birinji orunda goýsak, Ýehowany razy ederis hem-de nika gatnaşygymyzy berkideris. Biz maşgala gurmaga taýýarlananda, nika gatnaşygymyzy berkidende ýa-da maşgalamyz bozulmaz ýaly tagalla edende, ilki bilen, nika Hudaýyň mukaddes sowgady hökmünde garamaly. Muny ýatdan çykarmasak, Hudaýyň Sözi arkaly maşgaladaky kynçylyklary çözmek üçin elimizden gelenini ederis. Şeýtmek bilen, biz diňe bir nika sowgadyna däl, eýsem, ony beren Ýehowa Hudaýa hormat goýdugymyz bolar.
21 Elbetde, bagtly bolmak üçin, Ýehowa diňe bir nikany sowgat bermedi. Indiki makalada Ýehowanyň beren başga gymmatly sowgady — nikasyzlyga serederis.
a Wagyzçy 4:12. Eger bir adam ony ýeňjek bolsa, iki bolup oňa hötde gelerler. Üç örümli ýüp hem çalt üzülmez.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Wepadarlyk maşgala guran mesihçilere nähili täsir etmeli?
• Näme üçin bile işleşmek nika gatnaşygyny berkidýär?
• Är-aýal Hudaýy nädip birinji orunda goýup biler?
• Nikany döreden Ýehowa Hudaýa nädip hormat goýup bileris?